Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 21-nji ýanwarynda geçirilen Türkmenistanyň Milli geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi täze taryhy eýýamyň demokratik özgertmelere esaslanýan ösüş ýolunda taryhy waka boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde eden maksatnamalaýyn çykyşy häzirki döwürde öňde duran wezipeleriň, nazarlanýan sepgitleriň düýp esaslaryna göz ýetirmekde örän uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň giňden goldamagynda, yhlasly zähmet çekmeginde gazanylan üstünlikler barada nygtamak bilen, öňde has uly maksatlaryň goýulýandygyna, olaryň üstünlikli amala aşyrylmagynyň geljegiň täze belentliklerine badalga boljakdygyna ünsi çekdi. Şunda milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ilerletmek möhüm ugurlaryň hatarynda bellenildi.
“Biziň döwlet syýasatymyz jemi içerki önümiň jan başyna düşýän mukdaryny artdyrmak, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmak, netijede, ilatyň girdejilerini köpeltmek, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyryp, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek ýaly meseleleri çözmäge gönükdirilendir. Bu syýasaty amala aşyrmak üçin ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek, ähli pudaklara sanly ulgamy ornaşdyrmak, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply harytlary köp öndürmegi dowam etdirmek zerurdyr” diýip, Milli Liderimiz bilelikdäki mejlisde eden taryhy çykyşynda nygtady.
Häzirki döwür — dünýä giňişliginde sanly kommunikasiýalaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda barha giň gerim alýan döwri. Munuň özi halkara gatnaşyklara, ykdysady aragatnaşyklara, dünýä söwdasyna, maglumat alyşmaga gönüden-göni täsirini ýetirýär. Şoňa görä-de, häzirki döwürde ykdysady ösüşi yzygiderli ilerletmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen aýrylmaz baglydyr. Şu ählumumy talaplardan ugur alnyp, ýurdumyzda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga hem-de geljegiň sanly senagatyny döretmäge gönükdirilendir. Şeýlelikde, ýurdumyzda 2025-nji ýyla çenli bäsdeşlige ukyply sanly ulgam dörediler.
Prezident Maksatnamasynda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady ösüşi we ýokary öndürijiligi geljek ýedi ýylda sanly ykdysadyýetiň doly ornaşdyrylmagy bilen baglanyşdyrylýar. 2028-nji ýyla çenli döwürde sanly maglumat ulgamynyň arhitekturasyny giňeltmek we ylmyň soňky gazananlary esasynda ösdürmek işlerini ýokary depginde dowam etdirmek bellenilýär.
Häzirki döwürde milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagy bilen halk hojalygyny dolandyrmagyň hili we netijeliligi ýokarlandyrylýar, ykdysadyýetiň binýatlyk pudaklarynyň bäsdeşlige ukyplylygy üpjün edilýär. Maksatnamada bellenilişi ýaly, sanly tehnologiýalara esaslanýan başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýetde goşulan gymmaty döretmekde we çykdajylary azaltmakda möhüm ugur bolar. Munuň özi 2028-nji ýyla çenli döwürde ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň ýokarlanmagyny gazanmaga mümkinçilik döreder. Jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýyny artdyrmak maksat edinilýär.
Dünýä ykdysadyýetinde sanly aragatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyndan ugur alyp, 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň ösüş strategiýasy elektron senagatyny ösdürmek, milli sanly platformalaryň esasynda sanly aragatnaşygy kämilleşdirmek, ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyryp, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna dolulygyna geçmek, önümçiligi uzak aralykdan dolandyrmak, sanly hyzmatlar ulgamynyň gerimini giňetmek wezipelerini ileri tutýar. Geljege gönükdirilen bu wezipeler, öz gezeginde, milli elektron harytlar bilen üpjünçiligiň, maglumat-aragatnaşyk, şol sanda internet hyzmatlarynyň hiliniň we elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagyny, bu hyzmatlaryň geriminiň giňeldilmegini, milli IT-hünärmenleriň bilim derejesiniň kämilleşdirilmegini talap edýär.
IT-hyzmatlarynyň globallaşýan döwründe maglumat howpsuzlygynyň wezipeleri barha artýar, şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň içerki we daşarky maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegi talap edýär. Şoňa görä-de, Prezident Maksatnamasynda, geljek ýedi ýylda maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, ilkinji nobatda, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ornaşdyrylýan programma üpjünçiliginde ýerli önümleriň paýyny ýokarlandyrmak bellenilýär. Munuň özi maglumat howpsuzlygy babatda ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagy, bu ugurda milli standartlaryň girizilmegi bilen aýrylmaz baglydyr.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: “Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ýokary derejeli, ussat hünärmenler bilen üpjün etmäge hem aýratyn üns bermelidiris. Biz ýaşlarymyzyň dünýäniň iň abraýly okuw mekdeplerinde okamaklary üçin şertleri döretmek, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim berlişini halkara derejelere çykarmak arkaly bu möhüm meseläni çözüp bileris” diýip nygtady.
XXI asyr umumy ykdysadyýeti önümçiligiň we maglumat serişdeleriniň üýtgemegine çalt uýgunlaşyp bilýän müňlerçe bilimli işgärleri talap edýär. Ilatyň ýokary we hünär bilimi bilen üpjün edilmegi her bir ýurtda işewürligi ösdürmegiň derejesini we geljegini kesgitlemek üçin möhüm görkeziji bolup durýar. Häzirki döwürde bilim ykdysady ösüş strategiýasynyň wajyp zynjyryna öwrülýär we ony ilerletmäge, çaklamaga giň ýol açylýar. Ýurduň ylmy we tehnologik ösüşi ýokary hünärli işgärleriň bilim derejeleri, olaryň täze pikirleriniň, ylmy açyşlarynyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilýär. Bilimiň ösmegi üçin iň möhüm wezipeleriň biri hem adam maýasynyň jemgyýetiň öndüriji we durmuş-ykdysady ösüşiniň kuwwatly güýjüne öwrülmegine itergi berilmegidir.
Milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş hünärmenleri taýýarlamakda, olary döwrebap tehnologiýalardan gowy baş çykarýan adamlar edip kemala getirmekde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň öňünde uly wezipeler durýar. Ýurdumyzyň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen birlikde Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynda hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan möhüm wezipelerini durmuşa geçirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu ugurdaky tagallalar degişli düzümler bilen bilelikde amala aşyrylýar. Mysal hökmünde aýtsak, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň binýadynda «Sanly çözgüt IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň döredilmegi ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze tehnologiýalar boýunça bilimini artdyrmaga giň mümkinçilik berdi. Bu ýerde web-saýtlary, elektron resminama dolanyşyk, dürli dolandyryş ulgamlaryny awtomatlaşdyrmak boýunça kompýuter programmalaryny döretmek üçin derwaýys bolan döwrebap kompýuter we tor enjamlary göz öňünde tutuldy.
Talyp ýaşlar innowasion taslamalaryň işlenip düzülmegine-de işjeň gatnaşýarlar, ýurdumyzda geçirilýän sergilerde dürli ugurlara degişli programma üpjünçiliklerini we robotlary görkezýärler. Olaryň dürli dersler boýunça ýurdumyzda we halkara derejede geçirilýän bäsleşiklerde, olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlary eýeleýändigini bellemek has ýakymly.
Daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak bilen ýurdumyzda ýokary okuw mekdeplerini halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça hem degişli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Institutymyzyň Tehniki uniwersitetleriň assosiasiýasynyň agzalygyna kabul edilmegi, Beýik Britaniýanyň «Times Higher Edication» agentliginiň World University Rankings reýtingine 2022-nji we 2023-nji ýyllarda habarçy agzalyga kabul edilmegi, şeýle hem Beýik Britaniýanyň «Times Higher Edication» agentliginiň bütindünýä uniwersitetleriniň «Impact Ranking — 2022» reýtinginiň sanawyna girizilmegi we beýlekiler bellenilmäge mynasypdyr. Bu üstünlikler başymyzy göge ýetirýär, Türkmenistan Watanymyza buýsanjymyzy artdyrýar, hormatly Prezidentimiziň aladalaryna jogap edip, öňküden-de yhlasly işlemäge borçlandyrýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem, ýylsaýyn okgunly ösüşlere beslenýän döwür hem bizden — professor-mugallymlardan ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, geljekde ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini has-da ösdürjek kämil hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär. Biz geljekde-de ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, hünärdir ylym öwrenmegi, edep-terbiýeli, ata Watana, Arkadagly Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin gujur-gaýratymyzy gaýgyrman, yhlasly zähmet çekeris.
Nurnepes KULIÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.