«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyz Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen uly ösüşlere beslenip, ajaýyp üstünlikler gazanyldy. Şeýle ajaýyp üstünlikleriň hatarynda ykdysady ösüşleri, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşy aýratyn bellärliklidir.
Häzirki döwürde iş orunlaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň dürli görnüşleriniň giňden ornaşdyrylmagy, gündelik durmuşymyzda bolsa internet mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy netijesinde ilat üçin döredilýän oňaýlyklar elektron maglumatlar ulgamynyň ýaşaýşyň ähli taraplaryna öz täsirini ýetirýändigini görkezýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen düşündirmek bolar. Sanly gurşaw diňe bir ykdysadyýetiň täze hile geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň, jemgyýetçilik aňynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär.
Sanly ykdysadyýet adamyň, ilatyň ýaşaýşy üçin zerur bolan harytlary we hyzmatlary öndürýän toplumdyr. Başgaça aýdylanda, sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary tarapyndan üpjün edilýän ykdysady işjeňligiň we hünär aragatnaşyklarynyň bütindünýä ulgamydyr. Oňa gysgaça sanly tehnologiýalara esaslanýan ykdysadyýet diýlip hem düşünilýär. Ykdysadyýetiň bu görnüşini belli bir derejede ozaldan hereket edýän ykdysadyýet hökmünde hem kabul edip bolar. Ol täze maglumatlary, tehnologiýalary we önümleri döretmegi hem-de olardan peýdalanmagy, telekommunikasiýa hyzmatlaryny, elektron işewürligi, elektron söwdany, elektron bazarlaryny, uzak aralykdan hyzmatlary ýerine ýetirmegi, şeýle hem beýleki düzüjileri öz içine alýar.
Sanly ykdysadyýet tizlik, amatlylyk, tygşytlylyk düşünjeleri bilen berk baglanyşyklydyr. Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde döwletiň orny iki maksada gönükdirilýär. Birinjisi, täze ýagdaýlara uýgunlaşdyrylýan kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegidir. Ikinji maksady bolsa, önümçiligiň sanly ýörelgelerine eýerip, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar we kompaniýalar üçin amatly şertleriň döredilmegidir.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribe sanly gurşawyň döredilmegi bilen, milli ösüşde birnäçe artykmaçlyklaryň gazanylýandygyny görkezýär. Şunda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen, içerki önümiň artýandygy bellenilýär. Mundan başga-da, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy ilatyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmek üçin wajyp bolan möhüm meseläniň çözülmegine, ýagny ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň gowulanmagyna hem ýardam berýär. Sebäbi sanly hyzmatlara ykdysadyýetiň we jemgyýetiň islegleriniň barha artmagy telekeçiligiň ösmegi üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Görnüşi ýaly, sanly ykdysadyýet ýurduň ösüş depgininiň çaltlanmagyna we sanly tehnologiýalary ulanmagyň hasabyna ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna, şeýle-de, milli ykdysadyýetiň düýbünden tapawutlanýan täze hile geçmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda ilata hödürlenýän dürli görnüşli hyzmatlaryň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, durmuş ulgamynyň dürli pudaklaryna sanly innowasiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler oňyn netije berýär. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşiniň has-da döwrebapdygyny aýdyň beýan edýär.
Intizar KULLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.