«Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçen 2022-nji ýylda gazanylan durmuş-ykdysady ösüşler Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny berkden tutan durnukly ösüşiň türkmen nusgasynyň hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça alnyp barlan işleriň jemleri jemlenip, jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,2 göterim derejede saklanandygy, ähli pudaklarda oňyn önümçilik netijeleriniň gazanylandygy barada aýdyldy.
Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Bu Maksatnama taýýarlanylanda, ýedi ýyllyk Prezident Maksatnamasyndan, 2023-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alyndy. Onda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijiler, ykdysadyýetiň ähli pudagy boýunça önümçilik meýilnamalary, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijileri kesgitlenildi. Şeýle-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreler göz öňünde tutuldy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri 2023-nji ýylda üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edilen bir ýyllyk Maksatnamada halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş goraglylygyny we iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmek, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüş mümkinçiliklerini giňden ulanmak, milli ykdysadyýetiň senagatlaşma derejesini pugtalandyrmak ýaly meseleler ähmiýetli orny eýeleýär. Onda pudaklaryň we hyzmatlar ulgamynyň depginli ösüşini üpjün etmek, olara sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurduň azyk garaşsyzlygyny berkitmek arkaly ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, senagat pudagyny innowasion häsiýetde ösdürmek, jemi içerki önümiň düzüminde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň paýyny ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar-da öz beýanyny tapýar.
Ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek, bazar gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, döwlete dahylsyz pudagyň ösüşini höweslendirmek, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda telekeçilik işiniň gerimini giňeltmek hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şonuň üçin-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze «Aşgabat görnüşi» esasynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýurdumyzyň geoykdysady we geosyýasy ýerleşişiniň amatlyklaryndan peýdalanmak, ekologik abadançylygyny üpjün etmek we «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek ýaly ugurlar Maksatnamada esasy ugurlaryň hatarynda ileri tutulýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda makroykdysady durnuklylygy berkitmek, maliýe bazarlarynyň işini, maliýe serişdelerini çekmegi we gymmatly kagyzlaryň dolanyşygyny kämilleşdirmek, ilatyň girdejilerini yzygiderli artdyrmak, zähmet gatnaşyklarynyň düzgünleşdirilişini döwrebaplaşdyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň iş we ýaşaýyş jaý üpjünçiligini has-da ýokarlandyrmak babatda işler ýaýbaňlandyrylýar. Şeýle-de önümleri gaýtadan işlemek we taýýar önümleri öndürmek boýunça kärhanalaryň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly ulanylmagyny gazanmak, eksporta niýetlenen önümçilikleri ösdürmek, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri diwersifikasiýalaşdyrmak, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak we olary ösdürmek boýunça çäreler geçirilýär.
Mundan başga-da, önümçilik bilen ylmyň baglanyşygyny işjeňleşdirmäge, innowasion tehnologiýalara esaslanýan pudaklara goýulýan maýa goýumlary artdyrmaga, döwletiň maýa goýumlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegi dowam etdirmäge, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu işlerde maldarçylygy ösdürmek, mallaryň hem-de guşlaryň baş sanyny köpeltmek, halkara üstaşyr ulag geçelgelerini işjeňleşdirmek arkaly ýük dolanyşygyny artdyrmak, ýurdumyzyň welaýatlarynyň her birinde senagat-önümçilik kysymly erkin ykdysady zolaklary, sebitleriň aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, söwda, hyzmat ediş, ulag-logistik, agrosenagat we toplumlaýyn kysymly erkin ykdysady zolaklary döretmek möhüm ähmiýete eýedir.
Bilim, durmuş-medeni ugurlary ösdürmegiň çäklerinde bilim we ylym ulgamynyň işini kämilleşdirmek, pudaklary ýokary taýýarlykly hünärmenler bilen üpjün etmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak, çagalar sportuny ösdürmek, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ornuny giňeltmek, «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, eneligi we çagalygy goramak, keselleriň öňüni alyş we bejeriş çärelerini talabalaýyk ýola goýmak, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek ýaly wezipeler-de Maksatnamanyň esasy ugurlary hökmünde öňe çykýar. Şunda milli senetçiligi, halyçylygy, aýdym-saz sungatyny ösdürmek, gadymy medeni mirasymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak, içerki hem-de halkara syýahatçylygy ösdürmek, ahalteke atlarynyň baş sanyny, olaryň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, milli itşynaslyk mekdebiniň baý däplerini gorap saklamak, türkmen alabaýlarynyň sanyny köpeltmek boýunça işleri geçirmek bilen bagly maksatlara uly orun berilýär. Bu wezipeleriň ählisi ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylmagyny gazanmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, «Ýurdumyzy 2023-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde, şu ýylda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 göterime ýetirmek, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we ýurdumyzyň sebitlerini durnukly ösdürmek, önümçilik kärhanalarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, täze kärhanalary gurmagyň hasabyna 3 müňe golaý täze iş ornuny döretmek göz öňünde tutulýar. Daşary söwda dolanyşygynyň oňyn aratapawudyny gazanmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek arkaly jemi içerki önümiň düzüminde (ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan) hususy pudagyň paýyny 71,3 göterime ýetirmek meýilleşdirilýär.
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetiň pudaklarynda giň möçberli özgertmeleri dowam etdirmäge, önümçilikleri kämilleşdirmäge, ýokary hilli we bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, harytlardyr hyzmatlaryň içerki bazarlarynyň giňelmegine, eksport edilýän harytlaryň görnüşiniň artmagyna ýardam eder. Bu bolsa döwletiň maliýe binýadyny we önümçilik kuwwatyny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýerli önümler bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Orazmuhammet AŞYROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.