Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmek wezipesi hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň netijesinde oňyn çözgüde eýe boldy. Şunda önümçilikde ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan netijeli peýdalanylmagy, iri maýa goýum taslamalarynyň ýokary hilli, netijeli amala aşyrylmagy, ähli ulgamlarda goşmaça girdeji getirýän çeşmeleriň herekete getirilmegi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da ýokarlandyrdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzy çalt depginde senagatlaşdyrmak, sanly ykdysadyýete geçmek hem-de maglumat jemgyýetini kemala getirmek, bazar ykdysadyýetini we telekeçiligi ösdürmek ugrundaky mümkinçilikleri pugtalandyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen ýurdumyzda internet söwda ýola goýuldy, şeýle-de içerki öndürijileriň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyryldy, önümçiligiň gerimi hem yzygiderli artdyrylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýasynyň ösüşini höweslendirmek, bu ulgamy jemi içerki önümiň öndürilişine täsirini artdyrmak, welaýatlaryň, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň ilatynyň durmuşynda «sanly tapawudy» aradan aýyrmak barada uly işler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Türkmenistanda elektron söwdany ösdürmek, ýurdumyzyň bank edaralaryny dünýäniň elektron tölegler ulgamyna birikdirmek, ilatyň we telekeçileriň sanly tehnologiýalar boýunça bilimlerini artdyrmak, elektron düzümi we logistikany netijeli peýdalanmak babatda amala aşyrylan işler häzirki wagtda özüniň oňyn netijesini berýär. Elektron söwda we onuň oňaýly täsiri diňe bir işewürlik ulgamyna däl, eýsem ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hem oňaýly täsir edýär.
Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde täze gurulýan senagat önümçilik kärhanalary, ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler, saglyk, medeniýet öýleri, sport merkezleri ýaly desgalaryň ählisiniň iň täze tehniki enjamlar bilen üpjün edilmeginiň özi hem sanly ulgamyň möhüm ädimleridir.
Goý, ata Watanymyzy ykdysady we medeni taýdan kuwwatly döwlete öwürýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç bolsun!
Aýgül ABDULAGAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.