Milli ykdysadyýetiň kuwwaty

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysady syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Maýa goýum syýasaty yzygiderli we döwrebap şertlerde kämilleşdirilýär, milli ykdysadyýetimiziň, şeýle-de sebit we dünýä ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly maliýe-ykdysady hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen beýleki gatnaşyklaryň durnukly, sazlaşykly, kadaly ösüşi ýola goýulýar. Ýeri gelende aýtsak, ýurt möçberinde her ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasy işlenip düzülende, wezipeler kesgitlenende, önümçilikde we durmuş ulgamynda göz öňünde tutulýan sepgitler anyklanýar. Şoňa görä-de, makroykdysady görkezijileriň ösdürilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň barha gowulandyrylmagy üpjün edilýär. 

                                                                   

Türkmenistanyň «Daşary ykdysady iş hakynda», «Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda», «Türkmenistanda maýa goýum işi hakynda» Kanunlary ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň kanuny ulgamyny emele getirýär. Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde özüniň milli bähbitlerini ikitaraplaýyn baglaşylýan şertnamalaryň we ylalaşyklaryň esasynda halkara ykdysady hyzmatdaşlyklaryň düzgünlerine laýyklykda gorap saklaýar. 

                                                                   

«Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2021 — 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasynda» bellenilen baş maksatlara ýetmekde maýa goýum syýasaty aýratyn orun eýeleýär. 2022-nji ýylyň maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýulmagy meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberi 36,1 milliard manada barabardyr. Onuň 60,2 göteriminiň önümçilik ugruna, 39,8 göteriminiň bolsa durmuş-medeni maksatlara gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň önümçilik ulgamyna goýulýan maýa goýumlaryň yzygiderli artdyrylmagy ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, milli pulumyzyň kadaly hereketini ýola goýmaga, importyň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmäge, eksportymyzy artdyrmaga, halkymyzyň iş bilen üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmaga, ýurdumyzda her bir maşgalanyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 

                                                                   

Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, milli maýa goýum syýasatynyň durmuşa geçirilmeginde hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maliýe serişdeleriniň çekilmeginde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky tarapyndan önjeýli işleriň alnyp barylýandygy aýratyn bellärliklidir. Strategik taýdan möhüm maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin orta we uzak möhletli daşary ýurt karzlaryny çekmek bankyň alyp barýan wezipeleriniň esasylarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky abraýly halkara maliýe guramalary, halkara iri banklary, eksport-karz agentlikleri bilen ýygjam hyzmatdaşlyk edýär. 

                                                                   

Maýa goýumyň ykdysady ösüşde we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda esas bolup çykyş edýändigi hemmämize mälimdir. Häzirki wagtda Türkmenistan kuwwatly ykdysadyýeti üpjün etmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan durnukly hem-de netijeli maýa goýum ulgamyny kemala getirdi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň ýokarlanýandygyny we girdejililik derejesiniň barha artýandygyny bellemek gerek. Muny «Fitch Ratings» halkara reýting agentliginiň Türkmenistana beren bahasynyň ýokarydygy hem tassyklaýar. 

                                                                   

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşygyň esasynda «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Onuň döredilmegi ýurdumyzda maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmaga, döwletimizde milli ykdysadyýetimiziň ösüş derejesini ýokarlandyrmaga hem öz täsirini ýetirer. 

                                                                                                           

Selimberdi HOJABERDIÝEW.

                       

Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.