«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan täze ýylyň ilkinji günlerinden ýurdumyzyň ulag diplomatiýasyny has-da ösdürmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 7-nji we 14-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlislerinde ulag ulgamynyň mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça beren tabşyryklarydyr gol çeken Kararlary munuň şeýledigini doly tassyklaýar. Şunda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» möhüm orun degişlidir.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ulag strategiýasy uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Ol geografik taýdan ýerleşişiň artykmaçlyklaryndan, biziň ýurdumyzyň çäginde ysnyşykly halkara ykdysady goşulyşmagy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmek işine hyzmat edýän sebit we yklym ähmiýetli iri ulag merkezlerini döretmek üçin logistik mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga esaslanýar. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm çatryklarynyň birinde ýerleşen Türkmenistanyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmaga uly üns berilýär.
Häzirki zaman dünýäsinde durnukly ulag ulgamyny kemala getirmek döwletleriň we sebitleriň üstaşyr ulag akymlaryna goşulyşmagy bilen, olaryň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, durmuş derejesi babatda halklaryň arasyndaky deňsizligi aradan aýyrmaga gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiz ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça halkara hukuk gurallary bolup hyzmat etjek möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olaryň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen berkidilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär. Türkmenistanyň başlangyçlary esasynda 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», Baş Assambleýanyň 70-nji mejlisiniň çäklerinde, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Baş Assambleýanyň 72-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýylyň 29-njy iýulynda «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» ady bilen kabul edilen Kararnamalaryň dördüsi ýurdumyzyň ulag diplomatiýasynyň dünýä derejesindäki belent ykraryny alamatlandyrýar.
Türkmenistan tarapyndan bu ugurda öňe sürülýän teklipdir başlangyçlaryň örän derwaýysdygy öz-özünden düşnüklidir, çünki ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsirini ýetirýän möhüm ugurlaryň biri bolup çykyş edýär. Munuň özi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan tassyklanylan «Gün tertibi — 2030-yň» üstünlikli amala aşyrylmagynda-da aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurda uly mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistan soňky ýyllarda iri halkara we sebit taslamalarynyň birnäçesiniň başyny başlady. Olaryň durmuşa geçirilmegi Merkezi Aziýa, Hazarýaka we beýleki goňşy sebitleriň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy häzirki zaman derejesine çykarmaga, sebitara gatnaşyklaryň ösüşine kuwwatly itergi bermäge, Merkezi Aziýany, Hazar, Gara deňiz we Baltika sebitlerini, Orta we Ýakyn Gündogary, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýany birleşdirýän täze geoykdysady giňişligiň gurluşynyň binýadyny goýmaga amatly mümkinçilikleri açýar.
Ýurdumyzda ulaglaryň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, ulag ulgamynyň häzirki zaman düzümleriniň döredilmegine, Türkmenistanyň halkara üstaşyr ulag geçelgeleriniň sebit merkezi hökmündäki ornunyň has-da berkidilmegine gönükdirilen möhüm çäreleriň toplumyny özünde jemleýän «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» hem döwlet Baştutanymyzyň ulag ulgamy boýunça halkara başlangyçlary esasynda işlenip taýýarlanyldy. Täze maksatnamada Türkmenistanyň Ýol-ulag kodeksini taýýarlamak, ulag babatda halkara guramalar, şol sanda BMG hem-de onuň sebitleýin komissiýalary, Halkara ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň federasiýasy, Halkara howa ulaglary assosiasiýasy, Halkara Raýat Awiasiýasy Guramasy, Halkara Deňiz Guramasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy ýaly ýöriteleşdirilen düzümler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Bu bolsa ulag-logistika ulgamyna häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynda, ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda, şol bir wagtyň özünde maýa goýum serişdeleriniň işjeň çekilmeginde täze şertleri döreder.
Ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz şertleriniň biri hökmünde köpugurly, howpsuz halkara ulag düzümlerini döredip, ulag diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini bütin adamzadyň bähbidine gönükdirmäge çalyşýan milli Liderimiziň bu ugurdaky başlangyçlary mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Arzygül ANNAMYRADOWA,