Sanly ykdysadyýetiň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň batly depginler bilen ösýän ähli pudagynda sanly ulgama, innowasion tehnologiýalara uly orun degişlidir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgamy ösdürmegiň Konsepsiýasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmek işleri, tehnologiýalardan peýdalanmak mümkinçilikleri barha giň gerime eýe bolýar.  

                                                                   

Sanly tehnologiýalar bize birnäçe wagtlyk işimizi az salymda ýokary hil derejede ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar durmuşymyza mäkäm ornaşýar. Gündelik durmuşda ulanýan serişdelerimiziň, enjamlarymyzyň, iň bärkisi, öýjükli el telefonlarymyzyň hem haýsy döwletde öndürilendigi ählimize gyzykly bolsa gerek. Muny bilmek üçin uly bir zähmet sarp etmezden harytlarda ulanylýan, gelip çykýan ýerinden habar berýän ştrih koduny ýa-da QR koduny ulanmak ýeterlik. Ştrih kodundan tapawutlykda QR kody sanlary, harplary we haryda degişli beýleki maglumatlary birleşdirýän, özünde 4000-den gowrak görkezijiniň sanawyna mümkinçilik berýän «kwadratlar» toplumydyr. 

                                                                   

QR kody — tehniki serişdeleriň kömegi bilen okalmagy we bilinmegi üçin kodlanylýan maglumaty özünde saklaýan dessin tassyklanylýan iki ölçegli ştrih kodudyr. Taryhy çeşmelere salgylansak, QR kody ilkinji gezek 1994-nji ýylda harytlary hasaba almak ýa-da onuň bahasyny anyklamak üçin ulanylýar. Ol ştrih kodundan 10 esse çalt işlemek bilen, ýuwaş-ýuwaşdan önümçilikde we söwdada giňden ýaýrap başlaýar. Bu kod iňlis dilinden terjime edilende «dessin jogap» diýmekligi aňladýar. Iki ölçegli ştrih kod görnüşi bolup, gara  we ak nagyşlara meňzeýän inedördül gözenegiň içinde maglumatlary saklaýan kod iki tarapdan, ýagny keseligine we dikligine okamaga mümkinçilik berýär. Köp maglumatlary ýadynda saklaýan QR kody skanirlenende ulanyja dessin hyzmat etmek bilen sanly enjam tarapyndan aňsatlyk bilen okalýar. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň durmuşymyza ornaşýan döwründe QR kodlary faýllary göçürip almakda, web sahypalaryny taýýarlamakda, elektron biletleri satyn almakda, saýta çalt girmekde, täze maglumatlar bilen tanyşmakda, önümi kodlamakda  we beýleki hyzmatlaryň görnüşlerinde giňden ulanylýar.  

                                                                   

QR kody harytlaryň nirede öndürilendigini we önümiň hakykylygyny ýüze çykarmak üçin-de zerur bolup durýar. Käbir näsazlyklara görä, önüm çalşylyp hem bilinýär. Ýagny önümiň gabynda «Hytaýda öndürildi» diýip ýazylandygyna garamazdan, ol önüm ştrih kody ýa-da QR kody arkaly barlanan ýagdaýynda, başga ýurduň önümi bolup çykýar. Bu ýagdaý her bir ýurduň öz milli ştrih kody arkaly-da anyklanylyp bilinýär. 

                                                                   

Soňky öndürilýän smartfonlarda kamerada ýerleşýän içki QR kod okaýjysy bar. Maglumaty okamak üçin kody islendik burçdan kamera görkezmek ýeterlik. Telefonyňyzda QR kody okaýjy programma gurnalmadyk bolsa, onda onlaýn dükanlaryndan ýa-da beýleki smartfonlardan göçürip alyp bilersiňiz.  

                                                                   

Häzirki döwürde dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlarda QR koduny ulanýanlaryň sany has-da artdy. Çünki bu hyzmat arkaly raýatlar birek-birege geçip biljek ýokanç kesellerden goranmaga hem mümkinçilik alýarlar. Indi her bir maksat üçin QR kodlarynyň birnäçe görnüşleri hereket edýär. Öňler çalt we aňsat okalýan QR kody surat, tekst, şekil, haryt, hyzmat we beýleki ugurlarda ulanylan bolsa, soňky wagtda binagärlik we taryhy ýadygärliklerde syýahatçylaryň maglumat almagynda hem giňden ulanylyp başlandy.  

                                                                   

Bu ugurda iş alyp barýan halkara guramalarynyň maglumatlaryna laýyklykda, sanly tehnologiýalar gündelik durmuşymyzda ýüze çykýan köpsanly meseläni çözmekde we ýurduň ykdysady ösüşiniň çaltlandyrylmagyna hem mümkinçilik döreder. QR kody näsaglara lukmanlar bilen duşuşmaga, kärhanalaryň önümlerini gerekli wagtda we gerekli ýerde hödürlemäge ýardam berýär. Eýýäm käbir ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň metro stansiýalarynda wirtual dükanlary döredilip, QR kody arkaly dükanyň önüm programmasyndaky sebede goşulyp, eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmak arkaly dürli görnüşli söwda etmäge mümkinçilik döredilýär. 

                                                                   

Söwda merkezlerinde ýa-da bölek-söwda dükanlarda müşderilere tiz we döwrebap hyzmat etmek maksady bilen ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar. Bu usul diňe bir müşderiler bilen işlenende ulanylman, eýsem, getirilýän harytlary ammarlara ýerleşdirmekde, olary hasaba almakda, hasabatyny ýöretmekde we degişli ýagdaýlarda hasapdan aýyrmakda hem ýeňillikleri döredýär. Şeýle-de, QR kodunyň ýene bir amatly tarapy, ol dürli sebäplere görä 30 göterime çenli pozulan halatynda hem okamaga mümkinçilik berýär.  

                                                                   

Harytlaryň hakykylygyny barlamak üçin hem QR koduny ulanyp bolýar. Onuň üçin degişli programmany açmak we ykjam enjamyňyzyň kamerasyna önümiň QR koduny görkezmek ýeterlikdir. Önüm hakyky bolsa ony tassyklaýjy belgi peýda bolar. Mahlasy, sanly ykdysadyýetiň eşretleri adamzadyň wagtyny tygşytlap, bir wagtda birnäçe işleri etmegine şert döretmek bilen birlikde, onuň jan saglygynyň goralmagynda hem uly hemaýaty bardyr. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri bolup çykyş edýän hyzmatlaryň bu görnüşlerini döwletimizde pudaklara ornaşdyrmak meseleleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda we «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem özüniň aýdyň beýanyny tapýar.  

                                                                   

Goý, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek babatda beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! 

                                                                                                           

Serdar GARLYÝEW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.