Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça BÄSLEŞIK

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça

BÄSLEŞIK


1. LOT № 110.

Daşoguz şäheriniň çäginde gurulýan ýaşaýyş jaý we desgalar toplumyna barýan ýollary we onuň içerki ýollary (№1-28), abadanlaşdyryş işleri hem-de tehniki binalary, transformator beketleri we ýylylyk geçiriji ulgamlarynyň gurluşyk-gurnama işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.


2. LOT № 180.

Daşoguz şäheriniň Atamyrat Nyýazow köçesiniň ugrundaky 4 gatly, 16 öýli 2 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky inžener ulgamlary we abadanlaşdyryş işleri hem-de gurulýan 2 girelgeli 4 gatly, 16 öýli 2 sany (3 we 4 belgili) ýaşaýyş jaýynyň daşky inžener ulgamlary, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryş işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.


3. LOT № 207.

Daşoguz şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň daşky agyz suw we lagym geçiriji ulgamlary (1-nji we 2-nji lagym sorujy desgalary we basyşly lagym geçiriji ulgamy bilen bilelikde), ýylylyk geçiriji ulgamlary hem-de toplumyň №1 we №2 suw sorujy desgalary suw eltiji ulgamy bilen bilelikde, daşky agyz suw we lagym geçiriji ulgamlaryň gurluşyk işleri üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Daşoguz welaýat häkimligi.


4. LOT № 244.

Bagtyýarlyk etrabyndaky "Çoganly" ýaşaýyş toplumynda 2 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň daşky eltiji inžener ulgamyny we ýoluny gurmak üçin enjamlary we gurluşyk harytlaryny satyn almak.

Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.


5. LOT № 307.

Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesiniň çäginde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan suw arassalaýjy desgasynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlary we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.


6. LOT № 328.

Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap obasynyň içerki ýollarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.


Bäsleşik 2024-nji ýylyň 12-nji iýulynda sagat 10:00 geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary aşakdaky salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz. Resminamalar 2024-nji ýylyň iýul aýynyň 11-ne sagat 17:00 çenli kabul edilýär we resminamalar sanly ulgam arkaly Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we ykdysa­dy­ýet mi­nistr­li­giniň e.fineeconomic.gov.tm internet sahypasyna tabşyrylmaly.

Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ar­ça­bil şa­ýo­lu­nyň 156-njy ja­ýy - Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi. Te­le­fon bel­gi­le­ri: 39-46-39; 39-46-38.

Maglumatlar e.fineeconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.