Şu ýylyň 8-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» kabul edildi. Prezident maksatnamasy geljek ýedi ýylda Watanymyzda ýokary depginli ykdysady ösüşi üpjün etmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ýokarlandyrmaga, döwletimiziň halkara abraýyny barha belende galdyrmaga, dünýä bazarlaryna ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply harytlar we hyzmatlar bilen çykmaga, daşary döwletler bilen işjeň gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sebitleri sazlaşykly ösdürmek boýunça alnyp barylýan syýasat Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudyr. 2022 — 2028-nji ýyllarda, öňki döwürlerde bolşy ýaly, uglewodorod, mineral çig mal, ýer-suw we zähmet serişdelerini rejeli peýdalanmagyň hasabyna ilatyň hal-ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmak, sebitleriň öndüriji güýçlerini deňeçer ösdürmek we önümçilik gatnaşyklaryny doly derejede ulanmak göz öňünde tutulýar.
Türkmenistany çig mal öndürýän agrar ýurtdan köp pudakly, senagat taýdan ýokary derejede ösen döwlete öwürmäge gönükdirilen işleriň gerimi barha giňeýär. Sebitleri senagatlaşdyrmak ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we oba ilaty üçin täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa oba ilatynyň maddy hal-ýagdaýynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetirýär.
Prezident maksatnamasynda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde döwrebap durmuş-medeni binalary we desgalary gurmak bellenildi. Ilatly nokatlar abadanlaşdyrylanda, täze ýaşaýyş toplumlary hem-de döwrebap düzümleýin desgalar gurlanda, köçeleriň we binalaryň durky täzelenende öňdebaryjy tejribeler, gurluşyk, inženerçilik-tehniki ulgamlarda soňky gazanylanlar ulanylar, ýokary hiliň üpjün edilmegine üns berler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek Watanymyzyň täze eýýamynyň möhüm strategiýasydyr» diýen çuň manyly sözlerinden ugur alnyp, sebitlerde täze şäherleriň, şäherçeleriň, obalaryň gurulmagy dowam etdiriler.
Aşgabat şäheriniň demirgazyk böleginde umumy meýdany 744 gektar bolan, dürli maksatly ajaýyp binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýan, ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerur şertler bilen üpjün edilen «Aşgabat-siti» ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy hem iri innowasion taslamadyr. Düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1 200 orunlyk dört sany mekdebe çenli çagalar edaralary, 3 000 orunlyk umumy bilim berýän dört sany mekdep, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalary, köpugurly hassahana, iki sany saglyk öýi, 5 000 orunlyk stadionly sport toplumy hem-de durmuş ulgamyna degişli beýleki binalar we desgalar gurlar.
Çaklanylýan döwürde Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň ikinji tapgyry alnyp barlar. Bu tapgyrda bäş sany, her biri 720 orunlyk umumy bilim berýän mekdep, her biri 320 orunlyk 10 sany mekdebe çenli çagalar edaralary, saglyk öýi, Ýangyna garşy göreş gullugynyň binasy, Söwda we hyzmat ediş toplumy (bazar), 136 sany has oňaýly we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly ýaşaýyş jaýlary, içerki we daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we gaz ulgamlary gurlup, ulanylmaga berler.
Welaýatyň täze dolandyryş merkezinde aýlawy, türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, atçylyk ylmy-önümçilik merkezini gurmak hem göz öňünde tutulýar. Ahalteke atçylygyna ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebinde atçylyk, atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar boýunça hünärmenler taýýarlanylar.
Ahal welaýatynyň etraplarynyň çäklerinde täze häzirki zaman obalarynyň we şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde alnyp barlar.
Balkan welaýatynyň çäginde, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitini özleşdirmek maksady bilen, «Ak ýaýla» şor suw howdanynyň töwereginde täze, döwrebap obanyň gurluşygy dowam etdiriler hem-de şol ýerde durmuş maksatly binalaryň, ýagny çagalar bagynyň, umumy bilim berýän mekdebiň we medeniýet öýüniň gurluşygy meýilleşdirilýär.
Lebap welaýatynyň Halaç, Kerki we Saýat etraplarynda ähli zerur üpjünçilik ulgamlary bolan täze şäherçeleriň we Çärjew etrabynyň täze, döwrebap merkeziniň gurluşyklary alnyp barlar. Ilatyň ýaşaýyş-jemagat şertlerini gowulandyrmak üçin welaýatda suw geçirijileriň, lagym ulgamlarynyň durkuny täzelemek, gazlaşdyrmak işleri dowam etdiriler.
Maksatnamanyň meýilleşdirilýän döwründe Mary welaýatynyň Türkmengala, Wekilbazar we Sakarçäge etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleriň gurluşyklary dowam etdiriler. Täze köprüleri gurmak, bar bolanlarynyň durkuny täzelemek we köprüleri düzgünleşdirmek boýunça işler alnyp barlar.
2022 — 2028-nji ýyllarda sebitlerde senagat toplumynyň pudaklaýyn gurluşy kämilleşdiriler, ýerli çig mal binýadynda işleýän pudaklar we önümçilikler ösdüriler, döwrebaplaşdyrylar, olarda energiýa we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalar ornaşdyrylar.
Önümçiligiň ähli ulgamynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy sebitleriň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, maliýe-ykdysady ulgamy pugtalandyrmaga ýardam eder.
Beýleki sebitlerde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem ýerli çig malyň binýadynda täze kärhanalary we önümçilikleri döretmegiň hasabyna, gaýtadan işleýän senagatyň ösüşini has-da işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Haly kärhanalarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak we bu milli sungaty ösdürmek maksady bilen, Köneürgenç etrabynda haly önümhanasyny gurmak meýilleşdirilýär.
2028-nji ýyla çenli welaýatda öndürilýän pagta süýüminiň, nah ýüplüginiň, halylaryň we haly önümleriniň, örülen, tikin we jorap önümleriniň möçberi ep-esli artdyrylar.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň möhüm wezipeleri ilaty doly derejede azyk önümleri, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmekden, önümçiligi ýokarlandyrmakdan, täze hojalyk gatnaşyklaryny ýola goýmakdan hem-de Diýarymyzda azyk bolçulygyny yzygiderli pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Sebitleriň agrar syýasatynyň ilkinji nobatdaky wezipeleriniň hatarynda oba hojalyk önümçiligini sebitleýin ýöriteleşdirmek, oba hojalyk zolaklarynyň ykdysady, toprak-howa we beýleki aýratynlyklaryny hasaba almak bilen, zolaklaýyn ekerançylygy ornaşdyrmak, maldarçylygyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak, her bir welaýatyň ýokary netijeli oba hojalyk önümçiligini döretmek ýaly giň gerimli çäreler hem bar.
Welaýatlarda oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri kämilleşdirmek maksady bilen, ýörite oba hojalyk maksatly ýer gaznalary döredilip, ýerleri isleg bildirýän önüm öndürijilere 99 ýyl möhlet bilen peýdalanmaga bermek işleri dowam etdiriler. Täze daýhan hojalyklary döredilip, oba hojalyk ekinleriniň bol hasyly ýetişdiriler.
Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmegi we döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde, ýurduň jemi içerki önüminiň düzüminde döwlete degişli däl ulgamyň paýy artar. 2022 — 2028-nji ýyllarda hususy ulgamyň wekilleri oba hojalyk önümlerini öndürmäge we olary gaýtadan işlemäge, senagat kärhanalaryny döretmäge, täze, döwrebap önümçilikleriň, söwda merkezleriniň, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna işjeň gatnaşarlar.
Ýakyn ýyllarda ýurdumyzda döwrebap, köpugurly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek, ulag — logistika ulgamynyň amatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, üstaşyr we multimodal ýük gatnawlarynyň möçberini artdyrmak boýunça uly işler alnyp barlar. Ýurdumyzyň sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolan awtomobil we demir ýollary, şeýle hem Merkezi Aziýanyň «deňiz derwezesi» — Türkmenbaşynyň Halkara deňiz porty doly kuwwatynda işlediler hem-de Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili gurlup ulanmaga berler.
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işe girizilmegi bilen, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynda täze, häzirki zaman gämi gurluşyk pudagy emele geldi. Zawodda ýylda poladyň 10 müň tonnasyny işlemäge we 4 gämi gurmaga, 20 gämini abatlamaga mümkinçilik bar, bu işler ýerli hünärmenler tarapyndan amala aşyrylýar. Geljekde kärhana has ösen häzirki zaman sanly tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylar, bu bolsa ýurdumyzda deňiz-derýa gatnawlarynyň giňelmegine oňyn täsir eder.
Awtomobil ýollarynyň, şol sanda ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň hem-de olaryň ugrundaky desgalaryň gurluşygynda ýurdumyzda bar bolan ähli mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaga aýratyn üns berler, bu işlere ykdysadyýetimiziň hususy bölegi giňden çekiler. Geljekde Mary — Türkmenabat, Mary — Serhetabat awtomobil ýollarynyň, sebitiň awtoulag ýollarynyň, köprüleriň we beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berler.
Maksatnamanyň meýilleşdirilýän döwründe aragatnaşyk ulgamyny täze tehnologiýalar esasynda ösdürmäge üns berler. Ilatyň telefon belgilerine we öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan isleginiň artmagy bilen, sebitleriň telekommunikasiýa infrastrukturasy kämilleşdiriler. Täze sanly awtomatik telefon beketleriniň gurluşyklary alnyp barlar, öňki telefon beketleriniň durky täzelener.
Prezident maksatnamasynda ýakyn geljek üçin bellenilen çäreleriň ählisi eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine, ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly barýan halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen ägirt uly işleri üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.
Seidnur JAPBAROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet maliýesini jemleýji we ykdysady syýasaty müdirliginiň sebitler boýunça ösüş bölüminiň başlygy.