Aýna önümlerine isleg ýokary

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň işçi-hünärmenleri geçen ýyly ýokary iş görkezijilerine beslediler. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň bu häzirki zaman önümçilik düzüminde 183 million 70 müň 592 manatlyk önüm öndürildi. Kärhanada düz aýnanyň 5 million 887 müňden gowrak inedördül metri öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Buýurmalar esasynda bu ýerde öndürilen dürli göwrümli çüýşe gaplar hem ekologiýa taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar. Çüýşe gaplaryň önümçiliginde buýrujylaryň islegi aýratyn nazara alynýar. Kärhananyň zähmetsöýer işçi-hünärmenleri gadam basylan täze, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda iş görkezijilerini has-da ýokarlandyrmagy maksat edinip, ýylyň ilkinji günlerinden netijeli hem-de döredijilikli zähmet çekýärler.

Aýdo ŞEKEROW.

(Öz habarçymyz).