Sanly ykdysadyýet: söwdanyň elektron görnüşi kämilleşdirilýär

Dünýäde giňden ýaýran sanly ulgama geçmek işi adamzadyň gündelik durmuşynda düýpli özgerişleriň gazanylmagyny şertlendirýär. Sanly tehnologiýalar durnukly ösüşiň köp sanly meselelerini aýratynlykda, ugurlar boýunça çözmekde özboluşly gural bolup çykyş edýär. Ol iň çalt ösýän bazar bolmak bilen, adamlaryň ýaşaýyş şertleriniň üýtgemegine we kämilleşmegine getirýär. Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri pudaklaryň özgerdilmegi bilen bir hatarda, täze bazarlaryň döremegi üçin hem döwrebap ugurlary kesgitleýär. Ösen döwürde önüm öndürijiler sarp edijiler bilen gönüden-göni aragatnaşyk saklaýar. Munuň üçin alyjylaryň isleglerini öwrenmekde we kanagatlandyrmakda elektron söwdanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak barha giň gerime eýe bolýar.  

                                                                   

Elektron söwda — bu internet arkaly harytlarydyr hyzmatlary satmak, satyn almak, paýlamak, mahabatlandyrmak bilen baglanyşykly täjirçilik işidir. Ol häzirki ählumumy tor ulgamynda dürli görnüşli onlaýn täjirçilik amallarynyň bir görnüşi bolup durýar. 

                                                                   

Elektron söwda ulgamyna onlaýn satuw, internet-banking, dürli görnüşli petekleri satyn almak, myhmanhanalarda otaglara sargyt işleri, internet arkaly tölegleri geçirmekde käbir amallar, marketing we mahabat ýaly ykdysady taglymatlar degişlidir. Ykdysady nukdaýnazardan seredilende, elektron söwda üç basgançakda amala aşyrylýar: serwer tor ulgamy (internet) arkaly habar berilýär, maglumat bazasynda saklanýar we alyjy önüm ýa-da hyzmat bilen üpjün edilýär. 

                                                                   

 Elektron söwda kärhananyň önümçilik maksatlaryna baglylykda, aşakdaky görnüşlere bölünýär: 

                                                                   

Işewürlik üçin telekeçilik. Bazarda hereket edýän kärhanadyr guramalaryň arasyndaky söwda gatnaşyklary. Kärhanalar, kompaniýalar we beýleki önüm öndürijiler biri-biri bilen aragatnaşykda bolýar, ýagny harytlary satmak, satyn almak, hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlyk şertnamalaryny baglaşýarlar. Şunda ýörite niýetlenen internet sahypalary ulanylýar. 

                                                                   

Sarp ediji üçin telekeçilik. Kärhanalar bilen sarp edijileriň arasyndaky haryt we hyzmat söwdasyny öz içine alýar. Bu bölek söwdanyň bir görnüşi bolmak bilen, onda onlaýn dükanlardan müşderilere öýünden ýa-da iş ýerinden dürli görnüşli harytlary sargyt etmäge, eltip bermek hyzmatyndan peýdalanmaga şert döredilýär. Elektron söwdanyň bu görnüşi önüm öndürijilere, şol bir wagtda sarp edijilere maliýe serişdelerini tygşytlamaga mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Döwlet üçin telekeçilik. Hususyýetçiler bilen döwlet edaralarynyň arasynda ýüze çykýan ykdysady gatnaşyklar. Muňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň internet saýty aýdyň mysaldyr. Onda onlaýn amallaryň görnüşleri ýerleşdirilýär we yzygiderli tenderlerdir auksionlar yglan edilýär. 

                                                                   

Sarp ediji üçin sarp ediji. Bu görnüşde nesipetsin.com, kamilmarket.com, ynamdar.com, gipertm.com, saray.tm ýaly köpugurly harytlary we halkmarket.com.tm, akyol.com.tm ýaly bir ugra ýöriteleşen onlaýn bazarlarda harytlardyr hyzmatlar üçin internet sahypalary, öýjükli el telefonlaryna niýetlenen programma üpjünçilikleri arkaly söwda, şeýle-de mahabat işleri ýerine ýetirilýär.  

                                                                   

Döwlet raýatlar üçin. Döwlet onlaýn hyzmatlar arkaly ilaty maglumat elýeterliligi bilen üpjün edýär. Mysal üçin, şahsy we ýuridik taraplara salgytlaryny, jerimelerini menzil geçmezden tölemek, täjirçilik, telekeçilik işi üçin hasaba almak, rugsatnamalary bermek, iş gözleýän raýatlara iş ýerlerini saýlamaga mümkinçilik döretmek ýaly ýeňilliklerden peýdalanylýandygyny bellemek bolar. 

                                                                   

Sarp ediji üçin kärhana. Müşderiniň harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyny kesgitleýän ýagdaýy. Şunda sarp ediji teklip edilýän önümi satyn almak isleýän bahasyny ses bermek arkaly aýdyp bilýär. Önüm öndüriji tarapyndan harydy satmak ýa-da satmazlyk baradaky kararyň netijesinde, amal ýerine ýetirilýär.  

                                                                   

Telekeçiden telekeçä we sarp edijä. Elektron söwdanyň iki görnüşini birleşdirýän bu ýagdaýda bir kärhana tarapyndan daşary ýurtdan haryt sargytlaryny ibermek üçin daşaýjy kompaniýalar bilen üçtaraplaýyn şertnama baglaşylýar. Bu ýerde üznüksiz ykdysady zynjyr emele gelýär: satyjy kärhana — ammar ýa-da ugradyjy — alyjy. 

                                                                   

«Birža üçin birža». Elektron söwdanyň bu görnüşiniň aglaba bölegini walýuta alyş-çalşygy we gymmatly kagyzlaryň söwdasy tutýar. 

                                                                   

Elektron söwdanyň düzüm bölekleri hökmünde web sahypalary onlaýn dükanlar, özüne çekiji kanallar (maksatly mahabatlar), sargyt bölümleri, müşderi hyzmatlary, satuw bölümleri, harytlary satyn almak we eltip bermek hyzmatlary çykyş edýär. 

                                                                   

Ylmy-tehniki ösüşiň döwrebaplaşýan döwründe söwdanyň elektron görnüşi ilat köpçüligine ykdysady taýdan wagty tygşytlama kanunyna esaslanyp, bir wagtda birnäçe amallary ýerine ýetirmäge, şeýle-de maliýe serişdelerini tygşytlamaga şert döredýär. Indi amallaryň elektron görnüşlerine ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň aglabasynda duş gelmek bolýar. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna we Maksatnamasyna laýyklykda, döwletli başlangyçlar rowaçlanýar. Sanly ykdysadyýetiň görkezijileri her bir ädimde ýakyn ýardamçymyz bolup hyzmat edýär.  

                                                                   

Elektron söwdanyň beýleki bazarlardan esasy aýratynlygy hökmünde şulary görkezmek bolar: birinjiden, satyjylaryň çykdajylary beýleki bazarlarda hereket edenden az sarp edilýär. Çünki elektron söwdada internet torunda onlaýn dükan açmak ýeterlik. Önüm öndürmek we önümçiligi gurnamak üçin kärendesine ýer almak, işgärleriň onlarçasyny saklamak zerurlygy ýok. Ähli işler awtomatlaşdyrylyp, diňe harytlary eltip bermek hyzmaty üçin işgär saklansa ýeterlikdir. Netijede, önümleriň ýa-da hyzmatlaryň bahasyna täsir edýän goşulan gymmatynyň, sarp ediji bilen geleşik çykdajylarynyň möçberi azalýar we ýokary girdeji almaga şert döreýär. Ikinjiden, internet ulgamy özünde müňlerçe adamy jemleýär. Munda harytdyr hyzmatlaryň bilen diňe ýurduň çägindäki däl, eýsem, daşarky sarp edijileri hem bökdençsiz tanyşdyryp bolýar. Eger isleg dörän halatynda eltip bermek hyzmatyny tranzit kompaniýalaryň üsti bilen ugratmaga hem mümkinçilik bar. Üçünjiden, önüm öndürijä, dellallary goşmazdan, sarp ediji bilen gönüden-göni işlemäge mümkinçilik berýär. Bu satyjy bilen alyjynyň arasynda göni gatnaşygy döredip, öz gezeginde, harytlaryň bahasyna, hyzmatyň hiline hem mynasyp täsirini ýetirýär. 

                                                                   

Mahlasy, söwdanyň elektron görnüşiniň ornaşdyrylyp, yzygiderli kämilleşdirilmegi ilatyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, daşarky sarp edijiler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkemegine, şol bir wagtyň özünde ýurtda ykdysady ösüşiň gazanylmagyna mümkinçilik döredýär.  

                                                                                                           

Jumageldi SALAMOW,

                       

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.