2022-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda göni wideo aragatnaşyk arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparyna türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Tatarystan tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary – Senagat we söwda ministri Albert Karimow ýolbaşçylyk etdiler.
Bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, söwda-ykdysady, nebitgaz ulgamynda, senagatda, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary ulgamynda, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ulgamynda, ylym we bilim ulgamynda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda, medeniýet hem-de sport, ýaşlar syýasaty ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we onuň gerimini giňeltmek barada pikir alyşyldy.
Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösýändigini, köp ulgamlarda gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändigini belläp, özara bähbitli we deň hukukly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmegine ynam bildirdiler.
Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň sekizinji mejlisini 2023-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirmek ylalaşyldy we ýedinji mejlisiň netijesi boýunça Teswirnama gol çekildi.
Mejlisiň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi