Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we sanlylaşdyrmak babatda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu ugurda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, anyk wezipeleri we maksatlary nazarlaýan konseptual resminamalaryň kabul edilmegi ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berýär. Munuň şeýledigine häzirki wagtda ýurdumyzyň jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hataryna girýändigi hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Türkmenistan häzirki günde ykdysady taýdan durnukly we bedew batly ösýän döwlet hökmünde tanalýar. Milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we sanlylaşdyrylmagy uly ösüş görkezijilerini gazanmaga ýardam edýär. Hususan-da, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amal edilýän özgertmeler halk hojalygynyň kuwwatynyň has-da artmagyna itergi berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» esasynda üstünlikli durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetimiziň innowasion üpjünçiligi barha ýokarlandyrylýar. Munuň özi halk hojalygynyň işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň esasynda dolandyrylmagyna, önümçilik kuwwatlyklarymyzyň artyp, eksport mümkinçiliklerimiziň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.
Sanly ulgam — gülläp ösüşleriň binýady. Hakykatdan-da, sanly ulgamyň ösdürilmegi ýurtda ähli babatlarda ýokary sepgitlere ýetmäge ýardam berýär. Bu önümçilik oba hojalyk, ulag we aragatnaşyk, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we beýleki ugurlaryň ösüşlerinde hem äşgär duýulýar. Şu jähetden, milli Liderimiziň öňdengörüjilikli baştutanlygynda sanly ulgamy ösdürmegiň berk binýadyny goýan Türkmenistan, Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, dünýäniň ortaça ösen ýurtlaryndan ýokary girdejili döwletleriň hataryna çykdy.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek täzeçe many-mazmuna eýe bolup, onuň kanunçylyk binýady has-da berkidilýär. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Karary esasynda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy doly güwä geçýär. Döwlet maksatnamasy sanly ulgamy ösdürmegiň ähli ugurlaryny we bu babatda täze anyk wezipeleri öz içine alýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşlerini gazanmaga mümkinçilik berjek sanly ulgamyň ösdürilýändigini subut edýär.
Jemal ALLAŞUKUROWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.