Döwrebap tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde tutanýerli işler durmuşa geçirilýär. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanylýar.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýet giňden ornaşdyrylýar. Şu mynasybetli halk hojalygynda innowasion taslamalar talabalaýyk durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag we kommunikasiýa hyzmatlar ulgamy, agrosenagat pudagy, orta we kiçi telekeçilik ýaly ugurlarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanylýar. Oba hojalyk pudagynda bu babatda işler güýçli depginde alnyp barylýar. Ýer bilen iş salyşýan kärendeçilerimiz kuwwatly tehnikalar — pagta ýygyjy maşynlar, bugdaý orujy kombaýnlar bilen ýeňillikli şertlerde üpjün edilýär. Bu tehnikalara ýörite sanly ulgamyň kömegi bilen kompýuterler ornaşdyrylandyr. Munuň özi ýere erk edýän mehanizatorlara köp babatda ýeňillikleri döredýär. Wagty tygşytlamaga, alynýan hasylyň mukdarynyň artmagyna köp ýardam edýär.

Diýarymyzda ýokary depgin bilen ornaşdyrylýan sanly ulgamyň halk hojalygynda peýdasy ummasyzdyr. Häzirki wagtda döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň işe girizilmegi amala aşyrylýan ýeňilleşmegine hem-de çaltlaşmagyna ýardam berýär.

Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýet we sanly ulgam internet ulgamy bilen baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda internet hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň sany günsaýyn artýar. Ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň täze görnüşleriniň ähmiýetine aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan, aragatnaşyk pudagyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiziň

baştutanlygynda ýurdumyzda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Döwletimizde sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi ähli pudaklaryň we döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň tehnologiýa taýdan kämilleşmegine ýardam berýär. Goý, hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Amanbibi HALMYRADOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň öwreniji-mugallymy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46962