Sanly ykdysadyýetiň berk binýady

Ykdysadyýet islendik ýurduň kuwwatynyň ilkinji we esasy görkezijisidir. Şonuň üçinem, ýurduň ösüşi onuň ykdysady kuwwaty bilen ölçenilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilip, onda sanly ulgam möhüm ähmiýete eýe bolýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça başlangyçlar giň gerim alýar.

Sanly ykdysadyýet maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerine esaslanyp, ilat üçin ýokary hilli hyzmatlary hödürlemäge, önümçilige täzeçillikleri ornaşdyrmaga, sarp edijiler bilen öndürijileriň arasyndaky gatnaşyklary kämilleşdirmäge esaslanýan hojalyk gatnaşyklarydyr.

Ýurdumyzda milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykmak, elektron senagaty kemala getirmek, aň-bilim maýasyny döretmek, işewürlik, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna eýe bolmak we beýlekiler hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan asylly maksatlarynyň özeninde durýar. Bu gün degişli ugurda netijeli çäreler durmuşa geçirilip, oňyn netijeler gazanylýar. Munuň üçin «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» tassyklanylmagy bolsa ýurdumyzyň ösüşleriniň geljekde has-da belent sepgitlere ýetjekdiginiň güwäsidir. Degişli Konsepsiýanyň tapgyrma-tapgyr amala aşyrylmagy çalt depginler bilen özgerýän, dünýäde ygtybarly ykdysady binýada we uly mümkinçiliklere eýe bolan döwletimiziň öňdebaryjy ýurtlaryň hatarynda orun almagyny şertlendirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň sazlaşykly ösüşleri halkymyzyň kalbynda çuňňur buýsanç döredýär. Watanymyzyň berkararlygy we halkymyzyň bagtly geljegi ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Şirin BÄŞIMOWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň maliýe fakultetiniň talyby.