Balkan welaýaty:
9. Geljegi uly dag-magdan önümçiligi
Türkmenistanyň saýlap alan ykdysady doktrinasynyň baş ugurlarynyň biri ýurdumyzda importyň ornuny tutýan önümçilikleri ýola goýmak we olaryň kuwwatlyklaryny yzygiderli artdyrmak bilen baglydyr. Prezident Maksatnamasynda ýerli çig mallardan magdan we magdan däl gurluşyk materiallarynyň köp (sement, asbest turbalary, polimer, keramika, gurluşyk aýnasy, alýumin, plastik penjireler, elektrik enjamlar, çyralar, mebel önümleri, boýag reňkleri, gips, suwag serişdeleri we beýlekiler) görnüşini sebitleriň çäginde döredilýän ýörite zolaklarda öndürmäge möhüm orun berilýär. Şeýlelikde, senagat önümçiliginiň gerimi ýyl-ýyldan giňäp, dürli önüm öndürmegiň guramaçylyk usullary we tärleri göwnejaý derejä ýetiriler. Ýakyn ýyllarda Balkan welaýatynyň çäginde şeýle taslamalaryň birnäçesiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi durmuş ulgamynda öňde durýan möhüm meseleleriň tutuş toplumyny netijeli çözmäge mümkinçilik döredýär. Welaýatyň Jebel şäherçesinde ýyllyk kuwwaty 100 müň tonna ýokary hilli sementi öndürmäge niýetlenen zawody, ýokary hilli keramiki plitalary, magdan däl gurluşyk, asfalt-beton önümlerini, suw syzdyrmaýan izogan materialyny öndürýän zawodlaryň gurluşygyny muňa mysal getirse bolar.
Welaýatda döwlet eýeçiligini hususylaşdyrmagyň çäklerinde gurluşyk materiallaryny öndürýän hususy we garyşyk eýeçilik görnüşli kärhanalary döretmek maksat edinilýär. Günbatar welaýatyň Balkanabat we Gyzylarbat şäherlerinde syrça-reňk materiallaryny öndürýän kiçi hususy kärhanalaryň, Türkmenbaşy etrabynda çerepisa we gury gurluşyk materiallarynyň garyndylary, Bereket etrabynda asfalt zawodlarynyň, ýolgurluşyk, inert materiallary öndürýän baýlaşdyryjy kärhananyň, Jebelde ýylylyk geçirmeýän materialy, şeýle-de sanitariýa-faýans önümlerini öndürýän zawodlaryň, beýleki desgalaryň gurluşygyna badalga berler. Ozal hereket edýän birnäçe iri pudak kärhanalarynyň durky düýpli täzelener. Elbetde, ýurdumyzda gurluşyk materiallaryny öndürmekde peýdalanylýan dag-magdan jynslaryna baý tebigy ýataklaryň önümliligini artdyrmakdaky meseleler ýerli kärhanalara ýokary hilli döwrebap tehnologiýalaryň öz wagtynda önümçilige ornaşdyrylmagy bilen çözülýär.
Bilermenleriň bellemegine görä, Türkmenistanyň çäklerinde gurluşyk senagatynda çig mal hökmünde ýaramly gaty magdanlaryň 200-den gowragy duşýar. Aýratyn hem welaýatyň daglyk we çöllük sebitlerinde olaryň ýataklary has köp hasaplanýar. Sebitde bentonit toýuny, kaolin dag-magdan jynsy ýaly gymmatly çig malyň uly göwrümli gorlary ýerleşýär. Olar irki döwürlerden bäri senagat önümçiliginde peýdalanylýar. Balkanabat şäherinden 40 kilometr çemesi uzaklykdaky Oglanly şäherçesinde ýerleşen bentonit toýun ýatagyndan önümçilik üçin ýylda 100 müň tonna çig mal almaga mümkinçilik bar. Geljekde bu önümhanany ykdysady taýdan has-da ilerletmek göz öňünde tutulýar. Şunda ýatagyň döwrebap önümçilik ösüşini gazanmak, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, dolandyryş-guramaçylyk, pudagiçi utgaşdyrmak meselelerine gaýtadan seretmek, önümiň eksportyny ep-esli artdyrmak ýaly wezipeler ilkinjileriň hatarynda öňe çykýar. Dag-magdan, gurluşyk materiallary senagaty pudaklarynyň depginli ösmegi ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga ýardam edýär.
Soňky ylmy gözlegleriň netijesinde welaýatda stronsiý magdanlarynyň, magmatik dag jynslarynyň, kerpiçlik palçygyň, granit we örtgülik serişdeleriň, keramzit, silikat, bazalt, çagyl, diwar, bezeg daşlaryň, kaolin, kwars ýaly çägeleriň dürli görnüşiniň, beýleki gymmatly gurluşyk materiallarynyň baý ýataklary ýüze çykaryldy. Ilatyň gündelik durmuşda sarp edýän senagat önümleri bolan elektronika, durmuş tehnikalary, energiýany tygşytlaýjy çyralar, elektrik, santehniki enjamlar, owadan mebeller, gapydyr aýnalar, diwar oboýlary, hojalyk tehnikalary, beýleki gurluşyk harytlary täze döredilen erkin senagat zolaklarynyň çäklerinde ýola goýlan iri önümçiliklerde köpçülikleýin öndürilýär. Munuň özi ýerli bazarlarda sarp ediş islegini doly kanagatlandyrmaga hem-de üýtgewsiz baha elýeterliligini üpjün etmäge pugta şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlislerinde welaýatlaryň çäginde geologiýa-gözleg derňewleriniň netijeliligini artdyrmak, iri dag-magdan gorlaryny gözläp tapmak we olary öňdebaryjy usullar arkaly özleşdirmek işlerine baý tejribe toplan daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň zerurlygyny yzygiderli nygtaýar. Türkmenistanyň gyradeň sebit ösüşini üpjün etmek syýasaty welaýatda gaýtadan işleýän senagat ugurly aýna, farfor-faýans, hrustal, sement, portlandsement, sozulan armatur, kaolin, gips, boýag-emulsiýa önümlerini öndürýän täze kärhanalaryň esaslandyrylmagy bilen bagly möhüm wezipeleri ileri tutýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» günbatar welaýatyň hojalygynyň durmuş ugurlarynda we önümçilik pudaklarynda ýokary hilli çig mal binýady bolan magmatik dag jynslarynyň baý gorlaryny giňden özleşdirmek bellenildi. Welaýatyň beýik-pesli relýefli günorta-günbatara, ortaklaşan demirgazyga uzaýan degrelerinde o diýen çuň bolmadyk daşly jarlara, dürli reňkli dag gerişlerine, dag-magdan känlerine, gaty örtgülik, timarlaýyş, but daş ojaklara, ýapgyt eňňitli çeşme-çaýly düzlüklerde uçly gara çagyl çykyndylara, gaty magdan çökündili jülgelere has köp gabat gelinýär.
Welaýatyň etraplarynda gurluşyk önümçiligi senagatynda sementi, kompozit armaturasyny, başga-da kän önümleri öndürmek üçin çagylyň, hek daşynyň, mergelleriň, toýun palçygynyň, gipsiň, argillitiň, çäge-çagyl çökündileriniň baý çig mal ýataklarynyň üsti açyldy we önümçilik möçberi kesgitlenildi. Olardan ykdysady taýdan has ähmiýetlileri Uly Balkan, Balkan, Krasnowodsk, Şagadam, Ufra, Gyzylgaýa, Oglanly ýataklarydyr. Aýratyn-da, relýefi çylşyrymly Türkmenbaşy şäheriniň günbatarynda gabbrodioritlere, diorit we bazalt porfiritlere, Gyzylgaýada kaolin jynsyna baý, geljegi uly ýataklaryň bardygyny dag-magdan inžener-hünärmenleri belleýär. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan bu ýerleriň ýerasty ätiýaçlyk önümhanalary tizden-tiz düýpli öwrenilmäge degişli edildi. Balkan sebitinde magmatik topara degişli bazaltyň iki hili, ýagny üznüksiz hem-de ştapel-emeli sintetik görnüşleri ýüze çykaryldy. Ýurdumyzda hususy taraplaryň gatnaşmagynda üznüksiz bazalt süýümi dokalan we dokalmaýan gurluşyk materiallary önümçiliginde giňden peýdalanylýar. Olardan metal armaturalaryň ornuny tutýan sement betonlary dispers usulda armirlemek üçin ulanylýan kompozit armaturalary öndürmek işleri-de giňden ýola goýulýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi tarapyndan 2023 — 2025-nji ýyllarda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda Bazalt daşyndan üznüksiz süýümi, şeýle hem ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurmak meseleleriniň üstünde işlenilýär. Bu kärhanada ýylda 10 müň tonna üznüksiz süýümden 9 müň tonna ses we ýylylyk saklaýjy materiallar öndüriler. Şeýle-de kärhana ýakyn ýerleşen ojakda 2028-nji ýyla çenli ýyllyk kuwwaty 2 müň tonna deň bolan mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary hem-de kompozit armaturasyny öndürýän önümçiligiň taslamasyny düzmek hem-de ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak baradaky halkara derejeli meselelere möhüm ähmiýet berýär. Häzirki wagtda hünärmenler tarapyndan täze bazalt we kaolin önümçilik gorlaryna baý ýataklaryň ätiýaçlyk göwrümi doly hasaplanylýar. Olaryň binýadynda gymmat bahaly senagat önümlerini öndürmek üçin daşary ýurtly işewürler bilen bilelikde dag magdan baýlaşdyryjy kombinatlary gurmak boýunça ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilýär. Orta möhletli geljekde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işjeň agzalarynyň maýa goýum taslamasyna laýyklykda, Türkmenbaşy etrabynda ozal hereket edýän Kenar bazalt käni önümhanasynda ýyllyk kuwwaty 300 tonna bazalt süýüminden ýylda 29000 m3 gurluşyk materiallaryny öndürýän desgany gurup ulanyşa bermek bellenildi. Balkan welaýaty farfor we faýans, aýna, hrustal we keramika önümçiliginde peýdalanýan kaolin dag jynsynyň uly ýataklary bilenem adygandyr. Iri möçberli şeýle çig mal ýataklary gap-gaç önümçiligine degişli bolan, içerki bazara niýetlenen we eksport ugurly kärhanalaryň ýola goýulmagyna oňyn şert döredýär.
Ýurdumyzda doly öwrenilmedik känler örän kän bolup, olaryň aglabasy Balkan sebitinde ýerleşýär. Hut şonuň üçin milli ykdysadyýetde sebitiň gaty magdan senagatynyň geljegine ýokary baha berilýär. Şu wagt hünärmenler dünýäniň ösen döwletlerinde dag-magdan senagatynyň ykdysady taýdan pese gaçmagynyň esasy sebäbini ösýän döwletlerde çig mal ýataklarynyň juda köp özleşdirilýändigi bilen baglanyşdyrýarlar. Ýewropa Bileleşigi döwletlerinde ähli senagat önümçiliginde dag-magdan senagatynyň paýy bary-ýogy 2 göterime deňdir. Gündogar, Merkezi Aziýa sebitlerinde, beýleki ösüp gelýän dünýä döwletlerinde bu görkeziji 14 göterime ýetip, yzygiderli artýar. Umuman, bilermenler ösüp barýan döwletleriň ykdysadyýetiniň esasy girdejisini senagatyň dag-magdan önümçiliginiň berýändigini, aýratyn-da, olaryň ösen döwletleriň işläp bejeriji senagat kärhanalaryny binýatlyk çig mal bilen üpjün edýändigini belleýärler. Dünýä döwletleriniň aglaba böleginiň çäkleriniň geologik gurluşy heniz doly öwrenilmedik. Şol sebäpli geljekde dünýäniň dürli künjeklerinde senagat ähmiýetli tebigy gorlaryň täze ätiýaçlyklarynyň üstüniň açylmagyna garaşmak bolar. Garaşsyzlygymyzy almagymyz bilen ýurdumyzda adamyň tebigy gurşawa ýetirýän täsirini kadalaşdyrmak üçin zerur ähli mümkinçiliklerden ýokary derejede peýdalanmak ýola goýuldy. Häzirki wagtda türkmen alymlary tarapyndan sebitiň seýsmogen zolaklarynyň dinamikasyny we gurluşyny öwrenmek meselesiniň üstünde işlemek bellenildi. Onuň çäklerinde sebitiň dürli etraplarynda grawimetrik, elektrometrik, magnimetrik, seýsmik, seýsmologik, gidrogeohimik, başga-da köp sanly ylmy barlaglar geçiriler. Senagat we tehniki ugurly desgalaryny taslamalaşdyrmagyň anyk çäkleri kesgitlener.
Depginli ösüşi gazanmak üçin kabul edilýän durmuş-ykdysady konsepsiýalarda ähli senagat pudaklarynyň tebigy gurşaw üçin zyýansyz we howpsuz täze tehniki enjamlar bilen durkunyň doly täzelenmegine, gurulýan kärhanalaryň ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk getirilmegine ýokary üns berilýär. Hut şol nukdaýnazardan hem sebitde gurulýan senagat ugurly kärhanalary tebigata zyýan ýetirmezden, uly şäherlerden, ilatly nokatlardan uzakda ýerleşdirmek, ir taşlanan zolaklary düzedip, täzeden halk hojalyk dolanyşygyna çekmek işlerine aýratyn ähmiýet berilýär. Bilşimiz ýaly, indi ýurdumyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde, etrapdyr obalarynda ýaşaýyş jaýlaryny uly ulag-gatnaw ýollaryndan, iri senagat kärhanalaryndan, zawod-fabriklerden daşda ýerleşdirmek, ýol ugurlarynda gök guşak zolaklaryny döretmek asylly däbe öwrüldi. Bu ilhalar işler Türkmenistany dünýä jemgyýetçiliginde aýratyn hormata eýe edip, ykdysady taýdan çalt depgin bilen ösmäge amatly şert döredýär.
Hangeldi GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň Ykdysady töwekgelçilikleri seljeriş müdirliginiň başlygy.