Sanly ykdysadyýetiň işjeň ösüşi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna geçirmek, onuň ösüşini innowasion ugurlar boýunça üpjün etmek üçin ähli şertler döredilýär. Hususan-da, ýurdumyzda şertnama-hukuk gatnaşyklaryny kämilleşdirmek, ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we onuň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, döwlet bilen hususy pudaklaryň hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak ýaly möhüm özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu özgertmeleriň netijesinde ykdysadyýetiň innowasion ösüşi, şeýle hem onuň hukuk kepilliklerini kämilleşdirmek üçin amatly ýagdaýlar döreýär, olar bolsa öz gezeginde, ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagynyň gös-göni sebäpleridir. Şol nukdaýnazardan ugur alyp, döwlet Baştutanymyz ileri tutulýan sanly ykdysadyýete geçmek wezipesi babatynda şeýle belleýär: «Bu ýerde esasy faktorlar ýokary tehnologiýalary, esasy we amaly gözlegleriň netijelerini ulanmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan, jemgyýetiň intellektual potensialyndan has doly peýdalanmak, intensiw ösmek we ykdysadyýeti hil taýdan täze derejä çykarmak üçin öňdebaryjy ylmy gazanylanlary ornaşdyrmak bolup durýar».

Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, milli Liderimiziň ykdysadyýetiň sanly ulgamyny ösdürmek boýunça başlangyjy raýatlaryň ýaşaýyş derejesini yzygiderli gowulandyrmak, bilim jemgyýetini, onuň maglumat giňişligini kemala getirmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak bilen öndürilen önümleriň we hyzmatlaryň elýeterliligini we hilini ýokarlandyrmak, durmuş we ykdysady çygyrlary dolandyrmagyň ulgamlaryny kämilleşdirmek üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilendir. Dünýä tejribesine laýyklykda, sanly ulgamyň ösdürilmegi ýurduň ykdysadyýetini täze ösüş derejesine çykarmaga we ony düýbünden täze hile öwürmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelik bilen, milli ykdysadyýeti yzygiderli sanlylaşdyrmak meseleleriniň durmuşa geçirilmegi, ýurduň tutuş çägini gurşap alýan maglumat-ykdysady giňişliginiň kemala gelmegine doly derejede ýardam edýär.

Şu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ýurdumyzda elektron senagatyny ýola goýmak, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň ugurlaryny ösdürmek, şeýle hem döwletimizi sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy ýurtlaryň derejesine ýetirmek maksady bilen, 2018-nji ýylyň 30-njy noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary kabul edildi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň işjeň ösüşi äşgär görünýär, üstesine-de, ýakyn wagtda ol innowasion taslamalaryň hereketlendirijisi bolmaly, milli önüm öndürijileriň önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygynyň ösmegine ýardam bermeli. Bu ýagdaý täze tehnologik mümkinçilikleriň döwlet we täjirçilik hyzmatlaryny aşa elýeterli etmegi, harytlary we önümleri mahabatlandyrmak üçin çykdajylaryň azalmagyny üpjün etmegi, tölegleri tölemegiň wagtyny tygşytlamagy, dürli gurluş üýtgemelerini nazara almak bilen, kanunçylyk goruny we hukuk (şertnama) gurluşlaryny üýtgedip gurmagy we girdejileriň alternatiw çeşmelerini açmagy bilen baglanyşyklydyr.

Alym Arkadagymyzyň ylmy taýdan esaslandyrylan syýasatynyň netijesinde ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna halkara standartlaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şol sanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyny giňden ýola goýmak, elektron resminamalar dolanyşygyny we elektron senagatyny kämilleşdirmek, şäherleriň hem-de obalaryň sanly tehnologiýalaryň üpjün ediliş derejesinde bolan aratapawudyny aradan aýyrmak ýaly wezipeler amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete geçmek boýunça wezipeler maglumat-aragatnaşyk üpjünçilik ulgamynyň, şol sanda Internet hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyndan, şeýle hem adamyň intellektual ukyplarynyň doly derejede ulanylmagyndan we zerur bolan beýleki şertleriň ýerine ýetirilmeginden ybaratdyr.

Eýsem, sanly ykdysadyýet näme?

Umuman aýdylanda, sanly ykdysadyýet innowasion tehnologiýalaryň esasynda gurnalan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, şol wagtyň özünde harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykaryp, ykdysady netijeliligiň we ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet harytlaryň we pul serişdeleriniň dolanyşygynyň tizligi, harytlaryň we hyzmatlaryň ýokary hili we olara laýyk gelýän sarp edijiler üçin döredilýän amatlyklaryň derejesi bilen adaty ykdysadyýetden tapawutlanýar.

Ýurdumyzda uzak we orta möhletleýin ykdysady ösüşiň gazanylmagyny üpjün edýän sanly ykdysadyýet innowasion ulgamlaryň ornaşdyrylmagyny, onuň hasabyna jemgyýetçilik hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlanmagyny, şeýle hem täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň netijesinde ilatyň durmuş hal-ýagdaýynyň özgerdilmegini we Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegini talap edýär. Sanly ykdysadyýete düýpgöter geçmek üçin intellektual tehnologiýalar ulgamyny ösdürmek, şeýle hem degişli ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ýaly meseleler möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Mundan başga-da, bu işi amala aşyrmak üçin ykdysadyýetiň döwlet we hususy pudaklarynyň wekillerini, ýuridiki we fiziki taraplary, maglumat tehnologiýasynyň hünärmenlerini we başga-da, jemgyýetiň beýleki agzalaryny tapmak zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň bilen birlikde, sanly ykdysadyýet çygrynda maglumatyň we innowasion tehnologiýalaryň goragynyň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär. Sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek maglumatlaryň kiber goragynyň üpjün edilmegini hem talap edýär. Goragyň şu görnüşine düzüm birlikleriň ählisi degişlidir. Öz gezeginde, ol maliýe we söwda ulgamlarynyň ösüşiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen faktor hökmünde çykyş edýär. Mundan başga-da, sanly ykdysadyýetde ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna gös-göni täsir edýän dolandyryş işiniň, kanunçylygyň şertnamalaýyn gatnaşyklarynyň kämilleşdirilmegi, şeýle hem ýokary tehnologiýalaryň bäsdeşlige ukyply taslamalaryň hödür edilmegi öz oňyn netijesini berýär. Has takygy, sanly ykdysadyýetiň pudaklarynda önümçiligiň ähli görnüşleri awtomatlaşdyrylýar, pudaklaýyn edara-kärhanalaryň öňünde goýlan wezipeler bolsa merkezleşdirilen dolandyryş, şeýle hem şertnamalaýyn ýörelgeler arkaly amala aşyrylýar. Emma, sanly ykdysadyýetiň artykmaçlyklary diňe şonuň bilen çäklendirilmeýär. Täze ykdysady we innowasion şertlerde önümçiligiň hiliniň we ykdysady işiň subýektleriniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, tehnologik pudaklarda döwrebap iş orunlarynyň döredilmegi ýaly mümkinçilikler hem emele gelýär.

Häzirki wagtda öňdebaryjy ýurtlaryň tejribesinde hökümet tarapyndan ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak meselelerine işeňňirlik bilen çemeleşilýär, hususan-da, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy, şeýle hem döwlet hyzmatlarynyň elektron görnüşleriniň hereket edip başlamagy ýaly özgertmeler yzygiderli amala aşyrylýar. Dünýä ykdysady ulgamynda sanly özgertmelere sezewar bolmaýan pudaklaryň sany barha azalýar, sebäbi olar döwrüň talaplaryna laýyk gelip bilmeýär, şonuň netijesinde bolsa pudak özüniň bäsleşige ukyplylygyny ýitirýär. Sanly ykdysadyýete geçmek meselesinde, ilki bilen, döwlet dolandyryş edaralaryna we bank ulgamlaryna innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny gazanmaly, soňra şol tehnologiýalaryň degişli ykdysadyýetiň pudaklarynda we jemgyýetde ýüze çykýan gaýry zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin peýdalanylmagynyň aýdyň netijeleri ykdysadyýete umumylykda oňaýly täsirini ýetirýär. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, sanly ykdysadyýete geçmek üçin döwletiň öňünde çözülmeli iki möhüm wezipe goýlandyr. Olaryň birinjisi, täze ykdysady şertlere laýyk gelýän, şeýle-de ykdysady işe ähli gatnaşyjylaryň hukuk goraglylygyny, şol sanda kiber goragyny üpjün edýän kämil kanunçylyk binýady döretmekden ybarat. Ikinjiden, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrýan kärhanalar üçin amatly şertleriň döredilmegi zerur bolup durýar. Olaryň ikisi hem önümçiligiň sanly ýörelgä eýermegine, şeýle-de, ykdysadyýetiň pudaklarynda innowasion ösüşi gazanmaga niýetlenendir.

Ykdysadyýetiň sanly ulgamy jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ykdysady we durmuş hadysalardan düzülen ulgam bolmak bilen, şol bir wagtda Internet torundan peýdalanmaga giň mümkinçilikleri bolan täze görnüşli ykdysady nusgany emele getirýär. Sanly ykdysadyýet şertlerinde zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň pese düşmegi, harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagy şonuň ýaly-da, beýleki peýdaly aýratynlyklar ýüze çykýar. Ykdysadyýetde innowasion özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin üpjünçilik ulgamynyň döwrebaplygyna, elektron dolanyşygynyň ýola goýulmagyna we elektron söwdasynyň amala aşyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Ykdysadyýetiň innowasion pudaklarynyň emele gelmegi bolsa sanly ykdysadyýetde bolup geçýän prosesleriň kanunalaýyk dowamaty hökmünde çykyş edýär. Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet jemgyýeti we döwleti düzýän ähli elementleriň bütinleýin yzygiderli sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde emele gelýär, sanly ykdysadyýetiň ösüşi bolsa onuň subýektleriniň özara amala aşyrylýan sanly şertnamalaýyn gatnaşyklaryny ýola goýmak işiniň gurnalmagy bilen bagly bolup durýar. Şu işde berk kanunçylyk binýadynyň döredilmegi ilkinji mesele bolup çykyş edýär.

Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edildi. Ol resminama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny elýeterli etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy hem-de sanly ulgamy ösdürmegiň maksatlaryny we esasy ugurlaryny, şeýle hem ýerine ýetirilmeli esasy wezipelerini özünde jemledi.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ugry boýunça ýene-de birnäçe Maksatnamalar we Konsepsiýalar kabul edilip,üstünlikli durmuşa geçirilýär. Olardan «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin milli Maksatnamasyny», «Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlaryny öndürýän kärhanalary döretmegiň döwlet Maksatnamasyny» bellemek ýerliklidir.

Şeýlelikde, bazar gatnaşyklarynyň kämilleşmegi şertnamalaryň döwrebap görnüşleriniň ýüze çykmagyna oňyn şert döredýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň hususy bölümlerini ösdürmekde, ilatyň durmuş wezipelerini çözmekde, şertnamalaýyn gatnaşyklaryň aýdyňlygyny ýokarlandyrmakda netijeli gural bolup durýar.

Zamira BABANAZAROWA,

Lebap welaýat kazyýetiniň kazynyň kömekçisi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48664