Hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de şol başlangyçlaryň gaýragoýulmazdan durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berýär. Hususan-da, üstaşyr ulag hyzmatdaşlygynda halkara hukuk esaslarynyň döredilmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda, 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde üstaşyr ulag geçelgeleriniň tutýan ornuna bagyşlanan ýokary derejede halkara maslahat geçirildi. Halkara maslahatyň jemleýji gününde Aşgabat Jarnamasyna gol çekildi. Şondan soň Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara üstaşyr ulag geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlandy. 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG tarapyndan «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny» atly Kararnama 66 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda 85 döwletiň awtordaşlygynda durnukly köpugurly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi baradaky Kararnama kabul edildi. Taryhy Kararnamanyň kabul edilmegi netijesinde BMG-niň howandarlygynda 2016-njy ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda durnukly ulag ulgamy boýunça birinji Ählumumy maslahat geçirildi. Maslahatyň dowamynda jemleýji resminama gol çekildi. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda nobatdaky gezek 74 döwletiň awtordaşlygynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama kabul edildi. 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisinde «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin, üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalaryny üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýa kabul edildi we oňa 48 döwlet awtordaş bolup çykyş etdi.  

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatyna onlaýn tertibinde gatnaşdy. Bu maslahat HHR-iň paýtagty Pekin şäherinde geçirildi. Halkara maslahatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy netijesinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde, 2022-nji ýylda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek baradaky teklip öňe sürüldi. Ýeri gelende bellesek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde hem BMG-niň çäklerinde işjeňligiň dowamy hökmünde üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny geçirmek teklip edildi.  

                                                                   

Häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde guryýer we suw ýollarynyň utgaşykly ulanylmagy uly ähmiýete eýedir. Bu, aýratyn hem, deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň çäklerine degişlidir. Şunuň bilen bagly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygy alyp barmak üçin BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2001-nji ýyldaky ýörite Kararnamasy bilen döredilen ýöriteleşdirilen edarasy hereket edýär, ol latyn elipbiýinde, gysgaldylyp, UN-OHRLLS diýlip atlandyrylýar we oňa BMG-niň Ýokary wekili ýolbaşçylyk edýär. 

                                                                   

Bu halkara gurama az derejede ösen ýurtlary, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleri we ösüp gelýän kiçi ada döwletlerini goldamak boýunça işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, dünýäde az derejede ösen ýurtlaryň sany 46, deňze çykalgasy bolmadyk, ösüp barýan döwletleriň sany 32 we ösüp barýan kiçi ada döwletleriniň sany 38-dir.  

                                                                   

 BMG-niň Ýokary wekiliniň edarasynyň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr: 

                                                                   

— Baş Sekretara we BMG-niň ähli düzüm birliklerine öňde goýlan maksatlary ulgamlaýyn amala aşyrmak üçin deňze çykalgasy bolmadyk we kiçi adalardaky ýurtlar bileleşiginiň işini ýurt, sebit hem ählumumy derejede ilerletmek, şeýle-de gözegçilik etmek üçin hemaýat bermek; 

                                                                   

— Ykdysady we durmuş geňeşine, şeýle hem Baş Assambleýa Hereketler maksatnamasynyň durmuşa geçirilişine her ýyl gözegçiligi geçirmäge we gazanylan ösüşe baha bermäge ýardam etmek; 

                                                                   

 — Bütindünýä çarçuwaly Maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça öňde duran çäreleri geçirmäge ýardam etmek; 

                                                                   

— deňze çykalgasy bolmadyk we yzagalak, ösüp barýan ýurtlaryň we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletleriň bähbitlerini nazara alyp, BMG-niň degişli düzümleri, raýat jemgyýeti, KHBS, ylmy toparlar, gaznalar bilen hyzmatdaşlykda degişli wagyz işlerini geçirmek; 

                                                                   

— Yzagalak ýurtlar üçin Hereketler maksatnamasyny we deňze çykalgasy bolmadyk yzagalak, ösüp barýan ýurtlar we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletler üçin beýleki maksatnamalardyr başlangyçlary durmuşa geçirmekde halkara goldawy, resurslary çekmäge ýardam etmek; 

                                                                   

— deňze çykalgasy bolmadyk yzagalak, ösüp barýan ýurtlara we kiçi adalarda ýerleşýän ösüp barýan döwletlere toparlaýyn maslahat bermek arkaly degerli goldawy bermek. 

                                                                   

 Döwletleriň we sebitleriň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetini ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça halkara ylmy-barlag merkezi hereket edýär. Bu merkez deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň 2003-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde ministrler derejesinde üstaşyr ulag hyzmatdaşlygy boýunça geçirilen halkara maslahatdan soňra döredilipdi. 

                                                                   

2014-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýanyň Wena şäherinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça BMG-niň ikinji maslahaty geçirildi. 2016-njy ýylyň 13-14-nji oktýabrynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ulag ulgamy boýunça ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat Boliwiýa döwletiniň Santa-Krus şäherinde geçirildi.  

                                                                   

2022-nji ýylyň 15-16-njy awgustynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag boýunça maslahaty geçiriler. Bu halkara maslahata Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň, Halkara Awtoulag bileleşiginiň, Halkara elektrik aragatnaşyk bileleşiginiň, TRASEKA-nyň, halkara bank hem maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary-da gatnaşarlar. Bu forum 2024-nji ýyla meýilleşdirilýän BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň esasy tapgyrlaryndan biri bolar. 

                                                                   

Türkmenistan açyk deňizlere çykalgasy bolmadyk döwletleriň hataryna girýän-de bolsa, Hazar deňziniň kenarynda ýerleşmegi oňa halkara deňiz gatnawyna işjeň goşulyşmaga mümkinçilik döredýär. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi, ilkinji nobatda, sebitiň bäş döwletiniň arasynda ýolagçy we ýük gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, oňa birigýän suw ýollarynyň üsti bilen açyk deňizlere hem gämi gatnawyny amala aşyrmaga mümkinçilik bar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan halkara ulag arabaglanyşygynyň esasy halkasy hökmünde özüniň port infrastrukturasyna we deňiz ulaglaryna aýratyn üns berýär. 

                                                                   

Türkmenbaşy şäherinde iri Halkara deňiz portunyň gurulmagy halkara deňiz gatnawlarynda ýurdumyzyň mümkinçiliklerini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe boldy. Munuň netijesinde, diňe ýurdumyzyň öz deňiz flotuny giňeltmäge ýa-da ýurdumyza gelýän we ýurdumyzdan äkidilýän ýükleriň mukdaryny artdyrmaga däl, eýsem, daşary ýurt gämilerine hyzmat etmegiň hilini we mümkinçiligini ýokarlandyrmaga, üstaşyr geçirmeleriň möçberini artdyrmaga hem şert döredi.  

                                                                   

2021-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Türkmenistan we halkara guramalar: ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyk» ady bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Oňa BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlar boýunça ýokary wekili wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyp, ulag we aragatnaşyk pudagynda halkara taslamalary durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ornuny, onuň geosyýasy artykmaçlyklaryny belläp geçdi. 

                                                                   

Türkmenistan iki yklymyň çatrygynda ýerleşýän döwlet bolup, ulagyň ähli görnüşlerini ösdürmek babatda halkara derejede uly mümkinçiliklerden peýdalanýar. Deňiz üsti gatnawlary amala aşyrmakda, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň «deňiz derwezesiniň» mümkinçilikleri örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, ulag-aragatnaşyk ulgamy ýaly möhüm ugurda ýokary sepgitlere ýetilmegi ösüşleriň ygtybarly kepilidir. 

                                                                                                           

Perhat ÇARYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.