Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Ýurdumyzda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagy sanly ykdysadyýete tapgyrlaýyn geçmek üçin şertleri döredýär. Bu bolsa ykdysady ösüşiň netijeliligini üpjün edýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak ugrunda berýän tabşyryklaryny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzda möhüm işler alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli amala aşyrylýar. Bu resminama ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Resminama kabul edilmezinden ozal Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça zerur işler ýerine ýetirildi. Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, 2010-njy ýylda döwletiň hökümet aragatnaşygyna sanly ulgam ornaşdyryldy, wideoaragatnaşyk we elektron resminama dolanyşygy ýola goýuldy. «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki kanunlar kabul edildi. Hökümet agzalarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etraplaryň häkimleriniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda onlaýn tertibinde wideomaslahatlary geçirmäge mümkinçilik berýän ulgam ornaşdyryldy. Ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak, bu pudagyň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron we ylmy ulgamy özleşdirmek, ýokary tehnologiýalaryň hem-de kiçi we orta telekeçiligiň mümkinçiliklerini çekmek arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär. Häkimlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň önümçilik işini awtomatlaşdyrmak, hasaba almak we hasabyny ýöretmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri ýeňilleşdirmek, şeýle hem raýatlar üçin amatlyklary döretmek we elektron hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň www.e.gov.tm bir bitewi döwlet saýty döredildi. Bu portal raýatlar hem-de işewürlik üçin elektron görnüşinde döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge «Bir penjire» diýen awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy hökmünde hödürlendi. Bu portalyň ähli mümkinçiliklerini doly herekete girizmek üçin saýtyň görkezilen bölümindäki hyzmatlary ýerine ýetirýänleriň işjeňligi zerur bolup durýar.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karary kabul etdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerine, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara, guramalara hem-de bilimi bolmadyk, telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahslara, hususy telekeçilere elektron resminama dolanyşygy ulgamyny, web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, şeýle hem olaryň işe girizilmegini we yzygiderli döwrebaplaşdyrylyp durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy. Munuň özi, hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, ähli ugurlarda elektron ulgama geçilmegi kagyz görnüşindäki resminamalar dolanyşygyny ep-esli azaltmaga, maglumatlaryň geçişiniň we olary alyşmagyň tizligini ýokarlandyrmaga, ahyrky netijede bolsa, çözgütleri kabul etmek üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaltmaga, şeýle hem işdäki bökdençlikleri aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Milli Liderimiziň ýurdumyzy ösdürmeklige gönükdiren bu asylly başlangyjy esasynda iň bir gymmatly hazynany — wagty tygşytlamaga mümkinçilik döredilýär. Işde bolsa netijelilik, takyklyk, ygtybarlylyk gazanylar. Döwlet Baştutanymyz elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de web-saýtlary durmuşa ornaşdyrmak işine hem uly üns berýär. Saýtlaryň ýygy-ýygydan täzelenip durulmagy bolsa onuň hil taýdan ösüşiniň kepilidir, sebäbi ol peýdalanyjylar üçin bähbitli maglumatlaryň yzygiderli akymynyň döredilmeginiň hasabyna elektron neşiriň meşhurlygyny üpjün edýär.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, milli Liderimiziň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň neşirlerini elektron görnüşe geçirmek boýunça tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, bu işi guramagyň degişli tertibi taýýarlanyldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanlylaşdyrmak içerki maglumat bazarynda bäsdeşligi artdyrar we olaryň dünýä media bazaryna çykmagyna şert döreder. Şeýlelikde, Türkmenistan sanly ykdysadyýete geçmek meselesine taýýarlykly geldi. Kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi, zerur düzümiň, IT-kompaniýalaryny ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, işgärler bilen üpjünçilik we başga-da birnäçe şertler milli Liderimiziň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň Konsepsiýasynda anyk beýan edilen maksatlaryň ýerine ýetirilmegini tizleşdirer.
Şeýle ajaýyp zamanada il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriň durmuşa geçirilmeginde bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Jangeldi IŞANKULYÝEW,
žurnalist.