Sanly ykdysadyýetiň batly gadamlary

Gahryman Arkadagymyzyň  taýsyz tagallasy bilen 2018-nji ýylda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm binýadydyr. Konsepsiýany üç tapgyrda (1-nji tapgyry — 2019-njy ýylda, 2-nji tapgyry — 2020 — 2023-nji ýyllarda, 3-nji tapgyry — 2024 — 2025-nji ýyllarda) amala aşyrmak maksat edinilýär. Ol 7 bapdan ybarat bolup, onda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynyň häzirki ýagdaýy, konsepsiýanyň maksady we wezipeleri, ony amala aşyrmagyň ugurlary we guraly, garaşylýan netijeler beýan edilýär. 

                                                                   

Konsepsiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda uly öňegidişlikleri şertlendirdi. Sanly ulgam ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirip, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanylmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilikleri berdi. Nagt däl hasaplaşyklaryň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna, harajatlaryň we sarp edilýän wagtyň tygşytlanmagyna, uzak möhletleýin durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň tutýan paýynyň ýokarlanmagyna uly ýardam etdi.  

                                                                   

Häzirki zaman şertlerinde ykdysady taýdan güýçli ösen döwletde ylmyň esasy orny eýeleýändigi aýdyň hakykatdyr. Bu bolsa ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gidilmelidigini, täze ylmy açyşlaryň önümçilige çalt we netijeli ornaşdyrylmalydygyny, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilmelidigini şertlendirýär.  

                                                                   

Sanly ykdysadyýet ulgamy halk hojalygynyň saglygy goraýyş, bilim, bank ulgamlary ýaly ençeme pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, internet, ykjam (mobil) we sensor torlary, maliýe we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny, kompýuterleri, smartfonlary we beýleki gurluşlary peýdalanmak, işewürligiň giň görnüşleri, elektron meýdançalary, aragatnaşyk portallary we beýlekileri ulanmak diýmekdir. Bu ugur arkaly halk hojalygynyň işleriniň netijeliligi ýokarlanyp, özara gatnaşyklar ýygjamlaşýar, bazar ykdysadyýeti şertlerinde esasy gymmatlyk saýylýan wagt tygşytlanýar. Bazar gatnaşyklarynyň möhüm şerti bolan meýilnamalary takyk we tiz ýerine ýetirmek mümkinçiligi ýokarlanýar, elektron resminamalaryň elýeterliligi, dürli amallary islendik ýerden amala aşyrmak mümkinçilikleri artyp, olaryň goraglylygy — kiberhowpsuzlyk gazanylýar. Mysal üçin, neýrotehnologiýalar, blokçeýnler (ýazgylaryň paýlanýan ulgamlary), kwant tehnologiýalary, senagat interneti, robototehnikalar we sensor kompýuterleri, simsiz aragatnaşyk, wirtual we uly göwrümli maglumatlaryň seljermesi hem-de beýlekiler sanly maglumat-aragatnaşygyň esasyny düzýär. Diýmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasy häzirki zaman dünýä ösüşiniň möhüm şertleriniň hataryna degişlidir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda bu ugurda netijeli tagallalar üstünlikli amala aşyrylýar. 

                                                                   

Geçen gysga döwürde dürli pudaklarda sanly ykdysadyýet üçin binýatlyk işler üstünlikli durmuşa geçirildi. Mysal üçin, aragatnaşyk we telekommunikasiýa pudaklarynda 3G, 4G, 5G tizlikli interneti we beýleki ulgamlary ulanmak arkaly hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy babatynda netijeli işler durmuşa geçirildi, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi, elektron hökümet ulgamynyň maksatnamasy amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleriň geriminiň giňeldilmegine mümkinçilik berýär. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň köp möçberde maýa goýumlaryň çekilmegini talap edýändigini hem bellemek gerek. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» maliýeleşdirmegiň çeşmeleri hem beýan edilen. Hususan-da, býujet we býujetden daşary serişdeler, hususy taraplaryň serişdeleri çekilen we hemaýatkärleriň, grantlaryň we halkara tehniki kömek taslamalarynyň serişdeleri hem Konsepsiýany amala aşyrmagyň maliýe taýdan üpjünçiligini emele getirýär. Türkmenistanyň geoykdysady we geosyýasy nukdaýnazardan amatly ýerleşmegi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy we durnukly syýasy ýagdaýy, tebigy baýlyklarynyň uly gorlarynyň bolmagy, döwrebap kanunçylyk binýadynyň we kepillikleriň döredilmegi ýaly amatly şertler dünýäniň iri maýadarlaryny çekmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny hem-de innowasiýalary milli ykdysadyýetimize batly depginlerde ornaşdyrmaga uly ýardam edýär.  

                                                                   

Şunda ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri hem ýokary hünärli, hemmetaraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän milli bilim we ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak babatda bitirilen beýik işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Elbetde, munuň özi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynda, dünýä ähmiýetli iri halkara ulag-üstaşyr we telekommunikasiýa geçelgesine öwrülmeginde, täze durmuş-ykdysady şertleriň kemala gelmeginde, işewür we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň giňeldilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. 

                                                                   

Berkarar Diýarymyzy ylmyň we iň täze tehnologiýalaryň esasynda uly ösüşler bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýokdur. 

                                                                                                           

Arslan REÝIMOW,

                       

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Lebap welaýat birleşmesiniň başlygynyň orunbasary.