Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde 2022-nji ýylyň 28-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 9-njy Forumyna sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşyldy. Bu forum 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli öz işini dowam eder.
Agzalan duşuşuga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we we daşky gurşawy goramak ministrliginiň we ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri hem öz edara binalarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.
Bu Forumyň esasy maksady 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibi we Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça alnyp barylýan işler barada hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Durnukly ösüş boýunça sebitleýin edilen işleri, bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakdan, tejribeler alyşmakdan hem-de «COVID-19» pandemiýasynyň ýaramaz tasirleri we durnukly ýaşaýyşyň «COVID-19» pandemiýasyndan soňra dikeldiş meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup durýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) alyp baryjysy öz tarapyndan dabarany açyp giriş sözi bilen çykyş etdi. Şeýle hem bu maslahatyň maksady we wezipeleri barada giňişleýin durup geçdi, soňra gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri öz çykyşlary bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammetgeldi Serdarow Forumda çykyş etdi. Ýurdumyzda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ornaşdyrylmagy boýunça uly ähmiýetli işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyp geçdi. Şeýle hem ol häzirki wagtda global pandemiýanyň ýaýramagy sebäpli emele gelen ýagdaý bilen baglanyşykly dünýäde ykdysady çökgünligiň bolup geçýändigi barada belläp geçdi.Bulardan başga-da global pandemiýanyň ýüze çykan pursatyndan başlap, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan pandemiýanyň ykdysadyýetiň önümçilik sektorlaryna degişli täsirini ýeňilleşdirmek, iş ýerlerini saklap galmak we döwletimiziň raýatlaryny goramak boýunça işjeň çäreleriň görülendigi barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda aýtdy. Şu ýylyň başynda ýurdumyzy geljek otuz ýylda ählitaraplaýyn ösdürmek boýunça syýasatynyň esasy ugurlaryny öz içine alýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 - 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilendigi barada belläp geçdi. Bu maksatnamada Birleşen Milletler Guramasy (BMG) tarapyndan işlenip taýýarlanan Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça giňden beýan edilen.
Şeýlelikde, Forumyň dowamynda Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini amala aşyrmak boýunça ileri tutulýan ugurlary barada goşmaça teklipleri bilen we gatnaşyjy ýurtlar öz ileri tutulýan durnukly usulyýetleri bilen we arzalary bilen çykyş etdiler.
Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aziýanyň we Ýuwaş Umman sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) Sekretariatynyň Durnukly Ösüş boýunça 9-njy Aziýa we Ýuwaş Umman Forumyna gatnaşan wekilleriň arasynda Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirilmegiň netijeli mehanizmi we onuň wajyp ähmiýeti boýunça sorag-jogap alyşyldy.
Soňra degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň we guramaçylaryň arasynda Forum öz işini dowam etdi we bu forumyň geljekde berjek netijeleri barada özara pikir alyşyldy we gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirilip, işlerinde üstünlik arzuw edildi.
Forumyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde ýurdumyzyň dolandyryş işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak boýunça okuw çäreleriniň 2022-nji ýyldaky tapgyryna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşligi yglan edýär
Söhbetdeşligiň geçirilýän wagty 2022-nji ýylyň 30-njy maýyndan 3-nji iýuny aralygynda. Okuwa diňleýjiler söhbetdeşlik esasynda kabul edilýär.
Türkmen hem-de german telekeçileriň arasynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen meýilnamalary taýýarlan dalaşgärlere 2022-nji ýylyň dowamynda wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek (dünýäde dörän ýagdaý zerarly girizilen çäklendirmeler aýrylan ýagdaýynda) mümkinçiligi döredilýär. Dalaşgärler nemes, iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.
Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 2022-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.
Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:
- Ýokary bilimli bolmaly.
-
Telekeçi ýuridiki şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat ş. we welaýatlar).
-
Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.
Ähli soraglar boýunça aşakdaky telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz: (99312) 39 43 55, (99312) 39 45 72.
2022_Fit_for_Partnership_with_Germany_ТМ_ru В2.docx
Final Application Form 2022 01 RU.pdf
Подтверждение участия в Программе в условиях COVID-19.pdf
FAQ on Covid-19 Collective agreements, ru -2022.pdf
2_Kooperationsprojekt_ru_2019.docx
01 Положение о защите персональных данных MP BMWi_RU_030820.pdf
Garyndaşlar hakynda maglumat.docx
Milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmekde döwlet eýeçiligindäki kärhanalary hususylaşdyrmak işine möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistan boýunça 2010-njy ýyldan 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli döwlet eýeçiligindäki hususylaşdyrylan kärhanalaryň (desgalaryň) sany 627 bolup, munuň 95-si 2021-nji ýyla degişlidir.
Aslynda, ykdysadyýetde döwletiň paýyny azaltmak we hususy ulgamy goldamak bazar gatnaşyklary ýörelgelerine geçmekde esasy şertleriň biridir. Türkmenistanda hususyýetçilik giň gerimde, toplumlaýyn we yzygiderli esasda ösdürilýär. Ýurdumyzda hereket edýän «Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakyndaky» Kanunda, «Türkmenistanda döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmagyň 2013 — 2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararda, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmak boýunça beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ozal dünýä tejribesinde ulanylan netijeli ýörelgeler giňden özleşdirildi. Şu ýerde orta we kiçi telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigi aýratyn bellärliklidir. Hususyýetçilere dürli maksatly desgalary gurmak, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin uzak möhletleýin ýer bölekleri bölünip berilýär. Türkmen telekeçileriniň dünýä bazarlaryna çykmagy, halkara bazar giňişliginde mynasyp orun eýelemegi üçin hem ähli şertler döredilýär. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy döredilip, işewürlere öz paýnamalaryny Aşgabat gazna biržasynda satmaga-da hukuk berildi. Bularyň ählisi senagatçylar we telekeçiler üçin giň mümkinçilikleri açdy. Telekeçilerimiziň önümleri diňe bir özümizde däl, dürli ýurtlaryň bazarlarynda-da «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgy bilen meşhurlyk gazanýar. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirmek, işewür hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak maksady bilen daşary ýurtlarda türkmen telekeçileriniň wekilhanalary, söwda, modalar we hyzmatdaşlyk öýleri açyldy.
Oba ýerlerinde iri möçberli maldarçylyk we guşçulyk toplumlary döredildi. Olaryň aglabasynda çykarylýan önümler özüniň ýokary hili bilen daşary ýurtlardan getirilýän haryt nusgalaryna doly bäs gelip, daşarky bazarlarda-da bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar.
Milli haryt öndürijileriň işjeňliginiň günsaýyn ýokarlanmagy «Türkmenistanda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak boýunça Döwlet maksatnamasynda» we «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynda» bellenilen möhüm wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna saldamly goşant bolýar.
Häzirki döwürde döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmak boýunça işleriň depginini has-da güýçlendirmek, bäsleşikli söwdalaryň hilini ýokarlandyrmak, ahyrky netijede, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, kadalaşdyryjy hukuk resminamalaryny has-da kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Şunda baş maksat ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak bolup durýar.
Tirkeşmyrat KÜRRÄÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.
Garaşsyz ösüşiň 30 ýylynyň dowamynda, ylaýta-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyz ýokary ykdysady ösüşleri gazanyp, bu ugurda dünýä giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän ornuny pugta berkitdi. Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täzeçil başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini has-da giňden döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly, ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi. Ykdysadyýetiň çig mala gönükdirilmegini doly ýeňip geçmek, bazar özgertmelerini ösdürmek, tebigy baýlyklardan rejeli we netijeli peýdalanmak, adamyň durmuşy, saglygy, howpsuzlygy üçin has amatly şertleri döretmek babatda alnyp barylýan şol özgertmeleriň esasy maksady «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgede öz mynasyp beýanyny tapdy.
Şeýle köpugurly işlerde ykdysady syýasatyň maýa goýum babatyndaky esasy maksady milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmakdan we diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr. Çünki ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň önümçilik we durmuş maksatly ugurlaryna gönükdirilýän maýa goýumlary Türkmenistanyň önümçilik binýadyny düýpgöter özgerdýär, şeýle-de, ähli pudaklarda täze desgalaryň, durmuş-medeni maksatly binalaryň uly toplumlarynyň emele gelmegine şert döredýär. Bu bolsa öz gezeginde, döwletiň baş maksadyna — halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär. Şeýle bolansoň, döwlet maksatnamalarynyňdyr iri taslamalaryň yzygiderli we üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde halkymyzyň girdejileriniň ýokarlanmagyna, iş orunlarynyň täze tapgyrlarynyň döredilmegine, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegine täze mümkinçilikler döreýär.
Hormatly Prezidentimiziň döwletiň maýa goýum syýasatynyň möhüm ugurlary Türkmenistanyň bar bolan ägirt uly tebigy serişdeleri, şeýle hem ýurdumyzyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we üstaşyr mümkinçilikleri babatda dünýä bazarlarynda bar bolan bäsdeşlik artykmaçlyklaryna esaslanýar. Şunda ýurdumyzyň sebitiň we yklymyň wajyp ulag-logistik ulgamyna öwrülmegi, gazylyp alynýan çig mal ýataklaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek we ýerli çig mal serişdelerinden ýokary, goşmaça binýady bolan taýýar önümleri öndürmek milli ykdysadyýetiň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar.
Milli Liderimiziň tagallasy bilen hususy telekeçilere berilýän ählitaraplaýyn goldaw soňky ýyllarda hususyýetçiligiň ýaýbaňlanmagyna, bäsdeşlige ukyply telekeçileriňdir senagatçylaryň barha köpelmegine, raýatlaryň telekeçilik başlangyçlarynyň höweslendirilmegine şert döretdi. Netijede, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, onuň agzalarynyň hem-de beýleki hususyýetçileriň alyp barýan işleriniň gerimi esli giňedi. Daşarky we içerki ýagdaýlary deňeşdirmek, serişde binýadyny nazara almak bilen uzak möhletleýin, esasda tehniki we tehnologik ösüşiň has netijeli ýoluny saýlap almak, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, birnäçe pudaklarda we kärhanalarda täzeçil strategiýany emele getirýär. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, täze önümçilik kuwwatlyklaryna maýalaryň goýulmagy halk hojalygynyň durmuş ulgamynyň hem ähli pudaklarynyň ösüş maksatnamalaryna itergi bermäge, ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, şol sanda hususyýetçileri goldamaga mümkinçilik berýär diýip belleýär. Munuň özi, diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň girdejisiniň artmagynyň möhüm çeşmesi bolup durýan islegli harytlaryň hasabyna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykdysady strategiýa türkmen ykdysadyýetiniň mundan beýläk ösüşiniň tehnologik özgertmeleriň, innowasion ykdysadyýetiň geljegi bilen baglydygyny görkezýär. Munuň üçin döwlet tarapyndan alnyp barylýan maýa goýum syýasatynyň milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün edýän uzak möhletleýin maksatlardan we wezipelerden ugur almagy möhüm şertleriň biri bolup, şunda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň möçberleriniň artmagyna mümkinçilik berýän diwersifikasiýa, senagatlaşdyrmak, sanlylaşdyrmak syýasatyna giň orun berlen ýagdaýynda netijeli bolýar. Bu şertleriň kabul edilen maýa goýum maksatnamasynda göz öňünde tutulmagy bolsa ony taýýarlamak işine oýlanyşykly çemeleşilendiginden, netijede, garaşylýan netijeleriň hakykat ýüzünde özüniň ornuny tapjakdygyndan nyşan. Başgaça aýdylanda, jemi içerki önümiň artmagy maýa goýum syýasatynyň ýokary netijeliliginiň esasy görkezijisi bolmak bilen, şol sanda ol importy çalyşýan we eksporta gönükdirilen önümleriň möçberiniň artmagynda özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Häzirki wagtda dünýäde emele gelen ýönekeý bolmadyk şertlerde ýurdumyzda ykdysady ösüşi çaltlandyrmagyň ygtybarly ýoly hasaplanýan maýa goýumlary işjeňleşdirmek boýunça kabul edilen maksatnama munuň şeýledigini aňry ýany bilen subut edýär.
Ykdysady nukdaýnazardan teswirlenende, ýurtda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti ösüşiň täze hil derejesine çykarmaga mümkinçilik berýän ugurlaryň biridir. Has takygy, maýa goýumlar önümçiligiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagyna, milli ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna uly itergi berýär. Aslynda, ýurtda işe girizilýän önümçilik kuwwatlyklarynyň sany näçe köp boldugyça, importy çalyşýan, eksporta gönükdirilen, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi şonça-da artýar. Bu, bir tarapdan, ykdysadyýetiň ösüşe ukyplylygyny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, ol milli ykdysady strategiýada ileri tutulýan ugurlaryň dogry kesgitlenendigine şaýatlyk edýär.
Şeýlelikde, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan syýasy we ykdysady strategiýa diňe ykdysady taýdan gurply döwletiň gurmaga, döretmäge ukyplydygyny, adamy döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edilen ýurtda bagtyýar durmuşyň höküm sürýändigini iş ýüzünde tassyklaýar.
Saparly SAPARLYÝEW,
Mary welaýatynyň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň bölümçe başlygy.
«John Deere» kompaniýasynyň maliýe bölümi bolmak bilen Deere Credit Inc. hususy daýhanlar we telekeçiler üçin önümleriň maliýeleşdirilmegine ýardam etmek üçin karzlaşdyrmagyň aýratyn şertleri boýunça umumy bahasy 200 million amerikan dollaryna barabar teklipleri bermek göz öňünde tutulýar.
ýedinji mejlisiň netijesi boýunça Teswirnama gol çekildi.