Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen ýyl Diýarymyzyň daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen üstünlikli köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýä bileleşiginiň ýurdumyza, halkymyzyň baý medeni mirasyna, medeniýetine hem-de sungatyna barha artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Kitaplarda beýan edilýän wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn täzeçillik syýasatyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol syýasatyň netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde depginli ösýän, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň baş ugruny durmuşa geçirýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.