«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»
basleshik yok
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
USD
3.5
GBP
0.2
EUR
4.27
RUB
4.7414
UZS
0.3336
TRY
0.4241
JPY
3.219
CNY
0.5457
Habarlar
Sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasynyň aýratynlyklary

Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminamanyň dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini we hukuk bilen baglaşylan geleşikleriň maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Konsepsiýanyň ýedi babynda hem Türkmenistanyň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ulgamynyň häzirki zaman ýagdaýyny, olaryň ösüşiniň maksatlaryny, wezipelerini, ýoluny we gurallaryny, şeýle hem garaşylýan netijeleri beýan edýär. Konsepsiýada eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň, şeýle hem hususy kärhanalaryň sanly ykdysadyýete geçiş tapgyrlary kesgitlenildi.

Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň bir bitewi döwlet saýty döredildi. Bu portal raýatlar we işewürler üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamyny özünde jemleýär. Bu usul merkezleşdirilen görnüşde hyzmatlara isleg bildirýänlerden resminamalary kabul etmäge mümkinçilik berýär. Bu resminamalary taýýarlamagyň möhletlerine hem-de hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün edýär.

Goý, ykdysady strategiýanyň ýörelgeleri bilen bize halypalyk ýoluny görkezýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Täzegül PATIÝEWA,

Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Aşgabat şäher müdirliginiň Berkararlyk etrap bölüminiň döwlet bellige alyjysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/26075

16.04.2021
«Owerdraft» bank hyzmaty

«Owerdraft» karzy — söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende bank kartynyň galyndysy azalyp, töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletli karz serişdesi bolup durýar. Adaty karzlardan tapawutlylykda, bu karz dikeldilýän bolup durýar, ýagny müşderi bir gezek banka şeýle hyzmaty açmak üçin arza berenden soň, şertnamada görkezilen möhletiň dowamynda karzdan, banka barmazdan, zerurlygyna görä, awtomatik usulda alyp we yzyna gaýtaryp bilýär.

Şeýlelikde, «Owerdraft» karzy müşderiniň bank kart hasabynyň galyndysy azalan halatynda, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylan töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde töleg geçirilende bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, onuň «Owerdraft» karzynyň esasy bergisi we hasaplanýan göterimleri awtomatik usulda tölenýär.

Bu hyzmat häzirki wagtda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hyzmata laýyklykda, gündelik sarp edilýän harytlar satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, müşderileriň ýüztutmasyna laýyklykda, karzyň möçberi soňky 6 aýdaky ortaça zähmet hakynyň esasynda hasaplanylýar we onuň möçberiniň 50 göterimden ýokary bolmadyk çägindäki gysga möhletli karzlar resmileşdirilýär.

Bu ýagdaý müşderileriň alan karzyny wagtynda yzyna gaýtaryp berjekdigi barada bankyň öňündäki kepilligini aňladýar. Şu düzgünlere laýyk gelýän müşderilere karz resmileşdirilenden soň, bir aýyň dowamynda artykmaç harçlanan esasy bergi we şol boýunça hasaplanan göterimler aýlyk zähmet hakynyň hasabyndan bank tarapyndan awtomatik usulda hasaplanylyp alynýar. Müşderiler bank kartyna «Owerdraft» karz hyzmatyny Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň edara binasynda ýa-da onuň şahamçalarynda birikdirip bilerler. Bu işi amala aşyrmak üçin hyzmatdan peýdalanmak isleýän raýatyň pasporty we onuň nusgasy, girdejileri barada kepilnama, zähmet depderçesiniň göçürmesi, arza we «Owerdraft» boýunça aýlyk zähmet hakyndan tutup almaga razylygy talap edilýär.

Bankymyz tarapyndan ornaşdyrylan «Owerdraft» bank karz hyzmaty ýurdumyzdaky maliýe täzeçillikleriniň nobatdakylarynyň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek, raýatlara hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, bankymyz tarapyndan ýokarda agzalan bank karzyny «Owerdraft» karzy atly bank kartynyň üsti bilen ýerine ýetirmek boýunça mümkinçilik döredildi.

Gülnäz JUMAMYRADOWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25890

15.04.2021
Ykdysady strategiýada hususy pudagyň orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda işlenip taýýarlanylýan maksatnamalaryň we amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň ählisiniň baş maksady mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegine, ykdysady kuwwatynyň berkemegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagyna gönükdirilendir.

Türkmenistanyň ykdysadyýeti baý tebigy, ykdysady, maýa goýum we adam maýasynyň zähmet gorlaryny peýdalanmak arkaly üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar. Önümçiligi hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň we sanly ykdysadyýete geçmegiň çäklerinde ylmyň, tehnikanyň soňky gazananlary hem-de iň täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi durnukly we hemmetaraplaýyn ykdysady ösüşe gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen giňişleýin mejlisinde üstümizdäki ýyla, uzak hem-de orta möhletli geljege niýetlenen möhüm resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasy» we «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem bar.

Söwda Strategiýasy babatynda aýdylanda, milli Liderimiziň başlangyçlary netijesinde 2020-nji ýylyň iýul aýynda Bütindünýa Söwda Guramasynyň geçiren nobatdaky mejlisinde bu abraýly guramanyň çözgüdi bilen Türkmenistana synçy derejesiniň berlendigini bellemek gerek. Bütindünýä Söwda Guramasyna synçynyň derejesine eýe bolunmagynyň artykmaç tarapy ýurtlar üçin öz önümçiliklerini ösdürmek, eksport möçberlerini artdyrmak, şeýle hem bazar gatnaşyklarynyň özgertmeleriniň durnukly ösüşini üpjün etmek mümkinçiligini döredýändigidir. Şeýle hem munuň özi ýurduň dünýäniň önümçilik, ylmy-tehniki we medeni ösüş gatnaşyklaryna goşulmagyny, işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegini we bäsdeşligiň höweslendirilmegini üpjün eder.

Bu Strategiýanyň maksady ýurtda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, önümçilikleri giňeltmek, işewür gurşawy ösdürmek, milli ykdysadyýetiň halkara giňişlikde bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň öňe süren hem-de halkara guramalar tarapyndan giň goldawa eýe bolan başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäreler toplumyny öz içine alýar.

Strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ýurduň eksport kuwwatynyň artmagyna mümkinçilik berer, öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna, olaryň dünýä bazarlaryna işjeň çykarylmagyna şertleri döreder, ykdysady, maliýe, söwda we maýa goýum ugurlarynda esasy halkara düzümler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm binýadyny berkider. Netijede, Türkmenistanyň halkara söwda we ykdysady giňişligine has-da işjeň goşulyşmagyna ýardam berer.

Döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa babatynda aýdylanda, dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginlerde üýtgeýän şertlerinde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen köpugurly ösdürmegiň wajyp çözgütleri ýurtda durnukly maliýe ulgamynyň we hukuk binýadynyň has-da kämilleşdirilmegine gönükdirilýär. Munuň özi ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmek üçin maýa goýumlary çekmekde, Türkmenistanda amatly işewürlik ýagdaýyny döretmekde we döwletiň tagallalary bilen telekeçiligi ösdürmekde möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge we höweslendirmäge döwlet tarapyndan yzygiderli goldaw berilýär. Bu goldawlar «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda», «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny, şeýle hem soňky ýyllarda kabul edilen, ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini höweslendirmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.

Döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde döwlet eýeçiligine degişli bolup, ulanyşdan galan ýa-da ykdysady taýdan peýdasy az bolan, şol sanda gurlup gutarylmadyk önümçilik desgalary hem-de beýleki desgalardyr binalar bellenen tertipde hususylaşdyrylýar, önümçilikler döwrebaplaşdyrylýar, iş orunlary saklanyp galynýar we täzeleri döredilýär.

Bu Strategiýa döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmagyň, özgertmegiň, şeýle hem hususylaşdyrylmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryňdyr desgalaryň işleriniň esasy ugurlary boýunça wezipelerini, Strategiýanyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan şertleri hem-de guramaçylyk-usuly çäreleri kesgitleýär.

Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda uly işler amala aşyrylýar. Önümçilik pudaklarynyň aýry-aýry kärhanalary, desgalary bilen bir hatarda, balyk senagaty we syýahatçylyk pudaklary tutuşlygyna hususylaşdyryldy.

Pul-karz ulgamynda hem düýpli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Ýurdumyzyň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

Mahlasy, Strategiýada bellenen ähli çäreleriň amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ösen bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeli ulgamyny emele getirmäge, döwlet eýeçiliginiň gurluşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurduň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa öz gezeginde, uzak wagtyň dowamynda ykdysady ösüşiň depginleriniň we durnuklylygyň saklanyp galmagyna oňyn täsir eder, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyply derejä ýetirmäge ýardam berer.

Döwletimiziň ähli babatdaky ösüşlerine badalga berip, ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagy ugrunda nusgalyk işleri bitirýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Annamuhammet SARJAÝEW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25826

14.04.2021
Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýet adalgasy gün-günden biziň aň-düşünjämize, jemgyýetimiziň ösüşine ynamly ornaşýar. Raýatlarymyzyň arasynda nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmagyň geriminiň giňemegi, tehniki oýlap tapyşlaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşymyza berk ornaşmagy sanly ykdysadyýetiň ösüşine itergi berýär. Bu bolsa halkara işewürligiň, bazar gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly ýardam berýär.

Häzirki wagtda sanly tehnologiýalar we innowasion häsiýetli täjirçilik usullar hojalyk durmuşynyň ähli ugurlaryna giňden ornaşýar. Bu öz gezeginde, ykdysadyýetde düzümleýin üýtgeşmeleriň emele gelmegine getirýär hem-de sanly tehnologiýalara we elektron haryt dolanyşygyna esaslanýan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň wajyplygyny öňe çykarýar.

Sanly ykdysadyýet — önümçilikde, paýlanyşykda sarp edişde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ulanmak arkaly sanly özgertmeleri başdan geçiren ykdysadyýetiň bölegidir. “Sanly ykdysadyýet” adalgasy durmuşymyza 1995-nji ýylda amerikaly alym N.Negroponte tarapyndan girizildi. Ol sanly ulgamyň esasy artykmaçlyklarynyň hatarynda önümiň fiziki agramynyň öz ýerini maglumat göwrümine goýmagyny, elektron harytlary öndürmek üçin has az harajatlaryň edilmegini, sanly önümleriň az ýer tutmagyny, şeýle-de önümiň örän tizlik bilen (internet tory arkaly) bir ýerden başga ýere ugradylmagyny we beýleki mümkinçiliklerini sanap geçýär.

Sanly ykdysadyýete geçmek täze mümkinçilikleriň açylmagydyr. Ol edaralaryň, kärhanalaryň we adamlaryň özara gatnaşygyny tizleşdirýär we aňsatlaşdyrýar. Alyjylar hem hiç ýere gitmezden özüne zerur bolan hyzmatlary gönüden-göni söwda nokadyndan has-da amatly alyp bilýärler, mysal üçin azyk önümlerini bazara gitmezden internet dükanlaryndan arzan bahadan we tiz satyn almak, elektron görnüşdäki kitaplary çap edilen kitaplara görä has arzan bahadan we gysga wagtda satyn almak, karz edaralaryna ýüz tutmazdan karzlaryň esasy bergisini we göterimlerini tölemek, ykjam ýa-da öý telefon hyzmatlary üçin islendik wagt tölegleri geçirmek, galyberse-de, sarp edijiler öýünden çykman, öz hususy işewürligini “online” usulynda ýola goýup, elektron söwdalary amala aşyryp bilerler.

Maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylmagy ykdysadyýetiň köp pudaklarynda ýerine ýetirilýän işleriň netijeliligini birnäçe esse artdyryp, onuň bilen bagly çykdajylary ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär. Innowasiýalar we düýpli maýa goýumlar sanly bazaryň aýrylmaz bölegi bolup, olar pudaklaryň tehnologik ösüşine badalga berýär. Onuň üçin öňdebaryjy programma üpjünçilikleriniň ornaşdyrylmagy, maglumat saklaýjy enjamlaryň, ýörite serwerleriň satyn alynmagy, infrastrukturanyň gurnalmagy örän wajypdyr.

Bank ulgamynda soňky ýyllaryň dowamynda köp sanly täze görnüşli bank önümlerini ilata hödürlemek, nagt däl hasaplaşyklaryň howpsuz, amatly we bökdençsiz amala aşyrylmagyny ýola goýmak ýaly üstünlikleri barada aýdyp bolar.

Amala aşyrylan bu işler geljekde sanly ykdysadyýete geçmek boýunça berk binýat bolup, ýurdumyzyň banklarynyň öňünde köp sanly maksatlary goýmaga itergi berýär. Muňa mysal edip, sanly ykdysadyýetiň düýp özeni bolup durýan maglumatlaryň elektron taýdan kabul edilmegi, işlenilmegi we gaýtarylyp berilmegi ýaly tehnologiýalary peýdalanyp, internet torlarynyň üsti bilen raýatlarymyza bank hyzmatlarynyň hödür edilmegini görkezmek bolar.

Internete birikdirilen kompýuterleriň kömegi bilen “Internet-bank” hyzmatyny ulanyjylaryň sanynyň gün-günden artýandygyny hem belläp geçmeli. “Internet-bank” hyzmatynyň esasy amatlyklarynyň biri hem günüň islendik wagtynda, ýagny bankyň ýa-da edaralaryň iş wagtyna bagly bolmazdan, dynç alyş ýa-da baýramçylyk günlerinde hem köp sanly hyzmatlardan peýdalanyp, nagt däl görnüşinde töleg edip bolýanlygydyr.

Döwrebap ykjam telefonlaryny, planşetleri giňden ulanýan raýatlarymyza bu hyzmatyň “Mobil-bank” görnüşi hödürlenilýär. “Mobil-bank” hyzmaty tölegleriň dürli görnüşlerini geçirmekde uly ýardamçy bolup durýar. Sanly ulgamy ösdürmek ugrunda köp sanly işleri durmuşa geçirmek üçin täjirçilik banklaryna iň täze sanly tehnologiýalary peýdalanyp, täzeçillikleri girizmäge ukyply, giň gözýetimli ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň zerurlygy düşnüklidir. Şonuň üçin bank ulgamynyň hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak wajypdyr. Şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň ähli ýaşaýjylarynyň ýaşyna ýa-da kärine garamazdan, täze tehnologiýalardan doly we ynamly peýdalanmaklary üçin hem netijeli işler alnyp barylýar.

Raýatlarymyza şeýle amatly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin.

Aman ANNADURDYÝEW,

Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet täjirçilik bankynyň “Tejen” şahamçasynyň hukukçysy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25818

14.04.2021
Milli ykdysadyýetiň batly gadamlary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň döwrebap ösüşini üpjün etmekde sanly ykdysadyýetiň möhüm orny bar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmek bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen kuwwatlandyrmak, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga badalga berýär.

Sanly ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, ozaly bilen, ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň belent derejelere çykýandygyndan habar berýär. Bu bolsa ýurdumyzyň her bir raýaty üçin ykdysady bähbit babatda köpsanly artykmaçlyklara eýedir. Sanly ykdysadyýetiň üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimizde sarp edijileriň isleglerini has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrmaga giň mümkinçilikler döredýär. Ýagny, önümçiligiň kuwwatlygynyň artmagy, bazar gatnaşyklarynyň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy, önümçilik çykdajylarynyň peselmegi, täze iş orunlaryň döredilmegi ýaly raýatlar üçin bähbitli taraplary ýüze çykýar. Şeýle hem milli ykdysadyýetde, halk hojalygynyň pudaklarynda sanly usullaryň girizilmegi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň kämilleşmegine, berk binýatly sazlaşykly ösüşi üpjün etmäge ýardam berýär.

Sanly ykdysadyýete geçmegiň esasy serişdesi hökmünde kesgitlenen kompýuter tehnologiýasyny ornaşdyrmakda hem-de döwrebap aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmekde ýurdumyzda uly ösüşler gazanyldy. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde reňkli monitorly kompýuterleri, telewizorlary öndürýän kärhananyň döredilmegi bu ugurda ýeten sepgitlerimiziň aýdyň subutnamasydyr.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada ugrukdyrylandyr. Munuň özi täze ýagdaýlara uýgunlaşan kanunçylyk binýadyny emele getirmekden hem-de önümçiligi sanly ýörelgä kybap getirmekden ybaratdyr. Sanly ykdysadyýet, sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy alnyp barylýan işleriň häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Ol mikroelektronika, maglumat we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamlaryndaky üstünliklere esaslanýar.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagy sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Şeýle möhüm ähmiýetli işleriň hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri durmuşa geçirmek maksadyndan ugur alýandygyny ýeri gelende bellemek gerek.

Sanly ykdysadyýet wagtyň we harajatlaryň tygşytlanmagy bilen bir hatarda girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga, şeýle hem sanly gurşawda harytlaryň we hyzmatlaryň bazarlara çalt çykmak we dünýäniň islendik ýerindäki sarp edijilere elýeterli bolmak mümkinçiligini ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek maksady bilen netijeli işler amala aşyrylýar.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ykdysadyýetini döwrebap ösdürýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Azat RAHMEDOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25790

14.04.2021
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmakda sanly ulgamyň ähmiýeti

Häzirki wagtda dünýä ýüzünde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bolan islegleriň artmagy, daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan «Ýaşyl» tehnologiýalary ýurdumyzda ornaşdyrmak maksady bilen, elektrik energiýany ýel elektrik stansiýalaryň hasabyna öndürmäge uly üns berilýär. Türkmenistanda Günüň hem-de ýeliň energiýasyny ulanmak babatynda ýurduň oňyn şertleri bar. Soňky ýyllarda Türkmenistan bu ulgamda halkara guramalary bilen tejribe alyşmak we dünýäniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär.

Ýel elektrik stansiýalarynyň ygtybarly we netijeli işlemegini üpjün etmek üçin taslamany işläp düzmekde bildirilýän gurnama iş kadalaryny berjaý etmek zerurdyr. Sarp edijileri elektrik energiýa bilen üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ýagny ýeliň energiýasyny elektrik energiýasyna öwürmekde ýel elektrik stansiýalaryndan peýdalanmagyň we ony gurnap, işe goýbermegiň derejesi çylşyrymly alamatlara baglylykda saýlanylyp alynýar. Wajyp hasaplanylýan alamatlaryň biri-de, ýel gorlarynyň energiýa potensialy we onuň wagta görä üýtgemesi, gurnaljak ýerdäki kuwwata, energiýa bolan zerurlyk, elektrik üpjünçilik ulgamynyň ygtybarlylygyna bildirilýän talaplar, elektrik üpjünçilik ulgamynyň tehniki-ykdysady görkezijileri degişlidir.

«Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny, Türkmenistanda ylmy barlaglar we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny halk hojalygyna ornaşdyrmak esasynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň tiz hem ygtybarlylygyny üpjün etmek maksady bilen, «Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy» atly programma üpjünçiligi işlenip taýýarlanyldy. Teklip edilýän programma üpjünçiligi dolulygyna C sharp (C#) programmalaşdyryjy dilinde işlenildi. Bu programma üpjünçiligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan resmi hasaba alyndy.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurtda uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi gazanmaga ýardam berýän sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna we kämil görnüşleriň ýola goýulmagyna ýardam berer. Sanly bilimiň ösmegi häzirki zaman dolandyryş ulgamy bolup, ylmy-önümçilik merkezlerinde ýerine ýetirilýän işleriň hiliniň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär.

«Ýel elektrik stansiýasyny taslamagyň sanly ulgamy» programma üpjünçiligi aşakdaky mümkinçilikleri döredýär:

— ýurdumyzyň ýel energiýa resurslarynyň maglumatlar binýadynyň sanly formatyny döretmek;

— dürli beýikliklerdäki ýeliň tizliklerine baha bermek;

— saýlanan sebit üçin ýel elektrik stansiýasyny gurmagyň amatly ýerini saýlap almak;

— saýlanan sebit üçin saýlanyp alnan ýel elektrik stansiýasynyň öndürijiligini kesgitlemek;

— ýerine ýetirilýän hasaplamalary maglumatlar binýadynda saklamak, olary çapa bermek, pdf, doc, xls görnüşdäki faýllarda maglumat göterijilere eksport etmek;

Işlenilip düzülen bu programma üpjünçiligi ýel elektrik stansiýalary taslamak bilen bagly taslama işlerini ýeňil we ygtybarly usulda amala aşyrmak arkaly hasaplama we seljerme usullary teklip edilýär. Bu programmany ýel elektrik stansiýasynyň taslamasy işlenilip taýýarlanylanda giňden peýdalanyp boljakdygy geçirilen hasaplamalaryň üsti bilen düşündirilýär. Programma üpjünçiliginiň hasaplamalaryň netijesinde alnan maglumatlary sebitdäki ýel energiýa gorlaryna baha bermekde, ýel energetiki gurnawlaryň guruljak ýerlerini we olaryň öndürijiligini kesgitlemekde, ýurdumyzyň ýel energiýa resurslarynyň maglumatlar binýadynyň sanly ulgamyny döretmekde peýdalanmak bolar.

Nurmuhammet ALLANAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň inženeri.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25714

13.04.2021
Durnukly ösüşiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzda ilatyň ýaşaýyş derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Bu bolsa döwletimiziň ykdysady taýdan kuwwatly, durnukly ösüşi üpjün edýän döwletdiginiň baş görkezijisi bolup durýar. Eziz Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durnukly ösüş, ykdysady kuwwatlylyk birsyhly ösýär, geljek üçin ösüşiň tapgyrlary meýilnamalaýyn alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri giň möçberli öňdebaryjy özgertmelere beslenýär. Ýurdumyz Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň agzasy bolmak bilen, durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça täsirli gurallary işläp taýýarlamaga, geljek üçin ykdysady ulgamy ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge saldamly goşant goşýar.

Ýurdy ösdürmekde ykdysadyýeti meýilnamalaşdyrmagyň maksatnamalaýyn görnüşi gowy netijeleriň gazanylmagyna täsir edýär. Ösüş meýilnamasynyň bellibir maksatly görnüşi esasy ileri tutulýan ugurlary, tapgyrlary, serişdeleri we usullary kadalaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda işlenip düzülen we üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaryň özenini durmuş-ykdysady ölçegleri giňeltmek, demografik we ekologik görkezijileri gowulandyrmak, welaýatlaryň ilatynyň durmuşyny, önümçiligiň pudaklarynyň ösüşini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler düzýär.

Ýurtda sanly ykdysadyýetiň ösdürilmeginde, ilkinji nobatda, ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň ösüşine möhüm orun degişlidir. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys wezipeleriň biridir. Bu ulgam has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmak, býujeti taýýarlamak, maglumatlaryň netijeliligini, takyklygyny we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmak maksatlaryny nazarlaýar. Innowasiýa maglumat-aragatnaşyk gurallary býujet işine gatnaşyjylaryň arasynda yzygiderli maglumatlaryň alşylmagyny aňsatlaşdyrýar, tizleşdirýär we howpsuzlygyny üpjün edýär.

Sanly usullar milli maliýe ulgamyna hem işjeň ornaşdyrylýar. Mejlisler geçirilende, sanly goldaw, pudaklaryň, kärhanalaryň, guramalaryň maliýe-ykdysady işleriniň jemlerini beýan edýän seljerme hem-de hasaplaşyk maglumatlarynyň örän uly mukdaryny hödürlemekde hem bu ulgam işjeň ulanylýar. “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ilkibaşky hasaba alyş resminamalary hem-de buhgalterçilik hasabatynyň görkezijisi kagyz görnüşinde bolşy ýaly, elektron göterijide hem düzülip bilinýär we olaryň iki görnüşi-de deň hukuk güýjüne eýedir.

Maliýe-ykdysady ulgamy sanlylaşdyrmak boýunça işler tapgyrlaýyn kämilleşdirilýär, işiň dürli ugurlaryna elektron ulgamlary ornaşdyrylýar. Halkara maliýe edaralary, guramalary, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dürli onlaýn okuw maslahatlary, duşuşyklary, iş maslahatlary, okuwlary geçirilýär.

Sanly ulgama geçmek Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugur ykdysady we durmuş ösüşi üçin köp mümkinçilik döredýär. Sanly ulgama geçilende, pudaklaryň mümkinçilikleri giňeýär, sanlylaşdyrmagyň esasy ugurlary durnukly ösüş babatda birnäçe maksatlara ýetmäge gönüden-göni täsir edýär.

Ykdysady ösüş bilen bilelikde halkymyzyň abadançylygyna gönükdirilen durmuş ugurly syýasat yzygiderli alnyp barylýar. Döwletimizde ilatyň kepillendirilen durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek syýasatynyň yzygiderli durmuşa geçirilýändigi örän buýsandyryjy ýagdaýdyr. Halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak ugrunda döwletli başlangyçlary ýola goýýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Jahan GURBANOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25212

07.04.2021
Sazlaşykly ösüşleriň binýady

Sanlylaşdyrma milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmakda möhüm ugur bolup, durmuş-ykdysady ösüş babatda döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan parasatly başlangyjydyr. Milli Liderimiz sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmak arkaly, ata Watanymyzyň ösüşlerini has-da güýçlendirmegi, halkymyzyň sanly ulgamyň ýeňilliklerinden peýdalanmagy we ýaş nesliň kämil bilim almagyny gazanmagy möhüm wezipeler hökmünde kesgitledi. Şonuň üçin hem ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrunda zerur işler güýçli depginde durmuşa geçirilýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesi kabul edildi. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» hem-de «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, sanly tehnologiýalardan baş çykarmagy öwretmek maksady bilen, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde degişli dersler girizildi. Munuň özi talyp ýaşlaryň çuňňur bilimli, giň dünýägaraýyşly, döwrümiziň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan baş çykarýan hünärmenler bolup ýetişmegi babatda uly mümkinçilikleri hödürleýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde talyp ýaşlaryň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde okaýan talyp ýaşlar hem saýlap alan hünärleri boýunça ýokary hilli bilim alýarlar. Geçilýän okuw sapaklary geljekki hünärmenleriň täze tehnologiýalary giňden ulanmak arkaly ylmy-barlag işlerini alyp barmagyna, öňdebaryjy dünýä tejribesine laýyklykda, ylmyň, bilimiň we önümçiligiň arasyndaky baglanyşygyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilýär.

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup, halkymyzyň durmuş derejesini barha ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Bu pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak hem-de ylmyň täze gazananlaryny peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň uglewodorod baýlyklaryndan has-da netijeli peýdalanmak wajyp wezipeleriň hatarynda durýar. Şol wezipeleri durmuşa geçirmek üçin öňdebaryjy tehnologiýalardan baş çykarýan hem-de döredijilikli işlemegi başarýan hünärmenleri taýýarlamak gerek. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şeýle hünärmenleri kemala getirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bu ugurda sanly ulgamyň gazananlary işjeň peýdalanylýar. Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Altyn MYRADOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25103

06.04.2021
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugry

Ylym-bilimiň ösýän häzirki döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar we sanly ulgam ösdürilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilimiň ýokary derejede ösdürilmegi bilen bir hatarda, dürli pudaklarda sanly ulgam ornaşdyrylýar. Umumylykda alanyňda, sanly ulgamyň ösdürilmegi, kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň has-da ösmegine we kuwwatlanmagyna ýardam berýär. Sebäbi sanly ulgamda ähli işler tiz ýerine ýetirilýär, maksatnamalar durmuşa ornaşdyrylýar. Şunuň özi hem ösüşe tizlik berýär, üstünligiň täze ugry bolup durýar. Bularyň hemmesi bolsa öz gezeginde milli ykdysadyýetiň has-da ösdürilmegini üpjün edýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugry hökmünde hünärmenleriň başarnygy, kämilligi nazara alynýar. Şunda kämil hünärmenleri ýetişdirmek, zehinli ýaşlara giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilimiň ösdürilmegi ilki bilen kämil hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy maýa goýumlarynyň kämilleşdirilmegi ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem tehnologiýanyň önümçiligini hem ýola goýmaga aýratyn üns berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzda ýörite tehnologiýalaryň hem öndürilýändigini, bu ugurdan senagatyň hem kämilleşdirilýändigini bellemegimiz gerek. Bu hem ösüşiň möhüm ugruny kemala getirýär, täze mümkinçilikleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri döwrüň ösüşi hem-de ylmyň iň täze gazananlary bilen utgaşykly alnyp barylýar. Munuň özi halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Eziz halkymyzyň bähbidine gönükdirilen işler ildeşlerimiziň has-da yhlasly zähmet çekmeklerine badalga berýär. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüşler gazanylýar. Bu ösüşleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan döwlet ähmiýetli işleriniň aýdyň beýanyny görmek bolýar. Ykdysadyýetimiziň ýokary derejä göterilýän döwründe, elbetde, kanunlar hem kämilleşdirilýär. Ähli zatda adamlaryň bähbitleri göz öňünde tutulyp, möhüm wezipeler durmuşa geçirilýär.

Ykdysadyýet ähli pudaklaryň ösüşini, möhüm ugurlaryny özünde jemleýär. Sebäbi aýdanyňda, ösüşiň ýokarylygy ykdysadyýetiň kuwwatlylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ähli ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ilki bilen ýurdumyzyň ösüşini has-da ýokary derejelere ýetirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz belent ösüşlere eýe bolýar. Bu günki bagtyýarlyk döwrümizde ýurdumyz ösüşleriň we parahatçylygyň mekanyna öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda gazanylýan ösüşler, üstünlikler biziň her birimizi buýsandyrýar. Milli ykdysadyýetimiziň has-da ösdürilmegi, iň täze ugurlaryň, innowasion tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerinden habar berýär. Şeýle beýik ösüşler bilen halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Molla MOLLAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25006

05.04.2021
Döwrebap usullar — önümçilige

Milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde sanly ulgamy, ylmyň soňky gazananlaryny, innowasiýalary we döwrebap tehnologiýalary halk hojalygynyň ähli pudaklaryna ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipeleriniň biridir. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz toplumynda önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen birlikde, ekologiýa talaplarynyň kadalaryny gyşarnyksyz berjaý etmek, pudagyň ylmy-tehniki kuwwatyny berkitmek babatda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň öňdebaryjy ylmy esaslara daýanyp amal edilmegi bolsa hormatly Prezidentimiziň döredijilikli garaýyşlaryna esaslanýar.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, esasy wezipelerini we maksatlaryny kesgitledi. Prezident Maksatnamasynda nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerine aýratyn ähmiýet berildi. Bu mümkinçilikleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipelerine laýyk gelýär. Häzirki wagtda sanly özgertmeleri durmuşa geçirmek ýoluna düşen nebitgaz pudagynyň kärhanalarynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Milli Liderimiziň alyp barýan sanly ykdysadyýeti ösdürmek syýasatynyň bu ulgamdaky esasy maksady ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny ösdürmekden, uglewodorod we mineral serişdeleriniň çig mal binýadyny sanly ulgam arkaly berkitmekden, nebitiň we tebigy gazyň çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmakdan, olary gaýtadan işlemekden, uglewodorod serişdelerini daşary ýurtlara eksport etmegiň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Halkara ülňülere laýyk gelýän we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we olary netijeli özleşdirmek hem bu ugurda esasy wezipelerdir.

Türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara köpugurly çykarmak babatda nebitgaz toplumy tarapyndan ägirt uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň ykdysady bähbitlerine esaslanýan we türkmen tebigy gazyny satyn alyjylaryň bildirýän isleglerini göz öňünde tutýan meýilnamany durmuşa geçirmek üçin Türkmenistan tebigy gazy daşary ýurt bazarlaryna ibermegiň geografiýasyny giňeltmek işlerini dowam etdirmegi meýilleşdirýär. Nebitgaz pudagyny ösdürmek bilen baglanyşykly Prezident Maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler ýurdumyzyň bu ugurda dünýä tejribesinden ugur alýandygyny aýdyň görkezýär.

Durmuşa geçirilýän şeýle işlerde ylmy esaslara we daşary ýurt tejribesine daýanylmagy, Gahryman Arkadagymyzyň döredijilikli başlangyçlaryndan gözbaş alýan döwlet syýasatyna esaslanylmagy ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine güwä geçýär.

Abdyrahym HOJAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24871

02.04.2021
«Bir penjiräniň» döwletli gapysy

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025 –nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konferensiýasy bilen hyzmatdaşlykda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirmek işlerini alyp barýar. Bu möhüm işiň gözbaşynda bolsa 2020-nji ýylyň 11-nji dekabrynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara serginiň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Söwda we ösüş konferensiýasynyň arasynda «Eksport-import amallary üçin bir penjire» atly üçtaraplaýyn taslama resminamasynyň baglanyşylmagy durýar.

Bu taslama esasynda eksport-import amallaryna gatnaşýan döwlet edaralarynyň özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek we sazlaşdyrmak arkaly «Bir penjire» ulgamynyň netijeli girizilmegi üpjün ediler. Taslamanyň çäginde eksport-import amallaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşmeleriniň arasynda elektron resminama dolanyşygy ýola goýlar. Şunuň netijesinde «Bir penjire» ulgamynyň işe ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň üstaşyr mümkinçiliklerini, halkara söwdasyny ösdürmäge has giň ýol açar.

Ýurdumyzda «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak üçin degişli şertleri döredýän we onuň üçin platforma bolup durýan «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumatlar ulgamy gümrük edaralarynda 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan doly işe girizildi. Bu taslamanyň maksady edarada özara iş gatnaşyklaryny ýeňilleşdirmek arkaly «Bir penjire» ulgamynyň netijeliligini üpjün etmekden Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen import we eksport düzgünlerinde amala aşyrylanda, gözegçilige gatnaşýan döwlet gözegçilik edaralarynyň arasyndaky özara işi berkitmekden, ygtyýarnamalaryň, güwänamalaryň we rugsatnamalaryň integrirlenen monitoringini we gözegçiligini ýola goýmakdan, gümrük taýdan resmileşdirme işleri amala aşyrylanda, pudagara töwekgelçilik dolandyrylyşy girizmekden, Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady integrasiýasyndaky we halkara söwdasyndaky mümkinçilikleri berkitmekden ybarat.

2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda türkmen-owgan dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan iri üç sany taslamanyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk we üstaşyr ulgamlarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň sebitiň ulag-logistika merkezine öwrülendiginiň anyk subutnamasydyr.

2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde bagtyýarlyk döwrümizde milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» atly 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyny» ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara topar döredildi hem-de bu toparyň düzümi, topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Bu taslama, esasan, harytlar daşary ýurtlara çykarylanda we ýurda getirilýän taraplar üçin açyk we öňünden kesgitläp boljak söwda gurşawyny hem-de işewürlik, maýa goýumlary üçin amatly şertleri döretmek arkaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlarynyň «Mynasyp iş we ykdysady ösüş» atly maksadyna, şeýle hem gümrük we serhedi goramaga jogapkär beýleki döwlet gözegçilik edaralarynyň iş mümkinçiliklerini berkitmek hem-de sebit integrasiýasyny höweslendirmek arkaly «Parahatçylyk, adalatlylyk we netijeli edaralar» atly maksadyna ýetmäge gönükdirilendir.

Garaşsyz Diýarymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň belent zähmet üstünliklerine beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda amala aşyrýan döwrebap özgertmeleri, mähriban halkynyň bagtyýar geljegini nazarlaýan beýik tutumly işleri üçin hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.

Şöhrat MÜLKIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24861

02.04.2021
Belent üstünlikleriň şuglasy

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça alyp barýan syýasatynyň çäklerinde halk hojalygynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Maliýe-ykdysady we beýleki maglumatlar ulgamyny döretmezden, ony netijeli işletmezden innowasion işi kämilleşdirmek mümkin däl. Düýpli ylmy işläp taýýarlamalar tapgyryndan başlap, önümleriň, hyzmatlaryň we tehnologiýalaryň önümçilik yzygiderliliginiň senagatlaşmagy netijesinde innowasion taslamalary, maglumat we seljeriş üpjünçiligini durmuşa geçirmek meseleleri aýratyn ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, hojalyk seljerişiň ylmy esaslaryny kämilleşdirmek we onuň gazananlaryny innowasion işi dolandyrmakda ulanmak tejribesi möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki wagtda hojalyk seljeriş usulyýetini kämilleşdirmek, iş görnüşleriniň işjeň hereket etmeginiň häzirki zaman şertlerini üpjün etmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär.

Hojalyk seljeriş pudagynda nazary we amaly işläp taýýarlamalaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň zerurlygy işjeň ykdysady işleri alyp barýan işewürleriň ösen talaplary bilen şertlendirilýär. Hojalyk seljerişi beýleki ylymlar ýaly, ilkinji nobatda, mazmun, usul, düşünjeleýin tilsimat hem-de onuň düýp esasyny, maksadyny we wezipesini kesgitleýän gurallar ýaly aýratynlyklary bilen häsiýetlendirilýär.

Şonuň üçin hem ylmy esasda işlenilen ugurlar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar. Bu bolsa ykdysadyýetiň has-da ösdürilmegine, önümçiligiň ýokary derejede ýola goýulmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Munuň özi ykdysadyýetiň sazlaşykly ösmegine, iň döwrebap usullaryň durmuşa ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly ykdysadyýete aýratyn üns berilýär. Esasan hem, innowasion tehnologiýalar dürli pudaklarda ornaşdyrylmak bilen bir hatarda ykdysadyýetiň ösüşi üpjün edilýär. Bu bolsa ýurdumyzda bäsdeşlige bolan ukyplylygyň ösmegine we innowasion kompaniýalaryň bazar ykdysadyýetinde ýokary netijeler gazanmagyna ýardam edýär. Innowasion ykdysadyýetde döwrebap kararlary kabul etmek meselesi häzirki zaman dolandyryş nazaryýetinde we tejribesinde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki zaman hojalyk seljerişi diňe bir mukdar maglumatlaryny däl-de, eýsem, netijeli görkezijileri ulanmak bilen, ýokary hilli maglumat goldawynyň döredilmegine goşant goşup, gözegçilik edilýän görkezijileriniň nusgalyk aýratynlyklaryny tassyklamaga mümkinçilik berýär.

Meýlis ALLAMYRADOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/24813

02.04.2021