2022-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Belgiýanyň «Diplomatic world» žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrihiň hem-de bu žurnalyň taslama ýolbaşçysy Alberto Turkstranyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarowyň ýolbaşçylygynda ministrligiň wekilleri hem-de Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi S.Pälwanow gatnaşdylar.
Duşuşygyň esasy maksady tanyşmak we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň başynda minstr Muhammmetgeldi Serdarow ýurdumyzyň ykdysady ýagdaýy, söwda dolanyşygynyň ösüşi barada gürrüň berdi.
Belgiýanyň «Diplomatic world» žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrih, öz gözeginde, ýurdumyz bilen Belgiýany arabaglanyşdyrmaga örän şatdygyny aýtdy. Žurnalyň esasy ugrunyň diplomatiýa we ykdysady medeniýet bolup durýandygyny, Ýewropa bilen Merkezi Aziýany baglaşdyrmak esasy maksat edinilýändigini aýtdy. Ýurdumyzda 2022-nji ýylyň 11-nji dekabrynda geçirilen «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly halkara maslahatyna we baýramçylyk konserdine gatnaşyp, dürli ýurtlaryň wekilleriniň çykyşlaryna syn edip, Belgiýa halkyna bu wakalary ýetirmäge örän şatdygyny belläp geçdi. Mundan başga-da, «Diplomatic world» žurnalynyň 21 ýyl bäri çap edilýändigini aýdyp, bu žurnalda ýurtlaryň pozitiw ösüşleriniň görkezilýändigini, bu žurnalyň Ýewropanyň uly döwlet işgärlerine, ýolbaşçylara paýlanylýandygyny hem-de žurnalyň bitarap bolup durýandygyny aýtdy. Žurnalyň Merkezi Aziýa döwletleriň gözelliklerini, ykdysady ösüşlerini görkezmek, şol sanda Türkmenistany hem tanatmak wajyp hasaplanylaýndygyny belledi.
Şeýle hem, myhmanlar tarapyndan, ýurdumyzyň býujetiniň esasy ugurlary, daşary ýurtlara ýurdumyz barada tanatmak üçin maglumatlary, ýurdumyzyň hususy pudagyny ösdürmek üçin edilýän işleri barada garaýyşlary barada gyzyklanma bildirildi.
Ministr Muhammetgeldi Serdarow, ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin döwlet býjetiniň 2022-nji ýylyň 5-nji dekabrynda kabul edilendigi, onda esasan durmuş-ykdysady ösüş ugry bilen bagly saglyk, bilim, medeniýet ugurlaryna serişdeleri göýbermeklik göz öňünde tutulandygy, daşary ýurtlara ýurdumyzyň esasy oba hojalyk, ulag, söwda, taryh, senagat ugurlaryň ösüşleri we mümkinçiliklerini tanatmakda gyzyklanmanyň bardygy, bu maglumatlary diplomatik ýollar arkaly paýlaşmaga taýýardygy, hususy pudagy ösdürmek ugrunda hususy telekeçilere ýardamlaryň we ýeňillikleriň berilýändigi, esasan eksport edilýän harytlaryň önümçiligini ösdürmek we importynyň ornuny tutmak boýunça işleriň geçirilýändigi, tebigy gazy daşary ýurtlara ibermek barada maglumatlary, şeýle hem tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi.
Ilçi S.Pälwanow, bu žurnalda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň maglumatlarynyň çap edilendigini göz öňünde tutup, Türkmenistan barada makalanyň çap edilmegini teklip etmek meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Belgiýanyň «Diplomatic world» žurnalynyň prezidenti we esaslandyryjysy Barbara Ditrih, öz gezeginde, ýurdumyzyň Ýewropa döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda ähli ýardamlary bermäge hem-de ýurdumyz barada maglumatlary žurnalynda çap etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu çap ediljek maglumatlar taýýarlananda, hökmany suratda ýurduň wekilleri bilen hem ylalaşylýandygyny, şeýle hem ýurdy Ýewropada tanatmak üçin gowy mümkinçiligiň boljakdygyny belledi.
Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.
Duşuşugyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri we abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Parahat Meretliýew
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrliginiň baş hünärmeni