Ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ornaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başlangyjy esasynda işlenip düzülen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen wezipeler bellärliklidir.
Sanly ykdysadyýete geçmegiň şertlerinde döwletiň wezipesi esasy üç ugra gönükdirilýär. Olaryň ilkinjisi kämil kanunçylyk ulgamyny döretmek, ikinjisi innowasiýa tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, üçünjisi häzirki zamanyň döwrebap sanly tehnologiýalaryndan, innowasiýalaryndan baş çykarýan kämil hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar.
Şu ýerde «sanly hökümet» we «sanly döwlet» düşünjeleri barada gysgaça belläp geçsek, ýerlikli bolar. Çünki döwlet ýörite taýýarlanylan sanly portallar arkaly hyzmatlaryň dürli görnüşini raýatlara we adamlara hödürlemek bilen baglanyşykly işleriň guramaçylygyny ýokary derejede alyp barýan tarap hökmünde çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda, sanly gurşawdaky hyzmatlaryň dürli görnüşiniň bir ýerde jemlenen köpugurly «Bir penjire» ulgamynyň maglumatlary toplaýyş, işleýiş we goraýyş milli maglumat merkezini döretmek we bu ulgamyň işini döwrebap ýola goýmak möhüm wezipe bolup durýar.
«Sanly döwlet» diýen düşünje döwlet bilen raýatyň arasyndaky hukuk gatnaşyklary bilen bagly hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny aňladýar. «Sanly hökümet» düşünjesi bolsa elektron resminamalar ulgamyny öz içine alyp, ähli edara-kärhanalarda resmi hat alşyklary elektron gurşawda amala aşyrmagy nazarlaýar.
Döredilýän mümkinçilikleriň çäginde elektron döwlet hyzmatlaryndan doly peýdalanmak üçin her bir raýat öz şahsy otagyna hasaba alynmak arkaly girip bilýär. Resmi hasaba alnan ulanyjy döwlet hyzmatlarynyň resmi internet-portaly arkaly internet, ýerli we ykjam aragatnaşyk, IP-telewideniýe, demir ýol ýa-da howa petekleri hem-de beýleki hyzmatlar üçin öz bank kartynyň degişli maglumatlaryny girizmek bilen, tölegleri töläp bilýär.
Ýeri gelende aýtsak, «Hyzmatlar» penjiresinde hyzmat ediş ugurlary anyk görkezilip, olaryň iş ugry ýerlikli aýdyňlaşdyrylandyr. Olar, ine, şular: maglumat, aragatnaşyk we reklama; bilim we medeniýet; saglyk; pasport, registrasiýa, wiza; ulag we sürüjilik; pensiýa, kömek puly we tutumlar; maşgala we çagalar; salgytlar we maýalar; iş we işlilik; medeniýet, boş wagt, sport; telekeçilik; jemagat hojalygy birleşigi; döwlet saýtlary. Getirilýän maglumatlardan we döredilýän mümkinçiliklerden ugur alsak, raýatlara sanly ulgam arkaly ençeme ýeňillikler döredilýär. Olaryň tygşytlan wagtdyr beýleki serişdelerini başga ugurlara gönükdirmäge ýol açylýar. Häzirki wagtda bu ugurlar boýunça eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, her bir edara-kärhana ýerine ýetirýän hyzmatlary barada maglumatlary ýerleşdirmek işini üstünlikli dowam etdirýär. Munuň özi halk üçin ýerine ýetirilýän dürli görnüşli döwlet hyzmatlarynyň sanly gurşawda bir web-portalynyň üsti bilen amala aşyrylmagyna we hyzmatlaryň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý adam bilen bagly töwekgelçilik ýagdaýlaryny gutarnykly aradan aýyrmaga ýardam berýär. Şu ýerde sanly ulgam bilen bagly elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdirişini hem bellemek gerek. Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Elektron resminamalar ulanylýan çygyrda döwlet düzgünleşdiriş işi bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge; elektron resminamalary peýdalanyjylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini üpjün etmäge; elektron resminamalary döretmegiň, işläp taýýarlamagyň, saklamagyň, bermegiň we kabul etmegiň tehnologiýasyny hukuk taýdan üpjün etmäge; elektron resminamalary peýdalanmak bilen ygtybarly we howpsuz töleg ulgamyny döretmäge hem ösdürmäge; maglumatlar döredilende, işlenilip taýýarlanylanda, saklanylanda, berlende we kabul edilende olaryň howpsuzlygyny hem-de goralyşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda «Elektron hökümeti» döretmegiň we elektron hyzmatlary amala aşyrmagyň gerimi barha giňeýär. Dürli pudaklary ösdürmegiň maksatnamalarynda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we awtomatlaşdyrylan dolandyryş ulgamlaryny ulanmaga gönükdirilen çäreleri geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.
«Elektron hökümet» adalgasy hökümet edaralarynyň ähmiýetini kesgitlemek üçin maglumat jemgyýetinde emele gelen häzirki zaman çemeleşmesiniň gysgaça beýany bolup durýar. Bu adalga döwlet dolandyryşyny guramagyň we ösdürmegiň täze usulyny, raýatlar bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýmagy, işiň anyk peýdaly netijelerini ýüze çykarmagy, wagty tygşytlamagy we döwlet edaralarynyň jogapkärçiligini aňladýar. Bu usul döwlet wezipelerini ýerine ýetirmek üçin täze maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny maksatly we utgaşdyrylan görnüşde ulanmaga esaslanýar.
Döwlet Baştutanymyz sanlylaşdyrmagy milli ykdysadyýetiň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitleýär. Sanly ykdysadyýet maglumat tehnologiýalaryna daýanýan ykdysady iş bolup durýar. Tehnologiýa taýdan ösen ýurtlaryň tejribesiniň görkezişi ýaly, sanly ykdysadyýet olara öňe ilerlemäge we dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna goşulmaga mümkinçilik berdi. Bu babatda ýurdumyzyň kanunçylyk esaslarynyň hem yzygiderli berkidilýändigi bellärliklidir. Şeýlelikde, «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen, Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanandygyny-da bellemek gerek.
Häzirki döwürde döwlet edaralarynyň hem-de kärhanalarynyň bir ýere jemlenen saýtlary her ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edarasynyň sanly ykdysadyýete geçmeginiň derejesini anyk görkezýär. Aragatnaşyk hyzmatlary (öýjükli telefon, IP-TV, internet) awtomobil we demir ýol ulaglary, jemagat hyzmatlary, birnäçe bank işleri boýunça tölegleri onlaýn usulda amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Döredilen portalyň ähli gurallaryny doly herekete girizmek üçin saýtyň görkezilen bölümindäki hyzmatlary ýerine ýetirýänleriň işjeňligi zerur bolup durýar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty tarapyndan «Sanly çözgüt — IT-meýdança» hojalyk jemgyýeti esaslandyryldy. «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda» Karar kabul edildi. «Türkmenaragatnaşyk» agentligi «Elektron hökümet» ulgamyny peýdalanyjylaryň identifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamy hakynda Düzgünnamanyň», «Elektron hökümet» ulgamynyň fiziki we ýuridik şahslaryň maglumatlar binýadyny (ID) emele getirmegiň we ýöretmegiň tertibi hakynda Düzgünnamanyň», «Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň Düzgünnamasynyň» taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýar. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde IT-meýdançalary döretmek göz öňünde tutulýar. Olar häzirki zaman serwer we beýleki enjamlar bilen üpjün ediler.
Getirilen maglumatlardan görnüşi ýaly, sanly ulgamyň mümkinçilikleri yzygiderli artýar. Bu bolsa türkmenistanlylaryň halkara maglumat ulgamyna tiz we netijeli aralaşmagyna şert döredip, ep-esli derejede wagt hem-de serişde tygşytlamaga ýardam berýär.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/26352