Döwlet — hususyýetçilik hyzmatdaşlygy: ykdysady ösüşiň çelgileri

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy ösdürmek boýunça alyp barýan giň gerimli durnukly strategiýasynyň binýatlyk ugry iň täze tehnologiýalara we innowasiýalara daýanyp, döwrebap diwersifikasiýalaşan häzirki zaman ykdysady gurluşy döretmekden ybarat bolup durýar. Şunda ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ileri tutulýan ugry hökmünde uzak möhletiň dowamynda depginli durnukly öňe gidişi, ilatyň maddy-hal ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmagy üpjün edýän, önümçilik serişdeleriniň, gurallarynyň üznüksiz kämilleşmegini, döwrebaplaşdyrylmagyny, ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny we howpsuzlygyny ýokarlandyrýan milli ykdysadyýetiň nusgasyny döretmek zerurlygy ýüze çykýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek barada berýän goldaw-hemaýatlarynyň, bimöçber ýardamlarynyň netijesinde ýurdumyzda telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahsy taraplaryň sany günsaýyn artýar.

Mysal üçin, 2010-njy ýylyň iň soňky günündäki we 2021-nji ýylyň aýagyndaky Türkmenistan boýunça hereket edýän salgyt hasabynda duran şahsy taraplaryň sanyny deňeşdirip görenimizde, olaryň sany bu döwürde 54463-den 63732-ä ýetdi.

Ýurduň Esasy Kanunynda: «Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirýär we goldaýar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ýardam edýär» diýlip bellenilen. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň strategik wezipelerini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi döredildi. Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hukuk, guramaçylyk, emläk, maliýe, maglumat ýaly görnüşlerde döwlet derejesinde hem-de welaýat, Aşgabat şäheri derejelerinde ýola goýuldy. Döwlet häkimiýet dolandyrylyşynyň guramalary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary kiçi we orta telekeçiligi goldamak, ykdysadyýetiň hususy bölegini kadaly ösdürmek babatynda arabaglanyşykly işleri ýola goýýarlar.

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça işler yzygiderli, maksatnamalaýyn esasda alnyp barylýar. «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi, ýörite maksatnama işlenip düzüldi, amala aşyryldy. Milli, maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň aglabasynda ykdysadyýetiň hususy böleginde görkezijileriň geljekki ösüşi öz beýanyny tapdy.

Şundan ugur alyp, ýurdumyzda hususy eýeçiligiň we telekeçiligiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Munuň netijesinde ilatyň düzüminde emläk eýeleriniň ösen gatlagy döreýär we kuwwatlanýar, olar ýurduň öndüriji güýçleriniň ösüşine saldamly goşant goşýarlar. Amala aşyrylýan maksatnamalarda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine uly ähmiýet berilýär, döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygy sözüň doly manysynda alnyp barylýar. Bu bolsa senagatçylar we telekeçiler gatlagynyň günsaýyn artmagyna getirýär. Bu ugur «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» esasy ýörelgesi hökmünde kabul edilen.

Hususy bölegiň ösmegini göz öňünde tutýan maksatnamalarda ýaşaýyş-durmuş binalarynyň, desgalarynyň gurluşyklarynyň döwlet sargydy esasynda bäsleşik şertlerinde ýerine ýetirilmegi, kiçi we orta telekeçiligi maliýeleşdirmegiň ýörite maksatnamalarynyň amal edilmegi, kiçi we orta telekeçilik üçin hünärmenleri taýýarlamak, hünäri ýokarlandyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem eksport kuwwatlylygy artdyrmak, importyň ornuny tutýan önümçilikleri döretmek ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk örän wajyp ähmiýete eýe boldy.

Şeýlelikde, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň ýeterlik derejede kämil ulgamy hereket edýär: döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, esasan, hojalygy alyp barmagyň strategik wezipelerini çözýärler, ýerli ýerine ýetiriş häkimiýet edaralary, öz-özüni dolandyryş edaralary olaryň işiniň esasy anyk ugurlaryny kesgitleýärler.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň hususy eýeçiliginde köp sanly hojalyk birlikleri (ýuridik şahslar) lomaý we bölek-satuw söwdasynda, awtomobilleridir, motosiklleri abatlamakda, oba hojalygynda, tokaý hojalygynda, balyk tutmakda; gurluşykda, işläp bejerýän önümçiliklerde, hünärmenlikde, ylmy we tehniki işlerde, ençeme beýleki ugurlarda has giň gerimlerde döredilýär.

Umuman, hususy işewürligiň, şol sanda-da kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi birnäçe maksatlar esasynda alnyp baryldy. Olaryň hatarynda häzirki wagtda bar bolan sarp ediş harytlarynyň importyny ýerli önümler bilen çalyşmak, azyk bazarlarynyň haryt bolçulygyny üpjün etmek, ýerli gurluşyk materiallary senagatyny ösdürmek ýaly ugurlary görkezmek bolar. Käbir ýagdaýlarda kiçi we orta telekeçilik öz önümlerimizi goňşy döwletlerde ýerlemek üçin hem döredildi. Türkmenistanyň şertlerinde hususy bölekde hususy kärhanalary döretmek ilatyň, ilkinji nobatda-da, ýaşlaryň we zenan maşgalalaryň iş üpjünçiligine düýpli täsirini ýetirdi. Munuň mysaly hökmünde Mary welaýatynda soňky ýyllarda döredilen «Eşretli Bagtyýar Zaman» hususy kärhanasyny we «Üç nesle dowamat» hojalyk jemgyýetini görkezmek bolar. Bu agzalan kärhanalarda täze döredilen iş orunlarynda tehniki taýdan ösen döwletleriň enjamlary we tikin maşynlary oturdyldy. Şular ýaly mysallar ýüzlerçedir. Munuň özi ilatyň iş bilen üpjünçiliginde wajyp ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzda hususy eýeçiligi we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmegiň ýene bir wajyp ugry innowasiýa önümçiliklerini döretmek bilen baglanyşyklydyr. «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýetiniň alyp barýan işleri bu ugurdaky işlere anyk mysaldyr. Bu hojalyk jemgyýeti ýurdumyzda täze döreýän pudagyň — elektron senagatynyň önümlerini öndürmäge ýöriteleşdirilendir.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň agrosenagat toplumynda et we et önümlerini, süýt we süýt önümlerini, gök önümleri, bakja önümlerini, miweleri, ir-iýmişleri ter görnüşde-de, gaýtadan işlenip konserwirlenen görnüşde-de öndürmek, ýerlemek babatynda giň gerimli işler alnyp barylýar.

Aslynda, bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde diňe önümleri öndürmek bilen çäklenmän, eýsem, olary amatly ýerlemek hem wajyp ähmiýete eýe bolýar. Bu bolsa öz gezeginde, içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän önümlere bolan islegi içgin öwrenmegi talap edýär. Dünýä tejribesinde bu ugurda döwrebap maglumat tehnologiýalary, ýagny sanly ykdysadyýet ornaşdyrylýar. Şu jähetden, döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň biri bolup sanly ulgama çalt depginler bilen geçmek wezipesi çykyş edýär. Şunuň bilen baglylykda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» bellenen çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmegi uly ösüşlere getirer.

Parahat MERETLIÝEW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň baş hünärmeni.