Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürip, sanly ykdysadyýeti kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiz üçin hil taýdan täze döwürdir. Bu babatda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Häzir sanly ulgama geçmek her bir pudak üçin zerur bolup, ol umumy ösüşiň esasy şertine öwrüldi.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen önümçilige innowasion işläp taýýarlamalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda düýpli ösüşleriň gazanylmagyna giň şertleri döredýär. Sanly ulgam hojalyk hem-de dolandyryş işlerini kämilleşdirmekde has ähmiýetli bolup, ykdysadyýetiň gülläp ösmegine, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Şeýlelikde, döwrüň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalarynyň durmuşymyza işjeň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, işewür hyzmatdaşlygyň gerimi has giňeýär. Muny biz durmuşymyzyň ähli ugurlaryna, şol sanda milli ykdysadyýetimize sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýan häzirki döwründe eýe bolunýan üstünlikleriň mysalynda görýäris. Döwlet durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň doly ornaşdyrylmagy, sanly ulgama geçilmegi bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty barha pugtalanyp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu bolsa döwrüň esasy talabydyr, biziň her birimiziň baş maksadymyzdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen ýurdumyzyň bilim ulgamy halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli gymmatlyklaryna, asylly ýörelgelerine esaslanyp, häzirki zaman dünýä ölçeglerine laýyklykda toplumlaýyn ösdürilýär. Professor-mugallymlaryň hünär derejesi barha kämilleşdirilýär, okatmagyň döwrebap, has netijeli usullary ornaşdyrylýar. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň dürli döwletleri hem-de esasy ylym-bilim merkezleri bilen ýurdumyzyň bilim edaralarynyň hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär.
Ýurdumyzyň ösüşleriniň we belent üstünlikleriniň berk binýady hem-de baş maksatlaryň ählisi diýen ýaly bilimiň we ylmyň ösüşi bilen baglanyşyklydyr. Aýratyn-da, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş goraglylygyny kämilleşdirmek, iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak we her bir raýatyň bähbidini göz öňünde tutup, bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady mümkinçiliklerini peýdalanmak, milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly pudaklaryň we durmuş hyzmaty ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegini gazanmak, milli hünärmenlerimize, dünýä tejribesine daýanyp, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek, senagat ulgamyny innowasion esasda ösdürmek, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlara aýratyn üns berilýär. Munuň özi bilim ulgamynyň döwrebaplygy, ylmyň, innowasiýalaryň, sanly tehnologiýalaryň durmuşa ornaşdyrylmagy bilen pugta baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu maksatlar halkymyzyň abadan durmuşynyň, röwşen geljeginiň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Uniwersitetimiziň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryň orny» atly ylmy-barlag iş ýerine ýetirilýär. Onuň maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde halkymyza, Watanymyza, hormatly Prezidentimize wepaly, watansöýüji, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýeti kemala getirmekden hem-de ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzyň milli aýratynlygyny ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Häzirki döwürde «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýaş nesliň terbiýeçilik işinde wajyp wezipeleri ýerine ýetirmek maksatlaryndan ugur alýar. Milli mirasymyzy ýurduň häzirki zaman ösüşiniň wezipeleri bilen döredijilikli utgaşdyryp aýdyň wezipeleri durmuşa geçirip, şeýle hem medeni mirasymyzy öwrenip, olardan ýerlikli peýdalanmak ýaş nesil barada alnyp barylýan döwlet maksatnamasynyň esasydyr.
Aýlar MERETDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.