2021-nji ýylyň 30-njy dekabrynda ýurdumyzyň ykdysadyýet toplumynda «Arkadagly halkym döredýär gurýar, ýurdum ösüşlerden ösüşe barýar» atly maslahat geçirildi.
2022-nji ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan dabaraly maslahata ýurdumyzyň maliýe, ykdysadyýet bank toplumynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ýaly ajaýyp däpde onuň şygarynda milli ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi watançylyk ruhunyň belende galmagyna we her bir raýatyň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär.
Halkymyzyň ýylyň şygaryny «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak baradaky öňe süren teklibiniň tassyklanylandygy hakyndaky habaryň watandaşlarymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen kabul edilmegi bagtyýar eýýamy esaslandyran hem-de halkymyzy we Watanymyzy täze üstünliklere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyza belent hormatyň nyşanydyr. Bu ýere ýygnananlar Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleriniň Hormatly Prezidentimiziň iňňän oýlanyşykly hem-de öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesidigini nygtadylar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň agzybir halky bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar, yhlasly zähmet çekip, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň nurana geljege bolan ynamyny has-da pugtalandyrýar.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halkymyzyň erk-isleginiň beýanydyr hem-de döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň üstünlikleri bilen gönüden-göni baglanyşykly giň gerimli işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleri hem-de parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Täze ýylyň baş şygarynyň mazmunynda türkmenistanlylaryň Arkadagymyz diýip ýüzlenýän milli Liderine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat duýgulary hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe ynamy beýan edilendir.
Dabaraly maslahata gatnaşyjylar Diýarymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde hem-de dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarlanmagynda bitirýän ägirt uly hyzmatlary üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň täze şöhratly işlere we beýik özgertmelere beslenjekdigini nygtadylar.
Geljek, 2022-nji ýylda milli ykdysadyýetimizi has-da pugtalandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň gerimli meýilnamalardyr wezipeler kesgitlenildi. Çykyş edenler olaryň ählisiniň türkmen halkynyň hal-ýagdaýynyň hem-de ýaşaýyş-durmuşynyň derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belläp, bu meýilnamalary durmuşa geçirmäge gatnaşmakda, hormatly Prezidentimiziň ösüşlere beslenen içeri we daşary syýasatyny, mähriban Watanymyzyň parahatçylygyň hem-de rowaçlygyň ýolundaky gazananlaryny wagyz etmekde yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň kabul eden Ýüzlenmesinde ata Watanymyzyň has-da gülläp ösmeginiň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri beýan edildi.
Sungat ussatlarynyň mähriban Watanymyza, milli Liderimize — halkymyzyň Arkadagyna bagyşlanan çykyşlary ýokary watançylyk ruhuny belende göterdi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi