Habarlar
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 2-nji awgustynda Türkmenistanyň milli ulgamyna özara baha bermek çäresini geçirmek maksady bilen, Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrlmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparynyň bilermen baha-berijiler toparynyň Türkmenistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary Sergeý Teterukowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Agzalan duşuşyga Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen bilelikde ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugynyň başlygy Döwran Halbaýew, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirligini başlygy Galina Romanowa, ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň Halkara bölüminiň başlygy Maksat Kutlymyradow, Halkara bölüminiň baş hünärmeni Nurmämmet Seýitliýew dagylar  gatnaşdylar.

Duşuşygyň başynda ministr Muhammetgeldi Serdarow myhmana ýurdumyza iş sapary bilen gelenine minnetdarlygyny bildirip, ministrligimiz tarapyndan milli ulgamy kämilleşdirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Hususanda ministr Muhammetgledi Serdarow Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi  tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylan 2015-2017-nji ýyllar boýunça we 2018-2020-nji ýyllar boýunça Töwekgelçililere baha bermek çäreleri barada gürrüň berdi.Ol bu çäreleriň netijesinde ýurdumyzda bar bolan töwekgelçilikleri ýüze çykarmak, olary peseltmek boýunça Hereketleriň meýilnamasynyň taýýarlanandygy barada, şeýle hem bu çäräniň ýurdumyzda  pudagara hyzmatdaşlygy berkitmäge, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmaga we olar tarapyndan Pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çärelerini işläp taýýarlaýan toparyň (FATF) maslahatlaryny has içgin düşünmäge we ygtybarly peýdalanmaga ýardam berdi diýip belledi. 

      «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy alnyp barylýan bu işiň, milli ulgamymyzyň esasy ugurlarynyň birine öwrülendigini belläsim gelýär» diýip ministr Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem ol Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek, bikanun ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygy maliýeleşdirmek töwekgelçiligine baha bermek, şol sanda täze tehnologiýalary we sanly usullary ulanmak bilen baglanyşykly toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny göz öňünde tutup, bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça tehniki ugurlar boýunça işleriň güýçlendirilendigini habar berdi.

Sözüniň dowamynda ministr Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistanda milli ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin kesgitlenen töwekgelçilikleri we howplary azaltmak üçin pudagara hereket meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň dowam etdirilýändigini belläp ministrligiň ähli tagallalarynyň Milli ulgamynyň netijeliligine we howpsuzlygyna gönükdirilendigini belledi.

        Şeýle-de ol Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň milli ulgamy kämilleşdirmek boýunça degişli pudaklarda syýasat meselelerini utgaşdyrylýandygy, ätiýaçlandyryş, audit, baha kesmek, gymmatly kagyzlar pudagyndaky işler söwda ýaly işleriň käbir görnüşlerine gözegçilik edilýändigi we ministrligiň işgärleriniň milli we halkara derejesinde bu ugurda işjeň iş alyp barýandyklary we umuman alanyňda, bar bolan howplaryň öňüni almaga çalyşýandyklary barada habar berdi.

     Mundan başga-da, ministr Muhammetgeldi Serdarow Hormatly Prezidentimiziň bu meseläni ileri tutýandygyny belläp, ýakynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň dördünji maslahatynda Hormatly Prezidentimiz tarapyndan bellenen sebitdäki howpsuzlyga abanýan 4 sany esasy howplar barada gürrüň berdi we Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýakyn wagtda Merkezi Aziýa sebitindäki Howpsuzlyk gün tertibiniň ähli ugurlary boýunça ýol kartasynyň işlenip düzüljekdigi barada habar berdi. 

Soňra duşuşygyň dowamynda Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary jenap Sergeý Teterukow çykyş edip agzalan özara baha beriş çäresini geçirmäge hem-de Türkmenistana bilermen baha-berijileriň gelmeklerine ýardam berendikleri üçin ministre minnetdarlygyny bildirdi we Ýawraziýa toparynyň başlygy jenap Çihançinyň salamyny we minnetdarlygyny bildirdi.

Jenap Sergeý Teterukow öz çykyşynda, Türkmenistan bilen, hususanda ministrligiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy bilen Ýewraziýa toparynyň arasyndaky dostlykly uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.   

Ol düýn ýagny 2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilen duşuşygyň netijesinde Özara baha beriş çäresine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň taýýardyklaryna göz ýetirendigini habar berdi we bu duşuşygyň netijesiniň oňaýly boljakdygyna ynam bildirýändigini habar berdi. 

Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary Sergeý Teterukow özara baha beriş çäresiniň netijesinde taýýarlanjak hasabatyň Ýewraziýa toparynyň agza döwletleriniň ählisiniň garamagyna iberiljekdigini we olar bilen ylalaşylan netijede taýýarlanjak hasabatyň ýurdyň bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça alyp barýan işiniň ýagdaýyny görkezjekdigini belläp geçdi. Şeýle hem bu hasabatyň ýurdyň daşary ýurt maýa goýumlaryna hem öz täsirini ýetirip biljekdigini beýan etdi.   

Bu ugurda Ýewraziýa toparynyň FATF-yň düzümindaki abraýynyň beýikdigini nazara alyp bu ugurda Türkmenistana ýardam bermäge taýýardyklary barada Ýewraziýa toparynyň Ýerine ýetiriji Sekretary  habar berdi.

Soňra duşuşygyň dowamynda ministrligiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň başlygy Galina Romanowa ýurdumyz tarapynda ýuridik taraplary bellige almak we daşary ýurt maýa goýumlar boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Soňra Galina Romanowa ýurdumyzda bu işleriň berk gözegçilikde saklanýandygyny belläp ýakyn wagtda bu işleri amala aşyrmaklygyň ministrligiň Salgyt müdirýetine geçirlendigini habar berdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek – birege minnetdarlyk bildirip bu çäräni üstünlikli geçirmek boýunça iki taraplaýyn tagallalary etjekdiklerini habar berdiler.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi. 

02.08.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

 2022-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy jenap Artur Andrysiak bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň başynda, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow myhmanlar bilen mähirli salamlaşdy we jenap Artur Andrysiaky täze wezipä bellenilenligi bilen gutlap, duşuşyga türkmen tarapyndan gatnaşýanlar bilen tanyşdyrdy. 

Ministr Muhammetgeldi Serdarow, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Strategiýanyň işlenip taýýarlanýadygyny belledi we bu strategiýanyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek üçin gowy mümkinçilik bolup durýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza hökmünde goşulyşmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we işgärleriň hünär derejesini kämilleşdirmekde Aziýanyň Ösüş Banky bilen hyzmatdaşlygyň oňaýly boljakdygyny belledi. Mundan başga-da, maýa goýum gurşawyny gowulandyrmak, telekeçiligi goldamak we maliýe-bank ugurlarda hyzmatdaşlygyň ähmiýetli boljakdygyny belledi.

Myhman, Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistan bilen 2000-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýändigini,ýurdumyzda wekilhananyň 2010-njy ýylda açylandygyny belledi. Bankyň ýurduň söwda, eksport bazarynyň diwersifikasiýasy, ulag-üstaşyr, energiýa pudaklarynda hyzmatdaşlyk edýändigini we sebitleýin gatnaşyklaryň güýçlenmegine ýardam berýändigini aýtdy. Bularyň biziň aramyzdaky hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň wajyp esasy bolup durýandygyny belledi. 

Şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Strategiýanyň işlenip taýýarlanýadygyny belledi we bu ugurda ministrligiň maslahatlarynyň möhümdigini belledi.

Mundan başga-da, hyzmatdaşlygyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» Institutynyň taslamalarynyň çäklerinde hem alnyp barylýandygyny belläp geçdi. CAREC maksatnamasynyň syýahatçylyk, oba hojalyk we ykdysady gatnaşyklar ýaly dürli ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy. Häzirki wagtda, bu maksatnamanyň çäklerinde transport we energetika pudaklarynda taslamalaryň üstünde işlenýändigini belledi. Şeýle hem, bu Maksatnamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyga açykdyklaryny belläp, türkmen tarapynyň gyzyklanma bildirýän ugurlarynda işleşmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Soňra, Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) synçy derejesini almagy bilen gutlady.Aziýanyň Ösüş Bankynyň Türkmenistanyň bu gurama agza bolmagy üçin 2019-njy ýyldan bäri goldaw berýändigini aýtdy. Şeýle hem, bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmek isleýändiklerini belledi.

Jenap Artur Andrysiak, ýurdumyzyň maksatnamalarynda ileri tutulýan ugurlary we Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki görkezmelerini ýakyndan öwrenýändiklerini belledi. Şeýle hem, bu ugurlarda işleşmäge we hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdy. 

Mundan başga-da, Jenap Artur Andrysiak Aziýanyň Ösüş Banky tarapyndan ýurdumyza ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, makroykdysady maýa goýumlary dolandyrmak we strukturalaýyn özgeriş ugurlary boýunça tehniki ýardam bermäge taýýardyklaryny aýtdy. 

Şeýle hem myhman, kiçi we orta telekeçiligi, hususan-da ýurdumyzyň eksportçylaryny goldamak maksady bilen taslamalaryň üstünde işlenýändigini belledi. 

Mundan başga-da, elektrik stansiýalaryny döwrebaplylaşdyrmak we netijeliligi ýokarlandyrmak boýunça taslamalaryň üstünde işlenýändigi barada aýtdy. 

Ministr Muhammetgeldi Serdarow, agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde degişli goldawlary bermäge, ýurdumyz bilen Aziýanyň Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny aýtdy.

Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, halkara maliýe guramalary we düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.

30.07.2022
Türkmenistanyň Kanuny

Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda 

                                                                   

 I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli: 

                                                                   

1. 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 3, 111-nji madda; 2018 ý., № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 42-nji madda): 

                                                                   

 4-nji we 5-nji maddalarda «2022-nji» diýen sany «2024-nji» diýen sana çalşyrmaly; 

                                                                   

 6-njy maddada «2023-2025-nji» diýen sanlary «2025-2027-nji» diýen sanlara çalşyrmaly; 

                                                                   

 7-nji maddanyň birinji tesiminde «2023-nji» diýen sany «2025-nji» diýen sana çalşyrmaly. 

                                                                   

2. 2014-nji ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanan Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda; 2017 ý., № 1, 34-nji madda, № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2021 ý., № 1, 25-nji madda) 68-nji maddasynyň ikinji bölegine şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

«Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hasaplaryna gelip gowşan daşary ýurt pulundaky serişdeleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilen möçberi Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyna geçirilip bilner.». 

                                                                   

3. 2000-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky «Kärhanalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 13-nji madda; 2009 ý., № 2, 33-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 2, 51-nji madda; 2013 ý., № 4, 82-nji madda; 2015 ý., № 1, 31-nji madda; 2016 ý., № 1, 71-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda; 2019 ý., № 2, 35-nji madda; 2020 ý., № 1, 13-nji madda; 2021 ý., № 1, 16-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda): 

                                                                   

 1) 15-nji maddada: 

                                                                   

birinji bölekde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 dördünji bölekde «eýesi» diýen sözi «saklaýjysy» diýen söze çalşyrmaly; 

                                                                   

 2) 17-nji maddada: 

                                                                   

 birinji bölekde: 

                                                                   

 üçünji tesimde «esaslandyryş resminamalary» diýen sözleri «kärhananyň Tertipnamasy» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 üçünji tesimden soň şu mazmunly tesimi goşmaly: 

                                                                   

 «kärhananyň esaslandyryş şertnamasy (şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji böleginde sanalyp geçilenlerden başgalar);»; 

                                                                   

 şu mazmunly bölegi goşmaly: 

                                                                   

«4. Kärhanany döwlet belligine almak üçin şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan resminamalardan başga goşmaça resminamalaryň talap edilmegine ýol berilmeýär.»; 

                                                                   

3) 19-njy maddada «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi» we «amala aşyrýar» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti hem-de onuň salgyt edaralary» we «amala aşyrýarlar» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

 4) 21-nji maddada: 

                                                                   

birinji bölekde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine ýa-da onuň salgyt edaralaryna» diýen sözlere çalşyrmaly; 

                                                                   

ikinji bölegiň ikinji tesiminde «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de onuň ministrligiň welaýat we Aşgabat şäher Baş maliýe we ykdysadyýet müdirlikleri» diýen sözleri «Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti ýa-da onuň salgyt edaralary» diýen sözlere çalşyrmaly. 

                                                                   

 II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

                                                                   

 Şu Kanunyň I böleginiň 3-nji bendi 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.

29.07.2022
Türkmenistanyň Kanuny

«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça we üýtgetmeler girizmek hakynda 

                                                                   

I. 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna (2005-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunynyň görnüşinde) (Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2005 ý., HM-80; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2005 ý., № 4, 37-nji madda; 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar, № 2, 48-nji madda, № 4, 68-nji we 74-nji maddalar; Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi namalarynyň ýygyndysy, 2008 ý., HM-96; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 7-nji madda, № 3, 41-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda, № 3, 45-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji we 24-nji maddalar, № 2, 45-nji madda, № 3, 59-njy madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda, № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda, № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 1, 24-nji we 49-njy maddalar, № 3, 112-nji madda, № 4, 149-njy madda; 2015 ý., № 2, 48-nji we 71-nji maddalar, № 3, 111-nji madda, № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda, № 4, 144-nji we 165-nji maddalar; 2017 ý., № 2, 77-nji madda, № 3, 111-nji madda, № 4, 135-nji we 147-nji maddalar; 2018 ý., № 2, 42-nji madda, № 4, 95-nji we 107-nji maddalar; 2019 ý., № 2, 34-nji madda, № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda, № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 49-njy we 51-nji maddalar, № 4, 136-njy we 152-nji maddalar; 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda) şu goşmaçany we üýtgetmeleri girizmeli: 

                                                                   

 1) 24-nji madda şu mazmunly bölegi goşmaly: 

                                                                   

«7. Ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahsy we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almak olaryň salgyt hasabyna goýulmaly ýeri boýunça salgyt edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.»; 

                                                                   

 2) 119-njy maddadaky tablisanyň «Goşmaça tölegleriň möçberleri» diýen sütüninde: 

                                                                   

 «Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça» diýen bölümde: 

                                                                   

 «Temmäki önümleri» böleginde «74%-i» we «3» diýen sanlary degişlilikde «93%-i» we «4» diýen sanlara çalşyrmaly; 

                                                                   

«Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary» böleginde «15,6» diýen sany «19,5» diýen sana çalşyrmaly;  

                                                                   

 3) 187-nji maddanyň bäşinji böleginde: 

                                                                   

 ýedinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli: 

                                                                   

«18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany (şol sanda perzentlige alnan we öweý maýyplygy bolan çagany) terbiýeläp saklaýan ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar (şunda hususy telekeçiler we hünär hyzmatlaryny amala aşyrýan taraplar üçin — salgyt özeniniň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 600 essesi möçberindäki böleginde);». 

                                                                   

II. Şu Kanun «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 3-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen möhletlerde herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.

29.07.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2022-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň ýolbaşçylary hökmünde, toparyň onunjy mejlisiniň Teswirnamasynda göz öňünde tutulan meseleleri ara alyp maşlahatlaşmakdan ybarat boldy. 

    Duşuşygyň başynda taraplar mähirli salamlaşdylar we Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Juma Daler giriş sözi bilen çykyş etdi.

    Ol öz çykyşynda, Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana bolan sapary barada belläp, onuň çäklerinde ikitaraplaýyn birnäçe ylalaşyklara gol çekilendigini belledi.
 2021-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklarynyň 2020-nji ýyl bilen deňeşdireniňde ýokarlanandygyny we 2022-nji ýylda hem ýokarlanmagynyň dowam edýändigini belledi.

      Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow öz çykyşynda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara onunjy mejlisiniň geçen wagtyndan (2021-nji ýylyň 28 – 29-njy iýuly) şu günki güne çenli ýerine ýetirilen işler barada gysgaça belläp geçdi. Geçen ýylda, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanşygynyň ýokarlanandygyny aýtdy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmaga mümkinçilikleriň bardygyny belledi.

Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylar toparyň 2021-njy ýylyň iýulynda Täjigistan Respublikasynyň paýtagty Duşanbe şäherinde geçirilen Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň onunjy mejlisiniň çözgütlerine laýyklykda bilelikdäki işleriň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar eksport-import amallarynyň gowulandyrylmagy, özara üpjün edilýän harytlaryň we hyzmatlaryň göwrüminiň artdyrylmagy bilen birlikde söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamyndaky gatnaşyklaryň has hem giňeldilmegine itergi berýän şertleriň kämilleşdirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda himiýa, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryna we özara hereketleriň derwaýys meselelerine seredilip geçildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň 2022-nji ýylyň 4-nji çärýeginde, Aşgabat şäherinde geçirilmegini teklip etdiler.


Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.

27.07.2022
Türkmenistanyň Kanuny

Elektron hökümet hakynda 

                                                                   

 Şu Kanun elektron hökümetiň işiniň tertibini kesgitleýär hem-de bu çygyrda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. 

                                                                   

 I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER 

                                                                   

 1-nji madda. Esasy düşünjeler 

                                                                   

 Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 

                                                                   

 1) elektron döwlet hyzmaty — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly ýerine ýetirilýän döwlet hyzmaty; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatynyň dessury — elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibini we oňa bildirilýän talaplary kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy; 

                                                                   

 3) elektron hökümet — maglumat-kommunikasion tehnologiýalardan, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyndan peýdalanmak arkaly, döwlet edaralarynyň fiziki we (ýa-da) ýuridik şahslar üçin elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işiniň üpjün edilmegine gönükdirilen guramaçylyk-hukuk çäreleriniň we tehniki serişdeleriň ulgamy; 

                                                                   

 4) elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysy — her bir fiziki we ýuridik şahsa, kadastryň we gozgalmaýan emlägiň obýektlerine, geografik we beýleki obýektlere berilýän, olary elektron hökümetde barabarlandyrmaga mümkinçilik berýän gaýtalanmaýan kodlar; 

                                                                   

 5) interaktiw döwlet hyzmaty — sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky iki taraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty; 

                                                                   

 6) maglumat döwlet hyzmaty — sargyt edijileriň maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen, döwlet edarasynyň işi baradaky maglumaty çap etmek we başga bir görnüşde ýaýratmak arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty; 

                                                                   

 7) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy — ähli döwlet edaralarynyň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamynyň ýeke-täk bir bitewi awtomatlaşdyrylan elektron maglumatlar binýatlar ulgamynyň gurşawyna birikmegini üpjün edýän ulgam; 

                                                                   

 8) sargyt edijiler — döwlet edarasyna sargytnama bilen ýüz tutan fiziki ýa-da ýuridik şahslar; 

                                                                   

 9) sargytnama — sargyt edijiniň elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada döwlet edaralaryna iberýän talapnamasy. 

                                                                   

 2-nji madda. Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy 

                                                                   

Elektron hökümet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 

                                                                   

 3-nji madda. Elektron hökümetiň esasy wezipeleri 

                                                                   

 Şular elektron hökümetiň esasy wezipeleridir: 

                                                                   

1) döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini, dessinligini we aýdyňlygyny üpjün etmek, olaryň jogapkärçiligini we ýerine ýetirijilik düzgün-nyzamlylygyny güýçlendirmek, ilat we telekeçiligiň subýektleri bilen ikitaraplaýyn aragatnaşygy üpjün etmegiň goşmaça usullaryny döretmek; 

                                                                   

2) Türkmenistanda elektron hökümetiň çygrynda döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklary amala aşyrmakda sargyt edijiler üçin mümkinçilikleri döretmek; 

                                                                   

3) döwlet edaralarynyň üstüne ýüklenilen wezipeleriň çygrynda maglumat binýatlaryny, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyny hem-de elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny emele getirmek; 

                                                                   

4) elektron resminama dolanyşygynyň, döwlet edaralarynyň maglumat binýatlarynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň we maglumatlary alyşmagyň tärlerini emele getirmegiň hasabyna ilat bilen özara gatnaşyklar amala aşyrylanda döwlet dolandyryş ulgamynda köpugurly «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmak; 

                                                                   

5) telekeçiligiň subýektlerini, şol sanda statistiki hasabatlylygy bermegiň, gümrük taýdan resmileşdirmegiň, ygtyýarnamalary, rugsatnamalary, sertifikatlary bermegiň, şeýle hem döwlet edaralaryndan maglumatlary almagyň barşynda elektron resminama dolanyşygyndan peýdalanmaga geçirmek; 

                                                                   

6) telekeçiligiň subýektleri tarapyndan elektron täjirçiligiň, önümi ýerlemegiň ulgamlaryndan peýdalanylmagynyň we satyn alnyşyň bütindünýä Internet maglumat ulgamy arkaly amala aşyrylmagynyň, şeýle hem hasaba almagyň, gözegçiligiň we jemagat hyzmatlary üçin tölegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlarynyň ornaşdyrylmagynyň gerimini giňeltmek; 

                                                                   

7) nagt däl elektron tölegler, döwlet tarapyndan satyn alnyşy amala aşyrmak, uzak aralykdan elýeterlilik ulgamlaryny we bank-maliýe ulgamynda işiň beýleki elektron görnüşlerini ösdürmek. 

                                                                   

 4-nji madda. Elektron hökümetiň işiniň esasy ýörelgeleri 

                                                                   

 Şular elektron hökümetiň işiniň esasy ýörelgeleridir: 

                                                                   

 1) döwlet edaralarynyň işiniň açyklygy we aýdyňlygy; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatlarynyň sargyt edijiler üçin deň derejede elýeterliligi; 

                                                                   

 3) elektron döwlet hyzmatlarynyň köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylmagy; 

                                                                   

 4) döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmegi; 

                                                                   

 5) elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjylaryndan peýdalanylmagy; 

                                                                   

 6) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi; 

                                                                   

 7) maglumat howpsuzlygynyň üpjün edilmegi; 

                                                                   

 8) sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryna deň hukuklylygy. 

                                                                   

 5-nji madda. Elektron hökümetiň işiniň maliýeleşdirilmegi 

                                                                   

Elektron hökümetiň işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar. 

                                                                   

 II BAP. ELEKTRON HÖKÜMETIŇ IŞI BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI 

                                                                   

 6-njy madda. Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar 

                                                                   

Elektron hökümetiň işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara (mundan beýläk — ygtyýarly edara), şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

 7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy 

                                                                   

 Türkmenistanyň Ministrler Kabineti elektron hökümetiň işi babatda: 

                                                                   

 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 

                                                                   

 2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar we olaryň durmuşa geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar; 

                                                                   

 3) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini kesgitleýär; 

                                                                   

 4) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini belleýär; 

                                                                   

 5) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryny tassyklaýar; 

                                                                   

6) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegiň usulyýetini, şeýle hem elektron hökümetiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliliginiň maksatlaýyn görkezijilerini tassyklaýar; 

                                                                   

 7) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar. 

                                                                   

 8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy 

                                                                   

 Ygtyýarly edara elektron hökümetiň işi babatda: 

                                                                   

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar, elektron hökümetiň işinde ileri tutulýan ugurlary kesgitlemek we elektron hökümet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip düzülmegini amala aşyrýar; 

                                                                   

 2) döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 3) döwlet edaralarynyň elektron hökümet çygryndaky işini utgaşdyrýar; 

                                                                   

4) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy baradaky hasabat maglumatlaryny düzýär we işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

5) elektron hökümetiň kömekçi hyzmat pudaklarynyň, pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň, Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň hereket etmegini üpjün edýär; 

                                                                   

6) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň hiline, şeýle hem elektron hökümetiň taslamalaryny durmuşa geçirmegiň netijeliliginiň maksatlaýyn görkezijileriniň gazanylmagynyň derejesine baha berilmegini amala aşyrýar; 

                                                                   

7) maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak boýunça ülňüleriň we tehniki talaplaryň esasynda elektron hökümetiň tehniki esaslaryny emele getirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar; 

                                                                   

8) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegini we pudagara elektron maglumat alyş-çalyş amallaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär; 

                                                                   

 9) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurlarynyň ylalaşylmagyny amala aşyrýar; 

                                                                   

 10) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynyň emele getirilmegine we ýöredilmegine gatnaşýar; 

                                                                   

11) elektron hökümetiň maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň maglumat howpsuzlygyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar; 

                                                                   

 12) işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça çäreleri amala aşyrýar; 

                                                                   

 13) elektron hökümetiň ösdürilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegine gatnaşýar; 

                                                                   

 14) halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar; 

                                                                   

15) elektron hökümeti emele getirýän ulgamlaryň (elektron döwlet hyzmaty, elektron görnüşde pudagara özara hyzmatdaşlyk ulgamy, web-saýtlar, maglumat binýatlary we beýlekiler) ygtybarly işjeňligini, elýeterliligini, ätiýaçlylygyny, maglumat howpsuzlygyny we kiberhowpsuzlygyny üpjün edýär; 

                                                                   

16) Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyna fiziki we ýuridik şahslara hödürlenýän hyzmatlary ýerleşdirmek boýunça işleri durmuşa geçirýär; 

                                                                   

 17) elektron hökümetiň elektron sanly goly bellige alyş we tassyklaýyş merkeziniň işini üpjün edýär; 

                                                                   

18) elektron hökümetiň peýdalanyjylaryny barabarlandyrmagyň we autentifikasiýasynyň ýeke-täk maglumatlar ulgamynyň işini üpjün edýär; 

                                                                   

 19) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 20) elektron görnüşde pudagara özara hyzmatdaşlyk ulgamynyň hereket etmeginiň tertibini işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 21) döwlet edaralarynyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryny işläp taýýarlaýar; 

                                                                   

 22) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar. 

                                                                   

 9-njy madda. Döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy 

                                                                   

 Döwlet edaralary elektron hökümetiň işi babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 

                                                                   

 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 

                                                                   

 2) döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 

                                                                   

3) maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlarynyň ornaşdyrylmagyny, ösdürilmegini we bileleşikli hereketini üpjün edýärler; 

                                                                   

4) ygtyýarly edara bilen ylalaşmak arkaly, öz işleriniň çygyrlarynda elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurlaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar; 

                                                                   

5) özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmatlarynyň elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda bellige alynmagyny hem-de Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynda ýerleşdirilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

6) sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlaryny islegleri boýunça saýlap almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

7) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin, şol sanda mümkinçiligi çäkli adamlar üçin zerur şertleri döredýärler; 

                                                                   

8) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur maglumatlary özünde saklaýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler; 

                                                                   

 9) maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri amala aşyrýarlar; 

                                                                   

 10) işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak boýunça çäreleri amala aşyrýarlar; 

                                                                   

11) maglumat ulgamlaryny, maglumat binýatlaryny hem-de torlaryny döwlet we beýleki maksatnamalaryň esasynda ösdürmegiň pudaklaýyn meýilnamalaryny (maksatnamalaryny) işläp taýýarlaýarlar; 

                                                                   

12) özleriniň resmi web-saýtlarynyň işjeňligini hem-de täzelenip durulmagyny, şeýle hem olarda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibi baradaky maglumatyň çap edilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

 13) özleriniň düzüm bölümlerinde maglumat-kommunikasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler; 

                                                                   

14) özara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri arkaly, sargyt edijileriň elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşy barada maglumat almaklaryna mümkinçiligiň döredilmegini üpjün edýärler; 

                                                                   

 15) elektron hökümet hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça teklipleriň işlenip taýýarlanylmagyna gatnaşýarlar; 

                                                                   

16) ilata edilýän sanly hyzmatlaryň ygtybarly işjeňligini, elýeterliligini, ätiýaçlylygyny, maglumat howpsuzlygyny we kiberhowpsuzlygyny üpjün edýärler; 

                                                                   

 17) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar. 

                                                                   

 III BAP. ELEKTRON DÖWLET HYZMATLARYNY ÝERINE ÝETIRMEK 

                                                                   

 10-njy madda. Elektron döwlet hyzmatlaryny köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça ýerine ýetirmek 

                                                                   

Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň şeýle hyzmaty ýerine ýetirmek üçin beýleki döwlet edaralarynda bar bolan resminamalary hem-de maglumatlary almaly bolan halatlarynda, elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi köpugurly «Bir penjire» ulgamy boýunça amala aşyrylýar. Şunda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasy görkezilen resminamalary we maglumatlary pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly, sargyt edijini gatnaşdyrmazdan, özbaşdak alýar. 

                                                                   

 11-nji madda. Döwlet edaralarynyň resminamalarynyň bir ülňä getirilmegini amala aşyrmak 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda döwlet edaralarynyň ulanýan resminamalary öz aralarynda bir ülňä getirilmelidir. 

                                                                   

2. Resminamalaryň bir ülňä getirilmegi ygtyýarly edara bilen bilelikde gönüden-göni döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 

                                                                   

 12-nji madda. Elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanylýar. 

                                                                   

2. Elektron hökümetiň merkezi maglumat binýadynda, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda maglumatlary saklamak we işläp taýýarlamak elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjysyndan peýdalanmak arkaly amala aşyrylýar. 

                                                                   

3. Elektron hökümetiň ýeke-täk barabarlandyryjylarynyň sanawy, ony emele getirmegiň, ýöretmegiň we peýdalanmagyň tertibi, şeýle hem sargyt edijiniň ol tarapyndan berlen barabarlandyryja laýyklygyny anyklamagyň tertibi elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. 

                                                                   

 13-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibini kämilleşdirmek 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň, şeýle hem elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň özara hyzmatdaşlygynyň tertibi şular arkaly hökmany kämilleşdirilmäge degişlidir: 

                                                                   

1) artykmaç administratiw amallary aradan aýyrmak we (ýa-da) birleşdirmek hem-de döwlet edaralarynyň birmeňzeş wezipeleriniň sanyny azaltmak; 

                                                                   

 2) sargyt edijiler tarapyndan berilýän resminamalaryň sanyny azaltmak; 

                                                                   

 3) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamyny amatly görnüşe getirmek; 

                                                                   

 4) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň möhletlerini gysgaltmak. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň tertibiniň yzygiderli kämilleşdirilmegine gönükdirilen çäreleri işläp düzmäge we amala aşyrmaga borçludyrlar. 

                                                                   

 14-nji madda. Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende ulanylýan maglumat ulgamlarynyň we maglumat binýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyrlar. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary şahsy maglumatlaryň, şeýle hem döwlet syrlaryny ýa-da kanun arkaly goralýan beýleki bir syry düzýän maglumatlaryň goragyny we ol maglumatlara birugsat aralaşmagyň öňüniň alynmagyny üpjün etmek boýunça zerur guramaçylyk-tehniki çäreleri amala aşyrýarlar. 

                                                                   

3. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda saklanylýan şahsy maglumatlar olar özüne degişli bolup durýan sargyt edijiniň razylyk bermegi boýunça işlenip taýýarlanylmagy, berilmegi we alynmagy üçin ulanylýar, kanunçylykda göz öňünde tutulan halatlary muňa degişli däldir. 

                                                                   

 15-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň görnüşleri 

                                                                   

 1. Elektron döwlet hyzmatlary maglumat we interaktiw döwlet hyzmatlary görnüşinde bolup biler. 

                                                                   

2. Sargyt edijileriň maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen, döwlet edarasynyň işi baradaky maglumaty çap etmek we başga bir görnüşde ýaýratmak arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty maglumat döwlet hyzmaty bolup durýar. 

                                                                   

3. Sargyt edijiniň we elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edarasynyň arasyndaky iki taraplaýyn özara hyzmatdaşlyk arkaly ýerine ýetirilýän elektron döwlet hyzmaty interaktiw döwlet hyzmaty bolup durýar. 

                                                                   

 16-njy madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawy 

                                                                   

 1. Elektron döwlet hyzmatlary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda bellige alynmalydyr. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawynda elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan resminamalaryň hem-de maglumatlaryň sanawy we formaty baradaky, şeýle hem olaryň ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär döwlet edaralary baradaky maglumat görkezilmelidir. 

                                                                   

Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. 

                                                                   

 17-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryna bildirilýän talaplar 

                                                                   

 1. Maglumat döwlet hyzmatlary doly we ygtybarly maglumaty özünde saklamalydyr. 

                                                                   

 2. Interaktiw döwlet hyzmatlary: 

                                                                   

1) maglumatlary toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak çygryndaky kanunçylygyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň esasynda döredilmelidir; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurynyň esasynda ýerine ýetirilmelidir; 

                                                                   

3) şahsy maglumatlaryň işlenip taýýarlanylmagyny göz öňünde tutýan hyzmatlaryň sargyt edijiler üçin howpsuz görnüşde elýeterli bolmagyny üpjün etmelidir; 

                                                                   

 4) elektron döwlet hyzmaty boýunça sargytnamany ibermäge we hyzmatyň netijesini almaga mümkinçiligi üpjün etmelidir; 

                                                                   

 5) doly, ygtybarly we birugsat aralaşylmagyndan goralýan maglumaty özünde saklamalydyr. 

                                                                   

 18-nji madda. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama bildirilýän talaplar 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnamanyň düzümine, formatyna, barabarlandyryjysyna, resmileşdirilmeginiň we iberilmeginiň tertibine bildirilýän talaplar elektron döwlet hyzmatlarynyň dessury bilen kesgitlenýär. 

                                                                   

2. Sargyt edijiniň barabarlandyrylmagynyň geçirilmegini talap edýän elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi baradaky sargytnama elektron resminama görnüşinde bolmalydyr. 

                                                                   

3. Elektron döwlet hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi barada elektron resminama görnüşinde iberilen sargytnama kagyz görnüşinde iberilen sargytnama deňleşdirilýär. 

                                                                   

 19-njy madda. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça berilýän jogaba bildirilýän talaplar 

                                                                   

1. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça berilýän jogabyň düzümine, formatyna, barabarlandyryjysyna, resmileşdirilmeginiň we iberilmeginiň tertibine bildirilýän talaplar elektron döwlet hyzmatlarynyň dessury bilen kesgitlenýär. 

                                                                   

2. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä iberilýän jogap, kada bolşy ýaly, elektron resminama görnüşinde bolmalydyr we elektron döwlet hyzmatynyň dessurynda bellenen möhletlerde iberilmelidir. 

                                                                   

3. Sargyt edilýän elektron döwlet hyzmaty boýunça sargyt edijä elektron resminama görnüşinde iberilýän jogap kagyz görnüşinde iberilen jogaba deňleşdirilýär. 

                                                                   

 20-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlaryndan peýdalanmakda sargyt edijiniň hukuklary 

                                                                   

 1. Sargyt ediji şulara hukuklydyr: 

                                                                   

 1) elektron döwlet hyzmatlaryndan öz wagtynda we elektron döwlet hyzmatlarynyň dessuryna laýyklykda peýdalanmaga; 

                                                                   

 2) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi barada doly we ygtybarly maglumaty almaga; 

                                                                   

3) elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşy baradaky maglumaty özara hyzmatdaşlygyň dürli görnüşleri (resmi web-saýt, telefon, elektron poçta, «gyssagly liniýa» we beýlekiler) arkaly almaga;  

                                                                   

4) elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralarynyň çözgütleri, olaryň wezipeli işgärleriniň hereketleri (hereketsizligi) barada tabynlygynyň tertibine görä ýokarda duran edaralara ýa-da wezipeli adamlara, ýa-da kazyýete bellenen tertipde şikaýat etmäge; 

                                                                   

5) ses bermek, teklipleri ibermek ýa-da pikir soraşmagyň degişli nusgalaryny ýazyp doldurmak arkaly, elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha berilmegine gatnaşmaga; 

                                                                   

 6) elektron döwlet hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi boýunça teklipleri girizmäge. 

                                                                   

 2. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, sargyt ediji beýleki hukuklara-da eýe bolup biler. 

                                                                   

 21-nji madda. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegi geçirmek 

                                                                   

1. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilişiniň hiline baha bermegi geçirmek ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan usulyýet esasynda, şeýle hem jemgyýetçiligiň pikirini öwrenmek arkaly amala aşyrylýar. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary baha berilmeginiň netijelerini göz öňünde tutmak bilen, hyzmatlaryň ýerine ýetirilişiniň hilini ýokarlandyrmak boýunça çäreleri amala aşyrmaga borçludyrlar. 

                                                                   

 IV BAP. ELEKTRON HÖKÜMETIŇ HEREKET ETMEGINI GURAMAK 

                                                                   

 22-nji madda. Elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş pudaklary 

                                                                   

 Elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş pudaklary şulardan ybarat: 

                                                                   

 1) döwlet maglumat binýatlaryndan; 

                                                                   

 2) pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamlaryndan; 

                                                                   

 3) döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlaryndan we maglumat binýatlaryndan we olaryň toplumlaryndan; 

                                                                   

 4) döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlaryndan we Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalyndan; 

                                                                   

 5) Maglumatlary işläp taýýarlaýyş merkezinden; 

                                                                   

 6) elektron hökümetiň kömekçi hyzmat ediş beýleki pudaklaryndan. 

                                                                   

 23-nji madda. Elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary 

                                                                   

1. Maglumatyň ýeke-täk merkezleşdirilen çeşmeleri bolup durýan, döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi we pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy üçin döwlet edaralarynyň esasy maglumatlary umumylaşdyrylýan we saklanylýan döwlet maglumat gorlary elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary bolup durýar. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygyň barşynda elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlaryndaky maglumat ulanylýar. Elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem pudagara elektron maglumat alyş-çalşygy üçin zerur bolan beýleki maglumat döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlarynda we maglumat binýatlarynda saklanylyp bilner. 

                                                                   

Elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlaryny döretmegiň, ulanmagyň we saklamagyň tertibi elektron hökümetiň işi babatda ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar. 

                                                                   

 24-nji madda. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy, döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary we olaryň toplumlary 

                                                                   

1. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy elektron döwlet hyzmatlary ýerine ýetirilende döwlet edaralarynyň öz borçlaryny we wezipelerini berjaý etmekleri üçin, olaryň özara hyzmatdaşlygyny üpjün edýär. 

                                                                   

2. Döwlet edaralary tarapyndan maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary döredilende, pudagara elektron maglumat alyş-çalşygy üpjün etmek üçin, olaryň elektron hökümetiň döwlet maglumat binýatlary bilen goşulyşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmalydyr. 

                                                                   

3. Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy maglumaty toplamak, saklamak, işläp taýýarlamak, bermek we alyşmak boýunça bildirilýän talaplaryň esasynda hereket edýär. 

                                                                   

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamynyň hereket etmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. 

                                                                   

4. Döwlet edaralarynda ulanylýan resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, esasan, elektron resminamalar görnüşinde döredilmelidir, iberilmelidir we saklanylmalydyr. 

                                                                   

Pudagara elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy arkaly berilýän resminamalaryň we maglumatyň sanawy elektron döwlet hyzmatlarynyň dessurynda bellenilýär. 

                                                                   

5. Elektron hökümetde döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary maglumatyň toplanylmagyny, saklanylmagyny, gözlenilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, şeýle hem şol edaralaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde peýdalanylmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

6. Elektron hökümetde döwlet edaralarynyň maglumat ulgamlary we maglumat binýatlary maglumatyň toplanylmagyny, saklanylmagyny, gözlenilmegini, işlenip taýýarlanylmagyny, şeýle hem ol edaralaryň öz aralarynda elektron görnüşde özara hyzmatdaşlyk amallarynyň awtomatlaşdyrylmagyny üpjün edýän toplumlara birigip bilerler. 

                                                                   

 25-nji madda. Döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlary we Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portaly 

                                                                   

1. Sargyt edijilere elektron döwlet hyzmatlary döwlet edaralarynyň resmi web-saýtlarynyň hem-de döwlet edaralary tarapyndan ýerine ýetirilýän interaktiw döwlet hyzmatlaryna elýeterliligiň ýeke-täk nokady bolup durýan Döwlet hyzmatlarynyň ýeke-täk portalynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. 

                                                                   

2. Elektron döwlet hyzmatlaryny ýerine ýetirýän döwlet edaralary elektron döwlet hyzmatlarynyň ýerine ýetirilmeginiň tertibi baradaky maglumaty özleriniň resmi web-saýtlarynda ýerleşdirýärler. 

                                                                   

 V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER 

                                                                   

 26-njy madda. Jedelleri çözmek 

                                                                   

 Elektron hökümet babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär. 

                                                                   

 27-nji madda. Elektron hökümet hakynda kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik 

                                                                   

 Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär. 

                                                                   

 28-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi 

                                                                   

 Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
 

                                                                   

 Aşgabat şäheri. 2022-nji ýylyň 24-nji iýuly.

27.07.2022
Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

Innowasion çözgütleriň netijeli ulanylmagy müşderiler hem-de bazara gatnaşyjylar bilen özara gatnaşyklaryň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly bu ulgamy düýpli özgertmäge itergi berýär. 

                                                                   

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýylynyň dowamynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine durnuklylyk mahsus bolup, onuň ýokary ösüş depgini, sebit we halkara ykdysady giňişligine netijeli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda eýeleýän möhüm orny has-da pugtalandyryldy. Häzirki wagtda Türkmenistan Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli ugurlarynda ösüşleriň täze belentliklerini uly ynam bilen nazarlaýar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli we döwrebap özgertmeleriň gözbaşynda amala aşyrylýan milli we döwlet maksatnamalarynyň durandygyny bellemek gerek. Ýurt derejesinde meýilnamalaýyn durmuşa geçirilýän işler türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli esasda artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döretdi. 

                                                                   

Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek, täze başlangyçlary öňe sürýän telekeçiligi höweslendirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ätiýaçlandyryşy, gazna biržasyny hem-de gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek arkaly ähli pudaklarda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak döwlet syýasatynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Şoňa görä-de, ähli ugurlary öz içine alýan ösüş strategiýasy halkyň abadan ýaşaýyş-durmuş şertleriniň üpjün edilmeginiň esasy girewi hökmünde çykyş edýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady juda berkden tutulan milli ykdysadyýetimiz özboluşly ösüş ýoly bilen tapawutlanýar. Has takygy, ýurdumyza milli ykdysadyýetiň diňe çig mala gönükdirilmegini aradan aýyrmak, bazar özgertmelerini çaltlandyrmak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, adamyň we raýatyň durmuşy, saglygy, iş bilen üpjünçiligi, bagtyýarlygy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler üstünlikli berjaý edildi. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ösüşiň häzirki tapgyrynda, ýagny institusional özgertmeleriň çuňlaşdyrylmagyna esaslanýan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, maliýe ulgamynda, durmuş çygrynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň binýadynda senagat-innowasion görnüşli ykdysadyýeti çalt depginde kemala getirmäge geçilýän döwürde statistikanyň orny aýratyn ähmiýete eýedir. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmekde döwlet statistikasynyň zerurlygy has-da artýar. Statistiki maglumatlar Türkmenistanda makroykdysady işleri dolandyrmak we meýilleşdirmek ulgamynda, býujet taslamalaryny düzmekde, ýurduň uzak möhletli durmuş-ykdysady maksatnamalaryny işläp taýýarlamakda aýratyn ähmiýetlidir. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde garalan meseleleriň hatarynda maliýe, ykdysadyýet we bank ulgamy aýratyn orun eýeledi. Hasabatlardan görnüşi ýaly, ykdysadyýetimiziň görkezijileri oňyn häsiýete eýe bolup, ösüşleri nazarlaýar. 

                                                                   

Döwlet eýeçiligindäki emläkleriň hususylaşdyrylmagy we döwlet emläginiň kärendesinden alnan tölegleriň görkezijileri döwrebap özgertmelerden nyşandyr. Hasabat döwründe ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 43,7 göterimi önümçilik desgalarynyň gurluşygyna, 56,3 göterimi bolsa durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. Munuň özi bolsa maýa goýum syýasatynyň oňyn netijelerini berýändigine şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Mejlisde berlen maglumatlardan mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,5 göterim artdy. Şu ýylyň alty aýy boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10,4 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 40  göterim köpeldi. Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 14 göterimine barabar boldy. 

                                                                   

Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbidini nazarlaýan oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 3 sany hassahananyň, 125,6 kilometr inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň, 246,5 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň tamamlanandygy, häzirki wagtda bolsa, medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalarda işleriň gyzgalaňly dowam etdirilýändigi diýseň buýsandyryjydyr.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek barada birnäçe möhüm işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň ählisi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» bellenen çäreleriň çäklerinde alnyp barylýar. 

                                                                   

Ýeri gelende bellesek, sanly ulgam maliýe-bank ulgamyny ösdürmegiň hem möhüm ugry bolup durýar. Häzirki döwrüň hakyky ýagdaýlaryndan ugur alsak, bu möhüm wezipäniň durmuşa geçirilmegi tutuş ykdysady ulgama we onuň binýatlaýyn edaralaryna we düzümlerine hil taýdan täze talaplaryň peýda bolmagyny hem şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen bu ugurda geçirilýän işler durmuş we maýa goýum syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagyna, işewürlik ulgamynyň işjeňliginiň höweslendirilmegine, netijeliliginiň ýokarlanmagyna, umuman, durnukly ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilýär.  

                                                                   

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 8-nji iýulda geçen Hökümet mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Kararlara gol çekmegi ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak babatda ädilen möhüm ädimdir. Munuň özi bolsa döwlet derejesinde kesgitlenen ösüş strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir möhüm subutnamasy bolup durýar.  

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW,

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

21.07.2022
Resmi habarlar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirip, ýaşaýşyň hilini has-da gowulandyrmak üçin, ilatymyzyň durmuş şertlerini, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy tassyklanyldy. 

                                                                   

Welaýatlaryň häkimliklerine, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Gurluşyk we binagärlik ministrligine degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Milli maksatnamanyň bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. 

                                                                   

 * * * 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady, medeni taýdan ösdürmekde gazanylan uly üstünliklerden we durmuşa geçirilen beýik özgertmelerden hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan strategik maksatlardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini dowam etdirmek, ýurdumyzyň, onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyryp, abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. 

                                                                   

Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy. 

                                                                   

Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine Maksatnamanyň bellenen möhletlerde talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

13.07.2022
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýokarlandyrmak hakynda 

                                                                   

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen, karar edýärin: 

                                                                   

 1.  2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan: 

                                                                   

I) býujetden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň işgärleriniň aýlyk zähmet haklarynyň; 

                                                                   

 II) pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň; 

                                                                   

 III) talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini 10 göterim ýokarlandyrmaly. 

                                                                   

 2.  2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan: 

                                                                   

 I) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 1880 manat möçberde; 

                                                                   

II) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberini 550 manat möçberde; 

                                                                   

 III) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 450 manat möçberde; 

                                                                   

 IV) döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 430 manat möçberde bellemeli. 

                                                                   

3. Türkmenistan boýunça iň pes aýlyk zähmet hakyny 1160 manat möçberde bellemeli we ony aýlyk zähmet haklaryny düzgünleşdirmek üçin ulanmaly. 

                                                                   

4. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy, kazyýet edaralarynyň, gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň, şeýle-de olaryň esasy gurluş birlikleriniň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberlerini şu Permana 1 — 7-nji goşundylara laýyklykda tassyklamaly. 

                                                                   

5. Zähmet haklaryny ýokarlandyrmagy edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň gurluşyny kämilleşdirmegiň, önümçilik kuwwatlyklaryndan peýdalanmagyň netijeliligini we işgärleriň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň, peýdalanylmaýan içerki mümkinçilikleri ulanmagyň hasabyna üpjün etmeli. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji ýylyň 8-nji iýuly.

09.07.2022
Türkmen wekiliýeti Şweýsariýada saparda bolmagynyň çäklerinde saparyň ikinji gününde birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

               

Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä bankynyň Şweýsariýa wekilçilikli toparynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäräniň ikinji gününde (2022-nji ýylyň 4-nji iýuly), Şweýsariýa
Bretton-Wuds institutynyň esasy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşyjylar toparyň arasyndaky hyzmatdaşlygy, Bütindünýä bankynyň we Halkara pul gaznasynyň esasy işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns dünýä ykdysadyýetiniň, maliýe we söwda ulgamyn gysga we uzak möhletli maksatlaryna, durnukly ösüşi gazanmak we garyplygy azaltmak boýunça meselelere gönükdirildi. Şeýle hem, maslahata gatnaşyjylar sanlylaşdyrmak we durnukly maliýe bilen baglanyşykly mümkinçilikler we kynçylyklar boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar. 


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

04.07.2022
Türkmen wekiliýeti Şweýsariýada dünýäniň iri maliýe düzümleri bilen gepleşikleri geçirdi

2022-nji ýylyň 3-6-njy iýuly aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasy Bad-Ragas şäherinde Halkara pul gaznasynyň we Bütindünýä Bankynyň wekilçilik toparynyň esaslandyryjy ýurtlarynyň wekilleriniň (Azerbaýjan Respublikasy, Gyrgyz  Respublikasy, Gazagystan  Respublikasy, Polşa, Serbiýa, Täjigistan Respublikasy, Türkmenistan, Özbegistan Respublikasy, Şweýsariýa Konfederasiýasy) gatnaşmagynda, onuň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly duşuşygy geçirilýär.

Bu çärä Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Merkezi bankynyň wekillerinden ybarat bolan türkmen wekilýeti gatnaşýar.

Çäräniň çäklerinde 3-nji iýulda birnäçe, ýagny Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Anna Býerde, Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa, Şweýsariýanyň Maliýe ministri Ueli Mau rer we Şweýsariýanyň Merkezi bankynyň başlygy Tomas Ýork bilen duşuşyklar geçirildi.

Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti Anna Býerde bilen bolan duşuşykda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen durmuşa geçirilýän «Сovid-19-a garşy hereket etmek» taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bütindünýä banky tarapyndan taslamany durmuşa geçirmegiň oňyn ösüşi bellenip geçildi we häzirki wagtda geçirilen birinji tranşyň 70 göteriminiň uly böleginiň özleşdirilendigi bellenildi. Bütindünýä bankynyň wise-prezidenti bu karz boýunça göterimleriň öz wagtynda tölenmegini hem belläp geçdi. Şeýle hem, hanym B ýerde Bütindünýä bankynyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin reagentleri, dermanlary mundan beýläk-de satyn almak boýunça işlerini dowam etdirmäge taýýardygyny aýtdy.

Duşuşykda miwe-gök ekinlerini ösdürmek boýunça taslamanyň ikinji tapgyry boýunça işe başlamagyň zerurdygy bellenildi. Türkmenistandan halkara ulag gatnaw larynyň ýola goýlup başlanmagy bilen Bütindünýä bankynyň hünärmenlerini Türkmenistanda miwe-gök önümleriniň pudagynyň ýagdaýy bilen tanyşdyrmak mümkin boldy, bu bolsa öz gezeginde bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine täze itergi berer.

Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna goşulmaga, şol sanda daşary ykdysady işi we daşary ýurt maýa goýumlary babatynda kanunçylygy kämilleşdirmäge ýardam bermek arkaly taýýardyklary bellenildi.

Şeýle hem, Bütindünýä bankynyň wekilleri Türkmenistanyň energiýa pudagy, şeýle hem sebitde energiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri boýunça seljeriş işlerini geçirmegi teklip etdiler. Duşuşykda taraplar dürli kömek ugurlarynda Hyzmatdaşlyk üçin aralyk strategiýany işläp taýýarlamak barada ylalaşdylar. Bütindünýä bankynyň Türkmenistandaky wekilçiliginiň işgärler düzümini güýçlendirmek meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şweýsariýanyň Merkezi bankynyň başlygy Tomas Ýork bilen geçirilen duşuşykda kiberhowpsuzlyk we bank pudagynda maliýe tehnologiýalaryny ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şweýsariýa tarapy şu ýylyň 15-16-njy noýabrynda Sýurih şäherinde geçiriljek bu meselelere bagyşlanan okuw maslahatyna gatnaşmagy we geljek üçin hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny has jikme-jik taýýarlamagy teklip etdi. Duşuşykda taraplar Merkezi banklaryň arasynda, şol sanda takyk maksatnamalarda, makro seljermelerde, Türkmenistan üçin töleg balansynda we beýleki ugurlarda hünärmenleri taýýarlamakda özara maglumat alyş-çalşygyny güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler.

Halkara pul gaznasynyň dolandyryjy müdiri Kristina Georgiýewa we Halkara pul gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Jihad Azur bilen bolan duşuşygynda häzirki wagtda ykdysady ösüşiň haýallamagyna täsir edýän esasy mesele bolan  hümmetsizlenmegiň ösmegi bellendi. Türkmenistanda bu meselä üns berilmelidir we salgyt, pul-karz syýasaty boýunça degişli çäreler görülmelidir. Duşuşykda ykdysady statistika, sanlylaşdyrma, azyk howpsuzlygy we energiýa pudagyny diwersifikasiýa etmek ýaly ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmek meselelerine hem üns berildi. Howanyň üýtgemegi babatynda ulgam emele getiriş çäreleriniň durmuşa geçirilmegi möhüm ugur  diýip bellenildi. Türkmenistan Pariž ylalaşygy babatynda dürli çäreleri durmuşa geçirýär, bu möhüm işi dowam etdirmeli, bu meselede Halkara pul gaznasy dürli ugurlarda, şol sanda Gazagystan Pespublikasyndaky Halkara pul gaznasynyň sebit merkeziniň üsti bilen tehniki kömegi bermäge taýýardyklary bellenildi.

Şweýsariýanyň Maliýe ministri jenap Ueli Maurer bilen geçirilen duşuşykda 2016-njy ýylda gol çekilen Hyzmatdaşlyk Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar 2014-nji ýylyň döwlet maliýe statistikasyna iň pes harajatlar bilen geçmek we gazna ulgamynyň ýagdaýyny gowulandyrmak; FATF (Bikanun pullaryň kanunlaşdyrylmagyna garşy göreşiň maliýe çäresini işläp taýýarlaýan topary) meýdançasynda hyzmatdaşlyk, hünärmenleri taýýarlamakda tehniki kömek bermek we FATF tekliplerini ýerine ýetirmek meseleleriniň üstünde işlemek barada ylalaşdylar. Şeýle hem döwlet maliýe pudagyndaky hyzmatdaşlyk boýunça Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşmagyna ýardam bermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu meselede SECO (Ykdysady gatnaşyklar boýunça döwlet sekretariaty) bilen ýakyndan işleşmek maslahat berildi. Bu sekretariatyň işgärleri bilen mümkin bolan hyzmatdaşlyk ugurlar boýunça konstruktiw gepleşik ler geçirildi.

Duşuşyklar netijeli häsiýeti bilen tapawutlandy. 

Duşuşyklaryň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara maliýe düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi

03.07.2022