San­ly yk­dy­sa­dy­ýe­tiň şowly ga­dam­la­ry

Döwletiň ösüş-özgerişiniň özenini ýurduň ykdysadyýeti düzýär. Ykdysadyýetiň döwrebaplaşdyrylyp, sanlylaşdyrylyp, täzeçil usul bilen ýöredilmegi bolsa, ähli işleriň sazlaşygyna oňyn täsir edýär. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýeti hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrýan polat gurala öwrüldi. Esasan hem, sanly ykdysadyýete geçilmegi netijesinde, hyzmatlaryň ulgamlaýyn elektron görnüşde bolmagy ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş zerurlyklaryndaky elýeterlilikleriň gerimini has-da giňeltdi. Bu ugurdan alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň esasynda Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha öňe ilerleýär.  

                                                                   

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş pudaklaryň ösüş aýratynlyklary dogrusynda içgin durlup geçilse, esasy bellenilmeli ugurlaryň biri söwda gatnaşyklary bolup durýar. Haryt dolanyşygy, eksport-import mümkinçilikleri babatda belent sepgitleri nazarlaýan döwletimiz dünýä ýurtlary bilen ýakyn aragatnaşyk saklamak esasynda özümizde öndürilýän önümleri dünýä bazarlaryna çykarýar. Bu önümlere bolsa islegleriň günsaýyn artmagynda esasy bellenilmeli zatlaryň biri hem önümleriň hil taýdan ýokary derejede, ekologiýa taýdan arassa bolmagy önümçiligiň üznüksiz gözegçilikde alnyp barylýandygyny delillendirýär.  

                                                                   

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri söwda aragatnaşygynda möhüm orny eýeleýär. Bu günki günde halkymyz sanlylaşdyrylan hyzmatlardan doly derejede peýdalanýar. Islendik harydy ýa-da önümi barmasyz, nagt töleg geçirmesiz, wagt ýitirmesiz sargyt edip bolýar. Munuň üçin söwda hyzmatlarynyň ençeme internet sahypalary döredildi. Bu sahypalarda gerekli önümiňi sargyt edeniňden soň, edil şol pursatda elektron tölegi geçirýärsiň we az wagtdan sargan harydyň salgyňa gelip gowuşýar. Bu amatlyklar halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha ýokarlandyrmakda uly mümkinçilikleri döredýär. 

                                                                   

Elbetde, häzirki wagtda döwletimiziň söwda ulgamyndaky ösüşleri örän ummasyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde dünýä ýurtlary bilen söwda-aragatnaşygyň, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, dostlukly gatnaşyklaryň çygry barha giňäp, oňyn özgertmelere eýe bolunýar. Söwda-ulgamy halkara gatnaşyklarynda möhüm ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenendir. Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag akymynda ýurdumyz möhüm hem ygtybarly çatrykda ýerleşmek bilen, ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp,   özüniň industrial infrastrukturasyny döretdi. Iň kämil desgalar gurlup, ulaglaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän, uzakmöhletleýin ulanmaga niýetlenen görnüşleri ýurdumyza getirildi. Döredilýän şeýle ýokary derejedäki şertler döwletleriň ykdysady ösüşlerine oňyn täsir etmek bilen, halklaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrýar. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady ösüşiniň nusgalyk ýörelgesi dünýä halklarynda uly gyzyklanma döredýär. Şu nukdaýnazardan döwletimiz bilen hyzmatdaşlygyň täze sahypalarynyň açylmagyna itergi berýän ençeme ylalaşyklardyr Ähtnamalar kabul edilýär. Şol ylalaşyklardan gelip çykýan wezipeler bolsa, durmuş hakykatynda rowaçlyga beslenýär. Esasan hem, bu gatnaşyklaryň özara bähbitliligini, deňhukuklylygyny bellemek zerurdyr. Umumadamzadyň bagtyýar durmuşy, ýagty geljegi ugrundaky dostlukly gatnaşyklar Birleşen Milletler Guramasynyň umumymilli maksatnamasynyň çäginde alnyp barylýar. 

                                                                   

Jemläp aýdanymyzda, elektronikasyz şu günki durmuşymyzy göz öňüne getirmek mümkin däldir. Elbetde, döwrüň ösüşleri-de şony talap edýär. Maksadyň tiz netijeliliginiň düýp köki hem şundan gaýdýar. Işleriň ilerlemegi, wagtyň tygşytlanmagy, ösüş ugrundaky habarlaryňdyr maglumatlaryň salgysyna tiz gowuşmagy hem tehnologiýalar bilen amala aşyrylýar. Biziň döwletimizde bolsa häzirki zamanyň iň kämil enjamlary halkymyzyň ygtyýaryndadyr. Şonuň esasynda ýurdumyzda ykdysady üstünlikleriň barha ýokarlanmagy döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly ýerine ýetirilýär. Ýeri gelende bellesek, bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň halkymyza döredip beren ägirt uly mümkinçilikleridir. Halkymyzy şeýle elýeterli şertleriň, asuda hem-de abadan ýaşaýşyň eýesi edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli işlerinde uly üstünlikler we rowaçlyklar ýar bolsun!  

                                                                                                           

Magtymguly MEREDOW,

                       

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň magistranty.