Amatly mümkinçilikleriň ulgamy
Milli ykdysadyýetimizi häzirki döwrüň ösüşli talaplaryna laýyklykda durnukly ösdürmekde hormatly Prezidentimiz möhüm wezipeleri öňe sürýär. Şolaryň birem sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy derejelere ýetirmekden, elektron senagaty çalt depginlerde ösdürmekden ybaratdyr. Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde dünýäniň ähli döwletlerinde hereket edýän sanly ykdysadyýete geçilmegi bilen bagly netijeli işlere badalga berýär. Sebäbi innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi ýurdumyzda ýokary depginli ösüşiň gazanylmagyna ýol açýar.
Halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, beýleki ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim ulgamynda bu kämil ugruň ähmiýeti örän uludyr. Sebäbi, sanly ulgamdan netijeli peýdalanylmagy biz, talyplara bilim berlip, hünär öwredilmegini hil taýdan täze derejelere çykarmaga bähbitli şertleri döredýär. Kompýuter we telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň kömegi bilen bilim bermekde goşmaça hyzmatlaryň ýola goýulmagyna amatly mümkinçilikler peýda bolýar. Mekdebimizde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna berilýän üns barha ýokarlanyp, bu möhüm meselede giň möçberli işleriň bady artýar.
Aşyrmyrat AMANMYRADOW.
S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Ätiýaçlandyryş ulgamyndaky özgertmeler
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan oýlanyşykly durmuş--ykdysady syýasatyň netijesinde amala aşyrylýan köptaraplaýyn özgertmeleriň oňyn netijeleri aýdyň görünýär. Ätiýaçlandyrylýanlaryň şahsy, emläk we raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmegini has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda hukuk binýady kämilleşdirilýär, hereket edýän ätiýaçlandyryş görnüşleri döwrebaplaşdyrylýar. Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy töwekgelçiligiň dürli görnüşinden ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşyp, kämil gurama öwrülmek bilen hyzmatlaryň görnüşlerini barha giňeldýär we ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşýar.
Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy raýatlara we ýuridiki şahslara hökmany ätiýaçlandyryşyň 6 görnüşini, meýletin ätiýaçlandyryşyň 47 görnüşini hödürleýär. Ätiýaçlandyryş guramasynyň görnüşlerinden ätiýaçlandyryp, şertnama baglaşýan fiziki we ýuridiki şahslar dürli töwekgelçiliklerden, ýüze çykyp biljek dürli hadysalardan goraglydyrlar.Ýolöten etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda ätiýaçlandyryş ulgamynda ýokary netijeler gazanyp, raýatlara ätiýaçlandyryşyň görnüşlerini hödürläp, baglaşylýan şertnamalaryň ýüze çykyp biljek dürli hadysalardan gorap, olaryň bähbidine tarap hereket etmegi ugrunda netijeli işler geçirýär.
Ýazmyrat GAÝYPOW.
Ýolöten etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.
Ösüşiň kämil ugry
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ykdysady syýasaty Garaşsyz, Türkmenistanymyzyň milli ykdysadyýetiniň belent sepgitlere ýetmegine itergi berýär. Halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynyň tehnologiki we tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakda degerli işler durmuşa geçirilýär. Bu meselede sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi oňyn täsirini ýetirýär. Sebäbi, täze ulgam çylşyrymly önümçilik kuwwatlyklaryny dolandyrmakda, beýleki ulgamlary çalt depginlerde ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar. 2019-njy ýylyň başynda Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu resminamada sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň we ösdürmegiň wezipeleri kesgitlenendir.
Şu Konsepsiýa laýyklykda, sanly bilim ulgamyny şu günüň talabyna laýyk ösdürmekde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze ulgamyň esasynda bilim bermek işini sanlylaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilýär. Ýene bir bellemeli zat bolsa, ýokary okuw mekdebimizde talyplara bilim bermek bilen bagly maglumatlaryň täzelenip hem-de täze maglumatlar bilen üstüniň ýetirilip durulmagy ýola goýuldy. Bilim bermekde sanly ulgama geçilmeginiň giň gerime eýe bolmagy bu wajyp wezipäniň oňyn çözgüdine giň ýol açýar.
Aziz JUMAKULYÝEW.
TDEI-niň talyby.