Habarlar
Sanly ulgam — ösüşleriň özeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde, maýa goýumlarynyň işjeň hereket etmeginde, bank hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinde has-da öňdebaryjy usullaryň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň esasynda sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy durmuş hajatlary üçin töleg serişdeleriniň ähli görnüşlerini we beýleki hyzmatlaryň raýatlar üçin has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda döwrüň talaplaryna laýyklykda ýurduň kuwwaty ylmyň we bilimiň ösüşi bilen şertlendirilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir hatarda, biziň döwletimizde hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak babatynda işler güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidiris. Sebäbi, bu diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem, häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýar» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi we kämilleşdirilişi günsaýyn belent sepgitlere ýetýär.

Eziz Diýarymyzda aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, elektron hasaplaşyk görnüşindäki internet arkaly dürli söwda nokatlarynda söwda etmek, demir ýol we howa gatnawlary üçin petekleri satmak we satyn almak has-da kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bank ulgamy arkaly berilýän karzlaryň we şol karzdaky ýeňillikleriň raýatlar üçin amatly bolan dürli görnüşleri ýola goýulýar. Muňa mysal hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» bank hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bu hyzmatlaryň üsti bilen bank kartlaryny saklaýjy müşderiler günüň islendik wagtynda we islendik ýerde bank kart hasabynyň hereketini görmek, bank karty ýitirilen ýagdaýda hereketini togtatmak, IP telewideniýe, AŞTU töleglerini geçirmek hem-de ýurdumyzda howa, awto we demir ýol ýolagçy gatnawlary üçin elektron peteklerini onlaýn satyn almaklyga mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem, banklaryň «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjylara «Owerdraft» bank kartlarynyň üsti bilen amatly karz serişdeleri hödürlenilýär. Ýagny, kart hasabynda pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda zähmet hakynyň bellenilen çäklerinde karz serişdelerini bermeklik ýola goýuldy.

Goý, halkymyza dünýäniň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanyp, bolelin, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Alymuhammet ÇERKEZOW,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Büzmeýin» şahamçasynyň Karzlaşdyryş we hasabat bölüminiň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27653

04.05.2021
Döwrebap şertler we mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda bank hyzmatlarynyň hiline wajyp orun degişlidir.

Ykdysadyýeti sanly ulgam arkaly ösdürmekde söwda, ykdysady, maliýe, bank ulgamlary we döwlet dolandyryşy aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde we ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bank hyzmatlarynyň häzirki zaman tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirilmegi möhüm ugurlaryň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly bank hyzmatlary durmuşymyza giňden ornaşýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklar boýunça edilýän hyzmatlaryň ýaýrawyny giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler dowam etdirilýär. Bu işleriň netijesinde geçirilýän amallaryň jeminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy barha artýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, ilatymyza ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemäge, hasaplaşyklary gysga wagtda, tiz we amatly usulda geçirmäge, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge amatly mümkinçilik döredýär. Bank ulgamynda milli pul birliginiň hümmetini durnukly saklamagyň esasy ugurlarynyň biri hem ykdysadyýetde pul serişdeleriniň üpjün edilişiniň düzümini kämilleşdirmek bilen, nagt pullaryň paýyny tapgyrlaýyn azaltmak bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyklar kagyz pullary çykarmak, saklamak, daşamak, nagt pullar bilen hasaplaşylanda geçirmeli bolýan köp möçberdäki puly gaýtadan sanamak üçin goşmaça harajatlar görnüşindäki dolanyşyk çykdajylaryny azaltmaga, şol bir wagtyň özünde-de, töleg dolanyşygyny we tölegleriň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi netijesinde karz edaralary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň hatarynda kämil we döwrebap tehnologiýalaryň orny barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen geçirilýän tölegleriň köpsanly görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şolardan söwda we hyzmat ediş nokatlaryndaky hasaplaşyklary, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV hyzmatlary, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş we ätiýaçlandyryş, raýatlaryň peýdalanan elektrik energiýasy, agyz suwy, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri, ýokary okuw we orta hünär mekdepleriniň okuw töleglerini tölemek, karzyň esasy bergisini, oňa hasaplanan göterimleri gaýtarmak we beýleki dürli görnüşli hyzmatlary görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen amala aşyrylýan işleriň çäklerinde bank kartlary arkaly hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary hem hereket edýär. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly sanly hyzmatlardan peýdalanyp hem-de degişli karz edarasyna barmazdan şahsy hasabyny internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak dolandyryp biler. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde ýurdumyzyň karz edaralary «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri bilen howa we demir ýol ulaglarynyň peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslar üçin petekleri internet ulgamy arkaly nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligini döretdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap «Cash back» bank hyzmaty hem ýerine ýetirilýär. Bu hyzmatda banklar tarapyndan bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda, kartyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda ýerine ýetirýärler. «Cash back» döwrebap bank hyzmaty ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmatlar ulgamynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär.

Döwrebap bank hyzmatlary raýatlarymyz üçin täze amatly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine oňaýly täsir edýär. Bank ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň özlerine döredip berýän mümkinçiliklerinden we bildirýän belent ynamyndan ruhlanyp, ildeşlerimize ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga gönükdirilen asylly işleri amal aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Bahar NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň amallar bölüminiň esasy hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27423

01.05.2021
Sanly ykdysadyýet — döwrebaplygyň nusgasy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki zaman şertlerinde dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda «sanly ykdysadyýet» diýlen düşünjä aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu düşünje ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany aňladýar. Bu nusgada zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler döreýär. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň esasy maksatlarynyň biridir. Sanly ulgamyň üstünlikli hereket etmegi üçin bolsa, internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuterleriň üsti bilen sanly görnüşde dolandyrmak we elektron söwda hyzmatlarynyň internet arkaly ýerlenilmegi üstünlikli berjaý edilmelidir.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ony durmuşa geçirmek bilen bagly işler häzirki wagtda maksatnamalaýyn esasda yzygiderli alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçiligini berkitmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek ýaly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň hem-de ösdürilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy degişli edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar, hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar we täze mümkinçilikleri döredýär. Bulardan başga-da, sanly ykdysadyýete geçmeklik önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, tutuş dünýäde bolup geçýän ykdysady üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga we çeýeligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Bu günki günde dünýäniň halklarynyň aglaba bölegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalardan we internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýet bäsleşige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Bu ugruň ýurdumyzda hem giňden ornaşdyrylmagynyň, Diýarymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Aýna KAKYŞOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27450

01.05.2021
Sanly ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirip başlady. Gahryman Arkadagymyz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellemek bilen, türkmen ylmyny ösdürmäge, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge uly üns berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ylmy edaralary, ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen ylmy işleri utgaşykly alyp barmak maksady bilen Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döredildi. Munuň özi agzalan ugurlardaky işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi hem ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge, milli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adam maýasyny we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň tehnologiýa we ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Bu merkezde ylmy önümi işläp taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek, dürli pudaklara ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça barlaglary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli amal edilendigini bellemek bolar. Mysal hökmünde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologiki ösüşden oňat baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty ýatyrylyp, onuň binýadynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi. Şeýle hem, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän konsepsiýanyň çäklerinde ýurdumyzda telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmek hem meýilleşdirilýär. Bu işleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça daşary ýurt döwletleri bilen hökümetara toparlar döredilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirilýär. Durnukly ösüşiň ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisinde hem sanly ulgamlar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary esasy orun eýeleýär.

Dünýä ösüşiniň hazynasyna uly goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň örän baý medeni mirasyna daýanmak we milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak bilen, dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri-de ýokary hünärli, ähli taraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak möhüm wezipedir. Munuň özi jemgyýetiň intellektual mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny, IT hünärmenleriniň taýýarlanmagyny talap edýär.

Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, maglumat ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, uzak möhletleýin durnukly ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çalt depginde ösmegine, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna ajaýyp mümkinçilikler we täze şertler dörär, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüşi üpjün ediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty ertiriniň hatyrasyna amala aşyrýan işleriniň dabaralanmasydyr.

Araphan ERNIÝAZOW,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27309

30.04.2021
Ösüşiň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu günki gün milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatynda ähli ugurlarda düýpli bazar özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetde ýokary depginli ösüşler gazanylyp, sebit we ählumumy derejelerdäki iri, halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli kärhanalar we desgalar gurlup ulanylmaga berilýär.

Ykdysadyýetimizde senagatlaşma-innowasion özgertmeler has çalt depginlerde alnyp barylýar. Ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, maliýe we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli berkitmek netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durnukly ösüşini gazanmakda dünýä nusgalyk beýik işler, asyrlara barabar ösüşler gazanylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ähli pudaklary sanly ulgama geçirmäge, maliýe-ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga, pudaklarda we kärhanalarda hasaba alnyş we hasabatlylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge, salgyt-býujet we pul-karz işjeňligini döwrebap derejelerde ýola goýmaga, ätiýaçlandyryş işini ösdürmäge, maliýe bazarlaryny döretmäge we bu ugurlarda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmäge, ösüşiň geljekki sepgitleriniň sanly tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagyna baglydygyny nazara alyp, sanlylaşdyrmak işlerine uly üns berýärler. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär.

Milli ykdysadyýeti has-da ösdürmek üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, häzirki döwürde uly ösüşlere eýe bolýan sanly ulgam biziň durmuşymyzda hem möhüm orun eýeleýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugry bolsa hünärmenleriň kämilligi bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Netijede ýaş hünärmenlerimiz ösen tehnologiýalardan, kompýuterlerden oňat peýdalanyp bilýärler. Esasan, taýýarlanýan ýaş hünärmenler bu ugruň ylmy nukdaýnazaryna oňat düşünýärler. Bu bolsa sanly ykdysadyýeti ösdürmekdäki alnyp barylýan işiň ylmy taýdan esaslandyrylýandygyny aýdyň beýan edýär.

Hormatly Prezidentimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ulgamlarynyň ösdürilmeginiň Konsepsiýalary we Maksatnamalary halk hojalyk toplumyny ösdürmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar, ylma esaslanýan ykdysady taglymatlara daýanyp, geljekki döwürde-de ýokary ykdysady netijeliligi üpjün edýän bazar özgertmelerini geçirmek babatdaky işler yzygiderli dowam etdiriler.

Goý, Berkarar Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletleriniň hataryna çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Mekan ATAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27284

30.04.2021
Sanly ulgamda täze mümkinçilikler

Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bellärliklidir.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerinde döwletiň wezipesi esasy üç ugra gönükdirilýär. Olaryň ilkinjisi kämil kanunçylyk ulgamyny döretmek, ikinjisi innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, üçünjisi häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryndan, innowasiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.

Şu ýerde «sanly hökümet» we «sanly döwlet» düşünjeleri barada gysgaça belläp geçsek, ýerlikli bolar. Çünki döwlet ýörite taýýarlanylan sanly portallar arkaly hyzmatlaryň dürli görnüşini raýatlara we adamlara hödürlemek bilen baglanyşykly işleriň guramaçylygyny ýokary derejede alyp barýan tarap hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly gurşawdaky hyzmatlaryň dürli görnüşiniň bir ýerde jemlenen köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek we bu ulgamyň işini döwrebap ýola goýmak möhüm wezipe bolup durýar.

«Sanly döwlet» diýen düşünje döwlet bilen raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklary bilen bagly hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny aňladýar. «Sanly hökümet» düşünjesi bolsa elektron resminamalar ulgamyny öz içine alyp, ähli edara-kärhanalarda resmi hat alşyklary elektron gurşawda amala aşyrmagy nazarlaýar.

Döredilýän mümkinçilikleriň çäginde elektron döwlet hyzmatlaryndan doly peýdalanmak üçin her bir raýat öz şahsy otagyna hasaba alynmak arkaly girip bilýär. Resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp bilýär.

Ýeri gelende aýtsak, «Hyzmatlar» penjiresinde hyzmat ediş ugurlary anyk görkezilip, olaryň iş ugry ýerlikli aýdyňlaşdyrylandyr. Olar, ine, şular: maglumat, aragatnaşyk we reklama; bilim we medeniýet; saglyk; pasport, registrasiýa, wiza; ulag we sürüjilik; pensiýa, kömek puly we tutumlar; maşgala we çagalar; salgytlar we maýalar; iş we işlilik; medeniýet, boş wagt, sport; telekeçilik; jemagat hojalygy birleşigi; döwlet saýtlary. Getirilýän maglumatlardan we döredilýän mümkinçiliklerden ugur alsak, raýatlara sanly ulgam arkaly ençeme ýeňillikler döredilýär. Olaryň tygşytlan wagtdyr beýleki serişdelerini başga ugurlara gönükdirmäge ýol açylýar. Häzirki wagtda bu ugurlar boýunça eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, her bir edara-kärhana ýerine ýetirýän hyzmatlary barada maglumatlary ýerleşdirmek işini üstünlikli dowam etdirýär. Munuň özi halk üçin ýerine ýetirilýän dürli görnüşli döwlet hyzmatlarynyň sanly gurşawda bir web-portalynyň üsti bilen amala aşyrylmagyna we hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý adam bilen bagly töwekgelçilik ýagdaýlaryny gutarnykly aradan aýyrmaga ýardam berýär. Şu ýerde sanly ulgam bilen bagly elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdirişini hem bellemek gerek. Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge; elektron resminamalary peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge; elektron resminamalary döretmegiň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň, bermegiň we kabul etmegiň tehnologiýasyny hukuk taýdan üpjün etmäge; elektron resminamalary peýdalanmak bilen ygtybarly we howpsuz töleg ulgamyny döretmäge hem ösdürmäge; maglumatlar döredilende, işlenilip taýýarlanylanda, saklanylanda, berlende we kabul edilende olaryň howpsuzlygyny hem-de goralyşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda «Elektron hökümeti» döretmegiň we elektron hyzmatlary amala aşyrmagyň gerimi barha giňeýär. Dürli pudaklary ösdürmegiň maksatnamalarynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny ulanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

«Elektron hökümet» adalgasy hökümet edaralarynyň ähmiýetini kesgitlemek üçin maglumat jemgyýetinde emele gelen häzirki zaman çemeleşmesiniň gysgaça beýany bolup durýar. Bu adalga döwlet dolandyryşyny guramagyň we ösdürmegiň täze usulyny, raýatlar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy, işiň anyk peýdaly netijelerini ýüze çykarmagy, wagty tygşytlamagy we döwlet edaralarynyň jogapkärçiligini aňladýar. Bu usul döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek üçin täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny maksatly we utgaşdyrylan görnüşde ulanmaga esaslanýar.

Döwlet Baştutanymyz sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetiň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitleýär. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň hem yzygiderli berkidilýändigi bellärliklidir. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny-da bellemek gerek.

Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň sanly ykdysadyýete geçmeginiň derejesini anyk görkezýär. Aragatnaşyk hyzmatlary (öýjükli telefon, IP-TV, internet) awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, birnäçe bank işleri boýunça tölegleri onlaýn usulda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Döredilen portalyň ähli gurallaryny doly herekete girizmek üçin saýtyň görkezilen bölümindäki hyzmatlary ýerine ýetirýänleriň işjeňligi zerur bolup durýar.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti esaslandyryldy. «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karar kabul edildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Elektron hökümet» ulgamyny peýdalanyjylaryň identifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamy hakynda Düzgünnamanyň», «Elektron hökümet» ulgamynyň fiziki we ýuridik şahslaryň maglumatlar binýadyny (ID) emele getirmegiň we ýöretmegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň», «Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň Düzgünnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýar. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde IT-meýdançalary döretmek göz öňünde tutulýar. Olar häzirki zaman serwer we beýleki enjamlar bilen üpjün ediler.

Getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, sanly ulgamyň mümkinçilikleri yzygiderli artýar. Bu bolsa türkmenistanlylaryň halkara maglumat ulgamyna tiz we netijeli aralaşmagyna şert döredip, ep-esli derejede wagt hem-de serişde tygşytlamaga ýardam berýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26352

21.04.2021
Sanly ulgam

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň netijesinde oňyn çözgüde eýe boldy. Şunda önümçilikde ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanylmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň ýokary hilli, netijeli amala aşyrylmagy, ähli ulgamlarda goşmaça girdeji getirýän çeşmeleriň herekete getirilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy.

Milli Liderimiz ýurdumyzy çalt depginde senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek hem-de maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini we telekeçiligi ösdürmek ugrundaky mümkinçilikleri pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ýurdumyzda internet söwda ýola goýuldy, şeýle-de içerki öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyryldy, önümçiligiň gerimi hem yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösüşini höweslendirmek, bu ulgamy jemi içerki önümiň öndürilişine täsirini artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda «sanly tapawudy» aradan aýyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanda elektron söwdany ösdürmek, ýurdumyzyň bank edaralaryny dünýäniň elektron tölegler ulgamyna birikdirmek, ilatyň we telekeçileriň sanly tehnologiýalar boýunça bilimlerini artdyrmak, elektron düzümi we logistikany netijeli peýdalanmak babatda amala aşyrylan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijesini berýär. Elektron söwda we onuň oňaýly täsiri diňe bir işewürlik ulgamyna däl, eýsem ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hem oňaýly täsir edýär.

Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde täze gurulýan senagat önümçilik kärhanalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglyk, medeniýet öýleri, sport merkezleri ýaly desgalaryň ählisiniň iň täze tehniki enjamlar bilen üpjün edilmeginiň özi hem sanly ulgamyň möhüm ädimleridir.

Goý, ata Watanymyzy ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!

Aýgül ABDULAGAÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26335

21.04.2021
San­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de yl­myň we in­no­wa­si­ýa­nyň or­ny

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýan ylmy-tehniki ulgamy döwrebaplaşdyrmak, ähli ulgamlarda innowasiýalary ornaşdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan ösen senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu jähetden, önümçiligiň ähli pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy we iň täze tehniki hem tehnologiki enjamlaryň netijeli ulanylmagy biziň ýeten belent sepgitlerimizde, gazanan üstünliklerimizde örän uly ähmiýetlidir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek babatdaky uly işler sanly özgertmeleriň dünýä derejesinde ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Karary durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna giň ýol açdy. Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Ikinjisi, önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de milli ykdysadyýetiň düýpli tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Bu bolsa ösüşiň täze belentlikleri bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de kuwwatlanmagynda ygtybarly hem giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Elektron resminama hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyna» we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Döwletiň, milli işewürlik birleşikleriniň we raýat jemgyýetiniň gatnaşmagynda sanly ykdysadyýetiň institutlarynyň netijeli ösdürilmegi üçin amatly guramaçylyk hem-de kadalaşdyryjy hukuk şertlerini döretmek, şeýle hem ählumumy sanly ekoulgamyň emele gelýän şertlerinde milli ykdysady serişdeleri, dolandyryş ulgamyny hem-de onuň düzümini kämilleşdirmek esasy maksat bolup durýar.

Her bir ýurduň ykdysady ösüşinde ylma esasy orun degişlidir. Ylym innowasiýanyň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Innowasiýalar tehnologiki ösüşiň çeşmesi hökmünde çykyş etmek bilen, öz gezeginde, ylmy-tehniki açyşyň döredilmegi, ýaýradylmagy, durmuşa ornaşdyrylmagy ýaly ylmy täzeçillik tapgyrlaryň soňky netijesi hasaplanylýar.

Bagtyýarlyk zamanamyzda sanly ulgama geçmek maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, maýa goýum işjeňligini artdyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça bellenen çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagy üçin anyk işler durmuşa geçirilýär. Ilatyň iş bilen üpjünçiligi, raýatlaryň zähmet öndürijiligini we hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilmegi, olaryň durmuş taýdan goraglylygy ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunda durmuş ulgamynyň işini öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ornaşdyrmagyň esasynda sanlylaşdyrmak örän möhümdir. Eziz Diýarymyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler öz oňyn netijesini berýär.

Röwşen ertirlerimiziň dowamaty bolan ýaşlaryň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagynyň hem-de ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna mynasyp goşant goşmagynyň, kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny hünär işinde işjeň we netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, bilimiň ähli basgançaklarynda okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklylykda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Hut şu jähetden, ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ykdysadyýetimizi ylmy esasda ösdürmek babatda möhüm işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen ylym-bilim ojaklary gurlup, ulanylmaga berilýär. Güneşli Diýarymyzyň bu ylym-bilim ojaklarynda daşary ýurt dillerini kämil derejede bilýän, döwrüň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan, täzeçe, döredijilikli pikirlenmegi başarýan hünärmenler ýetişdirilýär. Munuň üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys we bedew bady bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzy gülledip ösdürjek kämil hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmekde geljekde hem gujur-gaýratymyzy, ukyp-başarnygymyzy gaýgyrman zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys.

Parahat KUWADOW,

Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26025

16.04.2021
Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasynyň aýratynlyklary

Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminamanyň dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini we hukuk bilen baglaşylan geleşikleriň maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýanyň ýedi babynda hem Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär. Konsepsiýada eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenildi.

Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bir bitewi döwlet saýty döredildi. Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde jemleýär. Bu usul merkezleşdirilen görnüşde hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary kabul etmäge mümkinçilik berýär. Bu resminamalary taýýarlamagyň möhletlerine hem-de hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.

Goý, ykdysady strategiýanyň ýörelgeleri bilen bize halypalyk ýoluny görkezýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Täzegül PATIÝEWA,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Berkararlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26075

16.04.2021
«Owerdraft» bank hyzmaty

«Owerdraft» karzy — söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende bank kartynyň galyndysy azalyp, töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletli karz serişdesi bolup durýar. Adaty karzlardan tapawutlylykda, bu karz dikeldilýän bolup durýar, ýagny müşderi bir gezek banka şeýle hyzmaty açmak üçin arza berenden soň, şertnamada görkezilen möhletiň dowamynda karzdan, banka barmazdan, zerurlygyna görä, awtomatik usulda alyp we yzyna gaýtaryp bilýär.

Şeýlelikde, «Owerdraft» karzy müşderiniň bank kart hasabynyň galyndysy azalan halatynda, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylan töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde töleg geçirilende bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, onuň «Owerdraft» karzynyň esasy bergisi we hasaplanýan göterimleri awtomatik usulda tölenýär.

Bu hyzmat häzirki wagtda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hyzmata laýyklykda, gündelik sarp edilýän harytlar satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, müşderileriň ýüztutmasyna laýyklykda, karzyň möçberi soňky 6 aýdaky ortaça zähmet hakynyň esasynda hasaplanylýar we onuň möçberiniň 50 göterimden ýokary bolmadyk çägindäki gysga möhletli karzlar resmileşdirilýär.

Bu ýagdaý müşderileriň alan karzyny wagtynda yzyna gaýtaryp berjekdigi barada bankyň öňündäki kepilligini aňladýar. Şu düzgünlere laýyk gelýän müşderilere karz resmileşdirilenden soň, bir aýyň dowamynda artykmaç harçlanan esasy bergi we şol boýunça hasaplanan göterimler aýlyk zähmet hakynyň hasabyndan bank tarapyndan awtomatik usulda hasaplanylyp alynýar. Müşderiler bank kartyna «Owerdraft» karz hyzmatyny Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň edara binasynda ýa-da onuň şahamçalarynda birikdirip bilerler. Bu işi amala aşyrmak üçin hyzmatdan peýdalanmak isleýän raýatyň pasporty we onuň nusgasy, girdejileri barada kepilnama, zähmet depderçesiniň göçürmesi, arza we «Owerdraft» boýunça aýlyk zähmet hakyndan tutup almaga razylygy talap edilýär.

Bankymyz tarapyndan ornaşdyrylan «Owerdraft» bank karz hyzmaty ýurdumyzdaky maliýe täzeçillikleriniň nobatdakylarynyň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek, raýatlara hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, bankymyz tarapyndan ýokarda agzalan bank karzyny «Owerdraft» karzy atly bank kartynyň üsti bilen ýerine ýetirmek boýunça mümkinçilik döredildi.

Gülnäz JUMAMYRADOWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25890

15.04.2021
Ykdysady strategiýada hususy pudagyň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylýan maksatnamalaryň we amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisiniň baş maksady mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti baý tebigy, ykdysady, maýa goýum we adam maýasynyň zähmet gorlaryny peýdalanmak arkaly üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar. Önümçiligi hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlary hem-de iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi durnukly we hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşe gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde üstümizdäki ýyla, uzak hem-de orta möhletli geljege niýetlenen möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» we «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem bar.

Söwda Strategiýasy babatynda aýdylanda, milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde 2020-nji ýylyň iýul aýynda Bütindünýa Söwda Guramasynyň geçiren nobatdaky mejlisinde bu abraýly guramanyň çözgüdi bilen Türkmenistana synçy derejesiniň berlendigini bellemek gerek. Bütindünýä Söwda Guramasyna synçynyň derejesine eýe bolunmagynyň artykmaç tarapy ýurtlar üçin öz önümçiliklerini ösdürmek, eksport möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň özgertmeleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek mümkinçiligini döredýändigidir. Şeýle hem munuň özi ýurduň dünýäniň önümçilik, ylmy-tehniki we medeni ösüş gatnaşyklaryna goşulmagyny, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegini we bäsdeşligiň höweslendirilmegini üpjün eder.

Bu Strategiýanyň maksady ýurtda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, önümçilikleri giňeltmek, işewür gurşawy ösdürmek, milli ykdysadyýetiň halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öňe süren hem-de halkara guramalar tarapyndan giň goldawa eýe bolan başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäreler toplumyny öz içine alýar.

Strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň eksport kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berer, öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, olaryň dünýä bazarlaryna işjeň çykarylmagyna şertleri döreder, ykdysady, maliýe, söwda we maýa goýum ugurlarynda esasy halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm binýadyny berkider. Netijede, Türkmenistanyň halkara söwda we ykdysady giňişligine has-da işjeň goşulyşmagyna ýardam berer.

Döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa babatynda aýdylanda, dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginlerde üýtgeýän şertlerinde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen köpugurly ösdürmegiň wajyp çözgütleri ýurtda durnukly maliýe ulgamynyň we hukuk binýadynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilýär. Munuň özi ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmekde, Türkmenistanda amatly işewürlik ýagdaýyny döretmekde we döwletiň tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmekde möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge we höweslendirmäge döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär. Bu goldawlar «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, şeýle hem soňky ýyllarda kabul edilen, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini höweslendirmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.

Döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde döwlet eýeçiligine degişli bolup, ulanyşdan galan ýa-da ykdysady taýdan peýdasy az bolan, şol sanda gurlup gutarylmadyk önümçilik desgalary hem-de beýleki desgalardyr binalar bellenen tertipde hususylaşdyrylýar, önümçilikler döwrebaplaşdyrylýar, iş orunlary saklanyp galynýar we täzeleri döredilýär.

Bu Strategiýa döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmagyň, özgertmegiň, şeýle hem hususylaşdyrylmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryňdyr desgalaryň işleriniň esasy ugurlary boýunça wezipelerini, Strategiýanyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan şertleri hem-de guramaçylyk-usuly çäreleri kesgitleýär.

Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Önümçilik pudaklarynyň aýry-aýry kärhanalary, desgalary bilen bir hatarda, balyk senagaty we syýahatçylyk pudaklary tutuşlygyna hususylaşdyryldy.

Pul-karz ulgamynda hem düýpli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

Mahlasy, Strategiýada bellenen ähli çäreleriň amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ösen bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeli ulgamyny emele getirmäge, döwlet eýeçiliginiň gurluşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurduň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa öz gezeginde, uzak wagtyň dowamynda ykdysady ösüşiň depginleriniň we durnuklylygyň saklanyp galmagyna oňyn täsir eder, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmäge ýardam berer.

Döwletimiziň ähli babatdaky ösüşlerine badalga berip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda nusgalyk işleri bitirýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Annamuhammet SARJAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25826

14.04.2021
Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýet adalgasy gün-günden biziň aň-düşünjämize, jemgyýetimiziň ösüşine ynamly ornaşýar. Raýatlarymyzyň arasynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň geriminiň giňemegi, tehniki oýlap tapyşlaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza berk ornaşmagy sanly ykdysadyýetiň ösüşine itergi berýär. Bu bolsa halkara işewürligiň, bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly ýardam berýär.

Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullar hojalyk durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşýar. Bu öz gezeginde, ykdysadyýetde düzümleýin üýtgeşmeleriň emele gelmegine getirýär hem-de sanly tehnologiýalara we elektron haryt dolanyşygyna esaslanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň wajyplygyny öňe çykarýar.

Sanly ykdysadyýet — önümçilikde, paýlanyşykda sarp edişde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly özgertmeleri başdan geçiren ykdysadyýetiň bölegidir. “Sanly ykdysadyýet” adalgasy durmuşymyza 1995-nji ýylda amerikaly alym N.Negroponte tarapyndan girizildi. Ol sanly ulgamyň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda önümiň fiziki agramynyň öz ýerini maglumat göwrümine goýmagyny, elektron harytlary öndürmek üçin has az harajatlaryň edilmegini, sanly önümleriň az ýer tutmagyny, şeýle-de önümiň örän tizlik bilen (internet tory arkaly) bir ýerden başga ýere ugradylmagyny we beýleki mümkinçiliklerini sanap geçýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek täze mümkinçilikleriň açylmagydyr. Ol edaralaryň, kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny tizleşdirýär we aňsatlaşdyrýar. Alyjylar hem hiç ýere gitmezden özüne zerur bolan hyzmatlary gönüden-göni söwda nokadyndan has-da amatly alyp bilýärler, mysal üçin azyk önümlerini bazara gitmezden internet dükanlaryndan arzan bahadan we tiz satyn almak, elektron görnüşdäki kitaplary çap edilen kitaplara görä has arzan bahadan we gysga wagtda satyn almak, karz edaralaryna ýüz tutmazdan karzlaryň esasy bergisini we göterimlerini tölemek, ykjam ýa-da öý telefon hyzmatlary üçin islendik wagt tölegleri geçirmek, galyberse-de, sarp edijiler öýünden çykman, öz hususy işewürligini “online” usulynda ýola goýup, elektron söwdalary amala aşyryp bilerler.

Maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy ykdysadyýetiň köp pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini birnäçe esse artdyryp, onuň bilen bagly çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Innowasiýalar we düýpli maýa goýumlar sanly bazaryň aýrylmaz bölegi bolup, olar pudaklaryň tehnologik ösüşine badalga berýär. Onuň üçin öňdebaryjy programma üpjünçilikleriniň ornaşdyrylmagy, maglumat saklaýjy enjamlaryň, ýörite serwerleriň satyn alynmagy, infrastrukturanyň gurnalmagy örän wajypdyr.

Bank ulgamynda soňky ýyllaryň dowamynda köp sanly täze görnüşli bank önümlerini ilata hödürlemek, nagt däl hasaplaşyklaryň howpsuz, amatly we bökdençsiz amala aşyrylmagyny ýola goýmak ýaly üstünlikleri barada aýdyp bolar.

Amala aşyrylan bu işler geljekde sanly ykdysadyýete geçmek boýunça berk binýat bolup, ýurdumyzyň banklarynyň öňünde köp sanly maksatlary goýmaga itergi berýär. Muňa mysal edip, sanly ykdysadyýetiň düýp özeni bolup durýan maglumatlaryň elektron taýdan kabul edilmegi, işlenilmegi we gaýtarylyp berilmegi ýaly tehnologiýalary peýdalanyp, internet torlarynyň üsti bilen raýatlarymyza bank hyzmatlarynyň hödür edilmegini görkezmek bolar.

Internete birikdirilen kompýuterleriň kömegi bilen “Internet-bank” hyzmatyny ulanyjylaryň sanynyň gün-günden artýandygyny hem belläp geçmeli. “Internet-bank” hyzmatynyň esasy amatlyklarynyň biri hem günüň islendik wagtynda, ýagny bankyň ýa-da edaralaryň iş wagtyna bagly bolmazdan, dynç alyş ýa-da baýramçylyk günlerinde hem köp sanly hyzmatlardan peýdalanyp, nagt däl görnüşinde töleg edip bolýanlygydyr.

Döwrebap ykjam telefonlaryny, planşetleri giňden ulanýan raýatlarymyza bu hyzmatyň “Mobil-bank” görnüşi hödürlenilýär. “Mobil-bank” hyzmaty tölegleriň dürli görnüşlerini geçirmekde uly ýardamçy bolup durýar. Sanly ulgamy ösdürmek ugrunda köp sanly işleri durmuşa geçirmek üçin täjirçilik banklaryna iň täze sanly tehnologiýalary peýdalanyp, täzeçillikleri girizmäge ukyply, giň gözýetimli ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy düşnüklidir. Şonuň üçin bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň ýaşyna ýa-da kärine garamazdan, täze tehnologiýalardan doly we ynamly peýdalanmaklary üçin hem netijeli işler alnyp barylýar.

Raýatlarymyza şeýle amatly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Aman ANNADURDYÝEW,

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Tejen” şahamçasynyň hukukçysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25818

14.04.2021