Hormatly Prezidentimiziň ählihalk tarapyndan döwlet Baştutanlygyna saýlanan ilkinji günlerinden milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek bilen pudaklara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işleri durmuşa geçirip başlady. Gahryman Arkadagymyz: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýip bellemek bilen, türkmen ylmyny ösdürmäge, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge uly üns berdi. Şu maksat bilen, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi, «Türkmenistanda ylmy barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň 2017 — 2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» durmuşa geçirilýär. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ylmy edaralary, ministrlikler hem-de pudak edaralary bilen ylmy işleri utgaşykly alyp barmak maksady bilen Türkmenistanda ylmy barlaglaryň netijeliligini üpjün etmek boýunça pudagara topary döredildi. Munuň özi agzalan ugurlardaky işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine itergi berýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi hem ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetini ösdürmäge, milli önümlerimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, adam maýasyny we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň tehnologiýa we ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam edýär. Bu merkezde ylmy önümi işläp taýýarlamak, ylmy-barlag işlerini geçirmek, dürli pudaklara ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça barlaglary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikler açylýar.
Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň birinji tapgyrynda kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli amal edilendigini bellemek bolar. Mysal hökmünde, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, maglumat-tehnologiki ösüşden oňat baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk instituty ýatyrylyp, onuň binýadynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty döredildi. Şeýle hem, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Pudagara topar döredildi.
Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän konsepsiýanyň çäklerinde ýurdumyzda telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmek hem meýilleşdirilýär. Bu işleri durmuşa geçirmekde ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça daşary ýurt döwletleri bilen hökümetara toparlar döredilip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeňleşdirilýär. Durnukly ösüşiň ählumumy Gün tertibinde kesgitlenen Durnukly ösüş maksatlarynyň ählisinde hem sanly ulgamlar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary esasy orun eýeleýär.
Dünýä ösüşiniň hazynasyna uly goşant goşan şöhratly ata-babalarymyzyň örän baý medeni mirasyna daýanmak we milli gymmatlyklarymyzy saklap galmak bilen, dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki ylmyň hem tehnikanyň ýokary depginde ösmegini üpjün etmegiň möhüm şertleriniň biri-de ýokary hünärli, ähli taraplaýyn bilimli hünärmenleriň ýeterlik derejede bolmagydyr. Şunuň bilen baglylykda, innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary we tejribäni ugur edinýän bilim-ylym ulgamyny kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we ony ösüşiň dünýä derejesine çykarmak möhüm wezipedir. Munuň özi jemgyýetiň intellektual mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagyny, IT hünärmenleriniň taýýarlanmagyny talap edýär.
Milli ykdysadyýetimize sanly ulgamlaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi bilen ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we innowasion häsiýete eýe bolmagyny güýçlendirmäge, IT ugurly hünärmenleriň taýýarlanmagyna we täze iş orunlarynyň döredilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna, maglumat ulgamlarynyň kämilleşdirilmegine, uzak möhletleýin durnukly ösüşiň gazanylmagyna we jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň paýynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam eder. Şeýlelikde, ýurdumyzyň çalt depginde ösmegine, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna ajaýyp mümkinçilikler we täze şertler dörär, ýurdumyzyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüşi üpjün ediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýagty ertiriniň hatyrasyna amala aşyrýan işleriniň dabaralanmasydyr.
Araphan ERNIÝAZOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň bölüm müdiri.