Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň netijesinde milli ykdysadyýetimiz kuwwatlanýar. Sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly maliýe-ykdysady gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly ösüşi ýola goýulýar. Ýurt möçberinde her ýyl maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, wezipeler kesgitlenende, önümçilikde we durmuş ulgamynda göz öňünde tutulýan sepgitler anyklaşdyrylýar. Makroykdysady görkezijileri ösdürmekde, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini barha gowulandyrmakda öňegidişlikler gazanylýar.
«Daşary ykdysady iş hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary maýa goýum syýasatynyň kanuny ulgamyny emele getirmek bilen, birnäçe möhüm kadalary özünde jemleýär. Türkmenistan özüniň milli bähbitlerini baglaşylýan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň esasynda, halkara ykdysady gatnaşyklaryň düzgünlerine laýyklykda gorap saklaýar.
Mälim bolşy ýaly, telekeçilik işiniň hem-de başga görnüşdäki işleriň obýektlerine goýum edilip goýulýan, şonuň netijesinde hem peýda (girdeji) alynýan ýa-da durmuşy netije gazanylýan emläk we intellektual gymmatlyklaryň hemme görnüşi maýa goýumlar diýlip hasaplanýar. Şeýle görnüşli gymmatlyklara pul serişdeleri, belli maksat üçin niýetlenen bank goýumlary, paýlar, paýnamalar we beýleki gymmatly kagyzlar; gozgalýan we gozgalmaýan emläk (jaýlar, desgalar, enjamlar hem-de beýleki maddy gymmatlyklar); awtorlyk hukugyndan gelip çykýan emläk hukugy, «nou-hau» tejribesi (guramaçylyk, ylmy-tehniki, tehnologik, täjirçilik bilimleri) hem-de beýleki intellektual gymmatlyklar; ýerden hem-de beýleki tebigy baýlyklardan peýdalanmak hukugy, emläk hukuklary; beýleki gymmatlyklar degişlidir.
Esasy gaznalary artdyryp, täzeläp durmakda maýa goýumlar düýpli maýa goýumlar görnüşinde amala aşyrylyp bilner. Başgaça aýdylanda, maýa goýum işi diýlende, döwletiň, şahsyýetiň we ýuridik taraplaryň maýa goýumlary durmuşa geçirmek barada edýän amaly hereketleriniň tutuş jemine düşünilýär.
«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen baş maksatlara ýetmekde maýa goýum syýasaty aýratyn orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň maýa goýum Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulmagy meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi 36,1 milliard manada barabardyr. Onuň 60,2 göterimini önümçilige, 39,8 göterimini bolsa durmuş-medeni maksatlara gönükdirmek göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkidýär, milli manadymyzyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmäge, eksporty artdyrmaga, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge ýardam berer.
Arkadagly Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan önjeýli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Bu maliýe edarasy halkara maýa bazarynda ýurdumyzyň resmi wekili bolup çykyş edýär. Strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekmek bankyň alyp barýan işleriniň biridir. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky abraýly halkara maliýe guramalary, ösüş banklary, eksport-karz agentlikleri bilen hyzmatdaşlyk edýär. Häzirki döwürde «Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça bank tarapyndan halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli işler amala aşyrylýar. Daşary ýurtly maýadarlar bilen ylalaşykly görnüşler — şertnamalar, önümi paýlaşmak hakynda şertnama, hyzmat ediş şertnamalary, halkara karz pul berilmeleri, bilelikdäki kärhanalary döretmek boýunça işler alnyp barylýar. Olar Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmegiň esasy usullary bolup durýar.
Maýa goýumyň ykdysady ösüşde we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda esasy orun tutýandygy äşgärdir. Häzirki wagtda Türkmenistan ykdysadyýeti ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan durnukly hem-de netijeli maýa goýum ulgamyny döretmegi başardy. Ýurdumyzyň ähli ulgamy boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokarlanýandygyny we girdejileriň barha artýandygyny bellemek gerek. Muny «Fitch Ratings» halkara reýting agentliginiň Türkmenistana beren ýokary bahasy hem tassyklaýar.
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň esasynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Bu paýdarlar jemgyýetiniň döredilmegi ýurdumyzda maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ösüş derejesini ýokarlandyrmaga öz täsirini ýetirer.
Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.