Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň depginlerini ýokarlandyrmak, sebitleri toplumlaýyn ösdürmek, giň gerimli binagärlik taslamalaryny ilerletmek, milli mirasymyzy we medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, gorap saklamak hem-de öwrenmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ilatyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrundaky işler geçen hepdäniň wakalarynyň esasyny düzdi.

17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň obasenagat toplumynda özgertmeleri durmuşa geçirmegiň meselelerine bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Ozal habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň «Welaýatlar boýunça 2022-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, sebitlerde oba hojalyk ekinlerini olaryň görnüşleri boýunça ýerleşdirmek hem-de ekmek üçin bölünip berlen umumy meýdany 1 million 403 müň 120 gektar bolan meýdanda ekişe taýýarlyk görmek boýunça zerur işler geçirilýär. Mundan başga-da, bu resminama laýyklykda, 106 müň gektara ýeralma we gök-bakja ekinleri, şol sanda 65 müň gektar meýdana bu ekinleriň ýazlyk, 41 müň gektar meýdana bolsa güýzlük görnüşlerini ekmek meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, şu ýyl bu maksatlar üçin bölünip berlen ýerleriň meýdany 50 müň 450 gektar köpeler. Häzir ýerleri, tohumlary, ýörite tehnikalary we gurallary ekişe taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Milli Liderimiziň «Türkmenistanda 2022-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, 580 müň gektarda bu gymmatly ekini ekmek hem-de “ak altynyň” 1 million 250 müň tonnasyny taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Şu günler welaýatlarda ýerleri sürmek we ekiş möwsümine toplumlaýyn taýýarlyk görmek işleri dowam etdirilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlaryň gallaçy daýhanlary howa şertlerini göz öňünde tutup, 690 müň gektarda bugdaýa ösüş suwuny tutmak hem-de ony mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini geçirýärler. Şeýle hem Türkmenistanyň Suw kodeksine laýyklykda, suw serişdelerini tygşytly we rejeli peýdalanmak, ilatymyzy, oba hojalyk önümlerini öndürijileri, senagat pudagyny we beýleki suwdan peýdalanyjylary suw bilen üpjün etmek maksady bilen degişli işler amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz iş maslahatynyň dowamynda oba hojalyk toplumyny mundan beýläk-de özgertmäge, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga hem-de ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeleri kesgitledi. Şolaryň hatarynda ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny we häzirki zaman tehnologiýalaryny baý milli tejribe bilen sazlaşykly utgaşyklylykda ornaşdyrmak, ugurdaş düzümleri hem-de gaýtadan işleýän pudagy döwrebaplaşdyrmak, seçgiçilik işini kämilleşdirmek wezipeleri durýar.

18-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, bu sebitiň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.

Ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna bardy. Bu ýerde ady rowaýata öwrülen Pereňiň nesil ugrunyň dowamy bolan taýçanak dünýä indi. Milli Liderimiziň teklibi bilen, geljek 30 ýyly öz içine alýan täze döwre niýetlenen beýik maksatlarymyzyň bedew badynda dowamat-dowam bolmagynyň nyşany hökmünde taýçanaga Zaman diýip at goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz asyrlar aşyp gelýän asylly dessurlara eýerip, mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny ýagşy arzuwlar bilen taýçanagyň boýnuna dakdy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk meýdançasynda döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Ahal” binasynyň hem-de Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň we çagalar baglarynyň taslamalary, inženerçilik, ýol-ulag düzümleriniň desgalarynyň ýerleşdiriliş çyzgylary hödürlenildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ýerine ýetirýän taslamalarynyň we işleriniň hatarynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň gurluşygy hem bar.

Milli Liderimiz sebitde bar bolan taryhy ýadygärlikleriň şekilleri ýerleşdiriljek Ahal welaýatynyň taryhy-medeni seýilgähiniň taslamasy bilen tanşyp, onuň daş-töweregine dag arçasyny ekmegi teklip etdi.

Iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işleriň ýokary depginini belledi. Bu taslamany amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda desgalaryň 336-syny gurmak göz öňünde tutulýar.

Gurluşyk işleriniň amala aşyrylýan döwründe potratçylardyr kömekçi potratçylar gümrük paçlaryny, birža we gümrük ýygymlaryny tölemekden boşadyldy. Ýaşaýyş jaýlaryny gurmak barada baglaşylan şertnamalaryň umumy bahasynyň zerur bölegini maliýeleşdirmek üçin, buýrujylaryň ýüztutmasy esasynda amatly möhletler bilen karzlar berildi.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň ugurdaş kompaniýalary, hususy kärhanalary öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak arkaly, toplumlaýyn gurluşyk işlerini alyp barýarlar. Häzir bu ýerde gurulýan binalaryň köpüsiniň esasy işleri tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly we intellektual ulgamlaryň esasynda sazlaşykly şäher giňişligini döretmek, gurluşyk işlerine ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny çekmek, bu ajaýyp künjegiň tebigy gözelligini gorap saklamak üçin “ýaşyl” tehnologiýanyň usullaryny giňden ulanmak meselelerine gurluşykçylaryň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine durmuşa geçirilýän şeýle işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigini aýdyp, “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezindäki binalaryň we desgalaryň gurluşyklarynyň meseleleri hakyndaky” Karara gol çekdi.

Geçen hepde Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisini geçirmek hakyndaky Karara gol çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň atçylyk toplumyny döwrebaplaşdyrmaga, atlaryň saklanyş şertlerini we tohumçylyk işini has-da kämilleşdirmäge, atçylyk sportuny we seýisçilik sungatyny ösdürmäge hem-de atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga “Türkmen atlary” döwlet birleşigine pul serişdelerini bölüp bermek hakyndaky Karara gol çekildi.

19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, ak mermerli paýtagtymyzyň demirgazyk künjegindäki “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşdy. Milli Liderimiz gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş toplumynyň teklip edilýän Baş meýilnamasy, ýollaryň çyzgysy hem-de köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary, şeýle hem Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy teklip edilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binasynyň taslamasy bilen tanyşdy. Taslama bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary tarapyndan taýýarlanyldy.

Döwlet Baştutanymyza «akylly» öýüň enjamlaryny dolandyrmak, dolandyrylyşyň awtomatlaşdyrylan ulgamy, suw, gaz we beýleki ulgamlary aralykdan dolandyrmak, “akylly” şäheriň dürli ulgamlary, şol sanda elektro awtoulag düzümi barada maglumat berýän şekiller görkezildi. Şeýle hem “Aşgabat-siti” taslamasyny amala aşyrmak boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilendigi barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz täze şäheriň gurluşygynda maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalaryny, internet ulgamlaryny, sanly ulgamy utgaşdyrmak konsepsiýasynyň amala aşyrylmalydygyny belledi hem-de ýaşaýyş düzümleriniň ähli ugurlarynyň täzeçil tehnologiýalaryň kömegi arkaly dolandyrylmagyna möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Bu ýerde geçirilen iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz «Aşgabat-siti» diýlip atlandyrylan ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen, ýörite Pudagara toparyň döredilendigini we onuň düzüminiň tassyklanandygyny aýtdy. Täze guruljak ýaşaýyş toplumynda alnyp baryljak işlere gözegçilik etmek üçin Gurluşyk we binagärlik ministrliginde Gurulýan desgalaryň direksiýasy döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň raýatlarynyň bu özboluşly ýaşaýyş toplumynyň gurluşygy bilen bagly garaýyşlaryny beýan etmegi üçin «Aşgabat-siti» portalynyň döredilendigini we işe girizilendigini aýtdy.

Iş maslahatynyň dowamynda häzirki döwürde Aşgabadyň binagärlik keşbini döwrebaplaşdyrmak, şäheri bagy-bossanlyga öwürmek, täze ýaşaýyş toplumlaryny gurmak, hereket edýän inžener-tehniki ulgamlaryň durkuny täzelemek, ýol-ulag düzümini ösdürmek, şäherimiziň tämiz bolmagyny üpjün etmek boýunça giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Hasabatlaryň çäklerinde şäheriň ilatyny aragatnaşygyň häzirki zaman düzümleri bilen üpjün etmek, saglyk öýleriniň kadaly işini ýola goýmak, şol bir wagtyň özünde ýokary ekologik ýagdaýy saklamak meseleleri döwrüň möhüm talaby hökmünde kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy döwrebap derejede ösdürmek, degişli gulluklaryň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak we dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek hem-de täzeçil usullary milli ýörelgeler bilen utgaşdyrmak meseleleriniň ähmiýetlidigini belläp, bu wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biziň maksadymyz özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan şäheri döretmekden ybaratdyr.

20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitleri ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak, ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny içerki sarp edijilere we beýleki döwletlere ibermek bilen baglanyşykly wezipeleriň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda ýerleşýän, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Balkan — Daşoguz howa elektrik geçirijisiniň gurluşyk meýdançasynda milli Liderimize ýurdumyzyň energiýa ulgamyny ösdürmek, onuň düzümlerinde alnyp barylýan işler we täze döredilýän kuwwatlyklar, olaryň ýerleşdirilişiniň çyzgylary barada giňişleýin maglumat berildi.

Balkan — Daşoguz, Ahal — Balkan, Ahal — Mary, Daşoguz — Daşoguz ugurlarynda dürli kuwwatlykly elektrik geçiriji ulgamlarynyň hem-de Serdar, Kaka, Tejen elektrik beketleriniň ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamynyň taslamalary görkezildi.

Ahal döwlet elektrik stansiýasyny utgaşykly dolanyşyga geçirmek, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gurulmagy meýilleşdirilýän, kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik beketleriniň taslamalary barada habar berildi. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz Mary DES-inden Hyrat — Farah — Kandagar ugrunyň we Owganystanyň üsti bilen, Pakistana çenli geçiriljek ugruň çyzgylary bilen tanyşdy. Şeýle hem Mary — Maşat ugry boýunça gurulmagy meýilleşdirilýän güýjenmesi 500 kilowolt elektrik hem-de uzynlygy 140 kilometr bolan Mary — Sarahs ugry boýunça howa elektrik geçirijisi, güýjenmesi 400 kilowolt, uzynlygy bolsa 15 kilometr bolan Sarahs — Maşat ugry boýunça howa elektrik geçirijisiniň meýilleşdirilýän gurluşyklary barada habar berildi.

Energetika ministrliginiň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ministrligiň welaýat düzümleriniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen iş maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin konsepsiýasynyň” kabul edilmeginiň pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga we elektrik energiýasynyň öndürilýän möçberlerini birnäçe esse artdyrmaga mümkinçilik berendigini aýtdy. Konsepsiýanyň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, häzirki döwürde welaýatlarymyzyň hersinde iki-üç sany elektrik stansiýasy hereket edýär. Munuň özi sebitleriň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, pudagyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasy goňşularymyz bolan Eýran Yslam Respublikasyna we Owganystana, Özbegistan hem-de Gyrgyz Respublikalaryna iberilýär. Şonuň ýaly-da, ony Özbegistanyň hem-de Eýranyň üsti bilen üçünji ýurtlara ibermegiň geljegi uly bolup durýar.

Sebitde durmuşa geçirilýän özgertmeler bilen bagly, geljekde kuwwatlylygy 254 megawat bolan Daşoguz döwlet elektrik stansiýasyny-da ýönekeý dolanyşykdan utgaşdyrylan bug-gaz dolanyşygyna geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreleriň amala aşyrylmagy tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň mukdaryny ep-esli azaltmaga mümkinçilik berer.

Hormatly Prezidentimiz Ahal — Balkan — Daşoguz ugurlary boýunça gurulýan ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen, Daşoguz welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşine batly itergi berjek ygtybarly energiýa çeşmeleriniň ýene-de biriniň dörediljekdigine ünsi çekdi.

Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz energetika pudagynyň öňünde durýan ilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitledi.

Täze tehnologiýalara, sanly ulgama we ylmyň öňdebaryjy gazananlaryna, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge halkalaýyn energiýa ulgamynyň gurluşygyna ýurdumyzyň telekeçileriniň gatnaşmagyna, taslamalaryň ekologiýa ugruna uly ähmiýet bermek zerurdyr.

Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Görogly etrabynda ýerleşýän “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň ýylda 300 tonna guş etini öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumyna baryp gördi.

Döwlet Baştutanymyz hojalykda işleriň ýagdaýy, jüýjeleriň saklanyş usullary, olaryň näçe wagtda ýetişýändikleri, guşlaryň ot-iýminiň taýýarlanylyşy, bu ýerde öndürilýän önümleriň görnüşleri, towuk etiniň gaplanylyşy, göze gelüwliligi hem-de önümleriň nyşany bilen gyzyklandy.

Döwlet Baştutanymyz telekeçilerimiziň netijeli işlemegi, täze önümçilikleri ýola goýmagy üçin mundan beýläk-de zerur şertleriň dörediljekdigini belläp, “Işewür topar” hojalyk jemgyýetiniň agzalaryna önümçiligi has-da giňeltmegi maslahat berdi.

20-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki ýurduň Liderleri däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň we birek-birege hormat goýmagyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewe Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda golaýda Özbegistan Respublikasynda iş sapary bilen bolan Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň mähirli garşylanandygy hem-de görkezilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol saparyň çäklerinde, özbek kärdeşler bilen ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda söwda-ykdysady we beýleki ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça netijeli duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň Baştutanlary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan hoşniýetlilik ýörelgeleri esasynda sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak arkaly guralýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň netijeli häsiýetiniň bähbitleriň umumylygy hem-de hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak babatda berk syýasy erk-islegiň bardygy bilen şertlendirilendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 21-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesi girizildi. Olaryň hatarynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisine hem-de 2021-nji ýylyň jemlerini jemlemäge taýýarlyk görmek, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda milli senenamamyzyň şanly wakalaryna we senelerine bagyşlanyp geçiriljek çäreleriň maksatnamasyny taýýarlamak bilen bagly meseleler bar.

Ýurdumyzy geljek 30 ýylda ösdürmegiň maksatnamasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagy, ýangyç-energetika toplumynda hem-de himiýa pudagynda, söwda ulgamynda, dokma senagatynda we telekeçilikde işleriň ýagdaýy, serhet gözegçilik-geçiriş nokatlarynda döwrüň talaplaryna laýyklykda işleriň guralyşy, obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň barşy barada habar berildi.

Kagyzda neşir edilýän köpçülikleýin habar beriş serişdelerini elektron görnüşe hem-de sanly ulgama geçirmek, Türkmenistanyň internetiň habarlar-täzelikler ulgamyna gatnaşmagyny giňeltmek, saýtlary we beýleki web-serişdeleri döretmek, gazet-žurnallaryň işlerini döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, Sport we ýaşlar syýasaty boýunça habarlar merkezini döretmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem aýdyldy.

Türkmenistanyň wodorod energetikasy ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly energiýa we wodorod ýangyjyna geçmek bilen bagly işleriň güýçlenmegi geljekde energiýa serişdelerine bolan islegiň gurluşynyň üýtgemegine getirer diýlip garaşylýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň energetika ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlaryndan ugur alnyp, «Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasynyň» taslamasy işlenip düzüldi.

Resminama wodorod energiýasy boýunça halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we pugtalandyrmak, ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen, döwrebap tehnologiýalaryň esasynda işleýän we eksporta gönükdirilen milli wodorod energetika pudagyny döretmek bilen bagly giň strategik maksatlary hem-de çäreler toplumyny öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ýokarda ady agzalan «Ýol kartasynyň» taslamasy hem-de onda beýan edilen teklipler hödürlenildi. Hususan-da, munuň özi Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentlik (IRENA), Halkara Energetika agentligi, Halkara Energetika Hartiýasy, Atom energiýasy boýunça halkara agentligi we beýleki halkara guramalar bilen geljekde hem hyzmatdaşlygy netijeli dowam etmek hem-de bu işleriň çäklerinde IRENA-nyň Türkmenistanda wodorod energiýasy boýunça merkezini açmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek teklibi bilen baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça Milli strategiýasyny taýýarlamak, şeýle hem bu işe daşary ýurtly bilermenleri çekmek teklip edildi.

Ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlamak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde wodorod energiýasy boýunça merkezi döretmek teklip edilýär. Bu merkeziň esasy maksatlarynyň biri wodorod energiýasyny öndürmek we ulanmak boýunça ýurdumyzda synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen bagly teklipleri taýýarlamakdan ybarat bolar.

Energiýa serişdeleriniň bu görnüşini öndürmek, saklamak we ony daşamak üçin degişli düzümleriň döredilmegi hem-de oňa uly möçberde maýa goýumlaryň çekilmegi bilen bagly işleri geçirmek zerur bolup durýar. Şu maksat bilen, Türkmenistanda wodorod energetika pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparyny döretmek teklip edildi. Mundan başga-da, bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek we tejribe alyşmak babatda Ýaponiýa, Russiýa Federasiýasy, Koreýa Respublikasy, Beýik Britaniýa döwletleriniň degişli edaralary bilen geňeşmeleri guramak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk we “Açyk gapylar” ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary, şol sanda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge çalyşýandygyny nygtady. Alternatiw energetika bu ugurda milli strategiýany durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Mejlisde ýurdumyzyň ulag ulgamynda daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak meselelerine hem garaldy.

Häzirki wagtda Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe hem-de Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag-üstaşyr geçelgelerine Gazagystan, Katar we Hindistan ýaly ýurtlaryň goşulmagy bilen, bu ugurlary işjeňleşdirmek babatda synag ýüküni ugratmak, ýükleriň geçmeginde bökdençlikleriň döremezligini üpjün etmekde bar bolan meseleleri çözmek boýunça milli operatorlary kesgitlemek arkaly awtoulag hem-de otly ýük kerwenlerini geçirmek meýilleşdirilýär.

Ýewropa — Kawkaz — Aziýa halkara ulag geçelgesi boýunça hem-de Hazar deňzi — Gara deňiz halkara ulag geçelgesi arkaly Ýewropa çykmak bilen, konteýner ýük daşalyşyny artdyrmak babatda meýilnamalaýyn işler amala aşyrylýar.

Logistika wekilleriniň işini ýola goýmaga, daşarky bazarlary öwrenmäge, ýurdumyzyň ulag-logistika mümkinçiliklerini mahabatlandyrmaga hem-de iri ulag kompaniýalaryny çekmäge aýratyn üns berilýär.

Pakistan, Owganystan, Hindistan ýaly ýurtlar Russiýa, Gazagystana hem-de Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleri daşamaga, şonuň ýaly-da Hytaý —Täjigistan — Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ugry boýunça konteýner ýük daşalyşyny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, ulag kompaniýalarynyň arasyndaky gepleşikleriň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üstaşyr ýük daşamakdaky mümkinçiliklerini peýdalanmak meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna demir ýol wagonlaryny daşamak üçin iki sany “Ro-Ro” gämisiniň hem-de bir gury ýük daşaýjy gäminiň taslamalary hödürlenildi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça bu gämileriň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan gurulmagy meýilleşdirilýär. Milli Liderimiz şu ulgamda ýurdumyzyň kuwwatyny doly peýdalanmak maksady bilen multimodal logistika we üstaşyr gatnawlary, sanly tehnologiýalary peýdalanmak arkaly hyzmatlaryň görnüşlerini giňeltmek üçin oňaýly şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämi gurluşygyny ösdürmek üçin binýat bolup durýandygyny nygtap, bu ugurda degişli işgärleri, operatorlary, işine ussat hünärmenleri taýýarlamakda mundan beýläk-de ähli tagallalary etmek barada görkezme berdi.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberlerini, şol sanda awtobenzin, dizel we gämi ýangyjy, şeýle hem awiakerosin boýunça möçberi tassyklady.

Milli Liderimiz oba hojalygyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldamak babatda birnäçe anyk tabşyryklary berip, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň maksatlaýyn ýörite hasabyndan çykdajylary tölemek hakyndaky Çözgüde gol çekdi.

Geçen hepdäniň beýleki wakalaryna geçmek bilen, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň mejlisler zalynda «Halkyň Arkadagly zamanasynda bedew sarpasy” atly dabaraly maslahatyň geçirilendigini bellemek gerek.

Dabaraly maslahatda çykyş eden tanymal atşynaslar “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda doglan taýçanaga milli Liderimiziň Zaman adyny goýmagynyň diňe bir şu ýylyň şygarynyň ruhlandyryjy güýjüni artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, eziz Diýarymyzyň täze eýýamyň belent maksatlaryna ýetmeginde okgunlylygyň hem nyşany boljakdygyny bellediler.

Ussat çapyksuwar hem-de behişdi bedewleriň hakyky muşdagy bolan hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde, ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhraty belent derejelere ýetdi.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly möhüm syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

Kitaplarda beýan edilýän wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn täzeçillik syýasatyny tutuş aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol syýasatyň netijesinde, Türkmenistan bütin dünýäde depginli ösýän, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň baş ugruny durmuşa geçirýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Forumyň dowamynda «Medeni diplomatiýa — ählumumy parahatçylygyň kepili», «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, onuň sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyga, Merkezi Aziýada ýakynlaşmak işine goşan düýpli goşandy» ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Milli Liderimiziň eserleriniň hem-de taryhy çykyşlarynyň ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Täze kitaplar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasy ugrunyň halkara bileleşigiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyklygyny hem-de netijeliligini aýdyň açyp görkezýär.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ykdysadyýetimizi innowasion taýdan ösdürmäge, senagatymyzy diwersifikasiýalaşdyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigini ýene-de bir gezek tassyklady.

(TDH)