Ösüşiň innowasion ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz köpugurly ösdürilýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, ähli ulgamlara sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ösüşiň innowasion ýolunyň ajaýyp nusgasy bolup durýar.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem sanly ykdysadyýeti ösdürmegi has-da ýokarlandyrmak ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Muňa mysal hökmünde, milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny görkezmek bolar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen kabul edilen bu resminama taryhy wakalara baý şu ýylda sanly ulgamy ösdürmekde ýokary netijeleriň gazanylýandygyny görkezýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň önümçilik kuwwatynyň has-da artmagyna we doly sanlylaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Agzalan resminama milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň döwrebap usullaryny we öňde duran anyk wezipelerini özünde jemleýär. Onda jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan ornuny artdyrmak, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmak göz öňünde tutulýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda häzirki zaman täze we kuwwatly önümçilikler ýola goýulýar. Şunuň esasynda bolsa milli ykdysadyýetimiziň önümçilik we senagat kuwwaty artyp, eksport mümkinçiliklerimiz has-da ýokarlanýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň bütin dünýäde ykdysady taýdan güýçli, ösen hem-de kuwwatly senagat döwleti hökmünde ykrar edilmegine ýol açýar.

Şatlyk ABDYRAHYMOW,

TDP-niň Gubadag etrap komitetiniň başlygy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47379