Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bu günki gün milli ykdysadyýetimizi ösdürmek babatynda ähli ugurlarda düýpli bazar özgertmeleri durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýetde ýokary depginli ösüşler gazanylyp, sebit we ählumumy derejelerdäki iri, halkara ähmiýetli, il-ýurt bähbitli kärhanalar we desgalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Ykdysadyýetimizde senagatlaşma-innowasion özgertmeler has çalt depginlerde alnyp barylýar. Ulgamlary toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, maliýe we durmuş durnuklylygyny üpjün etmek işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň kuwwatyny düýpli berkitmek netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň durnukly ösüşini gazanmakda dünýä nusgalyk beýik işler, asyrlara barabar ösüşler gazanylýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ähli pudaklary sanly ulgama geçirmäge, maliýe-ykdysady netijeliligi ýokarlandyrmaga, pudaklarda we kärhanalarda hasaba alnyş we hasabatlylyk ulgamlaryny kämilleşdirmäge, salgyt-býujet we pul-karz işjeňligini döwrebap derejelerde ýola goýmaga, ätiýaçlandyryş işini ösdürmäge, maliýe bazarlaryny döretmäge we bu ugurlarda bar bolan dünýä tejribesini öwrenmäge, ösüşiň geljekki sepgitleriniň sanly tehnologiýalaryň netijeli peýdalanylmagyna baglydygyny nazara alyp, sanlylaşdyrmak işlerine uly üns berýärler. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar hem-de täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen kesgitlenilýär.
Milli ykdysadyýeti has-da ösdürmek üçin sanly ulgamyň mümkinçilikleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, häzirki döwürde uly ösüşlere eýe bolýan sanly ulgam biziň durmuşymyzda hem möhüm orun eýeleýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugry bolsa hünärmenleriň kämilligi bolup durýar. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ylym-bilimli, kämil hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Netijede ýaş hünärmenlerimiz ösen tehnologiýalardan, kompýuterlerden oňat peýdalanyp bilýärler. Esasan, taýýarlanýan ýaş hünärmenler bu ugruň ylmy nukdaýnazaryna oňat düşünýärler. Bu bolsa sanly ykdysadyýeti ösdürmekdäki alnyp barylýan işiň ylmy taýdan esaslandyrylýandygyny aýdyň beýan edýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär, diýmek, biz ylmyň iň täze gazananlary bilen aýakdaş gitmelidiris» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzda sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ulgamlarynyň ösdürilmeginiň Konsepsiýalary we Maksatnamalary halk hojalyk toplumyny ösdürmek işinde uly ähmiýete eýe bolup durýar, ylma esaslanýan ykdysady taglymatlara daýanyp, geljekki döwürde-de ýokary ykdysady netijeliligi üpjün edýän bazar özgertmelerini geçirmek babatdaky işler yzygiderli dowam etdiriler.
Goý, Berkarar Diýarymyzy dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, ösen döwletleriniň hataryna çykarýan hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri üstünliklere beslensin!
Mekan ATAÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.