Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak boýunça dünýä ýurtlarynda durmuşa geçirilýän strategiýalar innowasion kärhanalaryň döredilmegini, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlanmagyny, oňaýly jemgyýetçilik gurşawynyň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şonuň netijesinde sanly tehnologiýalar durmuş-ykdysady ulgamyň özgermegine düýpli täsir edýär. Ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmagyň netijeli ýoly hasaplanylýan sanly özgertmeler şol bir wagtda zähmet bazarynda ýagdaýyň üýtgemegine-de getirýär. Sanly hyzmatlar ulgamynda işleýänleriň sanynyň artmagy, maglumatlary döretmek, gaýtadan işlemek, alyş-çalyş etmek, seljermek bilen baglanyşykly täze kärleriňdir hünärleriň döredilmegi ýurtda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylan görnüşine geçilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Dünýäniň sanly giňişligine işjeň goşulyşýan Türkmenistanda ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Hususan-da, häzirki döwürde dünýä giňişliginde bolup geçýän sanly «böwsüş» hadysasyna goşulyşmak döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenilýär. «Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi hem şonuň bilen baglanyşyklydyr.
Bu günki gün Bütindünýä internet torunyň mümkinçilikleri iş etmegiň täze görnüşleriniň ýüze çykmagyny hem şertlendirdi. Internetiň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly uzak aralykdan zähmet işjeňligini amala aşyrýanlaryň sany barha artýar. Şeýle-de elektron tölegleriň döredýän amatlyklaryndan peýdalanmak, elektron söwda we internet-mahabatlandyrma ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Önümçilige garanyňda sanly hyzmatlaryň paýynyň köp bolmagy sanly ykdysadyýete mahsus bolan esasy görkezijidir. Şunuň bilen baglylykda, maglumat tehnologiýalarynyň adamlara hyzmat edilişiniň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Dünýä giňişliginde emele gelen täze şertleriň täsiri astynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek hem-de ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Häzirki döwürde ähli ugurlar bilen bir hatarda, ilaty durmuş taýdan goramak, iş bilen üpjünçilik boýunça hyzmatlary döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar.
Ýakup BERDIÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.