«Owerdraft» bank hyzmaty

«Owerdraft» karzy — söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklar geçirilende bank kartynyň galyndysy azalyp, töleg geçirmek üçin pul serişdeleriniň ýetmedik ýagdaýynda, müşderä bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletli karz serişdesi bolup durýar. Adaty karzlardan tapawutlylykda, bu karz dikeldilýän bolup durýar, ýagny müşderi bir gezek banka şeýle hyzmaty açmak üçin arza berenden soň, şertnamada görkezilen möhletiň dowamynda karzdan, banka barmazdan, zerurlygyna görä, awtomatik usulda alyp we yzyna gaýtaryp bilýär.

Şeýlelikde, «Owerdraft» karzy müşderiniň bank kart hasabynyň galyndysy azalan halatynda, ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylan töleg terminallaryndan nagt däl görnüşinde töleg geçirilende bank tarapyndan awtomatik usulda berilýän gysga möhletleýin karz serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Müşderiniň «Altyn asyr» bank kart hasabyna zähmet haky geçirilenden soňra, onuň «Owerdraft» karzynyň esasy bergisi we hasaplanýan göterimleri awtomatik usulda tölenýär.

Bu hyzmat häzirki wagtda giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Hyzmata laýyklykda, gündelik sarp edilýän harytlar satyn alnanda raýatlaryň maliýe mümkinçiliklerini giňeltmek üçin, müşderileriň ýüztutmasyna laýyklykda, karzyň möçberi soňky 6 aýdaky ortaça zähmet hakynyň esasynda hasaplanylýar we onuň möçberiniň 50 göterimden ýokary bolmadyk çägindäki gysga möhletli karzlar resmileşdirilýär.

Bu ýagdaý müşderileriň alan karzyny wagtynda yzyna gaýtaryp berjekdigi barada bankyň öňündäki kepilligini aňladýar. Şu düzgünlere laýyk gelýän müşderilere karz resmileşdirilenden soň, bir aýyň dowamynda artykmaç harçlanan esasy bergi we şol boýunça hasaplanan göterimler aýlyk zähmet hakynyň hasabyndan bank tarapyndan awtomatik usulda hasaplanylyp alynýar. Müşderiler bank kartyna «Owerdraft» karz hyzmatyny Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň edara binasynda ýa-da onuň şahamçalarynda birikdirip bilerler. Bu işi amala aşyrmak üçin hyzmatdan peýdalanmak isleýän raýatyň pasporty we onuň nusgasy, girdejileri barada kepilnama, zähmet depderçesiniň göçürmesi, arza we «Owerdraft» boýunça aýlyk zähmet hakyndan tutup almaga razylygy talap edilýär.

Bankymyz tarapyndan ornaşdyrylan «Owerdraft» bank karz hyzmaty ýurdumyzdaky maliýe täzeçillikleriniň nobatdakylarynyň biridir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek, raýatlara hödürlenilýän sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmak maksady bilen, bankymyz tarapyndan ýokarda agzalan bank karzyny «Owerdraft» karzy atly bank kartynyň üsti bilen ýerine ýetirmek boýunça mümkinçilik döredildi.

Gülnäz JUMAMYRADOWA,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň welaýat şahamçasynyň hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25890