Sanly ykdysadyýet — döwrebaplygyň nusgasy

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiziň ykdysady ösüşiň binýady hökmünde innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy, sanly ulgamyň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary bolsa, ýurdumyzyň ösüşiň täze belentliklerine çykmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Häzirki zaman şertlerinde dünýäniň ähli döwletlerinde, esasan-da, ykdysady taýdan ösen we ösýän ýurtlarda «sanly ykdysadyýet» diýlen düşünjä aýratyn uly ähmiýet berilýär. Bu düşünje ykdysady we durmuş çäreleriniň ählumumy ulgamy bolmak bilen, internetiň mümkinçiliklerine daýanýan ykdysady nusgany aňladýar. Bu nusgada zähmet öndürijiliginiň artmagy, önümçilik harajatlarynyň peselmegi, bäsleşige ukyplylygyň ýokarlanmagy ýaly mümkinçilikler döreýär. Sarp edijileriň islegleriniň has çalt we ýokary derejede kanagatlandyrylmagy sanly ykdysadyýetiň esasy maksatlarynyň biridir. Sanly ulgamyň üstünlikli hereket etmegi üçin bolsa, internetiň elýeterliligi, programma üpjünçiligi, telearagatnaşyk, elektron işewürligi, hojalyk işini kompýuterleriň üsti bilen sanly görnüşde dolandyrmak we elektron söwda hyzmatlarynyň internet arkaly ýerlenilmegi üstünlikli berjaý edilmelidir.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde netijeli işleriň amala aşyrylýandygyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ony durmuşa geçirmek bilen bagly işler häzirki wagtda maksatnamalaýyn esasda yzygiderli alnyp barylýar. Bu ugurda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary bilen üpjünçiligini berkitmek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ulgamyny kämilleşdirmek ýaly wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklary bilen bir hatarda, döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda hem sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagynyň hem-de ösdürilmeginiň örän uly ähmiýeti bardyr. Çünki döwlet we hususy eýeçilik ulgamynda sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy degişli edara-kärhanalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrýar, hyzmatlaryň hilini gowulandyrýar we täze mümkinçilikleri döredýär. Bulardan başga-da, sanly ykdysadyýete geçmeklik önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda harajatlary peseltmäge, tutuş dünýäde bolup geçýän ykdysady üýtgeşmelere çalt uýgunlaşmaga we çeýeligi ýokarlandyrmaga ýardam edýär.

Bu günki günde dünýäniň halklarynyň aglaba bölegi halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalardan we internet ulgamynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanýar. Şunuň bilen baglylykda, sanly ykdysadyýet bäsleşige ukyplylyga we ykdysady ösüşe wajyp itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Bu ugruň ýurdumyzda hem giňden ornaşdyrylmagynyň, Diýarymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmeginiň hatyrasyna belent maksatly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

Aýna KAKYŞOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27450