Häzirki wagtda Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan durnukly ösýän senagat döwleti hökmünde tanalýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilen ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklary häzirki zaman talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Hususan-da, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak we iň kämil innowasiýalar bilen üpjün etmek babatda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu ugurda ýurdumyzda ösen sanly giňişligi kemala getirmek, bäsdeşlige ukyply önümçiligi innowasion tehnologiýalaryň hasabyna ösdürmek üçin uly möçberli maýa goýumlar goýulýar. Daşary ýurtlarda öndürilen iň kämil innowasiýalar halk hojalygynyň pudaklaryna giňden ornaşdyrylyp, önümçiligi dolandyrmakda kompýuter tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysadyýetimizi ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň binýatlaýyn şerti bolan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň döwlet başyna geçmegi bilen, degişli ugruň kanunçylyk binýadyny berkitmeklige düýpgöter täzeçe çemeleşmeler esasynda aýratyn üns berildi. Milli Liderimiziň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu resminama laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylyp, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da berkidilýär. Munuň özi ykdysadyýetimiziň kuwwatynyň has-da artmagyna hem-de netijeli sanlylaşdyrylmagyna doly mümkinçilik berýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligi has-da kämilleşdirmek babatda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Muňa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy toýlanýan üstümizdäki ýylda sanly ulgamy ösdürmekligiň kanunçylyk binýadyny berkitmek babatda kabul edilen täze çözgütler, döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem doly subut edýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen bu maksatnama ençeme resminamalara laýyklykda işlenip düzüldi. Bu bolsa Gahryman Arkadagymyzyň sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda amala aşyrýan ykdysady özgertmeleriniň halkymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna durmuşa geçirilýändigini görkezýär.
Perman ÝANABAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.