Toýly jaýlar bolsun!

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli, Daşoguz şäherinde welaýatyň prokuratura edaralarynyň işgärleri üçin ähli amatlyklary bolan, şäher gurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gurlan täze ýaşaýyş jaýlarynyň birbada ikisi ulanmaga berildi.

Welaýat merkeziniň Aşgabat köçesiniň ugrunda bina edilen, her biri 16 öýli, dört gatly täze jaýlaryň gurluşyk işlerini Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynyň baş potratçylygynda «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar.

Kämil durmuş infrastrukturasynyň kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynyň döwrebap desgalarynyň, belent başly binalarynyň hataryna goşulan täze jaýlaryň açylyş dabarasy şatlyk-şowhuna beslendi. Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilýän günlerinde täze jaýlardan öý almak bagty miýesser eden maşgalalaryň döwletli ojaklarynda, uly şatlyk hem buýsanç bilen, jaý toýlary tutuldy.

— Bu gün maşgalamyz üçin örän şatlykly pursatlara beslendi, täze jaýda, täze ojakda toý tutmak bagty nesip etdi — diýip, köp gatly ýaşaýyş jaýyndan 3 otagly öý alan welaýat harby prokuraturasynyň derňew bölüminiň uly sülçüsi Allanur Paltabaýew öz şatlygyny paýlaşdy:

— Täze jaýymyzda ähli oňaýly şertler bar. Otaglary, aşhanasy giň hem ýagty. Öýümizde häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän iň kämil durmuş enjamlary ornaşdyrylypdyr. Çagalarymyzyň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin golaýda mekdep, çagalar baglary ýerleşýär. Halkymyzyň bagtyýar durmuşda, abadançylykda ýaşamagy barada çäksiz alada edýän Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, uly tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Häzirki wagtda welaýatyň çäginde hereket edýän hususy kärhanalar durmuş-önümçilik maksatly desgalary, ýokary amatlygy bolan ýaşaýyş jaýlaryny gurmaga işjeň gatnaşýarlar. Özleriniň hünär ussatlygy bilen netijeli zähmet çekmegiň asylly nusgasyny görkezýän «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçileri hem şäheriň dürli künjeginde täze binalaryň birnäçesini gurup, ulanmaga berdiler.

— Daşoguz şäherine durmuş maksatly desgalar aýratyn görk berýär — diýip, «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçiler toparynyň ýolbaşçysy Hurşid Saparow aýdýar. — Günsaýyn tanalmaz derejede gözelleşýän şäherimizde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde goşandymyzyň bardygyna begenýäris. Hususy kärhanamyzda dürli desgalaryň gurluşygynda işlän tejribeli gurluşykçylarymyz bar. Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ulanmaga berlen iki jaýyň gurluşygyny taslamada göz öňünde tutulan möhletlerde tamamladyk. Täze jaýlaryň açylyş dabarasynda tapawutlanan işçilerimiziň uly topary bilen birlikde, maňa hem Gahryman Arkadagymyzyň adyndan gymmat bahaly toý sowgady gowşuryldy. Diňe bir gurluşykçy däl, her kim üçin öz eden işiniň netijesini görmek uly bagt bolsa gerek. Adamlaryň bagtyýarlygy babatda ýadawsyz tagalla edip, olar üçin oňaýly şertleri döredýän Arkadag Prezidentimize alkyş aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun!

Şäheriň gözel künjegindäki belent başly binalaryň hataryndan orun alan dört we üç otagly öýlerden ybarat täze jaýlarda ýaşaýjylar üçin häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelýän ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Oňaýly ýerleşen ýagty otaglarynyň, giň eýwanynyň, aşhanasynyň kämil durmuş tehnikalary, beýleki zerur şertler bilen üpjün edilmegi häzirki döwürde ýurdumyzda adam baradaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Toý lybasyna beslenen jaýlaryň degresindäki giň sahnada şäheriň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, tans kompozisiýalary açylyş dabarasyna gatnaşanlaryň şatlygyny has-da artdyrdy.

Amanmyrat SAPAROW.

(Öz habarçymyz). Surata düşüren Bazar TYLLAÝEW.