Döwrebap şertler we mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakda bank hyzmatlarynyň hiline wajyp orun degişlidir.

Ykdysadyýeti sanly ulgam arkaly ösdürmekde söwda, ykdysady, maliýe, bank ulgamlary we döwlet dolandyryşy aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň kemala gelmeginde we ykdysady maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde bank hyzmatlarynyň häzirki zaman tehnologiýalar arkaly ýerine ýetirilmegi möhüm ugurlaryň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, sanly bank hyzmatlary durmuşymyza giňden ornaşýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde karz edaralary tarapyndan nagt däl hasaplaşyklar boýunça edilýän hyzmatlaryň ýaýrawyny giňeltmek we hilini has-da ýokarlandyrmak ugrunda degişli işler dowam etdirilýär. Bu işleriň netijesinde geçirilýän amallaryň jeminde nagt däl hasaplaşyklaryň paýy barha artýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bank ulgamynda döwrebap, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, ilatymyza ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemäge, hasaplaşyklary gysga wagtda, tiz we amatly usulda geçirmäge, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini has-da giňeltmäge amatly mümkinçilik döredýär. Bank ulgamynda milli pul birliginiň hümmetini durnukly saklamagyň esasy ugurlarynyň biri hem ykdysadyýetde pul serişdeleriniň üpjün edilişiniň düzümini kämilleşdirmek bilen, nagt pullaryň paýyny tapgyrlaýyn azaltmak bolup durýar. Nagt däl hasaplaşyklar kagyz pullary çykarmak, saklamak, daşamak, nagt pullar bilen hasaplaşylanda geçirmeli bolýan köp möçberdäki puly gaýtadan sanamak üçin goşmaça harajatlar görnüşindäki dolanyşyk çykdajylaryny azaltmaga, şol bir wagtyň özünde-de, töleg dolanyşygyny we tölegleriň amala aşyrylyşyny çaltlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň durmuşa geçirilmegi netijesinde karz edaralary tarapyndan hödürlenýän hyzmatlaryň hatarynda kämil we döwrebap tehnologiýalaryň orny barha ýokarlanýar. Häzirki wagtda bank kartlary arkaly töleg terminallarynyň üsti bilen geçirilýän tölegleriň köpsanly görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Şolardan söwda we hyzmat ediş nokatlaryndaky hasaplaşyklary, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV hyzmatlary, ýaşaýyş jaýlary, saglygy goraýyş we ätiýaçlandyryş, raýatlaryň peýdalanan elektrik energiýasy, agyz suwy, jemagat hyzmatlary üçin tölegleri, ýokary okuw we orta hünär mekdepleriniň okuw töleglerini tölemek, karzyň esasy bergisini, oňa hasaplanan göterimleri gaýtarmak we beýleki dürli görnüşli hyzmatlary görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alyp, raýatlarymyza amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen amala aşyrylýan işleriň çäklerinde bank kartlary arkaly hakyky wagt tertibinde hasaplaşyklary geçirmek üçin «Internet-bank» we «Mobil-bank» ulgamlary hem hereket edýär. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp şahsy bank hasabyny «Internet-bank» hem-de «Mobil-bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly sanly hyzmatlardan peýdalanyp hem-de degişli karz edarasyna barmazdan şahsy hasabyny internet ulgamynyň üsti bilen özbaşdak dolandyryp biler. Häzirki wagtda nagt däl hasaplaşyklaryň amatlyklaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany günsaýyn artýar.

Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň netijesinde ýurdumyzyň karz edaralary «Türkmendemirýollary», «Türkmenawtoulaglary» hem-de «Türkmenhowaýollary» agentlikleri bilen howa we demir ýol ulaglarynyň peteklerini hem-de şäherara ugurlarda gatnaýan awtobuslar üçin petekleri internet ulgamy arkaly nagt däl görnüşinde satyn almak mümkinçiligini döretdi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlarymyza döwrebap «Cash back» bank hyzmaty hem ýerine ýetirilýär. Bu hyzmatda banklar tarapyndan bank kartlary arkaly tölegler amala aşyrylanda, kartyň eýesine berilýän göterimiň möçberini banklar özleriniň alyp barýan göterim syýasatyna laýyklykda ýerine ýetirýärler. «Cash back» döwrebap bank hyzmaty ýurdumyzyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda we hyzmatlar ulgamynda bäsdeşligiň artmagyna uly itergi berýär hem-de alyjylaryň we satyjylaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, müşderilere edilýän döwrebap hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyny we olaryň barha kämilleşmegini üpjün edýär.

Döwrebap bank hyzmatlary raýatlarymyz üçin täze amatly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçilikler milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine oňaýly täsir edýär. Bank ulgamynyň işgärleri hormatly Prezidentimiziň özlerine döredip berýän mümkinçiliklerinden we bildirýän belent ynamyndan ruhlanyp, ildeşlerimize ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek ugrunda yhlas-başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Milli ykdysadyýetimizi sazlaşykly ösdürmäge we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmaga gönükdirilen asylly işleri amal aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Bahar NURYÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň amallar bölüminiň esasy hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27423