Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysadyýetini has-da ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalar esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle beýik işler jemgyýetimiziň geljekki ösüşleriniň möhüm ugurlaryny kesgitlemekde, şol esasda hem ykdysady ulgamlarda üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeleriň maksadalaýyk durmuşa geçirilmeginde ygtybarly orun eýeleýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, soňky döwürlerde «Sanly ykdysadyýet» adalgasy ykdysadyýetçiler tarapyndan ýygy-ýygydan giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Onuň hem esasy sebäbini dünýäniň örän köp ýurtlarynyň ylmy-tehniki ösüşini, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete giňişleýin ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanandygy bilen düşündirip bolar.
Eziz Diýarymyzyň ykdysadyýetini ösdürmekde oňa sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak bilen bir hatarda, milli ykdysadyýetimizi kuwwatlandyrmak, önümçilik we hyzmatlar ulgamyna ylmy we innowasion täzelikleri giňden ornaşdyrmak wezipeleri boýunça maksatnamalaýyn işler toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ýokary öndürijiligi üpjün etmäge we uzakmöhletleýin ykdysady ösüşi gazanmaga badalga berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň ähli ugurlarda ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, döwlet dolandyryş edaralarynyň işiniň netijeliliginiň gazanylmagyna, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen, düýpli ylma daýanýan giň möçberli işler barha rowaçlanýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» milli ykdysadyýete sanly ulgamlary ornaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iň täze gazananlaryna esaslanýan kuwwatly ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek ýaly il-halk bähbitli maksatlara gönükdirilen strategik resminamadyr. Mälim bolşy ýaly, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde ýurdumyzyň baş maksady ony hukuk taýdan düzgünleşdirmäge, hukuk goraglylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
Şoňa baglylykda sanly ykdysadyýetiň kadalaşdyryjy hukuk üpjünçiliginiň kämilligi üçin bu gurşawyň aýratynlyklaryny hem-de özboluşlylygyny göz öňünde tutmak möhüm bolup durýar.
Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýetiň mümkinçiliklerinden barha köp peýdalanylýar, bu ugurdaky bilimler yzygiderli artdyrylýar. Ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň halkyň bähbidine, ýurdumyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini aýratyn bellemegimiz gerek. Sanly ykdysadyýetiň möhüm ugurlary üstünlikli ýerine ýetirilýär.
Halkymyza bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag bolsun, il-ýurt bähbitli, halkara ähmiýetli beýik işleri mundan beýläk hem has-da rowaçlansyn!
Ogulbeg HANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.