Düýn hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň çägindäki Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynda amala aşyrylýan iri taslamalaryň üstüni ýetiren waka boldy. Diýarymyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini has-da artdyrjak bu täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşan balkanly ildeşlerimiziň käbiri ýürek buýsanjyny biziň bilen paýlaşdy.
Hangeldi KERIMOW,
Balkan Awtomobil ýollaryny ulanyş müdirliginiň başlygy:
— Täze awtomobil köprüsiniň düýbüniň tutulmagy Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda merdana halkymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir. Türkmen halky asyrlaryň dowamynda goňşy we beýleki halklar bilen söwda-ykdysady, medeni gatnaşyklary yzygiderli alyp barypdyr. Netijeli özara bähbitli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bolsa belli bir derejede çar tarapa uzaýan ýollaryň ygtybarlylygyna, asudalygyna we howpsuzlygyna baglydyr. Türkmenistan hut şeýle ýollar bilen taryhyň ähli döwürlerinde-de uly abraýdan peýdalanypdyr. Ýurdumyzda awtomobil, howa, deňiz we demir ýollarynyň gurluşyklarynyň ençemesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Soňky ýyllarda şäherara, etrabara, şonuň bilen birlikde-de, halkara awtomobil ýollarynyň müňlerçe kilometri täzeden gurlup, ozaldan hereket edýänleriniň durky döwrebaplaşdyryldy. Arkadagly Serdarymyzyň Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze köpriniň gurluşygyna badalga bermegi bolsa bu sogaply işiň üstünlikli dowam etdirilýändigini tassyklaýar. Türkmenbaşy şäherinden goňşy Gazagystanyň serhedine çenli uzap gidýän bu ýol diňe bir içerki däl, eýsem, halkara ulag gatnawlary üçin-de möhüm ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklar üpjün edilen şeýle iri desganyň gurluşygyna badalga beren hormatly Prezidentimize alkyşymyzyň çägi ýok. Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Toýly GURBANGELDIÝEW,
«Garabogazkarbamid» zawodynyň taýýar önümi satmak bölüminiň esasy hünärmeni:
— Hazaryň türkmen kenary Garaşsyz döwletimiziň, şol sanda tutuş sebitiň ykdysadyýetiniň ösmegine önjeýli goşant goşýan möhüm künjekleriň biridir. Kenarýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bolsa ýükleri üstaşyr geçirmekde, daşamakda we ýolagçylary gatnatmakda wajyp orun eýeleýär. Aslynda, Türkmenbaşy şäherindäki ulag düzümleri Ýewraziýa ugurlary boýunça logistik merkez bolup durýar. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, Garabogazdaky karbamid zawodynda we Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynda taýýarlanylýan ýokary hilli önümler şu düzümler arkaly daşarky bazarlara ugradylýar. Şeýle möhüm işleri bökdençsiz we ygtybarly amala aşyrmak üçin bolsa, ilkinji nobatda, ygtybarly deňiz, howa, awtomobil, demir ýollary gerek.
Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda düýbi tutulan täze köpriniň gurluşygy şu işleriň çözgüdini tapmaga örän oýlanyşykly çemeleşilýändigine şaýatlyk edýär. Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçjek täze awtomobil köprüsiniň gurluşygy biziň kärhanamyz üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň her ýylda öndürýän önümimiziň üçden bir bölegi ýük göterijiligi 11 tonnadan 20 tonna çenli bolan ýöriteleşdirilen awtoulaglar arkaly Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna we demir ýol menziline daşalyp, içerki hem daşarky sarp edijilere ugradylýar. Bizde her günde taýýar önümiň bäş ýüz tonnadan müň tonna çenlisini awtoulaglar arkaly ugratmaga mümkinçilik bar. Diňe şu ýylyň geçen 7 aýynda kärhanamyz boýunça taýýarlanan 669 müň tonna çemesi taýýar önümiň 205 müň tonna golaýy awtomobil ulaglary arkaly degişli ýerlere ýetirildi.
Täze awtomobil köprüsiniň işe girizilmegi bilen, awtoulaglaryň hereketiniň howpsuzlygy üpjün ediler. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, beýik işleri rowaç bolsun!
Amangeldi REJEBOW,
Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjysy, Hormatly il ýaşulusy:
— Arkadagly Serdarymyzyň Kararyna laýyklykda, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurluşygyna girişilmegi döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň barha pugtalanýandygyndan habar berýär. Ýol çekmek, köpri gurmak iň sogaply işleriň biri hasaplanýar. Döwlet Baştutanymyzyň täze guruljak desganyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşyp, bu taslama badalga bermegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmaga goşant bolar.
Halkymyzy täze belentliklere tarap ynamly alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan işlerine buýsanjymyz günsaýyn goşalanýar. Awgust aýynyň başyndan bäri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda täze «Rowaç» täze kottejler toplumynyň ulanyşa berilmegi, Esenguluda «Arkadagyň nesilleri» atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň işläp başlamagy welaýatyň ýaşaýjylarynyň uly bagtdan paýlydygynyň güwäsine öwrüldi.
Arkadagly Serdarymyz täze desganyň düýbüniň tutulyş dabarasyna gatnaşmaga geleninde, biz — ýaşulular bilen saglyk-amanlyk soraşyp, halkymyzyň bagtyýarlygyny has-da berkitmegiň hatyrasyna döwlet derejesinde bitiriljek işler barada gürrüň berdi. Halkymyzyň bähbidine gönükdiriljek şeýle tutumly işler döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygynyň nyşanydyr.
Ýazga geçiren Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan».