Sanly ulgam — ösüşleriň özeni

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli amala aşyrylmagy ýurdumyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde, maýa goýumlarynyň işjeň hereket etmeginde, bank hyzmatlarynyň ähli görnüşlerinde has-da öňdebaryjy usullaryň ýola goýulmagynda möhüm ähmiýete eýedir. Konsepsiýanyň esasynda sanly ykdysadyýetiň durmuşa ornaşdyrylmagy durmuş hajatlary üçin töleg serişdeleriniň ähli görnüşlerini we beýleki hyzmatlaryň raýatlar üçin has elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Häzirki wagtda döwrüň talaplaryna laýyklykda ýurduň kuwwaty ylmyň we bilimiň ösüşi bilen şertlendirilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şonuň bilen bir hatarda, biziň döwletimizde hem milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, sanly ulgamyň mümkinçiliklerini artdyrmak babatynda işler güýçli depginlerde alnyp barylýar.

Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň sentýabr aýynda üstünlikli geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Häzirki wagtda biz ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça kabul eden maksatnamalarymyza aýratyn üns bermelidiris. Sebäbi, bu diňe bir döwrüň talaby däl-de, eýsem, häzirki zaman dünýäsine giň ýol hem açýar» diýip belledi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi we kämilleşdirilişi günsaýyn belent sepgitlere ýetýär.

Eziz Diýarymyzda aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilip, elektron hasaplaşyk görnüşindäki internet arkaly dürli söwda nokatlarynda söwda etmek, demir ýol we howa gatnawlary üçin petekleri satmak we satyn almak has-da kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bank ulgamy arkaly berilýän karzlaryň we şol karzdaky ýeňillikleriň raýatlar üçin amatly bolan dürli görnüşleri ýola goýulýar. Muňa mysal hökmünde «Internet-bank» we «Mobil-bank» bank hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bu hyzmatlaryň üsti bilen bank kartlaryny saklaýjy müşderiler günüň islendik wagtynda we islendik ýerde bank kart hasabynyň hereketini görmek, bank karty ýitirilen ýagdaýda hereketini togtatmak, IP telewideniýe, AŞTU töleglerini geçirmek hem-de ýurdumyzda howa, awto we demir ýol ýolagçy gatnawlary üçin elektron peteklerini onlaýn satyn almaklyga mümkinçilikler döredildi. Şeýle hem, banklaryň «Altyn asyr» bank kartlaryny saklaýjylara «Owerdraft» bank kartlarynyň üsti bilen amatly karz serişdeleri hödürlenilýär. Ýagny, kart hasabynda pul serişdeleri ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda zähmet hakynyň bellenilen çäklerinde karz serişdelerini bermeklik ýola goýuldy.

Goý, halkymyza dünýäniň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanyp, bolelin, asuda, parahat durmuşda ýaşamaga, okamaga, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Alymuhammet ÇERKEZOW,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Büzmeýin» şahamçasynyň Karzlaşdyryş we hasabat bölüminiň baş hünärmeni.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/27653