Habarlar
Senagatlaşmak — ileri tutulýan ugur

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barha giň gerime eýe bolýar. Geçirilýän ykdysady özgertmeler, täze senagat kärhanalarynyň döredilmegi we olaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň depginli ösüşinde esasy şertleriň birini emele getirýär. Milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, türkmen döwleti ösen senagatly we häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalary bolan ýurda öwrülýär. Şeýle özgerişi, ilki bilen, Diýarymyzda ozaldan bar bolan senagat merkezleriniň durkunyň täzelenişinde we bu ugurda täze merkezleriň döredilýändiginde görýäris. Bularyň ählisi döwletimiziň geljekki ösüşlerinde uly ähmiýete eýedir. Bu bolsa milli ykdysadyýetiň senagat pudagynyň has-da pugtalanmagyna getirýär.

Mälim bolşy ýaly, senagat pudagynyň, aýratyn hem gaýtadan işleýän senagatyň ösüşi iş orunlarynyň artmagynyň esasy şertleriniň biridir. Ol bazaryň ösüşine, ýurduň eksport mümkinçiliginiň artmagyna-da ýardam berýär. Ýurduň ykdysady ösüşi bolsa onuň pudaklaryna goýberilýän maýa goýumlary bilen berk baglanyşyklydyr. Islendik pudaga goýberilýän maýa goýumyň başdaky maksadynyň dogry kesgitlenilmegi, onuň özleşdirilişinde ulanylýan usullaryň takyk saýlanylmagy hem-de soňky netijäniň garaşylýan derejede gazanylmagy oňyn ösüşe getirýär. Diýmek, maýa goýumyň düzüminiň hem kämilleşmesi bolup geçýär. Maýa goýumlaryň möçberidir düzümi ykdysady ösüşiň durnukly we sazlaşykly bolmagyny, esasy gorlaryň yzygiderli hem-de wagtly-wagtynda täzelenip durulmagyny, ýurduň ykdysadyýetiniň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün edýär. Maýa goýumlaryň öz wagtynda we ýerlikli ýerleşdirilmegi hem ulanyşa tabşyrylýan gurluşyk desgalarynyň hili, ilkinji nobatda, maliýeleşdirmegiň çeşmeleriniň anyk saýlanyp alynmagyna we bellenilmegine bagly bolup durýar. Şu ýagdaýda döwlet ýurduň içinde maýa goýmak üçin amatly şertleri döretmek we hojalygy ýöretmegiň şertlerini yzygiderli kämilleşdirmek arkaly iri maýa goýumlary maliýeleşdirmegiň durnukly çeşmelerini döretmäge ýardam bermek bilen, ykdysady gatnaşyklary rejeleýän we kadalaşdyrýan esasy güýç bolup çykyş edýär. Ilatyň pul girdejileriniň artdyrylmagy, iş üpjünçiligi, iş şertleriniň döwrebaplaşdyrylmagy, zähmet öndürijiliginiň düýpli ýokarlandyrylmagy, öndürilýän önümleriň hil taýdan halkara ülňülere laýyk getirilmegi, taýýar önümleriň eksportynyň köpugurlylygy oňaýly senagat we maýa goýum syýasaty netijesinde emele gelýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň netijeliligini ýokarlandyrmakda senagatlaşdyrmak işine uly ähmiýet berilýär, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär, täze gözýetimler açylýar. Bularyň ählisi milli Liderimiziň ýurduň ösüşi, halkyň bagtyýar, abadan durmuşy baradaky tagallalary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Gurbansoltan KAIROWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44230

22.10.2021
Eksport mümkinçilikleri giňeldilýär

Türkmen halky «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegi, önümçilige innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy netijesinde uly öňegidişlikler gazanylýar.

Ykdysadyýetimiziň pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen dörän pudaklaryň biri hem dokma senagatydyr. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda dokma senagatynyň binýady tutulyp, dokma kärhanalarynyň onlarçasy işe girizildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu pudaga berilýän üns has hem ýokarlandy. Häzirki döwürde iň kämil enjamlar bilen üpjün edilen dokma kärhanalarynyň 60-dan gowragy bolup, olarda 24 müňden hem köp adam zähmet çekýär. Şol kärhanalarda öndürilýän önümler dünýä ýurtlarynyň ençemesine eksport edilýär.

Türkmen dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygy barha ýokarlanýar. Munuň sebäpleriniň biri-de ýurdumyzda öndürilýän orta we inçe süýümli pagtanyň hil görkezijileriniň ýokary derejeliligidir. Bu bolsa dürli görnüşli dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär. Geljekde dokma önümleriniň täze görnüşlerini, ýagny dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän çyzykly mahmal, şeýle-de spanbond, spanleýs, sintepon ýaly mata däl önümleri öndürmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň dokma kärhanalarynda ulanylýan esasy çig mal pagta süýümidir. 2020-nji ýylda ýurdumyzda türkmeniň çogly güneşiniň, mes topragynyň, suwunyň täsirinde ýetişen pagta süýüminiň 1 million 200 müň tonnadan gowragy taýýarlanyldy. Türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän pagta süýüminiň beýleki tebigy süýümlerden has tapawutly tarapy, ondan dürli görnüşli, ekologik taýdan arassa dokma önümlerini taýýarlap bolýanlygydyr.

Soňky döwürde dokma kärhanalarynda pagta süýümi we beýleki himiki süýümler, mysal üçin, wiskoza, poliester süýümi bilen garyşdyrylyp, düýbünden täze önümler öndürilýär. Bu bolsa, öz gezeginde, öndürilýän taýýar önümleriň hemmetaraplaýyn isleg ödeýiş häsiýetlerini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Arassa tebigy süýüm taýýar önümli gigiýeniki (çyglylygy kabul edip bilijilik, howa geçirijilik we ş.m.), himiki süýümler bolsa mehaniki häsiýetlerini (berkligini, sürtülmä çydamlylygyny, berlen şekili saklap galmak ukybyny we ş.m.) ýokarlandyrmaga hem-de eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär.

Bu günki günde Türkmenbaşy, Gökdepe we Aşgabat dokma toplumlarynda eksporta niýetlenen ýokary hilli harytlar öndürilip başlandy. Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Diýarymyzda täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berildi. Muňa mysal edip, hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda şu ýylyň 25-nji awgustynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda açylyp, ulanmaga berlen dokma toplumyny görkezmek bolar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, dokma toplumlarynyň tehniki taýdan döwrebaplaşdyrylmagy hem-de olaryň çig mal serişdeleriniň golaýynda gurulmagy kärhanada ugurdaş önümleri öndürmäge mümkinçilik berýär, harytlaryň düşewüntliligine hem-de ahyrky bahasyna täsir edýär. Bu bolsa, öz gezeginde, dünýä tejribesinde ulanylýan «klaster» syýasatynyň milli Liderimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýandygynyň subutnamasydyr. Kaka etrabynda ulanmaga berlen täze dokma toplumynyň önümçilik kuwwatlylygy ýylda inçe süýümli pagtadan 3 müň 650 tonna ýokary hilli, kompakt penýe görnüşli nah ýüplügini, 12 million inedördül metr ýokary hilli egin-eşiklik matalary, şol sanda 10 million inedördül metr boýalan matany hem-de 1, 2 million sany taýyn tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredýär. Toplumda ornaşdyrylan sanly tehnologiýalar çig maly gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önüme çenli tehnologik işleriň birnäçesini öz içine almak bilen, egriji, dokma, boýag we tikin bölümlerini özünde jemleýär.

Kaka etrabyndaky dokma toplumy üçin ulanyljak esasy çig mal «kompakt penýe» diýlip atlandyrylýar. Onuň aýratynlygy inçe süýümli pagtany egirmegiň daraklamak usulynda taýýarlanmagydyr. Olardan öndürilen matalar, trikotaž önümler ýokary tekizlikde bolup, iň ýokary hil häsiýetlerine, şeýle-de ýüpek matalar ýaly ýumşak, berlen şekili saklap galmak ukybyna eýedir. Sürtülmä çydamly, ýygyrt atmak häsiýeti ýok, ýuwlanda girmeýän, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply, uly isleg bildirilýän, dürli görnüşdäki eksporta niýetlenen batist, markizet, perkal, tafta, gipýur we beýleki matalar bolup, olardan sanly ulgamyň ýardamynda taýýar önümleri öndürmek mümkinçiligi bar.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň dokma pudagyny ösdürmek boýunça alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty hem-de innowasion esasda ýerine ýetirilýän işler netijesinde bar bolan önümçilik kärhanalarynyň durkunyň täzelenmegi, täze, döwrebap kärhanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, işine ezber hünärmenleriň taýýarlanmagy, häzirki zaman marketinginiň inçe syrlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy dünýä bazarlarynda türkmen dokmasynyň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmaga we onuň abraýly ornuny tapmagyna mümkinçilik döredýär.

Çerkez ATAÝEW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň marketing kafedrasynyň müdiri, professor.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44228

22.10.2021
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň mejlisi geçirildi

2021-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň binasynda «Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň ýigriminji mejlisi göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi.

Mejlise türkmen tarapyndan Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň, şol sanda maliýe we ykdysadyýet, daşary işler, bilim, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, energetika, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, «Türkmennebit» we «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri gatnaşdylar.

ÝB-niň tarapyndan duşuşyga Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň Russiýa, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa we ÝHHG boýunça müdirliginiň direktory Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky Ýewropa daşary aragatnaşyklar gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

Özara hereketleriň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy bilen bagly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Syýasy-diplomatik gepleşikleriň hem-de parlamentara gatnaşyklarynyň, şol sanda söwda-ykdysady özara hereketleriň has hem işjeňleşdirilmeginiň zerurlygy nygtaldy. Taraplar şeýle-de ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň derwaýyslygyny hem aýratyn belläp geçdiler.

Ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasly, hususan-da Bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogynyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky maslahatlaşma duşuşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň aýratyn alnan ugurlary boýunça gatnaşyklaryň, şol sanda «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky sebitara özara hereketleriň yzygiderli häsiýete eýedigi beýan edildi.

Söwda, energetika, ulag, kommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda, haryt dolanşygyny artdyrmagyň, şeýle-de Türkmenistanyň we ÝB-niň ýurtlarynyň işewürlik-düzümleriniň arasyndaky özara hereketleri has hem ösdürmegiň zerurlygy nygtaldy.

Şeýle-de, ekologiýa, bilim, saglygy goraýyş we oba hojalygy ulgamlaryndaky bilelikdäki maksatnamalaryň hem-de taslamalaryň durmuşa geçirilişine seredilip geçildi.



Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi



21.10.2021
Türkmen-russiýa ykdysady forumy

Aşgabat, 20-nji oktýabr (TDH). Şu gün sanly ulgam arkaly VIII türkmen-russiýa ykdysady forumy geçirildi.

Iki ýurduň Söwda-senagat edaralary tarapyndan guralan bu çäre bilelikdäki maýa goýum we önümçilik taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak, senagat we gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, dokma pudagy, oba hojalygy hem-de logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek, giňeltmek maksady bilen guraldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň çäklerinde ozal gazanylan ylalaşyklar hem-de Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň netijeli işi, iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edaralarynyň, işewür düzümleriniň derejesindäki gatnaşyklar bu gezekki ykdysady forumy geçirmäge itergi berdi.

Şu gün geçirilen türkmen-russiýa ykdysady forumy netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň has amatly geljekki ugurlaryny kesgitlemäge gönükdirildi.

Foruma Russiýa tarapyndan birnäçe ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, maliýe-bank düzümleriniň, sebitleriň söwda-senagat edaralarynyň, söwda, senagat, dokma önümçiligi, gurluşyk, elektron maglumat tehnologiýalary, maşyngurluşyk, logistika we beýleki ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen iri kompaniýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, eksport ugurly önümleri öndürýän kärhanalaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylary, hünärmenleri Türkmenistana wekilçilik etdiler.

Bu foruma gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, dürli ugurlardaky bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek, Russiýanyň işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýän birnäçe iri kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak, ykdysady ulgamda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri we iri senagat merkezleri bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridigi nygtaldy. Bu gezekki foruma Russiýanyň 50-den gowrak sebitleriniň we şäherleriniň söwda-senagat edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň işiniň dowamynda eksport hem-de maýa goýum kuwwatlyklaryny giňeltmegiň şertleri we onuň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň we Russiýanyň täze şertlerde maýa goýum taslamalaryna, ykdysady gatnaşyklarynyň geljekki ugurlaryna seljerme berildi.

Işewür duşuşygyň maksatnamasyna senagat we gurluşyk önümçiligi, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, obasenagat, enjamlaryň önümçiligi, dokma önümçiligi ýaly ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi.

Iki ýurduň iri kompaniýalarynyň hem-de kärhanalarynyň wekilleri ýokarda agzalan pudaklar boýunça özleriniň eksport kuwwatyny we import boýunça bildirýän gyzyklanmalaryny mälim etdiler. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň eksport-import çärelerini kadalaşdyryjy işi bilen tanyşdyryldy.

Işewür duşuşygyň dowamynda Hazar sebitinde logistik merkez hökmünde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny we gämigurluşyk pudagyna maýa goýum mümkinçiliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly tekliplere garaldy.

Telekeçilik düzümleriniň derejesinde gatnaşyklary giňeltmek boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, geljekki russiýaly hyzmatdaşlar hususy işewürligi ösdürmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri guramak üçin, Türkmenistanda döredilen şertler bilen tanyşdyryldy.

Onlaýn-foruma gatnaşyjylar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň üstünlikli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, şu gezekki duşuşygyň ykdysady hem-de aň-paýhas kuwwaty has doly peýdalanmak maksady bilen, köpugurly hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gyzyklanma bildirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolandygyny nygtadylar.

VIII türkmen-russiýa ykdysady forumynyň netijeleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44022

21.10.2021
Türkmenistan ulag diplomatiýasynyň hem-de üstaşyr polat ýollarynyň kuwwatyny artdyrýar

Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm ähmiýetli halkara forumlarda eden çykyşlary Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň kuwwatynyň barha artýandygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

14-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Hytaýda utgaşyk görnüşde geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ikinji ählumumy maslahatynda milli Liderimiz Türkmenistanyň ozal öňe süren BMG-niň ulagy ösdürmek boýunça Ýörite sebitara maksatnamasyny işläp taýýarlamak baradaky maksatnamasyna gaýdyp gelmek baradaky teklibi öňe sürdi.

Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, bu maksatnamanyň maksatlary we wezipeleri Baş Assambleýanyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda yzygiderli kabul edilen dört Kararnamasyndan, 2016-njy ýylda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň Jemleýji resminamasyndan, dünýä derejesinde ulag babatda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak boýunça beýleki köptaraplaýyn resminamalardan ugur alnyp beýan edilmelidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş öz çykyşynda häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň oňyn ornuny aýratyn belledi.

Bellenilişi ýaly, hut Türkmenistan öz döwründe BMG-niň howandarlygynda ulag meselesi boýunça ählumumy dialogy ýola goýmak başlangyjy bilen çykyş edip, BMG bilen bilelikde Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirmegi teklip etdi hem-de gurady. 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda geçirilen forum durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi hökmünde halkara ulag ulgamyny ösdürmek boýunça giň halkara gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi.

15-nji oktýabrda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň onlaýn tertibinde geçirilen mejlisinde milli Liderimiz Arkalaşygyň ýurtlarynyň Demirgazyk — Günorta hem-de Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşmagynyň üstünlikli hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwletleriniň gatnaşmagynda geçirilen dürli halkara forumlarda, Arkalaşygyň öňki sammitlerinde GDA-nyň Ýewropa ugruna çykmak arkaly Merkezi Aziýa we Hazar ýakasy sebitinde ulag-logistika ugurlaryny döretmek boýunça Türkmenistanyň birnäçe möhüm başlangyçlary öňe sürendigini belledi. Bu başlangyçlar Arkalaşygyň ähli döwletleri tarapyndan düşünmek bilen kabul edildi we goldanyldy. Bu gün bolsa şol meýilnamalara ýeterlik derejede itergi bermek hem-de aýdyňlaşdyrmak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ykdysady taýdan durnukly ösüşiniň esasy hökmünde ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Golaýda Aşgabadyň lokomotiw deposynyň üstüniň Russiýada çykarylan döwrebap ýolagçy hem-de ýük daşaýan teplowozlar bilen ýetirilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz demir ýol ulagyny hem-de tutuş ulag-kommunikasiýa toplumyny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Munuň özi bu ulgama iri maýa goýumlarynyň gönükdirilmeginde hem-de bu toplumy halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän işlerde öz beýanyny tapýar.

Bu işiň esasy ugurlary pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakdan, onuň işine ylmy gazananlary hem-de täze, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, bazar ykdysadyýetiniň ýörelgeleri esasynda dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmekden, ýurdumyzyň üstaşyr kuwwatyny pugtalandyrmakdan, ulag-logistika merkezlerini döretmekden, ulag diplomatiýasyny ilerletmekden ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn ulag strategiýasynyň çäklerinde Türkmenistanda täsin inženerçilik-ulag desgalaryny gurmak hem-de işe girizmek boýunça giň möçberli taslamalar amala aşyryldy. 2009 — 2017-nji ýyllarda Amyderýanyň üstünden Türkmenabat — Farap, Kerki — Kerkiçi, Seýdi — Eljik awtomobil köprüleri, Kerki — Kerkiçi, Türkmenabat — Farap demir ýol köprüleri, şeýle hem Halaç — Hojambaz ponton köprüsi guruldy.

2018-nji ýylyň maý aýynda ulanylmaga berlen, sebitde iň iri toplumlaryň biri bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuny, şeýle hem täze howa menzillerini, demir we awtomobil ýollaryny döretmäge ägirt uly maýa goýumlary gönükdirildi. Bu port sebitde iň iri logistika ulgamlarynyň biri bolup durýar.

Ulag-kommunikasiýa toplumynyň pudaklaýyn edaralary tarapyndan hödürlenilýän hyzmatlary sanly ulgama geçirmek maksady bilen, petekleriň sanly görnüşde satylmagyny ornaşdyrmak we kämilleşdirmek, ýük daşamak hyzmatlary boýunça buýurmalaryň kabul edilmegini kämilleşdirmek boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Şunda “Bitewi penjire” ulgamy arkaly jemagat, ýaşaýyş jaý, bank we hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini ulanmak hem-de olaryň töleglerini amala aşyrmak ulgamynyň kömeginden giňden peýdalanylýar.

Türkmenistan ençeme asyrlaryň dowamynda Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolupdyr. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bu ulag-söwda ýoluny gaýtadan dikeltmekde ýurdumyzyň ulag toplumyna möhüm orun degişlidir.

Türkmenistan özüniň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden netijeli peýdalanyp, Ýewraziýa giňişliginde iri ulag-logistika merkezine öwrülmäge çalyşýar. 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň çägi boýunça, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, üstaşyr ýükleriň bir ýarym esseden hem köp daşalandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde, onuň üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagynda, Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmeginde demir ýol ulagyna möhüm orun degişlidir.

Ýokary ýük daşamak we geçirijilik ukyby, ýük daşamagyň, aýratyn hem harytlaryň uly möçberini uzak aralyklara daşamagyň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagy, howa şertlerine, ýylyň, gije-gündiziň şertlerine bagly bolmazlygy, agyr hem-de iri göwrümli ýükleri daşamak boýunça giň mümkinçilikleriň bolmagy, ýük daşamalaryň yzygiderliligi hem-de tizligi ulagyň bu görnüşiniň artykmaçlyklarydyr.

Bu aýratynlyklar demir ýol ulagyna logistika ugurlarynda möhüm orun eýelemäge hem-de ulag hyzmatlary bazarynda demir ýol arkaly ýük daşamalaryň ýokary bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün edýär.

Türkmenistanyň ägirt uly çäginde demir ýol ulagy sebitleriň ykdysady taýdan özara baglanyşygy hem-de halkara ýük daşamalar üçin uly ähmiýete eýedir. Bu ulgamyň döwrebaplaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Ol ýurdumyzyň senagat taýdan mundan beýläk-de ösmegi üçin zerurdyr hem-de demir ýol arkaly ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly ýokary ykdysady netijeleri gazanmaga ukyplydyr.

Ýük daşaýjy we hereket edýän düzümiň parkynyň döwrebaplaşdyrylmagy, täze demir ýol menzilleriniň, köprüleriň, düzümleýin desgalaryň we beýlekileriň gurulmagy bu ugurdaky zerur çäreleriň hataryna girýär.

Demir ýol ulagyny döwrebaplaşdyrmak işiniň barşynda Aşgabadyň demir ýol menziliniň lokomotiw deposynyň durky täzelenildi hem-de demirýol ulagynyň hereketini dolandyrmak ulgamy kompýuterleşdirildi, dispetçerçilik merkezleşdiriş ulgamy ornaşdyryldy.

Demir ýol gurluşykçylarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyryldy we demir ýol beton şpallaryny çykarýan zawodyň ulgamlary, çagyl karýerleri işe girizildi. Olar ýollaryň abat saklanylmagyny hem-de täze ýollaryň gurluşygyny üpjün edýär.

Dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden döwrebap hereket edýän düzümiň hem-de tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy lokomotiwleriň, ýolagçy we ýük wagonlarynyň parkyny düýpli täzelemäge mümkinçilik berdi.

Russiýanyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşylan şertnamalara laýyklykda, şu aýda alnan täze we döwrebap teplowozlar Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň hyzmatlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň sebitleriniň arasyndaky ulag gatnawlaryny gowulandyrmaga hem-de üstaşyr geçelgeleriň geçiriş ukybyny giňeltmäge ýardam eder.

Şu ýylyň fewral aýynda “Türkmendemirýollary” agentliginiň, “RŽD” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “RŽD interneşnl” jogapkärçiligi çäkli jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilen maslahatda Türkmenistanyň ulag ulgamynyň üstaşyr mümkinçiliginiň ýokarlanýandygyny nazara almak bilen, demir ýollaryny giň gerimde elektrifikasiýalaşdyrmagyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy Türkmenabat — Aşgabat — Türkmenbaşy hem-de Aşgabat — Daşoguz demirýollaryny gurmak hem-de elektrifikasiýalaşdyrmak boýunça russiýaly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Russiýa tarapy türkmen kärhanalarynda aýry-aýry enjamlary öndürmek mümkinçiligi arkaly iň täze tehnologiýalary hem-de zerur bolan enjamlary ibermegi teklip etmäge taýýardygyny beýan etdi. Beýleki daşary ýurt kompaniýalary hem Türkmenistanyň demirýollaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler.

Bazar ykdysadyýetine geçilmegi hem-de demir ýol pudagynda döwlet-hususyýetçilik gatnaşyklarynyň ösdürilmegi bilen baglylykda, kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça degişli işler amala aşyrylýar.

Şu ýylyň sentýabrynda “Türkmenistanyň demir ýol ulagynyň düzgünleriniň” işlenilip taýýarlanan taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi. Türkmenistanyň “Demir ýol ulaglary hakynda” Kanunyna laýyklykda, bu ulgamda hödürlenýän hyzmatlaryň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, demir ýol ulaglarynyň düzümini kämilleşdirmek, ýük daşaýjylaryň üpjünçilik ulgamlarynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirmek boýunça işler geçirilýär.

Şeýle hem Türkmenistanyň ulag ulgamynda birnäçe halkara resminamalaryna, şol sanda 1985-nji ýyldaky halkara magistral demir ýol ugurlary hakynda Ýewropa ylalaşygyna, 1991-nji ýyldaky halkara utgaşykly gatnawlaryň möhüm ugurlary we degişli desgalar hakynda Ýewropa ylalaşygyna, 1968-nji ýyldaky ýol hereketi hakynda Konwensiýanyň üstüni ýetirýän Ýewropa ylalaşygyna we beýlekilere goşulmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Munuň özi ýurduň sebit we halkara derejelerinde ulag we üstaşyr ulgamynda özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge gatnaşmagyny giňeltmäge, ulag babatda başlangyçlaryny öňe ilerletmäge we ulag diplomatiýasy gurallaryny netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Türkmenistan halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň kuwwatyny doly ulanmagy, üstaşyr geçirilýän ýükleriň mukdaryny köpeltmegi, ykdysady taýdan has oňat ýakynlaşmak üçin gümrük, wiza we beýleki amallary ýeňilleşdirmegi maksat edinýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2009 — 2014-nji ýyllarda gurlan Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoly ýaly iri taslamalar Milli demir ýol ulgamyny sebitiň ýurtlary bilen baglanyşdyrdy. Şu ýoluň netijesinde Hytaýdan konteýnerli ugurlaryň biri işe girizildi.

Türkmenistanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň çäklerinde biziň ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň Lazurit ugruny täzeden dikeldýän häzirki zaman multimodal üstaşyr-ulag geçelgesini döretmäge işjeň gatnaşdy. 2018-nji ýylyň fewralynda bu üstaşyr-ulag geçelgesiniň düzümine girýän Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) demir ýoly ulanyşa tabşyryldy.

Türkmenistan tarapyndan gurlan Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý serhetüsti demir ýoly Aziýa halkara ulag geçelgesiniň ilkinji bölegi bolup durýar. Akina — Andhoý demir ýolunyň 30 kilometrlik böleginiň açylyş dabarasy Owganystanda 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi. Geljekde bu demir ýol şahasyny Täjigistanyň serhedine çenli giňeltmek, ondan aňry Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň döwletlerine çykarmak göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň awgustynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow strategiki maksada ýetmek üçin ulag mümkinçiliklerini birleşdirmegiň möhümdigini nygtady. Şol maksat sebitde Aziýanyň, Ýewropanyň, Ýakyn Gündogaryň ulag ulgamlarynyň birleşdirilmegini üpjün edip biljek kuwwatly hem-de döwrebap düzümi döretmekden ybaratdyr.

Milli Liderimiz sebitiň çäklerindäki ulag gatnawlarynyň ulanylmadyk mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, ulag-üstaşyr geçelgeleri we logistikany ösdürmek babatda tagallalary birleşdirmek bilen, Merkezi Aziýany döwrebap, utgaşykly, ýokary netijeli ulag halkasyna öwürmek boýunça ulgamlaýyn işlemäge çagyrýar.

Şu maksatlar bilen Günorta Ýewropa çykalgasy boljak Merkezi Aziýa — Hazar —Gara deňzi sebiti, şeýle hem Merkezi Aziýa — Ýakyn Gündogar ugurlary boýunça täze ulag-aragatnaşyk ýollaryny döretmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek babatda hökümet derejesinde bäştaraplaýyn iş toparyny döretmek teklip edildi.

Döwlet Baştutanymyz bu pikirlerini Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda-da yzygiderli öňe sürdi.

Türkmen-täjik gepleşiklerinde taraplar Türkmenistan — Owganystan —Täjigistan halkara demir ýol ulag geçelgesiniň bilelikdäki taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň netijeleri boýunça gol çekilen demir ýol ulagy babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk hem-de ýükleri we ýolagçylary gatnatmak we üstaşyr daşamak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyk strategik taýdan möhüm bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk meseleleriniň giň gerimini gurşap alýar.

Daşkentde geçirilen türkmen-özbek gepleşiklerinde Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman — Katar halkara üstaşyr-ulag geçelgesiniň taslamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de Özbegistan —Türkmenistan — Hazar deňzi we ondan aňry Gara deňziň portlarynyň üsti bilen Ýewropa çykalgasy boljak ulag ýoluny ösdürmek boýunça bilelikdäki işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda türkmen tarapy Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň kuwwatlyklaryny sebitdäki goňşular üçin amatly şertlerde ulanmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny beýan edýär. Bu deňiz menzili Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň önümleriniň Ýewropanyň, Russiýanyň, Zakawkaziýäniň, Ýakyn we Orta Gündogaryň bazarlaryna eksportuny üpjün etmäge ukyplydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bazarlara hem-de önümçilik-ýerlemek ugurlaryna ýol açýan durnukly ösüşiň esasy güýji hökmünde ulag ulgamynyň eýeleýän möhüm ornundan ugur alyp, pandemiýadan soňky döwürde tiz dikelmek üçin ulaglaryň dürli görnüşleriniň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň zerurdygy baradaky halkara başlangyjyny öňe sürdi.

Bu baradaky pikir demir we awtomobil, howa we suw ýollarynyň halkara gatnawlarynyň netijeli ulgamlaryna birleşdirilmeginiň dünýä möçberindäki söwdanyň ýokarlanmagyna, ykdysady taýdan ösüşe, täze iş orunlarynyň döredilmegine itergi berip biljekdiginde we beýlekilerde jemlenýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek” atly Kararnamasynda halkara jemgyýetçiligi tarapyndan makullanyldy.

Şeýlelikde, munuň özi Türkmenistanyň netijeli ulag diplomatiýasynyň dünýä derejesinde ähmiýetlidiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Şol diplomatiýa rowaçlygy gazanmakda hem-de bu ugurda tagallalary birleşdirmek üçin ählumumy şertleri döretmekde özara ýakyn, durnukly ulag ulgamlarynyň möhümdigi barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ösüşlere beslenen maksatlaryny özünde jemleýär.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44023

21.10.2021
Senagat kärhanasynyň üstünlikleri

Milli Liderimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek babatda alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Türkmenistan senagat taýdan ösen ýurtlaryň hataryna ynamly goşulýar. Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde gurulýan iri senagat desgalary ykdysady ösüşleriň ygtybarly binýadydyr.

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap önümleri bilen tapawutlanýan senagat kärhanalarynyň biri-de 2018-nji ýylyň 14-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda açylyp, ulanylmaga berlen «Türkmen aýna önümleri» kärhanasydyr. Senagat toplumynda biri-biri bilen baglanyşykly tehnologik ulgam bolup, ol kwars çägesiniň esasynda çig mal taýýarlamak boýunça bölümden, dürli ölçegdäki we dürli galyňlykdaky aýnalaryň önümçiligi boýunça bölümden, şeýle hem aýnany ýakyp taplaýan bölümden we gaýtadan işleýän hem-de taýýar önümler bölümlerinden ybaratdyr. Türkmenistanda ilkinji gezek ýola goýlan aýna önümçiliginiň öňdebaryjy tehnologiýasy bu taslamanyň esasyny düzýär. Häzirki zaman «float» tehnologiýasy esasynda bu ýerde termopolirlenen dury we reňkli aýnalar taplanan görnüşde öndürilýär.

Senagat toplumynda Germaniýanyň, Belgiýanyň, Italiýanyň, Awstriýanyň we Finlýandiýanyň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyryldy. Bu ýerde dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň bir ýylda 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa 400 müň inedördül metrini öndürmek mümkinçiligi bar. Önümleriň hemmesi ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýär. Şeýle hem bu ýerde dürli ölçegli gaplaryň, hojalyk we lukmançylyk maksatly önümleriň 30-dan gowrak görnüşini çykarmak ýola goýuldy.

Kärhananyň Çig maly baýlaşdyrmak we taýýarlamak bölüminde ýörite enjamlarda garyndylar doly taýýar bolýança garylýar. Şonuň bilen birlikde, olara reňk hem berilýär. Düz aýna önümçiligi bölüminde giňligine we uzynlygyna ýerleşdirilen belentli-pesli enjamlaryň hersiniň ýerine ýetirýän hyzmaty bar. 1100 gyzgynlyk derejesi bolan aýna erediji pejiň birtaplyga getirilmegi tehniki enjamyň ýokary kämilliginden habar berýär. Awtomatika hem-de robotlaşdyrylan iş usulynda işiň gidişi takyk we anyk ýerine ýetirilýär.

Düz aýna önümçiligi bölüminiň işine gözegçilik edýän operatorlar işiň başdan-aýak talabalaýyk gidişine kompýuterler arkaly gözegçilik edýärler. Olar her bir enjamyň işleýşiniň hil derejesine ylmy taýdan çemeleşip baha berýärler.

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň işläp başlan ilkinji günlerinden düz aýnalary Gazagystan Respublikasyna, Azerbaýjan Respublikasyna, Owganystan Yslam Respublikasyna, Özbegistan Respublikasyna eksport edendigi bu döwrebap senagat toplumynyň uly kuwwatlyga eýedigini görkezýär. Kärhanada häzirki zaman ülňülerine doly laýyk gelýän taplama peji, aýnany laminirleýji enjam, magnetron tozanlama enjamy, aýna paket taýýarlaýan enjam doly güýjünde işledilýär.

Gaplyk çüýşe önümçilik bölüminde çüýşäniň gerekli mukdardaky ergini peçden aşak akyp gaýdýar. Şol ergin ýörite enjamlarda çüýşe görnüşinde düzülip, awtomatik hereketde gaz alawyna tutulýar. Munuň özi çüýşäni birden sowap, döwülmekden goraýar. Kompýuter arkaly gaplyk çüýşäniň hili barlanylýar. Zaýa ýeri bolsa, lenta arkaly yzyna — peje tarap äkidilýär we täzeden eredilýär. Gaplyk çüýşeler awtomatik usulda örülip, olara polietilen örtügi geýdirilýär we ammara äkidilýär.

Kärhananyň Aýnany senagat taýdan gaýtadan işlemek bölüminde aýnany taplama enjamy, aýnany laminirleýän enjam, aýna paket taýýarlaýan enjam, magnetron tozanlama enjamy işleýär. Dürli galyňlykdaky aýnalar hil taýdan örän berkligi bilen tapawutlanýar. Olar döwläýende-de, adama zeper ýetirýän aýna gyýçaklary bolmaýar. Kärhanada ornaşdyrylan daşary ýurt kompaniýalarynyň enjamlarynyň hatarynda aýna erediji peçler ýangyjy we energiýany tygşytlaýar.

Ýokary hilli aýna önümlerini öndürmäge niýetlenen kärhananyň tehnologiýa ulgamy dürli görnüşli aýnalaryň hem-de azyk önümleri, derman serişdeleri üçin niýetlenen reňkli aýna gaplaryň önümçiligini özünde jemleýär. Italiýanyň «Bottero» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamy sygymy 0,25-den 1 litre çenli bolan içgiler üçin niýetlenen çüýşeleri, bankalary, şeýle hem lukmançylyk aýna gaplaryny hem öndürmäge mümkinçilik berýär. Önümçilik ulgamynyň ähli düzümlerine awtomatik usulda gözegçilik amala aşyrylýar we ol halkara ölçeglerine laýyk derejede tehnologiýa taýdan dolandyrylýar. Serişdeleri taýýarlamakdan başlap, taýýar önümlere çenli ähli tapgyrlarda talap edilýän hil derejesiniň hem-de görkezijileriniň ýola goýulmagyna gözegçilik edýän barlaghana hem ýokary tehnologiýaly enjamlar we gurallar bilen üpjün edilipdir.

Toplumda işgärlerdir hünärmenler üçin zähmet çekmäge ähli şertler döredilipdir. Kärhananyň bölümlerinde dynç alar ýaly ýörite ýerler üpjün edilen. Bu ýerde 48 maşgala niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýyň ikisi we 400 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy bar.

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda 900-e golaý adam zähmet çekýär we işler dört çalşykda alnyp barylýar. Hünärmenleriň we işçileriň saglygyna lukmançylyk gözegçiligi ýola goýulýar. Bu bolsa kärhanada zähmet çekýän işçileriň has-da yhlasly işlemeklerine ýardam edýär.

Hawa, häzirki wagtda «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynda alnyp barylýan işler, sözüň doly manysynda, dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Hut şonuň üçinem, bu ýerde öndürilýän önümlere bolan isleg barha artýar. Milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşantlaryny goşýan «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri ýurdumyzyň senagat toplumyny ösdürmek ugrunda netijeli işleri durmuşa geçirip, halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda döwletli başlangyçlary amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň adyna tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Gülşat AHUNOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43978

21.10.2021
Bazarlaryň bezegi

Güýz pasly ortalap, gök-bakja ekinleriniň, miweli baglaryň soňky hasyly ýygnalyp ýörlen-de bolsa, bu babatda ak bazarlarymyzyň berekedi asla kemelenok. Ýurdumyzyň çar künjeginde gurlan döwrebap ýyladyşhanalarda ösdürilip ýetişdirilýän bol bakja önümleri — terje hyýarlar, al-gyzyl reňkli pomidorlar gözüňi dokundyrýar. Şu ýyl Mary welaýatynda gurlup, ulanmaga berlen döwrebap ýyladyşhana toplumynda hem ýeterlik hasyl kemala getirildi.

Hoş habar tiz ýaýragyç bolýar. Bahar aýynyň ajaýyp gününde gadymy Merw topragynda ýene-de bir ýyladyşhana toplumynyň açylýandygy baradaky hoş habar agyzdan-agza geçip, tutuş welaýata ýaýrapdy. Bu pursat uludan-kiçä hemmäniň kalbyny şatlykdyr buýsanç duýgusy gaplap aldy. Munuň özi diňe bir ter gök we bakja önümleriniň bolçulygynyň alamaty bolman, eýsem, köp sanly maşgalanyň ýaşaýyş-durmuşynyň gowulandyrylmagyna oňyn täsir etjek onlarça täze iş orunlarynyň hem döredilýändiginiň buşlugydy. Golaý obada ýaşaýan ýaşlaryň aglabasy döwrebap önümçilik kärhanasynyň gurluşygyna başlanan günlerden onda işlemegiň arzuwynda boldular. Gahryman Arkadagymyzyň mart aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan täze ýyladyşhanalaryň açylmagyna ak pata bermegi bilen, ýaşlaryň bu arzuwy wysal tapdy. Welaýatyň Sakarçäge etrabynyň «Akýap» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän, iň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýyladyşhanada täze iş orunlary döredilip, oba ýaşlarynyň birbada 66-sy iş bilen üpjün edildi.

Daýhan birleşiginiň çäginden bölünip berlen 26 gektar meýdanyň 8 gektarynda gurlan ýyladyşhananyň önümçilik kuwwaty ýylda 1800 tonna ter pomidory ösdürip ýetişdirmäge niýetlenen. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Mähriban obam» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhanada ösdürilip ýetişdirilen ilkinji pomidorlar ak bazarlaryň, bereketli saçaklaryň bezegine öwrüldi.

— Biz pomidoryň üç görnüşini, ýagny «altess» diýlip atlandyrylýan hoşaly, ülje şekilli ownuk hem-de gülgüne reňkli iri görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek bilen, şu günki güne çenli olardan 1000 tonna golaý hasyl aldyk. Kärhanada işleýänleriň aglabasyny düzýän gelin-gyzlar pomidorlara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, hasyly zaýasyz ýygnap almak bilen birlikde, ýyladyşhananyň içiniň arassa saklanmagyna hem gözegçilik edýärler. Kärhananyň täzelikde işe girizilendigine garamazdan, Jeren Jummykowa, Mahym Orazowa göreldeli zähmeti bilen tapawutlanmagy başarýar. Pomidor gündelik ulanylýan azyk önümi bolansoň, ol islegli harytlaryň biri. Öý bikeleri ondan dürli işdäaçarlary hem taýýarlaýar. Esasan-da, ülje şekilli ownuk hem-de gülgüne reňkli iri pomidorlar geçginli hasaplanýar. Olaryň harytlyk görnüşi-de, tagamy-da üýtgeşik.

Täze güýç bilen işe başlan ýaşlarymyz şanly toýy zähmet üstünlikleri bilen garşyladylar. Milli Liderimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, biz geljekde hem ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümlerimizi diňe içerki bazara däl, daşarky bazarlara hem hödürleýäris. Ýokary hilli pomidoryň 800 tonnadan gowragyny Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyz Respublikasyna eksport etdik — diýip, hususy kärhananyň agronomy Güljeren Ezizowa gürrüň berýär.

Mähriban Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzyň telekeçileri azyk howpsuzlygynyň esaslaryny pugtalandyrmakda möhüm orun eýeläp, döwrebap ýokary tehnologiýaly ýyladyşhana toplumlaryny gurmak bilen, önümçilikde gaýtadan işleýän senagatyň täze, döwrebap enjamlaryny ulanýarlar» diýen sözlerinden ruhlanyp işleýän telekeçiler ekologik taýdan arassa, dünýä bazarynda islegli önümleri öndürmek ugrunda yhlas-başarnygyny gaýgyranok.

Keýik UMAROWA.

«Türkmenistan».




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/44015

21.10.2021
Pederleriň pentlerinden ugur alyp

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» kitabynda «Çagany ýaşdan, edebi başdan», «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» ýaly nakyllar bar. Şeýle nakyllary, pähim-pentleri hemişe ýörelge edinýän halkymyz perzentlerine terbiýe bermegi durmuşyň berk kadasy hökmünde kesgitleýär. Ene-ata mähir, alada, söýgi bilen gurşap alan perzentlerini geljekde Watana wepaly, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmäge çalyşýar. Çünki türkmen üçin ata Watan, ene toprak mukaddesdir, keramatlydyr.

Arkadag Prezidentimiz: «Hiç bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez» diýmek bilen, ene-ata üçin çaga terbiýesiniň hökmany borçdugyna ünsi çekýär. Şol esasdan, biz çagalar bagymyza gatnaýan körpeleriň terbiýesini göreldeli maşgala terbiýesi bilen sazlaşykly alyp gitmäge çalyşýarys.

Körpeler deň-duşlary bilen oýnap, dostlaşyp, belli bir derejede düşünjelerini artdyrýarlar. Çünki dürli maşgalalardan bolan körpelerde birek-birekden öwrenere zat kän. Her bir çaga öýde ene-atadan, çagalar bagynda terbiýeçilerden görýän göreldesine eýermäge çalyşýar. Olaryň aýdanyny, edenini gaýtalaýar. Bu hem eýýäm bizden — terbiýeçilerden körpeleri milli ruhda terbiýelemekde peder pentlerinden ýerlikli peýdalanmagy, özümizi hem şol pentlere laýyk alyp barmagy talap edýär. Nakyllar, pähimler esasynda terbiýelenýän çagalaram hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişýär. Şeýle bolansoň «Paýhas çeşmesi» kitaby biziň ýakyn ýardamçymyz bolup durýar.

Rejepbibi ANNAÝEWA,

Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherindäki 10-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43883

21.10.2021
Milli ykdysadyýetimiziň daýanjy

Dünýä giňişliginde hemmetaraplaýyn durnukly ösýän ýurt hökmünde öz ornuny barha berkidýän ata Watanymyz hormatly Prezidentimiziň badalga beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, sanlylaşdyrmak we senagatlaşdyrmak arkaly düýpli özgerişlikleriň hil taýdan täze tapgyryna gadam basýar.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ýokary depginli durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmekde telekeçiligiň ähmiýetini ýokarlandyrmaga we ony döwlet tarapyndan goldamaga uly üns berýär. Hut şonuň netijesinde türkmen işewürleri durmuş-medeni maksatly desgalary, senagat kärhanalaryny, döwrebap söwda toplumlaryny gurýarlar we öz tejribelerini barha kämilleşdirýärler. Durmuş maksatly desgalardyr binalaryň gurluşyklarynyň ýurdumyzyň çar künjeginde ýaýbaňlandyrylmagy halkymyzyň bagtyýarlykda ýaşamagynyň döwlet syýasatynyň baş maksadydygyny görkezýär.

Şu dogrusynda pikir ýüwürdeniňde, güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30-njy ýylynda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen birlikde biziň welaýatymyzyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen möhüm ähmiýetli desgalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň giň mümkinçilikleri we olaryň gurluşygyna gatnaşan türkmen telekeçileriniň asylly zähmeti göz öňüňde janlanýar. Mähriban Arkadagymyzyň: «Türkmen telekeçileri şäherleri gurmaga ukyplydyr» diýen ganatly sözlerinden ruhlanýan telekeçileriň asylly zähmeti netijesinde ýakynda Türkmenabat şäheriniň iň gözel ýerleriniň birinde 614 maşgala niýetlenilen ýaşaýyş jaý toplumy açylyp, ulanylmaga berildi. Täze jaýlar üç we bäş otagly öýlerden ybarat bolup, olarda döwrebap şertlerde ýaşamak üçin ýokary amatlylyklaryň ählisi göz öňünde tutulan. Açylyş dabarasynda bagtyýar maşgalalaryň onlarçasyna täze jaýlardan ähli amatlylykly öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň biziň eşretli zamanamyzda barha rowaçlanýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.

Tutumly toýlara, baýramçylyk dabaralaryna utgaşýan üstümizdäki ýubileý ýylymyzda täze açylyp, ulanmaga berilýän binalardyr desgalar ýokary hili we milli binagärlik öwüşginleri, şeýle hem ýokary amatlylyklary bilen tapawutlanyp, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösdürilýändiginiň nyşanyna öwrülýär. «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alyp, eziz Diýarymyzy ösüşleriň ak ýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaç alsyn!

Laçyn AZIMOWA,

«Çäksiz Diýar» hususy kärhanasynyň tehniki howpsuzlyk inženeri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43910

21.10.2021
2021-nji ýylyň sentýabry: milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Şanly ýubileý senesiniň — mukaddes Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň dabaralaryna beslenen şu ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de giň hyzmatdaşlyk syýasaty esasynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işleri halkara giňişlikde ýokary işjeňlige eýe boldy.

Milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen baýramçylyk çäreleri, şol sanda maslahatlar, döredijilik duşuşyklary, tanyşdyrylyş çäreleri Türkmenistanyň döwlet ösüşi babatdaky strategiýasynyň hem-de daşary syýasy ugrunyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli häsiýete eýedigini nobatdaky gezek aýdyňlyk bilen görkezdi.

Sebitiň goňşy döwletleri bilen ysnyşykly we köp taraply gatnaşyklary ösdürmek hormatly Prezidentimiziň netijeli daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi hem-de ileri tutulýan ugrudyr. Şunda Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri hem-de türkmen we owgan halklarynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan dost-doganlyk gatnaşyklary bilen şertlendirilendir.

Ýurdumyz parahatçylyk söýüjilik we özara goldaw bermek ýörelgelerine berk eýermek bilen, iş ýüzünde dostlukly döwlete yzygiderli goldaw berip gelýär.

1-nji sentýabrda döwlet Baştutanymyzyň Buýrugyna laýyklykda, Owganystana ynsanperwerlik ýüki ugradyldy. Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde bu sebitiň ýolbaşçylarynyň hem-de goňşy döwletde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň gatnaşmagynda ynsanperwerlik kömegini kabul etmek dabarasy boldy. Owgan tarapy hemişe kömek berýän Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna hem-de halkyna aýratyn hoşallyk bildirdi.

Owgan meselesiniň Türkmenistan tarapyndan geçen aýda hyzmatdaş döwletler bilen geçirilen köptaraplaýyn duşuşyklaryň üns merkezinde bolandygyny bellemelidiris. Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň ýörite wekilleriniň gatnaşmagynda 5-nji sentýabrda geçirilen duşuşykda Owganystandaky ýagdaý ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen duşuşygyň çäklerinde goňşy ýurtdaky häzirki ýagdaý we halkara bileleşigiň hem-de sebitiň ýurtlarynyň şu mesele babatda özara gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça pikir alşyldy. Türkmen tarapy Owganystanyň durnuklylygyny, howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşini pugtalandyrmak meselelerini çözmek boýunça tagallalary utgaşdyrmakda sebitiň çägindäki özara gatnaşyklaryň ähmiýetini belledi. Şol meseleler bolsa özara baglanyşyklydyr.

Durmuş-ykdysady, energetika, ulag we kommunikasiýalar ulgamlarynda milli Liderimiziň başyny başlan iri möçberli taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly Owganystanda parahatçylygy berkarar etmekde ýurdumyzyň aýratyn orny nygtaldy.

8-nji sentýabrda Owganystanyň goňşy ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy boýunça guraldy. Geňeşmelere Türkmenistandan başga-da, Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tarapyndan şeýle duşuşyklara Owganystanda parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de bu ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge bitewi sebit çemeleşmesini işläp taýýarlamak mümkinçiligi hökmünde garalýar.

Şol gün sanly ulgam arkaly ABŞ-nyň we GFR-iň daşary syýasat edaralarynyň başlangyjy bilen ministrler duşuşygy geçirildi. Geçirilen gepleşiklere gatnaşmaga dünýäniň 20-den gowrak döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de BMG-niň, ÝB-niň we NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri çagyryldy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri Owganystan boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny döretmegiň ähmiýetini nygtap, goňşy ýurtda parahatçylygy, raýat ylalaşygyny gazanmaga, howpsuzlygy we durmuş babatda durnuklylygy hem-de owgan halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köp taraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli gurallaryny döretmegiň zerurdygyny bellediler.

13-nji sentýabrda Ženewada utgaşykly görnüşde Owganystandaky ynsanperwerlik meseleleri boýunça ýokary derejeli maslahat geçirildi. Oňa BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş we beýleki abraýly halkara guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň esasyny düzýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däplerine eýermek bilen, goňşy ýurtlara, şol sanda Owganystana yzygiderli ynsanperwerlik kömegini berýär. Hususan-da, ýurdumyzyň başlangyjy we ýakyndan goldaw bermegi bilen, goňşy döwletde möhüm durmuş ähmiýetli desgalaryň — mekdebiň, hassahananyň we metjidiň gurluşygy amala aşyryldy. Türkmen tarapy Owganystana derman we lukmançylyk serişdeleri görnüşinde ynsanperwerlik kömegini yzygiderli iberýär.

Daşary ýurt döwletleriniň birnäçesiniň wekilleri bilen geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikler güýz paslynyň birinji aýynyň beýleki möhüm ähmiýetli wakalarynyň hatarynda orun aldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugruna laýyklykda, şol ýurtlar bilen özara gyzyklanma bildirilýän netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň 2-nji sentýabrda Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat döwlet ministri Ejima Kiýoşi bilen geçiren duşuşygynda dostluk, ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meselesi boldy. Myhman ýapon wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza iş sapary bilen geldi.

3-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talyplar hem-de okuwçylar bilen geçiren umumy sapagynyň dowamynda öňde goýlan wezipelere bagyşlandy. Çykyş edenler, şol sanda çärä sanly ulgam arkaly gatnaşan Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geçen taryhy ýoly, mähriban halkymyzyň durmuş taýdan ösüşi, häzirki ýaşlaryň döwletimiziň we jemgyýetimiziň, ene-atalaryň hem-de maşgalalaryň öňündäki borjy baradaky çuň manyly çykyşynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň netijeleri boýunça kabul edilen bilelikdäki Beýannamanyň hem-de ýokarda agzalan forumyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň resminamalary hökmünde ykrar edilmegi sebit ösüşini ilerletmek üçin Merkezi Aziýa binýadynyň uly ähmiýete eýediginiň tassyknamasyna öwrüldi. Bu resminamalar BMG-niň resmi dillerinde çap edildi hem-de bu iri halkara gurama agza ýurtlaryň arasynda ýaýradyldy.

9-njy sentýabrda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň 102-nji umumy maslahatynda “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakyndaky” Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň YHG-na başlyklyk etmeginiň çäklerinde şu ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda bu abraýly guramanyň döwlet Baştutanlarynyň nobatdaky 15-nji duşuşygyny geçirmek meýilleşdirildi. Onda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde pandemiýa döwründe hem-de saglyk bilen baglanyşykly adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara gatnaşyklary boýunça iki günlük onlaýn okuw sapagy geçirildi.

Gyrgyzystanyň we Ysraýylyň halkara bilermenleri döwlet edaralarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen işjeň gatnaşyklaryny guramak boýunça garaýyşlary barada pikir alyşdylar. Çärä gatnaşanlar Hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we ilaty doly derejede habarly etmek meseleleri boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda işleýän guramalaryň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

9-10-njy sentýabrda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde utgaşykly görnüşde geçirilen ÝHHG-niň Merkezi Aziýada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri baradaky 23-nji maslahatynyň esasy meselesi “Merkezi Aziýada köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy” diýlip atlandyryldy.

Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Mongoliýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bir hatarda, maslahata sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň hem-de ýurdumyzyň garaşsyz habarlar agentlikleriniň işgärleri gatnaşdylar.

10-njy sentýabrda Türkmenistanyň wekilleri onlaýn görnüşde VI Hazar mediaforumyna gatnaşdylar. Bu forum Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatynyň edara ediş merkezinde Azerbaýjan Respublikasyndan, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan bilermenleri jemledi.

Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi syýahatçylyk we etnomedeniýet gatnaşyklary bilen bagly boldy. Foruma gatnaşyjylaryň ara alyp maslahatlaşmagyna sanly eýýamda travel-žurnalistikasy, medeni mediagiňişlikde chek-in, maglumat kommunikasiýalarynyň täze ulgamynda aň-bilim mediataslamalary ýaly meseleler girizildi.

Soňky ýyllarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda halkara meýdançalarda, şol sanda mediagiňişlikde özüniň eýeleýän ornuny işjeň pugtalandyrýan Türkmenistanyň bu foruma Hazarýaka döwletleriň arasyndaky syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlykda hünär babatdaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetli ädim hökmünde garaýandygyny bellemek gerek.

VI Hazar mediaforumynyň çäklerinde “Serhetsiz Hazar” atly halkara bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Ýeňijileriň hatarynda “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň işgärleri hem bar.

13-nji sentýabrda Daşkent şäherinde suw hojalyk meseleleri boýunça Bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Şonda Amyderýanyň suw serişdelerini hem-de suw hojalyk desgalaryny ulanmakda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Suw hojalygy ulgamynda ikitaraplaýyn we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça geçirilen pikir alyşmalaryň çäklerinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň, Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň hem-de Durnukly ösüş boýunça döwletara toparyň we olaryň düzümleýin edaralarynyň ähmiýeti nygtaldy. Mejlisde suw serişdelerini rejeli ulanmak, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, zeýkeş-ýerasty hem-de akaba suwlaryny ulanmak ulgamynda bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýarlyk beýan edildi.

Şondan bir gün geçenden soň, Özbegistanyň paýtagtynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň 16-njy mejlisi geçirildi. Oňa dostlukly ýurtlaryň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Mejlisiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasyndaky ikitaraplaýyn duşuşyklaryň örän netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Iki dostlukly ýurduň Liderleri netijeli döwletara gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna uly üns berýärler.

16-njy sentýabrda “C5+1” görnüşinde geçirilen duşuşygyň barşynda howanyň üýtgemegi, hususan-da, onuň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de energiýany öndürmek üçin suw serişdeleriniň elýeterliligine ýaramaz täsiri bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Duşuşyga Gazagystan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan, Türkmenistandan, Özbegistan Respublikasyndan hem-de Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan howa meselelerine jogap berýän edaralaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Taraplar “C5+1” sebitleýin diplomatik binýadyň çäklerinde daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklap, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylmagyny ösdürmek hem-de howanyň üýtgemeginden ejir çekýän ilatyň gatlaklary üçin durmuş özgertmelerini goldamak babatda bilelikde işlemegiň wajypdygyny nygtadylar.

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda statistiki kuwwaty pugtalandyrmak we milli Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak meseleleri boýunça hasabatlary bermek, Durmuş-ykdysady meýilnama hem-de Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek babatda maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ösüş ulgamynda Gün tertibini amala aşyrmak boýunça esasy resminamalary milli kanunçylyga hemmetaraplaýyn ornaşdyrmaga gönükdirilen bilelikdäki işiň yzygiderli geçirilmeginiň ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça Milli maglumatlar binýadyny döretmek babatdaky işiň hem-de 2022-nji ýylda ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyna taýýarlyk görmegiň barşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

21-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde “Bütindünýä pandemiýasy bilen baglanyşykly dürli töwekgelçilikleri hem-de howplary azaltmak üçin habarlylygy ýokarlandyrmak we bu işe ýaşlary çekmek” atly Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikdäki Maksatnama gol çekmek dabarasy boldy. BMG tarapyndan BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko resminama gol çekdi.

Bu resminama ýerli derejede döwlet wezipeli adamlaryň kuwwatyny pugtalandyrmaga hem-de adam howpsuzlygyny üpjün etmäge toplumlaýyn çemeleşmegini nazara almak bilen, durmuş-ykdysady taýdan seslenmegiň meýilnamasyny amala aşyrmaga gönükdirilendir.

22-nji sentýabrda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň daşary işler ministrleriniň sanly ulgam arkaly “C5+1” görnüşindäki duşuşygy geçirildi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary hem-de Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri “C5+1” sebit diplomatik binýadynyň aýratyn ähmiýetini tassyklap, sebit hem-de halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek üçin onuň peýdasyny bellediler.

Netijeli söhbetdeşligiň barşynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit howpsuzlygynyň howplaryna hem-de wehimlerine garşy durmak boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen diplomatik gatnaşyklary dowam etdirmäge gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Mundan başga-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de ABŞ-nyň syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şol gün türkmen wekilleriniň “EKSPO — 2020 Dubaýyň” daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen işlemek boýunça utgaşdyryjysy Omar Şehade bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda köp ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan bu halkara gözden geçirilişiň ähmiýetini nygtadylar.

Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilmegi köp sanly daşary ýurt neşirleriniň üns merkezinde boldy. Bu şanly waka mynasybetli ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda dürli çäreler we dabaralar geçirildi.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistan Yslam Respublikasynda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite goýberilişleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň taryhyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamlarynda, ylymda we medeniýetde ýurdumyzyň gazanan uly üstünliklerine bagyşlanyldy.

Milli Liderimiziň möhüm halkara başlangyçlary, durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary, ýurdumyzyň energetika we ekologiýa diplomatiýasy baradaky makalalar köp sanly okyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Döwlet Garaşsyzlygynyň şanly senesi mynasybetli Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalary hem-de konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we köp sanly beýleki çäreler geçirildi.

Hyrat şäherinde ýurdumyzyň Baş konsullygy tarapyndan maslahat guraldy. Oňa Hyrat we Badgis welaýatlarynda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş türkmen halkyny ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutladylar hem-de dostluk goldawy we owgan halkyna berilýän ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzyň baş baýramy hem-de 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Kyrşehir Ahi Ewran uniwersitetinde şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen talyplarynyň konserti geçirildi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň we halkymyzyň medeni gymmatlyklarynyň sergisi guraldy.

Türkiýäniň Samsun şäherinde Ondokuz Maýis uniwersitetiniň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Bu maslahatyň çäklerinde hem sergi we baýramçylyk konserti guraldy.

ABŞ-nyň Sietl şäherinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna ýörite okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçihanasy tarapyndan guraldy. Duşuşyga watandaşlarymyz — Türkmenistanyň raýatlary we talyplary çagyryldy. Milli Liderimiziň durmuşa geçirýän halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli daşary syýasaty duşuşygyň esasy mowzugy boldy.

Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky ilçihanasy baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa Londondaky abraýly ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.

Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary Türkmenistan, onuň gazanýan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Şäheriň merkezi köçeleriniň biriniň ugrunda ýerleşdirilen ägirt uly ekranlarda ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy tarapyndan baýramçylyk çäresi geçirildi. Onuň barşynda ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan ägirt uly üstünlikleri bellenildi.

26-syndan 27-nji sentýabra geçilen gije ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde “Nur Älem” muzeýiniň binasy Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňkinde öwşün atdy.

Şeýlelikde, 2021-nji ýubileý ýylynyň sentýabr aýynyň köpöwüşginli wakalarynyň syny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we özara düşünişmegiň esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň netijeli häsiýete eýediginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

(TDH)



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43837

20.10.2021
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Aşgabat, 19-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi.

Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýanyň işewür toparlarynyň, hususan-da, ýolbaşçylyk edýän nebit kompaniýasynyň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy şeýle hem döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady we milli Liderimize eziz Watanymyzyň hem-de mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag sözleri üçin minnetdarlyk bildirip, däp bolan dostlukly hem-de netijeli türkmen-rus gatnaşyklarynyň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň işjeň gatnaşyklar, şol sanda ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny aýtdy. Şu ulgamda ägirt uly serişdeler we ykdysady kuwwatyň bardygy nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alşyldy. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän toplumlaýyn energetika strategiýasy şol hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin oňaýly şertleri döredýär. Nebitgaz pudagyny düýpli döwrebaplaşdyrmak, onuň ýangyç serişdelerini çykarýan hem-de gaýtadan işleýän kuwwatlyklaryny artdyrmak, maýa goýum işini höweslendirmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen iri düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek, türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilýän ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup durýar.

Hazar sebitiniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bu babatda hukuk kadalaryna esaslanýan ylalaşykly halkara gatnaşyklary ýola goýmak hem-de birek-biregiň bähbitlerini hormatlamak ýörelgeleri möhüm ähmiýete eýedir.

Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň ýanwar aýynda gol çekilen Hazar deňzinde “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Höküme tleriniň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnama netijeli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzda alyp barýan işleri, şol sanda Hazarda taslamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berip, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýändigini ýene-de bir gezek nygtady. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de russiýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda amala aşyrylýan giň möçberli pudaklaýyn maksatnamalara işjeň gatnaşmaga gyzyklanmalaryny tassyklady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň başyny başlan öňdengörüjilikli syýasatynyň, türkmen bazarynda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýynyň hem-de ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmeginiň uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek üçin daşary ýurt maýalaryny çekmäge, ugurdaş düzümiň gurluşygyna ýardam edýändigi bellenildi. “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy kompaniýanyň mundan beýläk-de öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ägirt uly energetika kuwwatyndan umumy abadançylygyň bähbidine netijeli peýdalanmaga çalyşýandygyny belläp, nebitgaz ulgamyny sanlylaşdyrmaga, pudaga ekologiýa taýdan arassa innowasion tehnologiýalary hem-de ylmy-tehniki ösüşiň iň gowy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady. Bu babatda daşary ýurtlaryň, şol sanda rus kompaniýalarynyň öňdebaryjy tejribesi netijeli ulanylyp bilner. Russiýanyň kompaniýalary bilen öňden bäri hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperow birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan edip, özara bähbitlilik hem-de uzak möhletleýin esasda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/43842

20.10.2021
Gözelligiň şäheri

Ak şäherimiz — Aşgabat gün-günden gözelleşýär. Paýtagtymyzyň görküne görk goşýan ak mermer desgalaryň hatarynda abraýly halkara çärelerini geçirmäge niýetlenilen binalar aýratyn ünsüňi özüne çekýär. Olar ýaşaýyş jaý, ýadygärlik toplumlary, suw çüwdürimleri, sport toplumlary, saglygy goraýyş binalary bilen egin deňläp, ýurdumyzyň gelim-gidimliligini, umumadamzat ähmiýetli meseleleriň biziň ýurdumyzda maslahatlaşylyp çözülýändigini aňladyp, kalplara şöhle salýar.

Şeýle giň halkara çäreleriniň geçirilýän ýerleri hökmünde, paýtagtymyzdaky «Oguzkent» myhmanhanasyny, Türkmenistanyň Söwda we senagat edarasynyň Sergiler merkezini we beýlekileri buýsanç bilen ýatlap bileris. Ministrliklerdir edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan ýygnaklar zallary hem bu möhüm halkara çärelerini guramak we geçirmek üçin ähli amatlyklara eýedir.

Paýtagtymyza myhman bolup gelýän resmi wekiliýetleriň agzalary, žurnalistler, syýahatçylar we jahankeşdeler ak şäherimiziň gözellik, tämizlik aýdymyny dilleriniň senasyna öwürýärler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyzyň şähergurluşyk maksatnamasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu gün paýtagtymyz ak mermer binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun eýeledi. Ak şäherimiziň bu sanawa 11 gezek girizilendigini hem buýsanç bilen bellemelidiris.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilen üstümizdäki ýylda paýtagtymyzda Hökümet münberiniň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Diwanynyň binasynyň we beýleki birnäçe ýaşaýyş we medeni maksatly binalaryň açylyp ulanylmaga berilmegi aýratyn möhüm wakalar boldy. Häzirki wagtda gurlup ulanylmaga doly taýýar edilen «Garagum» myhmanhanasy bu ýere myhman bolup gelýän daşary ýurtly hünärmenlere, jahankeşdelere ýurdumyzyň aýratynlyklary barada doly maglumat bermäge niýetlenendir.

Paýtagtymyzy we welaýatlarymyzy ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, döwletli başlangyçlary rowaç bolsun!

Perhat GARAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/43791

20.10.2021