Habarlar
Üstünlikleriň aýdyň ýoly

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uly ösüşlere beslenip, ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Şeýle ajaýyp üstünlikleriň hatarynda ykdysady ösüşleri, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy aýratyn bellärliklidir.

Häzirki döwürde iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy, gündelik durmuşymyzda bolsa internet mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy netijesinde ilat üçin döredilýän oňaýlyklar elektron maglumatlar ulgamynyň ýaşaýşyň ähli taraplaryna öz täsirini ýetirýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirmek bolar. Sanly gurşaw diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň, jemgyýetçilik aňynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär.

Sanly ykdysadyýet adamyň, ilatyň ýaşaýşy üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürýän toplumdyr. Başgaça aýdylanda, sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Oňa gysgaça sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet diýlip hem düşünilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşini belli bir derejede ozaldan hereket edýän ykdysadyýet hökmünde hem kabul edip bolar. Ol täze maglumatlary, tehnologiýalary we önümleri döretmegi hem-de olardan peýdalanmagy, telekommunikasiýa hyzmatlaryny, elektron işewürligi, elektron söwdany, elektron bazarlaryny, uzak aralykdan hyzmatlary ýerine ýetirmegi, şeýle hem beýleki düzüjileri öz içine alýar.

Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Ikinji maksady bolsa, önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen, milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, içerki önümiň artýandygy bellenilýär. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek üçin wajyp bolan möhüm meseläniň çözülmegine, ýagny ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna hem ýardam berýär. Sebäbi sanly hyzmatlara ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy telekeçiligiň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler oňyn netije berýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has-da döwrebapdygyny aýdyň beýan edýär.

Intizar KULLIÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45754

05.11.2021
Sanly ulgam — döwrebap ösüş

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz döwrebap ösdürilýär. Häzirki döwrüň şertlerinde ýokary tehnologiýaly sanly ykdysadyýeti döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. «Sanly ykdysadyýete geçilmegi maýa goýum işjeňligini ösdürmäge, döwlet dolandyrylyşynyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge, maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ähli pudaklaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär» diýip, döwlet Baştutanymyz belleýär.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, ylmyň gazananlaryny we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň özleşdirmek, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, ony hil taýdan dünýäniň ösen derejesine çykarmak möhüm wezipe bolup durýar. Sanly ulgamyň durmuşa giňden ornaşdyrylmagy zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna uly täsir edýär. Şundan ugur alnyp, Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde hem sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Talyplara hemme dersler boýunça öwredilýän sapaklar we olaryň nazaryýetde alýan bilimleri sanly ulgamyň üsti bilen kämilleşdirilip, özleşdirilýär. Şeýle-de synaglaryň ýöriteleşdirilen kompýuter otagynda test görnüşinde, soraglara jogap bermek usulynda geçirilmegi talyplaryň bilim derejesini has-da ösdürmäge ýardam berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda dünýäniň öňdebaryjy, kämil, innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan sanly bilim ulgamyny ösdürmekde giň möçberli işleri alyp barýan, ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy bilen möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ak ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, il-ýurt, döwlet ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!

Tuwak ARAZOW,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/45380

03.11.2021
Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüşleriň şuglasy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysady taýdan bedew bady bilen ösýän, dünýäniň ykdysady giňişligine ynamly goşulan ýurtlaryň hatarynda ornuny berkitdi. Hemmämize mälim bolşy ýaly, ykdysady ösüşiň esasy netijeleri, talaplary anyk teklipler, ylmy oý-pikirler, kämil hünärmenler bilen berk baglanyşyklydyr. Beýik ösüşleriň adamzat jemgyýetini näderejede özgerdenligi hakyndaky pikirler her birimiziň yhlasly işlemegimizi üpjün edýär. Şeýle özgerişlerde innowasiýanyň hemme döwürlerde-de esasy badalga bolandygy baradaky pikir bilen doly ylalaşýarsyň. Baý geçmişli milli taryhymyzyň täze ykdysady ösüş tapgyrynda sanly ulgama geçmekde ädilýän şowly ädimler döwrebap many-mazmun hem-de millilik öwüşgini bilen has-da baýlaşdyrylýar. Döwrümiziň häsiýetli aýratynlygy, döwrebap ylmyň üstünlikli netijesi bolan internet giňişliginiň kemala gelmegi we onuň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülmegi ykdysady ösüşiň hil taýdan täze tapgyryna — «sanly ykdysadyýete» ynamly geçişi şertlendirdi. Şeýle hem ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny we gymmatly kagyzlar bazaryny döwrebaplaşdyrmak arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmakda uly üstünlikler gazanyldy.

Sanly ulgam ýurdumyza bütindünýä maglumat giňişligine goşulyşmaga giň ýol açdy. Türkmen taryhynda ilkinji gezek älem giňişligine çykarylan «TürkmenÄlem 520 E» maglumat kabul ediji, ýaýradyjy milli emeli hemra bu ösüşleriň guwandyryjy buşlukçysy boldy. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» milli aragatnaşyk-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Olaryň üstünlikli özleşdirilmegi bilen pudaklaryň işini awtomatlaşdyrylan usula geçirmäge giň mümkinçilikler açylar. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere oňat ýardam etdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda sanly ulgama geçmek boýunça döwrüň öňdebaryjy ylmy-tehniki gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylar. Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylly hem dahylsyz önümçilikleri döwrebap elektron ulgama tapgyrlaýyn esasda birikdirilýär. Netijede, «sanly önümçilik» ugurly täze pudaklar döreýär. Önümçiliklerde öňdebaryjy kompýuterleşdirilen tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen san ölçegli hasaplamalar geçirilýär, ygtybarly maglumatlar toplanylýar. Önümçilik pudaklarynyň ýokary ykdysady netijeliligini üpjün etmegiň çäklerinde bu ugra gönükdirilýän goşmaça maýa goýumlar edara-kärhanalaryň tehniki-tehnologik keşbini düýpli döwrebaplaşdyrmak maksatlaryna harçlanýar. Munuň özi ýerli önüm öndüriji ulgamlarda elektronlaşma geçmekde, täze önümlere alyjylary tapmakda, tejribe alyşmakda oňyn mümkinçilikleri açýar, sanlylaşmak ugrunyň getirjek bähbidiniň näderejede ýokary boljakdygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli ulgamlaryndaky durmuş ugurly ykdysady syýasata laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ählisi halkymyzyň ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Şeýlelikde, döwlet maksatnamalarynda bellenilen ähli çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde has-da ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny yzygider artdyrmaga mümkinçilik berer.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Aýna ORAZOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44678

27.10.2021
Sanly ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň milli ykdysadyýeti, önümçilik, söwda we hyzmat ediş pudaklary döwrebap özgertmeleri başdan geçirýär.

Bazar gatnaşyklarynyň barha rowaçlanýan döwründe maglumat tehnologiýalarynyň, kämil aragatnaşyk tehnikalarynyň ösüşi bilen deň gadam basmak esasy talaplaryň biridir. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatynda zerur çäreler durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik kuwwatyny artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz senagat taýdan ösen döwletleriň hataryna goşulýar. Milli ykdysadyýetimiziň döwre görä kämilleşdirilmegi dünýäniň iň oňat tejribesini, öňdebaryjy ylmy pikirlerini we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagy talap edýär. Bu özgertmeler ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna zerur şert döredýär.

Sanlylaşdyrmak — milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwür bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady ösüş babatda täze derejä çykarmagyň döwrebap usulydyr. Ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň durnukly depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, degişli şertleriň üýtgemegine uýgunlaşmagy, ykdysady töwekgelçilikleriň azalmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamlaryna sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagynyň netijelerini ýylyň-ýylyna gazanylýan ýokary ykdysady görkezijilerden aýdyň görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bu özgertmeler bagtyýar halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Selbi ÝAGMYROWA,

Daşoguzyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/44520

26.10.2021
Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Durnukly ösüşiň kämil ugry

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz 2019-njy ýylda “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmek bilen milli ykdysadyýetimize kämil ulgamy ornaşdyrmaklyga badalga berdi. 7 bapdan ybarat bu Konsepsiýada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň häzirki ýagdaýy, öňünde durýan maksady hem-de wezipeleri kesgitlenendir. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetmekde, elektron senagatyny ösdürmekde, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti has-da ösdürmekde bu Konsepsiýanyň ähmiýeti örän uludyr.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmeklige iňňän uly üns berilýär. Sebäbi, döwletimiziň hemmetaraplaýyn ösüşini gazanmakda bu ulgamyň eýeleýän orny uludyr. Kämil ulgamy ösdürmegi durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň halk hojalygy we beýleki ulgamlary sanlylaşdyrylýar. Öňdebaryjy ugur Garaşsyz döwletimizi çalt depginlerde ösdürmekde täze mümkinçiliklere ýol açýar. Öňdebaryjy ulgamyň gümrük gullugynyň öňünde durýan wezipeleriň bähbitli çözgüdine-de oňyn täsirini ýetirýär.

Sanly ulgam bilen bagly şu we beýleki degerli işleriň durmuşa geçirilmegi gümrük gullugymyzyň işinem döwrebaplaşdyrmakda gowy netijeler gazanylmagyna giň ýol açýar.

Guwanç MÄMMETESENOW.

Welaýat gümrükhanasynyň “Mary awtoýollary” gümrük nokadynyň harby gullukçysy, kapitan.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43166

14.10.2021
Sanly ykdysadyýet: döwrebaplygyň binýady

Häzirki wagtda Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan durnukly ösýän senagat döwleti hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilen ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Hususan-da, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak we iň kämil innowasiýalar bilen üpjün etmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýurdumyzda ösen sanly giňişligi kemala getirmek, bäsdeşlige ukyply önümçiligi innowasion tehnologiýalaryň hasabyna ösdürmek üçin uly möçberli maýa goýumlar goýulýar. Daşary ýurtlarda öndürilen iň kämil innowasiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna giňden ornaşdyrylyp, önümçiligi dolandyrmakda kompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetimizi ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň binýatlaýyn şerti bolan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçmegi bilen, degişli ugruň kanunçylyk binýadyny berkitmeklige düýpgöter täzeçe çemeleşmeler esasynda aýratyn üns berildi. Milli Liderimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu resminama laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär. Munuň özi ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagyna hem-de netijeli sanlylaşdyrylmagyna doly mümkinçilik berýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligi has-da kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanýan üstümizdäki ýylda sanly ulgamy ösdürmekligiň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda kabul edilen täze çözgütler, döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem doly subut edýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen bu maksatnama ençeme resminamalara laýyklykda işlenip düzüldi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

Perman ÝANABAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/40093

11.09.2021
Sanly ykdysadyýet:

çyzykly şertli belginiň mümkinçilikleri

Sanly tehnologiýalar bize birnäçe sagatlyk işi gysga wagtda, ýokary hil derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar her bir ädimde gabat gelýär.

Gündelik durmuşda ulanýan serişdelerimiziň, enjamlaryň, iň bärkisi hemişe ýanymyzda göterýän öýjükli el telefonymyzyň haýsy döwletde öndürilendigi ählimize gyzykly bolsa gerek. Muny bilmek üçin uly bir zähmet sarp etmezden, harytlarda ulanylýan, gelip çykýan ýerinden habar berýän ştrih koduny ýa-da QR — koduny ulanmak ýeterlik. Bu işi döwrebap derejeli enjamlaryň üsti bilen ýa-da öz akyl zähmetimizi sarp edip, ýönekeý hasaplama usuly arkaly hem anyklap bolýar. Söwda merkezlerinde ýa-da bölek söwda dükanlarynda tiz we döwrebap hyzmat etmek maksady bilen ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar. Bu usulda satyjylar tarapyndan gelýän müşderilere bökdençsiz, nobata durmazdan hyzmat hödürlenilýär. Bu usul diňe bir müşderiler bilen işleşilende ulanylman, eýsem, getirilýän harytlary ammarlara ýerleşdirmekde, olary hasaba almakda, hasabatyny ýöretmekde we degişli ýagdaýlarda hasapdan çykarmakda hem ýeňillikleri döredýär.

Ştrih kody harytlaryň nirede öndürilendigini we önümiň hakykylygyny ýüze çykarmak üçin zerur bolup durýar. Käbir näsazlyklara görä, önüm çalşylyp berlip hem bilinýär. Ýagny önümiň gabynda «Hytaýda öndürildi» diýip ýazylandygyna garamazdan, ol önüm ştrih kody ýa-da QR — kody arkaly barlanan ýagdaýynda, başga ýurduň önümi bolup çykýar. Bu ýagdaý her bir ýurduň öz milli prefiksi (ştrih kody) arkaly anyklanylýar.

Ýurdumyzda hereket edýän Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy tarapyndan «483» milli prefiksi (kody) haryt öndürijiler bolan şahsy we ýuridik taraplara berilýär. Bu gün şol ştrih kody bilen belgilenilen, ýagny «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy ýazylan önümlerimiz halkara bazarlarda uly islegden peýdalanýar.

Önümleriň haýsy ýurtda, haýsy welaýatda, ýurdumyzyň haýsy şäherinde öndürilendigini, hatda şol harydyň haýsy pudagyň önümidigini hem iň ýönekeýje hasaplama usuly bilen bilip bolýar. Umuman, ştrih kody halkara ykdysatçylaryň aýtmagyna görä, 9 — 13 san belgi aralygynda bellenilip bilinýär.

Peýdalanýan islendik harydyňyzyň daşky gabynda haryt nyşanynyň ýokarysynda «®», kä ýagdaýlarda bolsa «™» belgi belgilenendir. Bu belgiler halkara derejeli söwda belgisi hasaplanylýar. Eger alan harydyňyzda şu belgilere gabat gelseňiz, diýmek, siz halkara ylmy tarapyndan ykrar edilýän we degişli ýurt tarapyndan goralýan hakyky harydyň eýesisiňiz. Käbir ýurtlarda halkara söwda guramalary tarapyndan ykrar edilmedik önümler bazarlara çykarylýar, satylmaga degişli bolmadyk ol önümler adam saglygyna zyýan ýetirip, her dürli keselçiliklere getirip bilýär. Şonuň üçin bazarlardan ýa-da söwda nokatlaryndan isleg bildirýän önümleriňiziň ilki haryt nyşanyna, önümiň ýaramlylyk möhletine, şeýle-de agzap geçen belgimize seredip satyn almak maslahat berilýär.

Mahlasy, sanly ykdysadyýetiň adamzadyň wagtyny tygşytlap, bir wagtda birnäçe işi berjaý etmegine şert döretmek bilen birlikde, onuň jan saglygynyň goralmagyna hem uly hemaýaty bardyr.

Jumageldi SALAMOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/39737


08.09.2021
Sanly ulgam — ösüşiň täze hil derejesi

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzda ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça giň möçberli maksatnamalar we dürli taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunda, hususan-da, innowasion ugurlara, sanly ulgama geçilmegine, ýokary tehnologiýaly senagat önümçiliginiň döredilmegine, dürli düzümleriň işiniň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine, pudaklaryň işine we önümçilik toplumlaryna öňdebaryjy tejribäniň, innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürligi we hususy telekeçiligi ösdürmäge barha möhüm ähmiýet berilýär.

Häzirki döwürde innowasion senagaty ösdürmek arkaly önümçiligiň tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrylmagynyň hem-de sanly ulgama geçilmeginiň hasabyna ykdysadyýetimiz okgunly ösüşe eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň telekeçileri işewürligiň täze ugurlaryny, şol sanda önüm öndürýän we gaýtadan işleýän pudaklarda hem-de ulag ulgamynda kämil tehnologiýalary ulanmaga gönükdirilen ugurlary işläp taýýarlaýarlar.

Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty telekeçilere dünýäniň dürli ýurtlarynyň işewür toparlary, halkara işewürlik düzümleri bilen özara bähbitli gatnaşyklary işjeň ösdürmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäniň ykdysady ulgamyna has-da işjeň goşulyşmagyna hem-de hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda şu maksatlar bilen sanly tehnologiýalar giňden ulanylýar.

Işewürligiň ýeten sepgitleri we geljekki ösüşleri her ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilen gününe gabatlanyp geçirilýän pudaklaýyn serginiň meýdançalarynda has äşgär bolýar. Şu ýylyň martynda guralan sergide «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde birleşmäniň agzalarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak çäresi möhüm ähmiýete eýe boldy. Alyjylar üçin ýurdumyzda öndürilýän önümleriň sanawy, hili, bahasy baradaky türkmen we daşary ýurt dillerindäki maglumatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi bu ugurda alnyp barylýan işleriň öňe ilerlemegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda öndürilýän önümleriň mahabatyny ýetirmek we bu babatda amala aşyrylýan işler bilen daşary ýurt sarp edijilerini tanyşdyrmak, şeýle hem sanly ulgamyň kömegi arkaly ýurdumyzda öndürilýän önümleriň bahalary, hili we beýleki görkezijileri baradaky maglumatlaryň ýerli sarp edijiler hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin elýeterli bolmagyny üpjün etmek meseleleriniň möhümdigine ünsi çekýär.

Ykdysadyýetiň hususy pudagyny döwlet tarapyndan goldamak, kiçi we orta telekeçilige maliýe hem-de maddy-enjamlaýyn kömek bermek, sanly ulgamy ornaşdyrmak, şeýle hem söwdanyň döwrebap üpjünçilik ulgamlaryny kemala getirmek meseleleri has-da ähmiýetli hasaplanylýar. Telekeçiler döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmek işine işjeň goşuldylar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary netijeli, ekologiýa taýdan arassa önümçiliklere, ähli pudaklara sanly ulgamlary we tehnologik täzelikleri ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär.

Bu jähetden, ýerli telekeçiler amala aşyrýan giň möçberli işleri bilen daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmaga hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga, bäsldeşlige ukyply önümçilikleri döretmäge saldamly goşant goşýarlar. Bu giň gerimli iş diňe hususyýetçilik pudagy bilen çäklenmeýär. «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda sanly ulgama geçmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, ilatyň sanly ykdysadyýet we maglumat howpsuzlygy babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça wagyz-nesihat işlerini alyp barmak, ýurduň azyk we ykdysady howpsuzlygyny üpjün edýän oba hojalyk toplumyny sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen özgertmek arkaly bu pudagyň ösüşiň täze hil derejesine çykmagyna, hasyllylygyň we zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna şert döretmek, saglygy goraýyş ulgamynda elektron maglumatlary ulanmak arkaly hyzmatlary, şeýle hem keselleriň öňüni alyş çärelerini, telelukmançylyk hyzmatlaryny hödürlemek we beýleki wezipeler bellenilendir. Ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda hem-de dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda sanly tehnologiýalaryň möhüm orny bardyr.

Durmuş ösüşiniň tapgyrlarynda çaganyň saglygyny goramak, şeýle hem sanly we innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna we tejribesine esaslanan ýokary hilli we elýeterli lukmançylyk serişdeleri bilen üpjün etmek üçin göwnejaý şertleri döretmek esasy wezipeleriň hatarynda kesgitlenendir. Ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli çagalary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary bilen yzygiderli üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda Aşgabatda 670 orunlyk, innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen psihonewrologiýa çagalar öýi hem-de Mary welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri bar.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertleri döretmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Olar saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, şeýle hem kadalara laýyklykda iýmit, okuw enjamlarydyr esbaplary, serişdeler bilen öz wagtynda we yzygiderli üpjün edilýär.

Sanly ulgam medeniýeti ösdürmekde hem barha giňden ulanylýar. Aýdym-sazly çykyşlar häzirki zaman enjamlarynyň hem-de sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen döredilen bezeglere beslenýär. Bu bolsa baýramçylyk çäreleriniň ýatdan çykmajak pursatlaryna öwrülýär. Medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň her biri halkymyzyň ruhy-ahlak baýlygynyň artdyrylmagyna gönükdirilendir. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurtlar bilen medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk halkara gatnaşyklary pugtalandyrýar. Ýurdumyzda milli däpleriň we dessurlaryň kemala gelşiniň we medeni ösüşiň taryhy, milli medeni mirasy öwrenmek hem-de olary wagyz etmek boýunça geçirilýän işler dünýä bileleşigini Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhy hem-de gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakda, baý milli medeniýetimizi äleme ýaýmakda aýratyn ähmiýetlidir.

«Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda degişli işler durmuşa geçirilýär.

Bu maksatnama Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen ýadygärlikleri arheologiýa, etnografiýa, taryhy hem-de edebi taýdan öwrenmäge, milli mirasy öwrenmek boýunça innowasion ulgamy döretmäge, jemgyýetiň aň-bilim kuwwatyny artdyrmaga hem-de täze garaýyşly hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir. Maksatnamada halkara ylmy aragatnaşyklary ösdürmek hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek, ýurdumyzda geçirilýän arheologik gazuw-agtaryş işlerine belli alymlary çekmek göz öňünde tutulýar.

Ylym döwletiň kuwwaty, jemgyýetiň hereketlendiriji güýji bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri ylmy taýdan esaslandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetine, ylym-bilim, medeniýet ulgamlaryna ylmyň gazananlaryny ornaşdyrmak, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, dilini we edebiýatyny ylmy esaslarda öwrenmek hem-de ýokary derejeli hünärmenleri we ylmy işgärleri taýýarlamak maksady bilen degişli çäreler görülýär. Ylmy işgärleri taýýarlamak üçin ýurdumyzda hereket edýän ylmy-barlag edaralary degişli ugurlar boýunça ýöriteleşdirilýär. Şunda boýunça täze hünärleriň girizilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa mysal edip, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň doktoranturasyna muzeý öwreniş, taryhy-medeni obýektleriň konserwasiýasy we dikeldilişi hünäriniň girizilmegini görkezip bolar.

Maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrmak hem-de hünärmenleri taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler iňňän wajypdyr. Islendik milli taslamalaryň, döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy kuwwatly işgärler binýadynyň, şol sanda dolandyryş ulgamyndaky hünärmenleriň bolmagyny göz öňünde tutýar. Sanly ykdysadyýetiň ýokary hünärli işgärleri talap edýändigi sebäpli, sanly ulgam babatda ösen ýurtlarda bar bolan öňdebaryjy tejribä daýanmak möhüm bolup durýar.

Şeýle tutumly işleriň sakasynda duran, mähriban halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, eziz Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň bähbidine amala aşyrýan oňyn özgertmeleriniň mundan beýläk-de üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Kakageldi HÜMMÄÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň prorektory.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38090

21.08.2021
Sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçilikleri

Bedew bady bilen okgunly öňe barýan ýurdumyzyň düýpli özgerýän ykdysadyýetiniň dürli ugurlarynda ýetilýän belent sepgitler, gazanylýan ägirt uly üstünlikler hormatly Prezidentimiziň bu ugurdaky taýsyz tagallalarynyň guwandyryjy miweleri bolmak bilen birlikde, sazlaşykly ösýän jemgyýetimiziň ajaýyp görkezijileridir. Häzirki zaman dünýäsinde islendik ýurduň köptaraply, ynamly ösüşi, uzak geljegi nazarlaýan iri möçberli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegi, ilkinji nobatda, ylymdyr bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe  jemgyýetimiziň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmaklyga, ýurdumyzyň önümçilik pudagyna dünýä ylmynyň gazananlaryny batyrgaý ornaşdyrmaklyga, ýokary tehnologiýalary, ylmy hem-de amaly barlaglaryň oňyn netijelerini üstünlikli peýdalanmagyň derwaýyslygyna aýratyn üns berilýär.

Ýurduň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine oňyn itergi berýän iň gymmatly serişde bolup durýan maglumatlary jemlemekde sanly bilim ulgamynyň döredýän mümkinçilikleri ummasyzdyr. Munuň özi geljekki ykdysady ösüşi çaklamakda, netijede bolsa, ylmy taýdan esaslandyrylan toplumlaýyn maksatnamalary işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.

Sanly ykdysadyýet halkara ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmakda, dünýäniň ykdysady giňişligindäki işjeňligini ýokarlandyrmakda, dünýä döwletleri bilen dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde möhüm şertleriň biri bolup durýar. Bu bolsa Arkadag Prezidentimiziň ýurdumyzyň has-da kuwwatly döwlete öwrülmegini gazanmaga, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyş-durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ynsanperwer syýasaty bilen sazlaşykly utgaşýar.

Baýmyrat TUWAKOW,

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/38068

21.08.2021
Sanly ykdysadyýet: tygşytly we goragly

Hormaty Prezidentimiziň 9-njy iýulda 6 aýyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, elektron resminama dolanyşygyny ähli edara-kärhanalarda ornaşdyrmak, kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek barada içgin nygtamagy ýurdumyzda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işlere ünsüň ýokarydygyny görkezýär.

Elektron ulgam arkaly sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini öz öýünden ýa-da iş ýerinden ýokary tizlikli internetiň üsti bilen amala aşyrmak üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Şunda diňe bir hususyýetçilerimiz tarapyndan hyzmatlaryň bu görnüşleri ulanylman, eýsem, döwlet edara-kärhanalary, karz edaralary we banklar tarapyndan hem müşderilere uzak aralykdan, ýagny menzilara bank hyzmatlarynyň birnäçe görnüşleri hödürlenilýär. Olaryň hatarynda müşderilere bankyň internet saýtyna girip, «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatyndan peýdalanyp, harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri geçirip ýa-da zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda degişli resminamalarynyň elektron görnüşini ugradyp, islendik möçberde karz serişdeleri almaga, karzyň esasy we göterim töleglerini tölemäge mümkinçilik döredilen.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň döredilmegi we wezipeleriň kesgitlenilmegi hem bu ugurda alnyp barylýan döwletli işlerdir.

Sanly ykdysadyýetde «sanly hyzmatlar» diýen esasy düşünje ulanylýar. Bu elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň umumy jemlenýän ýeridir. Başgaça aýdylanda, ähli satyn alnan harytlaryň we ýerine ýetirilen hyzmatlaryň gymmaty üçin sanly tehnologiýalaryň üsti bilen elektron görnüşde tölegleriň amala aşyrylmagydyr.

Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza çuň ornaşmagy bilen kanunçylyk namalarymyzda, aýratyn-da, 2020-nji ýylyň 14-nji martynda kabul edilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilýän «elektron söwda», «elektron pul», «elektron salgyt», «elektron gol», «sanly haryt», «sanly satuw» ýaly düşünjeler halkyň arasynda giňden ornaşýar.

Elektron resminama dolanyşygy baradaky düşünje — bu maglumat tehnologiýalaryndan we telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan peýdalanmak arkaly elektron resminamalary işläp taýýarlamak, ibermek, kabul etmek, saklamak, peýdalanmak, goramak, täzelemek, gözlemek, ýygnamak, ýaýratmak we ýok etmek babatdaky amallaryň jemidir.

Elektron söwda satyn almak-satmak, üpjün etmek, daşamak, saklamak, we telekeçilik işinde gaýry hyzmatlaryň amala aşyrylmagydyr.

Elektron pul — bu «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlaryndan peýdalanyp, müşderiniň hasaplaşyk hasabyndaky pul serişdeleriniň üsti bilen onlaýn tölegleriň ýerine ýetirilmegidir.

«Elektron salgyt» bolsa salgyt edaralarynyň müşderilerden (şahsy we ýuridik taraplardan) elektron görnüşde salgyt beýannamalaryny kabul edýär. Bu taglymat hususyýetçilere hasabatlary wagtynda bermäge, degişli tölegleri we salgytlary tiz we bökdençsiz Döwlet býujetine tölemäge, döwlet tarapyndan salgydyň ýygnalyşyna gözegçiligi güýçlendirmäge mümkinçilik döredýär.

Şeýlelikde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýet sanly tehnologiýalaryň üsti bilen hyzmatlaryň dürli görnüşlerini halkymyza barha giňden hödürleýär. Olaryň hatarynda ýokary tizlikli e.gov.tm döwlet hyzmatlar portalynyň hyzmatlaryny, demir ýol, howa peteklerini satyn almak hyzmatyny, «Türkmenawtoulaglary» agentligi tarapyndan köpçülikleýin hyzmat edýän awtobuslarda, ýeňil taksi, ýük awtoulaglarynda nagt däl elektron töleg we JIPES/Glonass ulgamlarynyň ornaşdyrylýandygyny, şeýle-de hususyýetçilerimiz tarapyndan döredilen ýörite saýtlar arkaly satyn alnan harytlary müşderileriň öýüne eltip bermek hyzmatlaryny görkezmek bolar.

Elbetde, sanly ulgamyň peýdalanylmagy maglumat alyş-çalşygyny döwrebap guramaga, elektron göterijilerde maglumat akymlarynyň has netijeli usulyny saýlamaga, resminamalaryň hasaba alynmagyna, gözegçiligi amala aşyrmaga we goragly saklamaga, olaryň ýitirilmeginiň öňüni almaga, aýratyn-da, kagyz resminama dolanyşygynyň belli bir derejede peselmegine, arhiw işleriniň ýeňilleşmegine täzeden-täze şertleri döredýär.

Jumageldi SALAMOW.

«Türkmenistan»



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/37672

18.08.2021
Ykdysadyýetiň berk binýady

Ýurdumyzda sanly ulgama geçilmegi, öz nobatynda, mugallymlaryň, okuwçylardyr talyplaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar. Sanly bilim ulgamy elektron resminama dolanyşygyny guramak, elektron kitaphana, maglumat üpjünçiligi, okuwçylar ýa-da talyplar bilen göni aragatnaşykda teleköpri arkaly sapaklary geçirmek, bilimleri barlamakda we ony bahalandyrmakda berk gözegçiligi ýola goýmak, olary baý maglumatlar bilen üpjün etmek ýaly ençeme ýeňillikleri döredýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeler, ilkinji nobatda, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, ýurdumyzy ylmyň, tehnologiýanyň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmaga gönükdirilendir. Türkmenistan döwletimizde iň täze tehnologiýalary peýdalanmak, innowasion önümçiligi ýola goýmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga niýetlenilen ykdysady özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işlerde ösen ýurtlaryň baý tejribelerinden ugur alynýar. Bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimize daýanýan döwlet syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde sanly ykdysadyýet ulgamy işjeň hereket edýär. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwlet syýasatynyň esasy maksady ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmaklaryny elýeterli etmekden ybarat. Bu wezipäni durmuşa geçirmegiň ilkinji şerti bolsa — kämil bilimli şahsyýetleri kemala getirmekdir. Şonuň üçin-de ýurdumyzda kämil pikirli, sagdyn bedenli, ruhubelent ýaş nesilleri ýetişdirmek, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolmaklaryny gazanmak üçin döwrebap ylym-bilim ulgamyny döretmek ýaly meseleler esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Şol aladalaryň baş maksady hem türkmen ýaşlaryna dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän bilim ulgamyny elýeterli etmekdir.

Ýurdumyzda sanly ulgamyň şeýle mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýolunda durmuşa geçirilen işleriň iň wajyplarynyň biri hökmünde bilim portalyny görkezmek bolar. Dünýäde her bir ynsan üçin bilimleri özleşdirmekden, ylym öwrenmekden beýik zat ýok bolsa gerek. Ýaşlar näçe bilimli bolsa, Watan şonça kuwwatlydyr. Goý, milli Liderimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap edip, ýokary derejeli, ösen innowasion tehnologiýalardan habarly ýaşlar bolup, ýurdumyzyň belent ösüşlerine mynasyp goşant goşmak her birimize nesip etsin!

Selbi DIWANOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/35843

29.07.2021
Sanly ykdysadyýet: rowaçlygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ösüşiň aýdyň ýollarynda belent sepgitleri nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bagtyýar halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejede bolmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokary depginde ösýändiginiň anyk subutnamasydyr.

Sanly we häzirki zamanyň ösen aragatnaşyk tehnologiýalary adamzadyň gündelik durmuşyna çalt depgin bilen aralaşýar. Bu tehnologiýalar dürli ulgamlaryň, pudaklaryň özara baglanyşygyny üpjün edip, bir maksada gönükdirýär. Ýurduň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak döwrüň derwaýys wezipeleriniň biridir. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwründe milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygy, zähmet öndürijiliginiň derejesi ýokarlanýar.

Ösüşlere, belent tutumly işleri rowaçlyklara beslenýän Garaşsyz Watanymyzda sanly tehnologiýalaryň ykdysadyýete we durmuş ulgamyna ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitlenilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. Ykdysady we durmuş ulgamlaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde möhüm bolup durýar. Ýurtda amala aşyrylýan sanly özgertmeler ilkinji nobatda pudaklar boýunça döwlet dolandyrylyşyna öz täsirini ýetirýär. Sanly tehnologiýalar raýatlar üçin durmuş ýeňillikleriniň, döwlet üçin ygtybarly ösüşiň kepilidir. Resminamalar dolanyşygynyň netijeliliginiň ýokarlanmagy, dolandyryş bilen bagly çykdajylaryň azalmagy we pudagara maglumat alyş-çalşygynyň ösdürilmegi sanly ulgamyň döredýän çäksiz mümkinçilikleridir. Sanly ulgam arkaly raýatlara durmuş hyzmatlarynyň hödürlenilmegi ilatyň abadan durmuş derejesine oňyn täsir edýär. Sanly ulgamyň ähmiýeti «döwlet-raýat» gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, durmuş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmekde we olaryň çalt iş ýüzüne geçirilýändiginde ýüze çykýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Şeýle bagtyýar zamany, abadan, parahat Diýary halkyna peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!

Jumamyrat JUMAÝEW,

welaýat gümrükhanasynyň Daşoguz demirýollary gümrük nokadynyň gözegçisi, maýor.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/35774

29.07.2021