Ýangyç-energetika toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri bolup, täze tehnologiýalaryň hem-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy netijesinde bu pudakda ekologiýa taýdan täze önümleri öndürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda sanly ulgam arkaly geçirilen ilkinji mejlisinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek arkaly EURO-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologiýa taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzininiň öndürilip başlanandygy habar berildi. Bizem täze önümiň alnyşy we aýratynlyklary bilen bagly maglumatlary almak üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Çalgy ýaglary we prisadkalar boýunça bölüminiň baş tehnologynyň orunbasary, tehniki bölümiň başlygy Hajymuhammet HAJYÝEWE ýüz tutduk.
— Ilki bilen-ä, sizi täze önümiň çykarylyp başlanmagy bilen gutlaýarys!
— Sag boluň!
— Ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň täze görnüşiniň taýýarlanylyşy barada nämeler aýdyp bilersiňiz?
— Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan, ekologiýa taýdan arassa, sarp edijiler tarapyndan uly isleg bildirilýän we dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda ylmy-gözleg işleri yzygiderli alnyp barylýar. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde zawodlar toplumymyzyň içerki mümkinçiliklerini doly peýdalanyp, benzin komponentlerini öndürýän desgalaryň işleýiş kadalaryna üýtgetme girizmek arkaly EURO-6 standartlarynyň talaplaryny kanagatlandyrýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürildi. Benziniň bu görnüşi dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilýän iň häzirki zaman awtoulaglarda ulanylyp, ekologiýa taýdan has arassalygy we tygşytlylygy bilen tapawutlanýar.
Zawodlar toplumynyň A-98 kysymly awtoulag benzini öndürmegi ýörite meýilleşdirmegi we meýilleşdirilen çäreleriň takyk amala aşyrylmagy netijesinde täze önümi öndürmek mümkin boldy. Onuň hil görkezijilerini EURO-6 ekologik talaplaryna laýyk getirmek üçin Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň awtoulag benzinleriň komponentlerini öndürýän desgalarynyň iş düzgünleri üýtgedildi we öndürilýän komponentleriň hil görkezijileri berk gözegçilikde saklanyldy. Barlaghana şertlerinde ýörite synaglar geçirilip, täze önümiň komponent düzümi kesgitlenildi. Ekologiýa taýdan arassa täze etilirlenmedik A-98 kysymly awtoulag benzininiň senagat tapgyryny taýýarlamaga zawodyň inžener-tehniki işgärleri bilen bir hatarda ýolbaşçylar hem işjeň gatnaşdylar.
Täze etilirlenmedik A-98 kysymly awtoulag benzinini almak üçin ýörite saýlanan çig mal gaýtadan işlenilip, gerekli komponentler alyndy we A-98 kysymly awtoulag benzininiň 14,36 tonnasy taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bu önümi nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýesterine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
— Täze önümiň ýokary halkara hil standartlaryna laýyk gelýändigini tassyklamak üçin nähili işler amala aşyryldy?
— Etilirlenmedik A-98 kysymly awtoulag benzininiň hilini anyklamak üçin, ilki zawodlar toplumynyň barlaghanasynda geçirilen barlaglar arkaly onuň K5 ekologik talaplarynyň we EURO-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi kesgitlenildi. Taýýarlanan önümden zawodlar toplumynyň hünärmenleriniň we Balkan welaýat «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň Türkmenbaşy şäher bölüminiň wekiliniň gatnaşmagynda synag üçin seçilip alnan nusgalyk «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyna synag geçirmek üçin ugradyldy. Bu synagyň netijeleri hem zawodlar toplumynda täze öndürilen A-98 kysymly awtoulag benzininiň ýokarda agzalan halkara hil standartlaryny kanagatlandyrýandygyny kepillendirdi. Niderlandlar Patyşalygynyň «Saybolt» kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplarynyň we EURO-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalar berildi.
— Şu ýerde K5 ekologik talaplary we EURO-6 standartlary ýaly düşünjeler barada gürrüň berseňiz, okyjylarymyz üçin gyzykly bolardy...
— Awtoulaglara ýangyç guýuş beketlerinde ýangyjyň derejesi görkezilýän şahadatnamalara duş gelýänsiňiz. Bu ýerde, köplenç, K4 ýa-da K5 standarty görkezilip, olar awtoulag benzininiň ekologik synpyny aňladýar. Olar benziniň düzümini we ýangyç ýananda bölünip çykýan gazlara täsir edýän kükürdiň we beýleki himiki maddalaryň derejesini görkezýär. K2 ekologik synpyna degişli bolan 1 kilogram ýangyçda kükürdiň möçberi 500 milligrama çenli bolup, zyýanly monometilaniliniň (MMA) möçberi 1,3 göterimden köp bolmaly däl. K-3 we K-4 ekologik synpa degişli ýangyçlarda kükürdiň mukdary 1 kilogram ýangyçda degişlilikde 150 milligrama çenli we 50 milligrama çenli bolup, zyýanly monometilaniliniň möçberiniň1 göterime çenli bolmagyna rugsat berilýär. K-5 ekologik synpynda bolsa 1 kilogram ýangyçda kükürdiň mukdary bary-ýogy 10 milligrama çenli bolup, zyýanly monometilaniliniň bolmagyna düýbünden ýol berilmeýär.
EURO-6 standarty barada aýtsak, munuň özi awtoulaglaryň hereketlendirijileri üçin has bähbitli bolan hem-de ýangyç ýananda bölünip çykýan gazlardaky zyýanly maddalaryň möçberini berk kadalaşdyrýan ekologik standartdyr.
— Diýmek, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen täze A-98 kysymly awtoulag benzini hem daşky gurşawa ýetirilýän zyýany peseltmäge ýardam eder. Şeýle dälmi?!
— Örän dogry. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda täze tehnologiýalary, nou-haulary hem-de öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýangyç-energetika toplumynda hem döwrebap önümçilikleriň ýola goýulmagy halkymyzyň bagtyýar durmuşy hakyndaky tagallalara mynasyp goşantdyr. Bize şeýle ajaýyp zamanada döredijilikli zähmet çekmäge we bagtyýar durmuşda ýaşamaga ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
— Täze önümiň aýratynlyklary barada beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Döredijilikli gözlegleriňizde ýeneki üstünlikleri arzuw edýäris.
— Sag boluň!
Söhbetdeş bolan Ahmet GELDIÝEW,