Habarlar
Ykdysady ösüşler — möhüm görkeziji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik başlangyçlaryny durmuşyň özi barha belende galdyrýar. Çünki ol başlangyçlar ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende göterip, halkymyzy eşretli durmuşa tarap bedew bady bilen okgunly öňe alyp barýar. Bu beýik galkynyşly döwür halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan asylly ýörelgeleriniň hasyl bolýan bagtyýar zamanasy bolup köňüllere ylham çaýýar.

Uly ilimiziň arzuwyny hasyl etmek öňde duran belent wezipeleri ýerine ýetirmäge ruhlandyryjy güýç berýär. Döwrüň beýik işlerine buýsanýan her bir türkmenistanly Gahryman Arkadagymyzyň watansöýüjiliginden belent nusga alýar. Mähriban ýurdumyzyň beýik ykdysady ösüşlerine gönükdirilen ägirt uly işler biziň her birimizi döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Ata Watanymyza bolan ýürek buýsanjymyzy goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly: «Biziň esasy wezipämiz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr».

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işleriň ählisi diňe bir häzirki döwre däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem bagtyýarlygyna gönükdirilendir.

Eziz Diýarymyzyň saýlap alan ýolundan bedew bady bilen öňe gitmegi ynsan mertebesini belende göterip, ajaýyp wakalar taryhyň altyn gatlaryna ýazylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy durmuş-ykdysady, syýasy hem-de medeni taýdan ösdürmekde alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Türkmenistanda geçen 30 ýylyň içinde ähli ugurlar boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirildi. Bu döwürde milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna aýratyn ähmiýet berildi. Milli Liderimiziň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri hem maýa goýum syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak bolup durýar.

Türkmenistan durnukly ösüş maksatlaryny işjeň amala aşyrýan döwlet hökmünde bütin dünýäde giňden tanalýar. Şunda raýatlarymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenilen möhüm wezipeler gyşarnyksyz berjaý edilýär.

Häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýalaryň örän çalt depginler bilen ösýän döwründe ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge niýetlenilen özgertmeler dowam edýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga, täze ykdysady gatnaşyklary emele getirmäge aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ykdysady strategiýany durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.

Şunda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygyny görmek bolýar. Innowasion, tehnologik ösüş esasynda ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň hasabyna ählumumy bäsdeşlige ukyply önümçilik kuwwatlyklaryny emele getirmäge şertler döredilýär. Ýokary we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanýan gaýtadan işleýän önümçilik pudaklarynyň ösdürilmegi, elbetde, ýurduň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Munuň özi ýurdumyzyň dünýä ykdysadyýetinde tutýan ornuny berkidýär, eksport mümkinçiligini ep-esli artdyrýar.

Häzirki zaman bazar ykdysadyýeti şertlerinde ýurdumyzy senagatlaşdyrmak ýoly bilen möhüm ädimler ädilýär. Türkmenistany dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek üçin netijeli işler amal edilýär. Ýurdumyzda iri senagat düzümli kärhanalaryň gurlup ulanylmaga berilmegine, gaýtadan işleýän döwrebap kärhanalaryň işe girizilmegine, sanly tehnologiýaly ykdysadyýeti döretmäge, sanly tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga ýakyndan ýardam berilýär. Bu ugurdan dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman döwrebap tehnologiýalaryndan peýdalanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu bolsa sanly ykdysadyýeti emele getirmegiň barşynda senagat pudagynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga hem-de netijeli eksport mümkinçiligini artdyrmaga, girdejileriň artdyrylmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylyp, durnukly ösüşiň kuwwatly binýady emele getirilýär. Ýylyň-ýylyna ýokary

amatlyklary bolan ýaşaýyş jaý toplumlary, ähli ugurlar boýunça ykdysady-durmuş maksatly desgalar gurulýar. Şäherlerimiz, obalarymyz döwrebap derejede özgerip, gözel keşbe girýär. Olarda ösen tehnologiýalar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaý toplumlaryny, täze mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk merkezlerini, medeniýet köşklerini, sport toplumlaryny we şypahanalary, telefon ulgamlaryny, mahlasy, durmuş maksatly binalary göreniňde köňül guşuň ganatlanýar. Asuda, parahat ýurdumyzda zähmetiň gaýnap joşýandygyna buýsanjyň artýar.

Bu günki günde asudalygyň, parahatçylygyň mekany bolan ýurdumyzda umumadamzat ähmiýetli möhüm başlangyçlar rowaç tapýar. Bagtyýarlygyň gujagynda erkin zähmet çekýän halkymyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ajaýyp zähmet ýeňişleri bilen geljegini gurýar we döredýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitleri döwletiň özygtyýarlylygyny, berkararlygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Jemgyýetçilik-syýasy durmuşyň ähli ugurlary boýunça üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyna röwüş çaýýar. Pudaklaryň düşewüntliligi artyp, girdejisi ýokarlanýar. Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşýan mähriban halkymyzyň aýdyň maksatlary, ýagşy umyt-arzuwlary hasyl bolýar. Her bir ulgamda öndürijilikli zähmet çekilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň asuda hem parahat ýaşaýşyny has-da gowulandyrmagyň anyk güwäsidir.

Bagty ÖDEGULYÝEWA,

«Mugallymlar gazeti».

16.03.2022
Belent maksatlar rowaçlanýar

Beýik ösüşlere eýe bolýan eziz Watanymyzda türkmen halky bagtyýar durmuşda ýaşaýar.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda has-da belent derejelere eýe bolýar. Halkyň ruhunyň, raýat parahatçylygynyň, milletara ylalaşygyň esasyny düzýän durmuş syýasaty mähriban Watanymyzyň ýeten belent sepgitleriniň, gazanýan guwandyryjy üstünlikleriniň gözbaşydyr. Bu halkymyzyň agzybirligidir we döwlet bilen jemgyýetiň mizemez jebisligidir. Jemgyýetiň we döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň gözbaşy agzybirlikdedir hem-de halkymyzyň bir maksada gulluk edýänligindedir. Durnuklylygyň bitewüligini saklaýan, jemgyýeti mundan beýläk-de ösdürmekde kuwwatly güýç bolup çykyş edýän halkymyzyň jebisligi ata Watanymyzy täze belent sepgitlere ýetirýär. Bu asylly ýörelgeler Garaşsyzlygyň, baky Bitaraplygyň, milli däp-dessurlarymyzyň we taryhy-medeni mirasymyzyň beýik taglymatlaryna daýanýar, tagallalaryň birleşmegine, adamlaryň zähmet işjeňliginiň ýokarlanmagyna hyzmat edýär, jemgyýetdäki ähli öňdebaryjy işlere durnuklylyk berýär.

Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek babatda wajyp wezipeleri öňde goýýar. Bu Milli maksatnamanyň ykdysadyýetimiziň pudaklaryny we senagat kärhanalarynyň işini talabalaýyk guramak bilen bagly meseleleri çözmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemek gerek.

Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan işleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitleriniň senagat pudagynyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegi, bar bolan pudaklaryň döwrebap ýagdaýa getirilmegi bilen, jemi içerki önümiň düzüminde senagat önümleriniň paýyny artdyrmak babatda uly işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulýan maýa goýumlaryň belli bir böleginiň önümçilige, beýleki bir böleginiň bolsa durmuş maksatly ugurlara gönükdirilýändigini guwanç bilen bellemek bolar. Önümçilige goýulýan maýa goýumlarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrylýar, ylmyň iň täze gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Önümçilik kuwwatlyklary gün-günden ýokarlanýar, täze önümleriň görnüşleri artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmäge döwletiň içinde we halkara derejesindäki uly möçberli iri taslamalary amala aşyrmaga oňyn we zerur şertler döreýär.

Sözüň doly manysynda eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeler hem-de gün-günden rowaçlanýan durnukly ösüş ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri we ygtybarly kepillikleri döredýär. Munuň özi halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak, olaryň zähmet işeňňirligini we başarjaňlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Gülnar KÖMEKOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

16.03.2022
Döwlet Baştutanymyzyň “Abadançylygyň röwşen gadamlary” kitaby rus we iňlis dillerine terjime edildi

Aşgabat, 14-nji mart (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus we iňlis dillerinde neşir edilen “Abadançylygyň röwşen gadamlary” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän şu ýylda çap edilen kitaby halkymyza Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ajaýyp sowgat boldy. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt dillerinde çap edilen köp sanly kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi döwlet Baştutanymyza çuňňur hormatyň, milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň berkidilmegi ugrunda bitiren uly hyzmatlarynyň ykrarnamasydyr.

Kitapda döwlet Baştutanymyzyň jemgyýetçiligiň öňünde eden çykyşlary ýerleşdirildi. Onda daşary syýasat, ykdysadyýet, medeniýet, ylym we beýleki ugurlar baradaky pikirler jemlendi. Şonuň bilen birlikde, neşirde döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmäge degişli teklipler beýan edilýär. Täze kitabyň maksady Garaşsyzlyk döwrüniň wakalaryny diňe bir taryhy nukdaýnazardan däl-de, ýurdumyzyň geljegi babatynda pikirleri beýan etmekden ybaratdyr.

Dabara gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Watanymyzyň özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlyk, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli erk-isleg hem-de ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly döwlet hökmünde bütin dünýäde tanalýandygyny bellediler. Ýurdumyz ählumumy parahatçylygy, abadançylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak syýasatyny üstünlikli amala aşyrmakda dünýä jemgyýetçiligi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär, häzirki döwrüň wezipeleriniň oňyn çözülmegine ägirt uly goşant goşýar.

Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýen ählumumy başlangyjy ilerletmek boýunça teklibiniň halklaryň parahatçylykly ýaşamagy ugrunda, özara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň kemala gelmeginde ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilendigi bellenildi. Täze filosofiýa oýlanyşykly syýasy çözgütlere, sagdyn we özara bähbitli, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli ynsanperwer gymmatlyklara esaslanmak bilen, halkara ykdysady hem-de syýasy gatnaşyklaryň ösdürilmegine oňyn täsir edýän ähmiýetli şert bolup durýar.

Döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmeginiň durnukly ösüşe, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy aýratyn bellenildi.

Dünýä döwletleri bilen ählumumy ösüşiň we abadançylygyň bähbidine hyzmatdaşlygy giňeltmek, iri halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarydyr. Biziň ýurdumyz kabul edilen ähli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn halkara ylalaşyklary, şertnamalarydyr konwensiýalary ýerine ýetirmek bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny doly we üýtgewsiz berjaý edýär, ägirt uly syýasy, ykdysady, medeni kuwwatyny parahatçylygyň, ösüşiň bähbidine gönükdirýär.

Kitapda sebit meselelerine möhüm orun berilýär. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň 3-nji konsultatiw duşuşygyndaky, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitlerindäki we beýleki forumlardaky çykyşlary beýan edilýär. Bu çykyşlarda häzirki zaman ösüşiniň möhüm ugurlarynda anyk we ykdysady taýdan esaslandyrylan hyzmatdaşlyga, bilelikdäki hem-de köptaraplaýyn düzümleýin taslamalaryň amala aşyrylmagyna girişilmeginiň zerurdygy baradaky pikir aýdylýar.

Neşirde bu gün milli we sebit çäklerinden çykýan türkmen Bitaraplygynyň durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde döredijilik mümkinçiliklerine baha berilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak, energetika howpsuzlygy, ulag we aragatnaşyk, medeni-ynsanperwerlik ulgamlarynda hem-de beýleki ugurlarda daşary syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynda oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine aýratyn orun berilýändigi nygtaldy.

Daşary ýurtly diplomatlaryň belleýişleri ýaly, “Abadançylygyň röwşen gadamlary” kitaby alymlar üçin hem, giň okyjylar köpçüligi üçin hem uly gyzyklanma eýedir, Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň taryhy ähmiýetini beýan edýän örän möhüm resminamalaryň çeşmesidir.

Many-mazmun taýdan örän gymmatly bu neşir Türkmenistanyň ägirt uly gazananlarynyň, ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, durmuş-ykdysady ulgamda ýetilen sepgitleriň aýdyň beýanydyr. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, Watanymyza we halkymyza çäksiz söýgüsi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

15.03.2022
Dünýewi, demokratik, Bitarap Türkmenistanyň esaslarynyň pugtalandyrylmagy halkymyzyň bagtyýarlygynyň kepilidir

Geçen hepde ýurdumyz üçin möhüm wakalara baý bolup, ol häzirki döwrüň jemgyýetiniň ruhy durmuşynda möhüm orun eýeleýän, syýasy, ykdysady, durmuş-medeni ulgamlarda üstünlikli zähmet çekýän zenanlara bagyşlanan baýramçylyk dabaralary bilen başlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara zenanlar güni mynasybetli Gutlagynda türkmen zenanlarynyň raýatlyk ornunyň işjeňligine aýratyn üns çekilýär. Gutlagda bellenilişi ýaly, ata Watanymyza söýgini, şöhratly geçmişimize buýsanjy, şu günümize guwanjy, geljegimize ynamy döredýän medeni mirasymyzy — maddy hem-de ruhy gymmatlyklarymyzy, dost-doganlygy dabaralandyrýan belent ynsanperwerlik däplerimizi mynasyp dowam etdirmek bilen, gelin-gyzlarymyz bu gün ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler.

Sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýelän enelere döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy hem-de köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabaralar ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde edaralarda we kärhanalarda işleýän, hormatly dynç alyşdaky zenanlara, talyplara, mekdep okuwçylaryna we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzjagazlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak hem-de dürli bäsleşikleriň ýeňijilerini hormatlamak dabaralary geçirildi. Paýtagtymyzda we welaýatlarda sungat ussatlarynyň konsertleri, çeperçilik sergileri, teatr sahna oýunlary, çagalaryň we ýaşlaryň bäsleşikleri, maslahatlar hem-de köpçülikleýin çäreler guraldy.

8-nji martda Söwda-senagat edarasynda dabara geçirildi. Baýramçylyk çäresine ýurdumyzyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Hormatly myhmanlaryň hatarynda köp çagaly eneler, zähmet weteranlary, önümçiligiň öňdebaryjylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň gelin-gyzlary, alymlar we medeniýet işgärleri, dürli pudaklaryň zähmetkeş gelin-gyzlary bar. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara düzümleriň zenanlary hem çagyryldy.

Baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylara “Oguz han” köşkler toplumyndan sanly ulgam arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem goşuldy. Döwlet Baştutanymyz baýramçylyk çäresine gatnaşyjylary gutlap, ata-babalarymyzyň zenanlara sarpa goýmak, olaryň mertebesini belent tutmak ýaly milli däplerini müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşdirip, mukaddeslik derejesine ýetirendigini nygtady.

“Ýadymda” diýen aýdymyň ýerine ýetirilmegi baýramçylyk dabarasynyň ajaýyp we täsirli pursadyna öwrüldi. Aýdymyň sözleri we sazy döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Türkmen zenanlarynyň gözelligini wasp edýän çykyşlar dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly bilelikdäki mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanynyň saýlawlaryny ýokary derejede geçirmek mejlisde garalan esasy mesele boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Prezident saýlawlary Garaşsyz Watanymyz üçin uly ähmiýete eýe bolan jemgyýetçilik-syýasy çäredir. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlaryň ýurdumyzda raýatlarymyzyň döwlet gullugynda işlemäge, ses bermäge, döwlet wezipelerine saýlanmaga, ýurduň we dürli derejelerdäki jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga hukugyny üpjün edýän umumy kabul edilen demokratik kadalara hem-de milli däplerimize laýyklykda guralmalydygyna üns çekildi.

Ses bermek üçin döwletimizde we daşary ýurtlarda 2 600-den gowrak saýlaw uçastogy döredildi. Saýlawlaryň öň ýanyndaky çäreleriň çäklerinde, syýasy partiýalar we raýatlaryň teklipçi toparlary Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine 9 dalaşgäri hödürledi. Olar welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde saýlawçylar bilen duşuşdylar. Saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmek, saýlawçylar bilen duşuşmak, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin olaryň hemmesine deň mümkinçilikler we hukuklar berildi.

Halkara synçylaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişli hukuk kadalary bilen kesgitlenilen saýlawlaryň geçirilişine we saýlawlar güni ses berlişine seljermäni amala aşyrmaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde senagat pudagy üçin gymmatly çig mal bolan gowaça ekişine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere hem garaldy.

Milli Liderimiz gowaça ekişi möwsüminiň golaýlap gelýändigini, bu möwsümiň pagtaçy daýhanlarymyzyň öňünde örän möhüm wezipedigini ekiş möwsümini agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny, bu möwsümde geljekki hasylyň düýbüniň tutulýandygyny belläp, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hem edermen pagtaçylarymyzyň ýurdumyzda «ak altynyň» ýokary hasylyny ösdürip ýetişdirjekdigine hem-de uly zähmet üstünliklerini gazanjakdygyna berk ynam bildirip, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 23-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa 30-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berdi.

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek hem-de pugtalandyrmak Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orun eýeleýär. Şu babatda abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy derejesinde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym milli Liderimiziň köpugurly işine hem-de türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady ösüşine, halkara abraýynyň has-da belende galmagyna kuwwatly itergi beren we türkmenistanlylaryň durmuşyny düýpli özgerden giň gerimli özgertmelere ýokary baha berdi.

Şol gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanan wideomaslahat geçirildi. Bu ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini giňden wagyz etmek we ilerletmek Medeniýet ministrliginiň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guran forumynyň baş maksady boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzda ylmyň-bilimiň ösdürilmegine, şonuň bilen birlikde-de, ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda, şol sanda dünýäniň iri ylym-bilim ojaklarynda okap, ýokary derejeli hünär eýeleri bolmagy üçin hemme mümkinçilikler döredildi. Olar hakyndaky alada döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Munuň şeýledigine, Ukrainada emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, bu ýurtda okap ýören talyplarymyzyň ata Watanymyza dolanyp gelmekleri üçin şertleriň döredilmegi hem şaýatlyk edýär. 10-njy martda guralan ýörite uçar gatnawy arkaly talyp ýaşlarymyzyň uly topary Türkmenabat şäherine gelip düşdi.

12-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işleri ýurdumyzda hereket edýän saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda alnyp baryldy. Munuň şeýledigini Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilligi hem tassyklady. Wekillige GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygynyň — Ýerine ýetiriji sekretarynyň birinji orunbasary L.Anfimow ýolbaşçylyk etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görlüşine hem-de geçirilişine seljermäni amala aşyran halkara synçylaryň arasynda Birleşen Milletler Guramasynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzalary hem bar.

Synçylar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan bellenilen çäreleriň meýilnamasy we ýerlerde alnyp barlan işler bilen tanşyp, saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna syn etdiler hem-de saýlaw möwsüminde halkara kadalaryň esasy ýörelgelerini, ýagny hemmelere saýlaw hukugynyň berilmegini, raýatlaryň saýlawlara meýletin gatnaşmagyny, dalaşgärleriň ählisine deň mümkinçilikleriň berilmegini, möwsümiň dowamynda wagyz işleriniň erkin geçirilmegini, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygyny hem-de bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň aýdyňlygyny we açyklygyny bellediler.

Uçastok saýlaw toparlary öz wezipelerini ýerine ýetirmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşdiler. Olaryň düzümine zähmetkeş toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň abraýly wekilleri girdiler. Işjeňleriň tagallalary bilen ilat arasynda giňden wagyz-düşündiriş işleri geçirildi. Munuň özi saýlawçylaryň işjeňligini has-da artdyrdy. Mundan başga-da, käbir sebäplere görä, saýlawlar güni öz saýlaw uçastogyna baryp bilmeýän raýatlara möhletinden öň ses bermek hukugy berildi. Olaryň dolduran býulletenleri ýörite möhürlenen gutularda sesleri sanamak pursadyna çenli saklanyldy.

Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary usulyýet gollanmalary, ses bermek üçin ýörite gutular, göçme saýlaw býulletenleri we gönükdirijiler bilen üpjün edildi. Ses bermek üçin otaglarda ýörite kabinalar gurnaldy. Her bir saýlaw uçastogy ygtybarly aragatnaşyk we ulag serişdeleri bilen üpjün edildi.

Şeýlelikde, saýlaw möwsüminiň esasy tapgyry — Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermegi 12-nji martda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we daşary ýurtlarda döredilen ýörite uçastoklarda üstünlikli geçirildi. Giň bäsdeşlik esasynda geçen bu jemgyýetçilik-syýasy çäre halkymyzyň jebisligini we agzybirligini bütin aýdyňlygy bilen görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler, däbe görä, ir sagat 7-de tutuş ýurdumyz boýunça bir wagtda açylan we ählumumy ruhubelentligiň ýeri bolan saýlaw uçastoklaryna ilkinji gelenleriň hatarynda boldular.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany wezipesine ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan dalaşgärlige bellige alnan, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogynda maşgala agzalary bilen ilkinji bolup ses berip, konstitusion hukugyny berjaý etdi.

Bu ýerde iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär saýlawlaryň barşyna gözegçilik edýän milli we halkara synçylar, saýlawlaryň ähli tapgyrlaryny giňden beýan edýän ýerli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna jogap berdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbesi Ogulabat eje bilen Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogynda konstitusion hukuklaryny berjaý edip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine iň mynasyp dalaşgäre seslerini berdiler.

Soňra döwlet Baştutanymyz milli hem-de halkara synçylar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda açyklyk, aýanlyk, deňhukuklylyk ýagdaýynda we demokratik ýörelgeleriň esasynda geçen bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taryhy ähmiýetini belledi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi adam hukuklary we azatlyklary ygtybarly goralýan dünýewi, demokratik, özygtyýarly, Bitarap döwletimiziň belent derejesine laýyk gelýär.

Hormatly Prezidentimiz iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň ählisine asylly işlerinde üstünlikleri arzuw edip, halkyň uly ynam bildirip saýlan Prezidentiniň Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärler: Perhat Begenjow — Türkmenabat şäheriniň 50-nji saýlaw uçastogynda (Lebap welaýat kitaphanasy); Agajan Bekmyradow — Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 6-njy saýlaw uçastogynda (Mollanepes adyndaky geňeşligiň medeniýet öýi); Berdimämmet Gurbanow — Balkan welaýatynyň Awaza etrabynyň 2-nji saýlaw uçastogynda (ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdep); Babamyrat Meredow — Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 79-njy saýlaw uçastogynda (43-nji orta mekdep); Hydyr Nunnaýew — Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň 63-nji saýlaw uçastogynda (88-nji orta mekdep); Maksat Ödeşow — Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 3-nji saýlaw uçastogynda (1-nji sport mekdebi); Maksatmyrat Öwezgeldiýew — Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň 9-njy saýlaw uçastogynda (23-nji orta mekdep); Kakageldi Saryýew — Mary şäheriniň 36-njy saýlaw uçastogynda (8-nji sport mekdebi) ses berdiler.

Ildeşlerimiz öz konstitusion hukugyny berjaý etmek — iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň iň mynasybyna ses bermek üçin ir säher bilen saýlaw uçastoklaryna geldiler.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ähli saýlaw uçastoklary toý lybasyna beslendi. Ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Hemme ýerde aýdym-sazlar ýaňlandy, göçme söwda guraldy. Bu şanly gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin öz seslerini berenleriň hatarynda watandaşlarymyzyň parahat durmuşyny goramakda gije-gündiziň dowamynda ýeňil bolmadyk hem-de hormatly borçlaryny amala aşyrýan edermen türkmen esgerleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerde hem geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we şonuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçilikde hem-de dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Şol gün saýlaw uçastoklarynda saýlawlaryň demokratiýa ýagdaýynda geçirilendigine göz ýetirmäge mümkinçilik alan köp sanly daşary ýurtly žurnalistler hem boldular.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, ir sagat 9-a çenli saýlawçylaryň umumy sanynyň 25 göterimden gowragy ses berdi, sagat 11-e çenli bolsa bu görkeziji 51 göterimden geçdi. Sagat 13-e çenli Türkmenistanda özleriniň erk-ygtyýaryny erkin beýan etmäge konstitusion hukuklaryndan ähli bellige alnan saýlawçylaryň 71 göterimden gowragy, sagat 15-e çenli 86 göterimden gowragy peýdalandy. Sagat 17-ä çenli ilatyň 93 göterimden gowragy ses berdi. Sagat 19-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursadyna çenli saýlawçylaryň 97 göterimden gowragy ses berdi.

13-nji martda ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň iri habarlar agentlikleriniň, elektron we metbugat neşirleriniň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habarçylarynyň, halkara synçylaryň gatnaşmagynda geçirilen merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ses bermegiň deslapky netijeleri yglan edildi.

Ýygnananlara bu ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barlan giň gerimli işler barada gürrüň berildi. Bellenilişi ýaly, ses bermäge saýlawçylaryň 97,17 göterimi gatnaşdy. Munuň özi halkymyzyň ýokary raýatlyk işjeňligini hem-de ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmelere gönüden-göni gatnaşmaga islegini alamatlandyrdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalaryndaky we konsullyk edaralaryndaky käbir saýlaw uçastoklarynyň maglumatlaryny nazara almak bilen, sesleriň sanawy dowam edýär. Wagt tapawudy bolany üçin, şol ýerlerden maglumatlar biraz gijräk gelýär. Ses bermegiň gutarnykly netijeleri ýakyn wagtda yglan ediler.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan Synçylaryň wekilliginiň agzalarynyň, Türki Döwletleriň Guramasyna, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna wekilçilik edýän halkara synçylaryň şol gün geçirilen metbugat maslahatlaryna milli we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň Merkezi saýlaw toparynyň agzalary gatnaşdylar.

Metbugat maslahatlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görülmegine we geçirilmegine gözegçiligiň netijeleri beýan edildi. Ýurdumyzda demokratiýanyň mundan beýläk-de dabaralanmagynyň ýolunda möhüm ädim bolan bu saýlaw möwsüminde Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygyny nobatdaky gezek görkezendigi bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynda we Mejlisinde 13-nji martda geçirilen duşuşyklarda halkara synçylaryň rus wekiliýetiniň agzalary, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň senatorlary hem-de Döwlet Dumasynyň deputatlary Prezident saýlawlarynyň konstitusion-hukuk kadalaryna laýyklykda, açyklyk, aýdyňlyk, demokratiýa we erkinlik ýörelgeleri esasynda geçirilendigini bellediler.

Daşary işler ministrliginde bolan duşuşykda Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdat Amreýew Türkmenistanda geçirilen Prezident saýlawlaryna ýokary baha berdi hem-de saýlawlaryň açyklyk, aýdyňlyk we demokratik esasda geçirilendigini belledi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasynyň işine işjeň gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi.

Mahlasy, geçen hepdäniň wakalary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze sahypany açyp, türkmen halkynyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygynyň, açyklygyň, aýdyňlygyň hem-de ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň geljegi üçin belent jogapkärçilige düşünýändiginiň aýdyň beýany boldy.

(TDH)

15.03.2022
Röwşen geljegiň binýady

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi. Onuň dowamynda kabul edilen il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütler tutuş halkymyzyň, şol sanda welaýatymyzyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň buýsançly başlaryny Göge ýetirdi. Şol taryhy mejlisiň çäginde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirilip, onda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ýerine ýetirilen işlere seljerme berildi. Degişli ýolbaşçylaryň beren hasabatlaryndan görnüşi ýaly, dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň dowam edýändigine garamazdan, ýurdumyzyň ykdysadyýetinde durnukly ösüş gazanyldy.

Geçen ýyl ýurdumyzyň Mary welaýaty üçin hem üstünlikli ýyllaryň biri boldy. Welaýatymyzda häzirki zaman ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň, ýyladyşhanalaryň, guşçulyk toplumlarynyň ençemesi gurlup, ulanylmaga berildi. Welaýatymyzyň edermen babadaýhanlary döwlete galla, pagta, gant şugundyryny, pile, gök-bakja önümlerini tabşyrmak barada şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Hormatly Prezidentimiziň welaýatymyza Şa gadamynyň düşmegi bilen «Galkynyş» gaz käninde gaz guýularynyň 3-siniň, Mary şäherindäki «Türkmeniň Ak öýi» binasynyň ýanynda 3 müň orunlyk köpçülikleýin dabaralar merkeziniň gurluşyklaryna badalga berildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň, Oguzhan etrabynda döwrebap obanyň, Wekilbazar, Sakarçäge, Türkmengala etraplarynda nusgalyk şäherçeleriň we beýleki birnäçe desgalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.

Ýurdumyzy, welaýatymyzy ösdürmek boýunça alyp barýan şeýle uly işleri üçin sebitiň bagtyýar ýaşaýjylary Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýdýarlar.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda baky Bitarap döwletimiziň Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda ähli ugurlar boýunça gazanylan üstünliklere ýokary baha berdi.

Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler durmuş ykdysady ösüşler, syýasy-jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň kämilleşmegi asyrlara barabar işlerdir. Şunda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň has pugtalanandygy, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan ýurdumyzyň dünýä jemgyýetçiliginde ykrar edilen başlangyçlary esasynda halkara abraýynyň barha artandygy, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeleriň geçirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna işjeň gatnaşmak, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyzy, ykdysady baýlyklarymyzy aýawly saklamak, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýermek bilen, döredijilik ukyp-başarnyklarymyzy jemgyýetimiziň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmaga, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegine goşant goşmaga gönükdirmek hemmämiziň borjumyzdyr. Şundan ugur alyp, biz — Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň işgärleri hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri, öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň partiýa agzalarymyz bilen agzybirlikde mynasyp goşandymyzy goşarys. Ösüşleriň röwşen ýoly bilen halkymyzy öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň belent başy aman, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Kakageldi GURBANOW,

TDP-niň Mary welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty.

15.03.2022
Bütindünýä sergisi halklary ysnyşdyrýar

Bedew batly gadamlar

Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen tagallalary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan doly goldanylýar. Ýurdumyzyň Halkara sergiler edarasynyň howandarlygynda geçirilýän Bütindünýä «EKSPO» sergilerine yzygider gatnaşyp gelýändigi hem munuň ýekeje mysalydyr. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelen gymmatlyklarydyr Garaşsyz Türkmenistanda gazanylan ösüşleriň miweleri 2010-njy ýylda Şanhaýda geçirilen «EKSPO» sergisinden bäri görkezilip gelinýär.

Milli pawilýonymyz

Garaşsyz döwletimiz «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine hem üstünlikli gatnaşyp gelýär. Bu sergidäki ýurdumyzyň milli pawilýonynyň mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. «EKSPO — 2020-niň» «Ykjamlyk» atly mowzuklaýyn zolagynda ýerleşýän türkmen sergisine bölünip berlen ýeriň umumy meýdany 1 müň 581 inedördül metre deň. Şol ýerde gurlan iki gatly binanyň meýdany bolsa 976 inedördül metre barabar. Türkmen sergisinde mowzuklaýyn toplumlaryň dokuzysy bezelip, olarda anyk ugurlar boýunça degişli gymmatlyklar jemlenildi.

«EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli güni 9-njy oktýabrda guraldy. Oňa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy. Türkmenistanyň pawilýonynyň girelgesinde myhmanlary halkymyzyň buýsanjy — ahalteke bedewleri garşylaýar. Şol bäş sany behişdi bedew milli mirasa sarpany, ýurdumyzyň ösüş badyny, halkymyzyň jebisligini alamatlandyrýar. Binanyň ýüzündäki tolkun görnüşler bolsa gum aňňatlaryny aňladýar.

Taryhdan şu güne

Bu sergi 1851-nji ýyldan bäri hereket edýär. «EKSPO» Bütindünýä sergisi şol ýyldan bäri hem London, Sent-Luis, Pariž, Nýu-Ýork, Osaka, Şanhaý ýaly iri şäherlerde guralyp, myhmanlary kabul edip gelýär.

«EKSPO» Bütindünýä sergisiniň nobatdakysy Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilýär. 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Dubaý şäherinde öz işine başlan «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisi 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli dowam eder. Oňa 190-dan gowrak döwlet gatnaşýar. Onlarça gurluşdan ybarat bolan sergi toplumy Dubaý şäheriniň günorta böleginde ýerleşýär. Ol «Akyl-paýhasymyzy birleşdirip, geljegi döredýäris» diýen şygar astynda geçýär. Bu şygar hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek, pandemiýadan soňky döwürde dünýä ykdysadyýetini dikeltmek ýaly häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda ähli ýurtlaryň tagallalaryny birikdirmäge çagyrýar.

Maksatlaryň birligi

«EKSPO» Bütindünýä sergisiniň guralmagynyň ähmiýeti diňe bir onuň geçirilýän şäheri ýa-da ýurdy üçin bähbitli bolmak bilen çäklenmeýär. Ol sebitleriň ählisi üçin hem örän wajypdyr. Bu Bütindünýä sergisi ençeme döwletleriň wekillerini bir ýere jemlemek bilen, global meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan, ähli ugurlarda tejribe alşylýan halkara platformany emele getirýär.

Türkmenistanyň «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň esasy maksady-da ýurdumyzyň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikleri dünýä ýaýmakdan, daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekden, öndürilýän harytlaryň eksportyny artdyrmakdan ybaratdyr.

Çemen ANNABERDIÝEWA,

«Watan».

15.03.2022
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşyk geçirildi

2022-njy ýylyň 15-nji martynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenkonyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga ministrligiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşygyň esasy maksady Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hemişe taýýardygy barada aýdyp, ýurdumyzyň öňde goýan esasy maksadynyň Türkmenistanda hereket edýän Birleşen Milletler Guramasynyň ähli düzümleriniň arasynda netijeli we örän ýakyn gatnaşyklary ösdürmek hem-de BMG bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynda görkezilen orta möhlet üçin esasy ileri tutulýan ugurlar bolup durýandygyny belläp geçdi. Şeýle hem, ýurdumyz üçin esasy ugrunyň Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek, şol sanda olary maliýeleşdirmek meselesidigini aýtdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, Ministre minnetdarlyk bildirip, 2022-nji ýylyň 6-7-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüşiň gün tertibiniň UNECE sebitinde ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, Durnukly ösüş boýunça forumynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi barada belläp geçdi hem-de Durnukly Ösüş Maksatlary boýunça Meýletin Milli Synyny taýýarlamak hem-de bu Foruma ýurdumyzyň wekilleriniň gatnaşmagy boýunça öz ýardamlaryny bermäge taýýardygyny aýtdy. Mundan başga-da, Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek boýunça bilelikdäki başlangyçlaryň çäginde BMG-nyň Ýurt toparynyň Býujet kodeksine laýyklykda Türkmenistanyň orta möhletli býujetine geçmegini goşmak bilen döwlet maliýe dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge kömek bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda, Birleşen Milletler Guramasy bilen Türkmenistanyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ugrunda Hyzmatdaşlyk etmek boýunça Çarçuwaly Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginde berlen goldaw, şol sanda maliýe goldawy, Durnukly Ösüş Maksatlary babatynda ýurduň Milli Meýletin Synyny taýýarlamakda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça hem ýardamlaryň wajypdygy bellenip geçildi. Duşuşyk hoşniýetli ýagdaýda geçdi.

Duşuşygyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.


Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi 

15.03.2022
Hususyýetçiligiň gerimi giňeýär

Welaýatymyzyň zähmetsöýer telekeçileri ilatyň azyk önümleri bilen bol-elin üpjün edilmegi üçin gaýratly zähmetlerini gaýgyrmaýarlar. Netijede, ak bazarlarymyzyň dürli azyk önümlerinden doly bolmagy gazanylýar. Ýyladyşhana şertlerinde şol önümleriň ýetişdirilmegi üçin olarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyk işler alnyp barylýar. Ony S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Altyn gala gurluşyk» hususy kärhanasyna degişli bolan ýyladyşhananyň mysalynda hem aýdyň görmek bolýar.

4,6 gektar meýdany tutýan ýyladyşhanada pomidoryň, bolgar burçunyň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Häzirki wagtda bu ýerde hasyl ýygnamak işleri alnyp barylýar. Ýyladyşhanada «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň häzirki günlerine çenli jemi öndürilen pomidor  hasyly 319 tonna barabar bolup, şonuň 261 tonnasy daşary ýurtlara, galan bölegi bolsa özümiziň içerki bazarlarymyza iberildi. Ýeri gelende kärhananyň eksport mümkinçiliginiň giňeýändigini bellemek gerek. Çünki bu ýerde ýetişdirilýän pomidoryň, bolgar burçunyň ekologiýa taýdan arassalygy dünýä bazarlarynda onuň gymmatynyň ýokarlanmagyna, islegiň artmagyna getirýär. Netijede, häzirki wagtda öndürilýän önümler Russiýa Federasiýasyna hem-de Gazagystan Respublikasyna eksport edilýär. Önümleriň ugradylyşyna  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň  welaýat boýunça bölümi, welaýat Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň, welaýat gümrükhanasynyň işgärleri yzygiderli gözegçilik edýärler.

Bu ýerde zähmet çekýän işçiler taryhy ýylymyzy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Işleriň talabalaýyk alnyp barlyşy bolsa, bu maksadyň  hasyl boljakdygyna ynamy berkidýär.

Öz habarçymyz.

15.03.2022
«Balkanyň» işleri ilerleýär

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda döwrebap düzümleri döretmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän işler rowaçlyklara beslenýär. Halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary ösdürip, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan Türkmenistan döwletleriň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň hereketlendirijisi bolup çykyş edýän ulag-logistika ulgamyny depginli ösdürýär.

2018-nji ýylyň maýynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň yklymara logistika merkezi hökmündäki kuwwatynyň has-da artmagyny şertlendirdi. Ýewropa — Kawkaz — Orta Aziýa halkara ulag geçelgesiniň iri üstaşyr merkeziniň wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýän bu portuň çäginde edara binasy, demir ýollarynyň dolandyryş binasy we wagonlar üçin duralga meýdançasy, saglyk öýi, ýangyna garşy göreşmek gullugynyň binasy, lagym suwlaryny arassalaýjy desga bar.

Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň düzümindäki gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody ýurdumyzda gämi gurluşyk ulgamy boýunça ilkinji desga bolup, milli ykdysadyýetimize we ýurdumyzyň deňiz-derýa ulaglary pudagynyň ösmegine uly goşant goşýar. Zawodyň önümçilik kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp, halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman tehnologik enjamlaryň we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň peýdalanylmagy bilen 4-6 gäminiň gurulmagyna niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, 2019-njy ýylyň 1-nji maýynda özbaşdak edara hökmünde işe başlan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňünde goýlan esasy wezipeler gämileri gurmak, abatlamak we demir polat işleri bilen bagly dürli görnüşli hyzmatlary ýerine ýetirmek bolup durýar. Bu ýerde ýylda 2 müň tonna polat işlemek arkaly 20 — 30 gäminiň abatlaýyş we bejeriş işlerini ýerine ýetirmäge mümkinçilik bar. Zawodyň maddy-enjamlaýyn binýady dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynda öndürilen häzirki zaman enjamlar, mehanizmler hem-de zerur bolan awtoulaglardyr ýük göteriji enjamlar bilen yzygiderli berkidilýär.

Zawodda häli-şindi daşary ýurtly hünärmenler bilen onlaýn arkaly wideomaslahatlar geçirilip, gämi gurmak we abatlamak pudagynda hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. 2019-njy ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen, 2020-nji ýylda bolsa Türkiýe Respublikasy bilen gämi gurluşygy boýunça degişli ähtnamalara gol çekilmegi gämi gurluşyk kärhanasy üçin täze gözýetimleriň açylmagyny şertlendirdi.

«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň alyp barýan işleriniň netijesi hökmünde häzire çenli abatlanan 40-dan gowrak gämini görkezmek bolar. Şolaryň hatarynda milli flotumyza degişli bolan gämiler bilen birlikde, goňşy ýurtlaryň ýük gämileri-de bar. Bu ugurdaky tejribäniň günsaýyn artmagy, hünärmenleriň hünär derejesiniň ýokarlanmagy netijesinde gämileri abatlamakdan başga-da, gämi duralga hyzmatlary, ammarlary kärendä bermek, demir böleklerini kesmek, kebşirlemek hyzmatlary we beýleki işler ýola goýulýar.

Häzirki wagtda gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gämileri gurmak, şeýle hem dürli görnüşdäki gämilerde abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek bilen bir hatarda, deňiz giňişliginde ýük daşaýan, ýolagçy gatnadýan, dürli hyzmatlary edýän gämiler we ýüzüji serişdeler hem tehniki taýdan gözden geçirilýär. Şeýle hem 2021-nji ýylda kärhanada köprüler üçin dürli ölçegli demir gurnamalary we şäherlerimiziň görküne görk goşýan yşyklandyryş sütünlerini ýasamakda uly tejribe toplanyp, olaryň önümçiligine girişildi. Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelýän dürli görnüşli konteýnerleri buýrujylaryň sargytlary esasynda abatlamak, kebşirlemek, reňklemek hyzmatlary-da döwrebap derejede ýola goýlup, dürli görnüşli we ölçegli haýatlary, germewleri ýasamak ýaly önümçilik işleri hem kärhananyň mümkinçiliklerini giňeldýär.

Biz hem alyp barýan işleriniň gerimini giňeldip, döwrüň talabyna laýyk alyp barýan «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenlerine elmydama üstünlikleriň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris. Parahatçylygyň, dost-doganlygyň mekany bolan eziz Diýarymyzyň ulag-logistika ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda zerur şertleridir mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.

žurnalist.

15.03.2022
Türkmenistanda Prezident saýlawlary geçirildi

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün ata Watanymyzda türkmen döwletiniň Baştutanynyň saýlawlary aýratyn dabaraly ýagdaýda geçirildi. Ir bilen ýurdumyzda döredilen saýlaw uçastoklaryna saýlawçylar öz konstitusion hukuklaryny berjaý etmek — iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň 9-syndan has mynasybyna ses bermek üçin gelip başladylar.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, 11-nji martda Türkmenistanda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy we şu gün ir sagat 7-de ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda ses bermek başlandy. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň TDH-a beren maglumatlaryna görä, ir sagat 9-a çenli saýlawçylaryň umumy sanynyň 25 göterimden gowragy ses berdi, sagat 11-e çenli bolsa bu görkeziji 51 göterimden geçdi. Sagat 13-e çenli Türkmenistanda özleriniň erk-ygtyýaryny erkin beýan etmäge konstitusion hukuklaryndan ähli bellige alnan saýlawçylaryň 71 göterimden gowragy, sagat 15-e çenli 86 göterimden gowragy peýdalandy. Sagat 17-ä çenli ilatyň 93 göterimden gowragy ses berdi. Sagat 19-a, ýagny saýlaw uçastoklarynyň ýapylýan pursadyna çenli saýlawçylaryň 97 göterimden gowragy ses berdi.

Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä doly taýýarlyk bilen gelen ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklarynda şu gün aýratyn işjeňlik, kalby joşgunlylyk we dabaralylyk emele geldi. Diýarymyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Şol ýerlerde konsertler we göçme söwdalar guraldy. Bu şanly gün ilkinji gezek ses bermäge gatnaşan ýaş saýlawçylaryň aýratyn ýadynda galar. Saýlaw uçastoklarynda olara gül desseleri we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagy üçin öz seslerini berenleriň hatarynda watandaşlarymyzyň parahat durmuşyny goramakda gije-gündiziň dowamynda özleriniň ýeňil bolmadyk hem-de hormatly borçlaryny amala aşyrýan edermen türkmen esgerleri hem bar. Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary ähli harby bölümlerde we birikmelerde geçirildi.

Merkezi saýlaw toparynyň TDH-a habar berşi ýaly, Türkmenistanyň paýtagtynda we bäş welaýatynda ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga hem-de halkara hukugyň kadalaryna berk laýyklykda geçen saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesi bellenildi. Bu ýagdaýy ýerlerde saýlawlaryň barşyna gözegçiligi amala aşyran milli synçylar hem doly tassykladylar. Muňa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan we daşary ýurtlardan synçylaryň wekilliginiň agzalary göz ýetirdiler. Olara saýlawlaryň näderejede geçendigi barada anyk maglumat almaga, türkmen halkynyň agzybirligine hem-de jebisligine göz ýetirmäge doly mümkinçilik boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary we şonuň bilen baglanyşykly wakalar halkara jemgyýetçilikde hem-de dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ägirt uly gyzyklanma döretdi. Şu gün saýlaw uçastoklarynda bolan köp sanly daşary ýurtly žurnalistler hem saýlawlaryň demokratik ýagdaýda geçirilendigine göz ýetirdiler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlary guramaçylykly geçirildi. Ýakyn günlerde ses bermegiň gutarnykly jemleri jemlener, ýöne eýýämden saýlawlaryň Garaşsyz türkmen döwletiniň iň täze taryhynda möhüm waka bolmak bilen, hakyky demokratik esasda geçendigini doly tassyklamak bolar.

14.03.2022
Bitarap Watanymyzyň nurana geljeginiň bähbidine demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident saýlawlarynda ses bermäge gatnaşdy

Aşgabat, 12-nji mart (TDH). Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşyp, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň birine ses berdi.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi türkmen jemgyýetinde halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilýändiginiň hem-de demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Saýlawlaryň barşynda guralan medeni-köpçülik dabaralary bu taryhy ähmiýetli syýasy çäräniň geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşilendigini görkezýär.

Ir bilen Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabyndaky Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepde ýerleşýän 48-nji saýlaw uçastogyna Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow awtoulagda maşgala agzalary bilen geldi.

Mälim bolşy ýaly, ak reňkli bu awtoulag ýurdumyzyň içeri işler edaralarynda birkemsiz gulluk eden we watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezen, milli Liderimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowa bitiren hyzmatlaryna hoşallygyň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Häzirki wagtda bu awtoulag gymmatly ýadygärlik hökmünde Berdimuhamedowlaryň maşgalasynda saklanýar.

Maşgala gymmatlyklaryna we gadymy ýörelgelere çuňňur sarpa goýmak, uly ýaşly nesli hormatlamak esasynda nesilleriň dowamatlylygy, düýpli çözgütleriň maslahatlaşmak arkaly kabul edilmegi türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly ýörelgeleridir.

Ilki bilen, wise-premýer Serdar Berdimuhamedowyň maşgala agzalary ses berip, konstitusion hukuklaryny berjaý etdiler.

Soňra iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär guta býulleten atmak arkaly ses berdi hem-de saýlawlaryň barşyna monitoring gözegçilik edýän milli we halkara synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bilen söhbetdeş bolup, olaryň sowallaryna üç dilde — türkmen, iňlis we rus dillerinde jogap berdi, munuň özi daşary ýurtly myhmanlara dalaşgär bilen terjimeçisiz gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik berdi.

«TASS-yň» habarçysy Leýla Turaýanowa Serdar Berdimuhamedowa sowal berip, onuň şu saýlawlarda ýeňiş gazanan halatynda, daşary syýasat ulgamyndaky meýilnamalary bilen gyzyklandy.

Iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýandygyny belledi, bu hukuk derejesi sebitde we onuň çäklerinden daşarda ähli döwletler bilen doly derejeli gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, şoňa görä-de, ýurtlaryň arasynda dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeltmek we pugtalandyrmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar.

Şeýle hem iri we abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda bolsa, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi we berkidilmegi esasy ugurlaryň hatarynda durýar diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen taryhy mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakyn 30 ýyl üçin Milli maksatnamasy kabul edildi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyz esasy bäş ugur boýunça daşary syýasatyny alyp barar. Olar howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi, halkara giňişlikde ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesini ilerletmek, daşary ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak, durnukly ösüşe hem-de halkara gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegine ýardam bermek ýaly ugurlardyr. «Halkymyz maňa ýokary ynam bildiren ýagdaýynda, döwletimiz oňyn Bitaraplyk syýasatyna esaslanýan daşary syýasat ugruny dowam eder» diýip, iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär belledi.

Soňra Prezident wezipesine dalaşgäre Türkiýäniň «TRT World» teleýaýlymynyň habarçysy Rumeýsa Çodar sowal bilen ýüzlendi. Žurnalist Türkmenistanda ykdysadyýetiň uzak möhletleýin ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belläp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri artdyrmak maksady bilen senagat kärhanalarynyň ösdürilmegi barada pikirini aýtmagyny dalaşgärden haýyş etdi.

Serdar Berdimuhamedow bu sowala jogap bermek bilen, Türkmenistanda milli ykdysadyýetiň döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine, telekeçiligiň goldanylmagyna gönükdirilen bäş ugrunyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, dalaşgär 2008-nji ýylda döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ähmiýetini belledi. Bu birleşmäniň agzalary ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, şol sanda söwda ulgamynda, oba hojalygynda, gurluşykda, ulag ulgamynda, senagatda üstünlikli işleýärler. Biziň ýurdumyzyň gaýtadan işleýän pudaklary hem-de senagaty milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösdürilmegine ýardam berýän ýokary hilli harytlary öndürýär diýip, Serdar Berdimuhamedow döwletimiziň telekeçiligini goldamak işlerini dowam etmegi maksat edinýändigini aýtdy.

«Türkmenistan» gazetiniň baş redaktory K.Rejebow Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda üstünlikler arzuw etdi hem-de dalaşgäriň iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan halatynda, ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek hem-de döwrebaplaşdyrmak üçin nähili çäreleri geçirmegi göz öňünde tutýandygy bilen gyzyklandy.

Prezident wezipesine dalaşgär milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň ýerine ýetirilýändigini aýdyp, «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» hem-de «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilendigini belledi we ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagynyň halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da ýokarlanmagyna getirjekdigine ünsi çekdi. Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy kabul edildi, onda ýurdumyzda sanly ulgamyň ösdürilmegine hem uly üns berilýär.

Soňra «Nesil» gazetiniň baş redaktory A.Hojaberdiýew Serdar Berdimuhamedowa saýlawlarda üstünlik gazanmagy arzuw edip, onuň Prezident wezipesine saýlanan halatynda, ýaşlary köpçülikleýin ylma has giňden çekmek üçin nähili işleri amala aşyrmagy meýilleşdirýändigi bilen gyzyklandy.

Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde alada edilýändigini, Türkmenistanda ýaşlar syýasatynyň esasy özeniniň ýaşlarda Watana, halkymyza, taryhymyza buýsanjy, ylma-bilime höwesi artdyrmak bolup durýandygyny belledi. Şonuň bilen bir hatarda, bu syýasat ýaşlaryň täze tehnologiýalary has talabalaýyk özleşdirmegine, döwrebap bilim, watançylyk ruhunda terbiýe almagyna, olarda Watanyň ykbaly üçin jogapkärçilik duýgusyny terbiýelemäge gönükdirilen çäreleri öz içine alýar.

Serdar Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, 2021 — 2025-nji ýyllar üçin degişli Döwlet maksatnamasynyň kabul edilendigini ýatlatdy. Mundan başga-da, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanylan Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda hem ýaşlar syýasatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Iň ýokary döwlet wezipesine saýlanan ýagdaýynda, hormatly Prezidentimiziň öňe süren başlangyçlaryny mynasyp dowam etjekdigini aýdyp, Serdar Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşdy we olara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň wezipesine has mynasyp dalaşgäre ses bermek üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow käbesi Ogulabat eje bilen Köpetdag etrabyndaky 48-nji saýlaw uçastogyna geldi.

Ýaňlanan aýdym-sazlar, saýlawçylara milli tagamlaryň hödürlenilmegi, ýurdumyzyň saýlaw uçastoklarynda söwdalaryň ýokary derejede guralmagy, saýlaw uçastoklarynyň ses bermek üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilmegi döwletimiziň durmuşynda möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka bolan saýlawlaryň örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda geçirilýändigini görkezdi.

Saýlaw uçastoklarynda türkmenistanlylaryň umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda özleriniň konstitusion hukuklaryny amala aşyrmagy üçin ähli şertler döredildi. Şeýle hem milli we halkara synçylar ses bermegiň barşyna monitoringi amala aşyrdylar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýurdumyzda geçirilen saýlawlaryň ähli tapgyrlaryny giňden beýan etdiler.

Döwlet Baştutanymyz käbesi Ogulabat eje bilen has mynasyp diýip hasap eden dalaşgärine ses berip, konstitusion hukuklaryndan peýdalanyp, raýatlyk borçlaryny berjaý etdiler. Milli Liderimiz öz käbesine çäksiz sarpa goýup, maşgala gymmatlyklaryny, ýaşuly nesli hormatlamagyň hem-de ýurdumyzda aýratyn üns-alada bilen gurşalyp alnan eneleriň mertebesini belende götermegiň nusgasyny görkezýär.

Şu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde hem-de häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda we türkmen halkynyň milli ruhuna mahsus ýagdaýda geçirilendigini bellemek gerek.

Soňra hormatly Prezidentimiz milli we halkara synçylar, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda taryhy ähmiýetli syýasy çäre — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirilýär. Şunda 9 dalaşgär iň ýokary döwlet wezipesine bellige alyndy. Olar halkyň ynamyna mynasyp bolan adamlardyr, şol mynasybetli hem şu gezekki saýlawlara dalaşgär hökmünde gatnaşmaga mümkinçilik aldylar.

Döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi üçin ägirt uly ähmiýete eýe bolan bu möhüm çäräniň açyklyk, aýanlyk we deňhukuklylyk, demokratik ýörelgeler esasynda geçýändigini belledi, munuň özi adam hukuklary we azatlyklary ygtybarly goralýan dünýewi, demokratik, özygtyýarly, Bitarap döwletimiziň belent derejesine laýyk gelýär. Halkyň uly ynam bildirip saýlan Prezidenti Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin özüne bagly ähli tagallalary eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki taryhy, jemgyýetçilik-syýasy çäräniň umumy ykrar edilen halkara hukugyň kadalaryna hem-de ýurdumyzyň Konstitusiýasyna laýyklykda geçirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, hemmelere asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz saýlaw uçastogyndan çykyp, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna tomaşa etdi. Soňra Türkmenistanyň halk artisti, bagşy Läle Begnazarowa bilen söhbetdeş boldy hem-de onuň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygyny belläp, diňleýjileriň arasynda meşhurlyga eýe bolandygyny, onuň muşdaklarynyň hatarynda käbesi Ogulabat ejäniň hem bardygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz aýdymça döredijiliginde geljekde hem üstünlikleri arzuw etdi.

Aýdymçy, öz gezeginde, milli sungatyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi babatda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize hemme döredijilik işgärleriniň adyndan hoşallyk bildirdi hem-de Gahryman Arkadagymyza özüniň iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Dutaryň owazy astynda aýdymçy zenanyň ýerine ýetiren aýdymy enelere belent sarpanyň waspy bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň abadançylygy hem-de çagalaryň bagtyýarlygy olar üçin ähli zatdan ileridir.

14.03.2022
Ykdysady bilim: täze gözýetimler we mümkinçilikler

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz ýurduň ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, iň täze tehnologiýalaryň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ösüşiniň özeni bolmalydygyny nygtaýar. Şunuň bilen baglylykda, milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ykdysady bilimleri öwretmeklik işleri has-da ilerläp, kämil özgerişleri başdan geçirýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ykdysady ugurly hünärler boýunça bilim alýan ýaşlaryň häzirki zaman bilimini, jemgyýetçilik durmuşyndaky ähli üýtgeşmeleri öz wagtynda öwrenmegi we tiz netije çykarmagy möhüm talapdyr. Çünki milli ykdysadyýetde çeýe pikirlenmäge ukyply, çalt çözgüt tapyp bilýän hünärmenlere aýratyn isleg bildirilýär. Zähmet bazarynda bäsdeşligiň ýokarlanmagy bolsa olaryň ukyplaryna we başarnyklaryna bolan talaplary esasy wezipe edip goýýar. Netijede, ykdysady ugurly hünärlerde bilim alýan talyplaryň döwrebap derejede kämilleşmegi zerurdyr.

Ykdysady dersler geljekki milli ykdysadyýetimizde işlejek hünärmenleri taýýarlamakda esasy orun tutýan hünär dersleriniň biridir. Şeýle dersler ykdysady we hukuk gatnaşyklarynyň aýratyn bölegi bolmak bilen, ykdysatçylar taýýarlanylanda zerurlyk hasaplanýar. Döwletiň milli hojalyk ulgamynyň emele gelşine, durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyna doly düşünmek üçin maliýe we salgyt babatda düýpli bilimleriň toplumyny binýat edinmek möhümdir.

Ýokary hünär bilimini almak ylym bilen meşgullanmagyň ilkinji basgançagydyr. Hut şu ýerde milli Liderimiziň öňe sürýän «bilim — ylym — önümçilik» baglanyşygyny düzýän zynjyry emele gelýär. Üç halka zynjyryň bitewüligi talyplaryň alan bilimdir ylmyny önümçilikde kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Islendik meseläni köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmakda, dürli görnüşli maglumatlary deňeşdirmekde okuw umumy ýa-da amaly sapak görnüşinde geçirilip bilner. Şeýle sapaklaryň dowamynda talyplar biri-birleri bilen pikir alşyp bilýärler. Tejribeleriň görkezişi ýaly, bu bolsa bitewi ylmy garaýşyň döremegine ýardam berýär. Talyplaryň pikir özbaşdaklygyny we işjeňligini güýçlendirýär.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda bilim we ylym ulgamynda alnyp barylýan döwrebap özgertmeler mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriler. Bu babatda Garaşsyzlyk ýyllarynda toplanan tejribeden, döwrüň ösüşinden we talaplaryndan ugur alnyp, ulgamy kämilleşdirmäge uly üns berilýär. Türkmen döwlet maliýe institutynyň professorlarydyr mugallymlary-da ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin ýokary hünärli işgärleri kemala getirmegi baş maksat edinýärler.

Döwrüň talabyna laýyklykda, talyplaryň taýýarlyklaryny diňe ykdysadyýetiň pudaklarynda ýokary hünärli işlere ugrukdyrmak däl-de, eýsem, olara ylmy-gözleg işleri üçin gerek bolan başarnyklary öwretmeklik hem wajypdyr. Ýokary okuw mekdeplerini tamamlaýan uçurymlar önümçilikde işlemek bilen, tutuş adamzadyň durmuşynda bolup geçýän üýtgeşmelere we ýagdaýlara düşünmelidirler, şeýle-de degerli netije çykarmaga taýýar bolmalydyrlar. Ine, şeýle hünärmenler ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmekde mynasyp islegden peýdalanar. Çünki dünýä täzeliklerinden habarly, döwrebap pikirlenip bilýän ýaş hünärmenler milli ykdysadyýetimizde has uly öňegidişlikleriň gazanylmagynda möhüm orun eýeleýärler.

Kerim KERTIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy, ykdysady ylymlaryň kandidaty.

12.03.2022